Çagalar jübi telefonyny az ulanmaly

baby_girl_phoneBelgiýanyň köp tiražly gazetleriniň biri bolan „Le Soir“ gazeti ýakynda Halkara düwnük ylmy barlag merkeziniň (CIRC) 13 ýurtda geçiren barlaglarynyň ilkinji netijelerini esasy habar hökmünde çap etdi.
Çap edilen makalada barlaglaryň netijesiniň jübi telefonynyň saglyga zyýanlydygy hakdaky pikirleri tassyklaýandygy aýdylýar. Barlaglaryň netijesine görä 10 ýyl jübi telefonyny ulanan adamlaryň düwnük keseline uçramak ähtimallygy ep-esli artýar. Continue reading

Miwedir gök önümiň gowusyny nädip tanamaly?

turkmen-froutMiwedir gök önümleriň täze hem-de gowy hillisini saýlamagyň käbir ýönekeý usullary şeýle:
Pomidor; agyr, reňki çym gyzyl, gabygy ýuka bolmaly. Iň lezzetli pomidor günüň aşagynda bişen we tomus aýlarynda ýygnalan pomidordyr. Gowy bişen pomidoryň depesiniň töwereginde sähelçe ýaşyl çyzyklar bolýar.  Continue reading

Sazlaşykly maşgala – sazlaşykly terbiýe

005Çaga edep-terbiýe bermekde köplenç onuň ýanynda bolýan eneleriň döredijilikli çemeleşmeleriniň uly ähmiýeti bar.
Çagany nähili terbiýelemeli? Çaganyň zehinini ýüze çykarmak, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak üçin maşgala terbiýesinde ýeke-täk, anyk bir ýoly hödürlemek mümkinmi?
Çagalary körpelikden ajaýyp sazlar we suratkeşlik eserleri bilen gurşap almaga ähmiýet berilse gowy bolar. Meselem haýsy eserleri saýlap almaly? Haýsydyr bir anyk zady saýlap almaga köre-körlük bilen çemeleşmän, çaganyň ýaş we häsiýeti aýratynlyklaryna-da pugta üns bermeli. 
Continue reading

Ynsan – ylym daragtynyň miwesi

treeAdamyň durmuşynda ylmyň nähili möhüm orun tutýandygyny birnäçe mysallar arkaly düşündirmek bolar. Ynha, şol mysallardan biri-de ony agaja meňzetmekdir.   Continue reading

Artykmaç goşlar çaganyň dünýäsini daraldýar

131666080_88485bd605Gyş paslynyň ýakynlaşmagy bilen çagalar wagtynyň köp bölegini öýüň içinde geçirmeli bolýar. Öýüň içinde bezeg üçin ýa-da şoňa meňzeş onçakly zerur bolmadyk sebäpler bilen goýlan artykmaç goşlar bolsa çagalaryň oýnaýan ýerlerini daraldyp, olaryň içini gysdyrýar. Üstesine ulular çagalara „Ony elleme! Muny gozgama! Döwersiň!“ ýaly duýduryşlary köp aýtmaly bolýar. Bu bolsa çaga ýaramaz täsir edýär. Şeýle duýduryşlary köp eşidýän çaga ikirjiňli hereket etmeli bolýar. Continue reading

Sag egne ýatmak

sleepAlymlar adamyň haýsy egnine ýatsa, şol tarapky burun deşiginiň ýapylyp, ýokardakysynyň bolsa açylýandygyny, şondan hem dem alýandygyny belläp geçýärler. Dem alýan burun deşigimiziň beýnimiziň ýarym bölekleri bilen hem-de simpatik-parasimpatik nerw sistemalary bilen aragatnaşygynyň bardygy hem belli edildi.  Continue reading

Howa- Ýaşaýşyň çeşmesi

autumn-skyAtmosferasyz ýaşaýyş ýokdur. Şol sebäpli atmosfera howasy hemişe tebigy arassalygynda saklanylmalydyr. Adamyň daş töweregini gurşap alan sredanyň möhüm komponentleriniň biri-de atmosfera howasydyr. Ýer üstündäki ähli janly-jandarlar, şol sanda ösümlikler üçin hem atmosferanyň ähmiýeti örän uludyr. 
Continue reading

Ganaýlanyşyň beýgelmeginiň esasy sebäbi ukusyzlyk

Ukusyny bir günüň dowamynda 6,5 sagatdan az alýan adamlar köplenç ganaýlanyşynyň beýgelmeginden ejir çekýärler diýip, „Newsland” neşiri habar berýär. Kliwlendde ýerleşýän ätiýaçdaky Keýza uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglaryna salgylanan „Newsland”, olaryň 238 sany meýletin ýetginjekde barlag işlerini geçirendiklerini habar berdi. 
Continue reading

Bilim we Saglyk

Continue reading