Adamyň beýni elmydama elektrik impulslary döredýär

Intel kompaniýasynyň täze tehnologiýasy ulanyjynyň pikirlerini okar we olary ekranyň ýüzüne çykarar
Ýazan: Nury Meläýew
Intel kompaniýasynyň täze tehnologiýasy ulanyjynyň pikirlerini okar we olary ekranyň ýüzüne çykarar.Intel kompaniýasynyň oýlap tapyjylary täze sistemanyň işleýän nusgasyny görkezdiler. Bu sistema hakykatdan-da ulanyjynyň pikirlerini okaýar. Funksional magnit-rezonans skanere esaslanýan bu sistema Pittsburg we Karnegi-Mellon uniwersitetleriniň alymlary bilen bilelikde döredildi.

Adamyň beýni elmydama elektrik impulslary döredýär. Bu impulslaryň strukturasy bolsa adamyň näme barada piker edýänligine bagly bolýar. Bu impulslary ölçemek we beýniň haýsy ýerleri beýlekilere garanyňda has aktiw işleýändigini bilmek üçin dürli gurallar kömek edýär – elektroensefalografiýa (EEG), funksional magnit-rezonans skaneri (fMRI – functional Magnetic Resonance Imaging) we magnitoensefalografiýa. Intel-iň täze prototipinde şu fMRI tehnologiýasy ulanylýar.

Güýmenje üçin ulanmakdan başga-da, bu täze tehnologiýa medisinada hem ulanylyp bilner – onuň kömegi bilen gepleşiginde näsazlyk bolan pasient beýleki adamlar bilen doly ýagdaýda gepleşip biler. Ilkinji testlarda sistema ozüniň pikirleri ýokary takyklykda kesgitläp bilýändigini görkezdi – adamlar iki sany sözi ýatda belläp, sistema olary 90%  takyklykda kesgitledi. Häzirki wagtda sistemada yekeje uly kemçilik bar – ony diňe fMRI apparadyň ýanynda ulanyp bolýar. Bu apparadyň agramy bolsa birnäçe tonna deň we ol ýakyn gelejekde mobil bolmasa gerek.

Ulanyjynyň pikirlerini okap bilýän sistema barada we Intel-iň başga täzelikleri barada DVICE saýtynda okap bilersiňiz.

Çeşme:  TÄSIN TEHNOLOGIÝA

Ýazan: Nury Meläýew
.

Leave a comment