Näme üçin Türkmenistanyň hassahanalarynda hapaçylyklar, problemalar höküm sürýär?

Hassahanalara arassaçylyk gerek!
Maral Agaberdiýewa
Janyna ýaranyp bilmän hassahana giren adam derdiniň üstüne başga bir dert tapynsa, gaty gynançly ýagdaýlar döreýär.

Neşekeşleri, arakhorlary bejermek üçin äkidilýän LTP-lerde tagta bitleriniň köplüginden ol ýerlere gidip gelýänler nalaýarlar. LTP-niň ýagdaýy düşnükli. Ol edaralarda neşekeş bilen arakhoruň ykbaly hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Emma iň bir arassa ýer bolmaly hassahanalarda — akja halatly lukmanlaryň işleýän ýerinde, näsaglaryň derdine em gözläp barýan ýerinde tagta bitilerinden adamlar arkaýyn ýatyp bilmese, näme aýdyp-näme diýip bolar?!

Ilat arasynda «Gyzyl haç» («Krasnyý krest») diýlip atlandyrylýan keselhananyň her bir bölümi tagta bitiden doly. Bu keselhana ýüz tutup barýan näsaglar tagta bitinden dat edýärler. Adamlaryň sataşýan derdinden tagta bitiniň derdi has öňe düşýär. Sebäbi tagta bitiniň döredýän gijilewük keseliniň öňünde durmaga hiç kimde takat tapylmaýar.

Keselhananyň ýolbaşçylary bu ýagdaýdan çykalga tapjagam bolanoklar. Bolşuna görä her kim gündelik işe baryp-gaýdyp dur. Sebäbi bu zatlardan dynmak üçin ummasyz pul serişdesi gerek. Düýpli remontlar, arassalaýyş işlerini geçirmeli.

Goňşurak ýaşaýan bir tanyş kişiniň aýalynyň keseli bejererden geçensoň, lukmanlar ony bejerip bilmejeklerini aýdyp, oňa rugsat beripdirler. Näsagy göterip getirmeli bolansoň, keselhanada, krowatynyň üstüne goýup ýatýan tagtasy bilen alyp gelipdirler. Şol tagta bilenem keselhananyň tagta bitileri-de öýe gelipdir. Tagtabitiler gelen öýüniň bar ýerine ýaýrap, bütin maşgala geçipdir. Sanepidstansiýanyň wekillerini çagyryp, dermanlatsalar-da, goňşular tagta bitinden dynyp bilmediler. Gaýtam tagta bitiler goňşy-golamlara çenli ýaýrapdyr. Ahyr soňy öýi remont etmek bilen, tagta bitilerden dynylypdyr.

Türkmenistanyň keselhanalaryndaky hapaçylyk meselesine degişli problemalar diňe tagta bitiler däl. Ýerinden galyp bilmän ýatan hassalar üçin gerekli bolýan sudnalar (näsagyň buşukmagy we meýdan etmegi üçin gap) aslynda her näsaga aýratyn berilmeli. Ýöne bu pribor hatda ýurduň paýtagtynyň uly keselhanalarynda hem ýetmezçilik edýär. Üç-dört palata üçin ýekeje sudna näsaglaryň arasynda gezýär. «Sudna kimdekä?» diýip, agyr hassa gözegçilik edýän hossarlar mydama palata-palata aýlanyp ýörýärler.

Bu ýagdaý gigiýena tarapdan hem gowy däl. Sebäbi her bir adamda aýratyn başga keselleriň-de bolmagy mümkin.

Hassahanalardaky hassalary biynjalyk edýän ýene bir mesele bolsa tarakanlardyr. By diňe bir «Gyzyl haç» keselhanasynda däl eýsem, ýurduň ähli hassahanasynda diýen ýaly dynylyp bolunmaýan problemadyr. Tarakanlar hassalaryň iýip-içýän naharlarynyň içinde-de bar, ýorgan-düşekleriniň arasynda-da.

Näme üçin Türkmenistanyň hassahanalarynda şeýle hapaçylyklar, problemalar höküm sürýär? Sebäbi medisina edaralary belli bir derejede döwlet gözegçiliginde bolsa-da, köp babatda olar öz-özlerini dolandyrmak ýagdaýynda goýlan. Bejergi wagtynda näsaglardan alynýan pullara hassahanalaryň baslygyp giden problemalaryny çözüp bolmaýar.
Azathabar

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: