GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (3-4-nji aý)

4-month-pregnency11-12 hepde aralygynda düwünçegiň agramy 60% göterim töweregi ulalýar.
On iki hepdäniň dolmagy bilen göwreliligiň birinji üç aýlygy tamamlanýar.
Agzyň içini eýýäm dolylygyna tagam alyş gatlagy ýapýar.
Çaganyň dünýä inmegi bilen tagam alyş gatlaklary diňe dilde we agzyň ýokarky böleginde bolýar.
Ýogyn içege heretekleri iň ir 12-nji hepdede başlaýar we 6 hepde töweregi dowam edýär.
Düwünçegiň we täze dogan çaganyň aýlaw görnüşli ýogyn içegesinden ilkinji sapar çykýan serişgä mekonium diýýilýär. Ol iýmit siňdiriş enzimalardan, proteinlerden, we iýmit siňdiriji içege ýollaryndan çykan ölü öýjüklerden ybaratdyr.

12 hepdä çenli, elleriniň uzynlygy göwräniň gutarnykly ululyk proporsiýasyna barabar bolýar. Aýaklar özleriniň soňky proporsiýasyny almak üçin wagt biraz köp gerek bolýar.
Diňe bir arka we kelläniň ýokarky bölegi däl, düwünçegiň bütün göwresi çalaja eldegme jogap berip başlaýar.
Düwünçegiň jyns aýratynlyklarynyň ösüşi ilkinji sapar görnüp başlaýar. Mysal üçin, aýal düwünçegiň eňegi erkek düwünçegiňdan köp hereket edýändigi aýdyň görünýär.
Edilen hereketiň täsirine jogap hökmünde, agzyň töweregine el degrilende gapdala aýlanmagyna we agzyň açylyp, hereketiň stimulýasyna getirýär. Bu netijä “esasy refleks” diýilýär we bu endik dünýä inenden soň hem çaga iýmitlendirmede ene göwsüni tapmaga kömek edýär.
Çaganyň çekgeleri doluşyp, ýüzi keşbe gelip başlaýar we dişleri ösüp başlaýar.
15 hepdede, gan-emele getirýän öýjükler döreýär we süňk ýilikleriniň içinde köpelýärler. Köp gan öýjükleriň emele gelşi şu ýerde bolup geçýär.
Embrionda ilkinji hereketler 6-hepdede başlaýan hem bolsa göwreli aýal düwünçegiň hereketini diňe 14-18 hepdäniň arasynda düýüp bilýär. Däp bolşy ýalyý, bu hadysa oýanma diýilýär.
Daşky görnüşi :
https://www.ehd.org/resources_bpd_illustrated.php?page=11&language=95

2 Responses

  1. […]  GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (3-4-nji aý) […]

  2. […] GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (3-4-nji aý) […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: