Uzak bolsa gowymy ýa-da gysga?

GYZLARDA BOLÝAN ÜÝTGEŞMELER BARADA (AÝBAŞY)
Biziň özümiz, bu täsin, adaty durmuş ritmini bozýan, şol wagt biraz gorkunç bolup görünýän üýtgeşmeleriň başlanan wagtyny belki ýadymyza hem düşürip bilmeris. Ýöne günlerde bir gün öz gyzyňyz bilen, aýal maşgalada bolýan şol ýagdaý barada gürrüň etmeli bolýar. Şol wagt hem, göräýmäge ýönekeý bolup görünýän zat ýaly bolup görünse-de, biziň utanýanlygymyzy, çekinýänligimizi özümiz duýýarys, nämeden başlajagymyzy bilmeýäris.

Ýetginjeklik döwrüne gadam basýan gyzjagazlarda ýüze çykýan soraglara, dogry, öz wagtynda jogap berip, kömek eder ýaly, biz sorag-jogap görnüşinde düzülen makalamyzy siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Mende bolup geçýän üýtgeşme nämekä?

Aýbaşy aýlawy – bu diňe ýatgyda, ýumurtgalykda we jynshanada aýdan-aýa bolup geçýän üýtgeşmeler däl-de, eýsem süýt mäzlerinde, saçda, deride, ýag gatlagynda, süňkde hem sikliki üýtgemedir. Bu ýagdaýlaryň daşky häsiýetnamasy bolsa aýbaşyň gelmegidir.

Üýtgeşme näçe ýaşda başlanýar?

Birinji aýbaşynyň 11-16 ýaş aralygynda gelmegi, ýaş aýal bedeniniň çaga galyp, göwreliligi göterip bilmäge taýynlygyny görkezýär. Bu ukyplylyk 45-50 ýaşa, käwagt ondan hem köp wagta çenli saklanýar.
Birinji gün nämeler bolýar?

Aýbaşynyň – jynshanadan gan gelmeleriň – başlan güni aýbaşy aýlawynyň birinji güni hasaplanýar. Ikinji, üçinji we soňky günler … tä soňky boljak aýbaşynyň birinji gününe çenli.
Uzak bolsa gowymy ýa-da gysga?

Aýbaşy aýlawynyň uzaklylygy her kimde her hili bolýar. Eger nobatdaky aýbaşynyň birinji gününden, soňky geljek aýbaşynyň birinji gününe çenli 21 günden az bolmadyk wagt geçse, bu aýbaşy halkasy kadaly hasaplanýar.Ýöne bu aralyk 35 günden köp bolmaly däl, 60% ýagdaýlarda 28 günlik aýbaşy aýlawy duş gelýär.
Aýbaşy aýlawynyň dowamlylygy dürli bolsa gorkulymyka?

Birinji aýbaşy başlandan soň, 1-1,5ýyl töweregi kadasyz aýbaşy aýlawy bolup biler, ondan soň aýbaşy takmynan belli bir wagt aralykdan gelmelidir.
Bu ýagdaý näçe wagt dowam edýärkä?

Aýbaşyda gan gelmeler adatda, 2 günden 7 güne çenli dowam edýär.
Näçe gan ýitirilýärkä?

Aýbaşyda ýitirilýän gan juda az ýa-da çendenaşa köp bolmaly däldir. Ginekologlaryň bellemegine görä, umumy ýitirilýän gan 20 – 80 ml aralygy bolsa kadalydyr.
Kadada aýbaşy agyryly bolmalymyka?

Aýbaşy kadaly gelýän wagtynda aýal agyryny duýmaly däldir. Garnyň aşagynda we bilde biraz syzlaýjy agyrylar, umumy ysgynsyzlyk, ýadawlylyk bolup biler. Aýalda agyrysyzlandyryjy dermanlary içmäge mejbur edýän, ýakymsyz we güýçli agyrylar bolup dursa, hökman ginekolog lukmanyna maslahat üçin ýüz tutulmalydyr.
Aýbaşy aýlawynyň döwürleri we “owulýasiýa“ nämekä?

Aýbaşy aýlawy iki döwre (faza) bölünýär. Olaryň araçäginde, has takygy ortasynda, “owulýasiýa“ diýip atlandyrylýan wagtda, aýallyk jyns öýjükleriň “dogulmagy“ bolup geçýär.
Follikul näme?

Follikul – tegelekleýin ýerleşýän öýjüklerden emele gelen, düwmejigi ýa-da salýan, adaty bolmadyk emele gelmedir. Şonuň içinden aýal jyns öýjügi çykýandyr.
Aýal bedeninde näçe follikul bar we olar haýsy ýaşda emele gelýär?

Şunuň ýaly, içinden jyns öýjügi çykaýjak “öýjagazlary“, dünýä injek gyzjagazlaryň bedenine tebigat 500 mln çemesini goýýar. Ýöne olaryň 90% soňky ösüşe sezewar bolman, öňki ýagdaýda galýarlar. Olar ätiýaçlyk üçindir.Ýöne ýetginjeklik döwründe olaryň sany iki esse azalýar. Aýalyň aýbaşysy başlap, ene bolmak ukyby saklanýan döwründe, follikullaryň diňe 400-e golaýy doly ösüşe ýetýändir.
Nädip follikuldan jyns öýjügi emele gelýär? Estrogenler nirden alynýar?

Aýbaşy aýlawynyň birinji döwri -1-nji den 14 gün –follikulin döwrüdir. Bu döwürde ýörite beýnide ýerleşýän mäzler gana follikulin çykaryjy gormony bölüp çykarýar. Gormonlaryň adyndan belli bolşy ýaly, ýumurtgalykda birden birnäçe follikulyň ösmegine ýardam berýär. Follikullar biri-birinden galmajak bolup, hamala uly ýaryşa goýberilen ýaly ösýärler. Ynha-da bir follikul beýlekilerden çalt ösüp, öňe “çykýar“. Beýleki folikullar ösüşi haýalladyp ýene öňki ýagdaýyna gelýärler. Ösüp, “öňe çykan“ follikul bolsa, göýä iýmiş kimin öňküden hem ösüp, bişip başlaýar. Käwagt onuň ölçegleri 20-28 mm ýetýär. Ýöne iýmişiň hoş boý ysyna derek, ol gana hemmelere belli bolan – estrogen gormonyny çykarýar.
Estrogenler näme üçin gerek?

Jynsy kämillik döwründen başlap, estrogenler aýalyň bedeninde uly orny eýeleýärler.

Ynha olaryň ýerine ýetirýän işiniň käbirleri:

· Jynsy kämillik döwründe aýalda ikilenç jynsy alamatlaryň (süýt mäzleriň ösmegi, aýal bedenine mahsus bolan deriniň, ýag gatlagynyň ösmegi we gyl bilen örtülmeginiň ýörüte görnüşi) emele gelmegine gatnaşýar.

· Ýatgynyň gan aýlanşygyny gowulandyrýar.

· Aýbaşy aýlawynyň birinji döwründe ýatgynyň içki gatlagynyň (endometriýa) ösmegine kömek edýär.

· Follikuldan jyns öýjügiň çykan wagty bolan, aýbaşy aýlawynyň ortasynda, aýalyň jyns gatnaşyga bolan höwesini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde,tebigat tarapyndan goýlan, çaga etmek prosessiniň başlanmagyna ýardam berýär.

· Ýatgynyň boýunjygyndaky kanalyň neminiň şepbeşikligini azaldyp, owulýasiýa döwründe, şonyň üsti bilen erkeklik jyns öýjükleriň ýatga düşmek mümkinçiligini ýeňilleşdirýär.
Estrogenler aýalyň beýleki agzalaryna täsir edýärlermikä?

Diňe bir jyns agzalaryna we süýt mäzlerine täsirini ýetirmän, bedeniň dürli prosesslerine gatnaşýarlar. Olar derini owadan, tekiz edip, düwürtikler bilen örtülmeden goraýar.

Estrogenler süňkleri berkleşdirýär. Ol ýüregiň, damarlaryň, beýniň we beýleki agzalaryň işine täsirini ýetirýär.
Näme sebäpden follikul ýarylýar?

Follikullaryň estrogen işläp çykarmagy, beýni üçin özboluşly “habar“ bolup durýar. Ol gana lýuteine öwrüji gormon işläp çykarýar. Şol gormonyň täsirinde follikul ýarylyp, owulýasiýa bolup geçýär, ýagny ondan aýallyk jyns öýjügi çykýar. Onuň üçin bolsa, eýýäm estrogenleriň “aladasy“ bilen ýumurtgalykdan ýatgynyň içine çenli ýatgynyň turbajyklary bilen ýol taýynlanyp goýlandyr.
Owulýasiýa haçan bolup geçýär?

Adatça ol aýbaşy aýlawyň ortasynda bolup geçýär. Eger aýbaşynyň birinji gününden indiki aýbaşynyň başyna çenli 28 gün geçýän bolsa, owulýasiýa takmynan 13-nji – 14-nji gün bolup geçýär.
Jyns öýjügi näçe wagt “ýaşaýar“?

Aýal jyns öýjüginiň ýaşaýyş möhleti – 12-24 sagatdyr. Şol wagtyň içinde erkeklik jyns öýjügi (spermatozoidler) bilen duşuşmasa, ol ölýär. Şeýlelikde, tebigat tarapyndan çaga düwünçeginiň emele gelmegine 1 gije gündiz ýa-da ondan hem az wagt goýberilendir.
Jyns öýjügi ýumurtgalykdan ýatga nädip düşýär?

Aýal jyns öýjüginiň ýatga süýşmegine ýatgynyň turbajyklarynyň ýygrylmagy kömek edýär. Olar jyns öýjügini ýatgynyň içine itýän ýaly hereket edýärler. Ýatgynyň turbajyklarynyň içindäki “gyljagazlar“ hem oňa uly ýardam berýärler. Jyns öýjüginiň ýatga çenli geçýän ýolundaky tizligi örän wajypdyr. Eger onuň hereketi tizleşse, onda aýal jyns öýjügi erkeklik jyns öýjügi bilen “duşuşyp“ ýetişmän, ýatgynyň içini öň “taşlap gider“. Eger haýal hereket etse, onda jyns öýjügi ýatga dälde, ýatgynyň turbajygyna berkleşer. Bu bolsa ýatgydan daşky göwrelilige getirip biler. Şunlykda, hemme zat wagtynda bolup geçmelidir. Ony bolsa biziň gormonlarymyzyň sazlaşykly işi amala aşyrýar.
“Sary beden“ näme?

Jyns öýjügi follikulalardan çykandan soň, onuň içi lýutein öýjükleri bilen dolup başlaýar. Bu lýuteine öwrüji gormonyň (ady hem kybapdaş) täsiri bilen bolup geçýär. Şol wagtdan soň, ýarylan follikul „sary beden“ diýip atlandyrylyp başlanýar.
“Sary beden“ näme üçin gerek?

“Sary beden“ hem örän“işjeň“ bolup, az mukdarda follikulin, köp mukdarda bolsa, progesteron işläp çykarýar. Progesteronyň derejesiniň artdygyça, beýniň follikulin çykaryjy we lýuteine öwrüji gormonlarynyň emele gelmegi peselýär.“Sary bedeniň“ gormonlarynyň esasy işi – ýatgyny bolup biläýjek göwrelilige taýynlamakdyr.
Progesteronyň nähili täsiri bar?

Progesteron-göwreliligiň gormony bolup, ony diňe “sary beden“ we çaga ýoldaşy işläp çykaryp bilýär.

Ol şu işleri ýerine ýetirýär:

· Ýatgynyň içki gatlagyny (endometriýa) bolup biläýjek göwrelilige taýynlamak.

· Ýatgynyň ýygrylmagyna azaldýar, şunlykda göwrelilik wagtynda çaganyň düşme howpynyň öňi alynýar.

· Ýatgynyň boýunjygyndaky kanalyň nemini goýaldyp, erkeklik jyns öýjükleriniň ýatga düşmeginiň öňüni alýar.

· Süýt mäzlerini ösdürýär.

· Çaganyň kadaly ösmegi üçin ýeterlik energiýany işläp çykarýar.
“Sary beden“ bilen soň näme bolup geçýär?

Eger jyns öýjügi tohumlanan bolsa,“sary beden“ göwreliligiň gormonyny işläp çykarmagyny yokarlandyrýar. Soň bolsa bu işi dörejek çaga ýoldaşy öz üstüne alar. Eger aýallyk we erkeklik jyns öýjükleri duşuşmadyk bolsa, onda aýbaşy aýlawynyň soňunda (24-nji – 27 nji günler) “sary beden“ öz işini azaldyp, bes edýär. Ol öz-özünden ýapylyp, ýumurtganyň üstünde gaty bir bildirmeýän tygjagaz goýýar.
Näme üçin aýbaşy aýlawynyň soňunda gan gelme başlanýar?

Aýbaşy aýlawynyň soňunda follikulin emele getiriji we lýuteine öwrüji gormon ýok. “Sary bedeniň“ işiniň tamamlanmagy bilen estrogen we progesteronyň mukdary azalýar. Tohumlanan jyns öýjükleri kabul etmedik ýatgynyň içki gatlagy galyň, ol indi ýokunly maddalaryň degerli derejesini alanok. Bu bolsa endometriýanyň ýokarky böleginiň gaçyp, ösen gan damarlaryny ýalaňaçlaýar. Ol bolsa jyns ýollaryndan gan gelme bilen häsiýetlenýär. Aýalda aýbaşy başlanýar.
Aýbaşy näme sebäpden gutarýar?

Ýatgynyň içki gatlagynyň üstki bölegi tutuş sypyrylyp çykýança, gan damarlary kiçijik gan lagtalary bilen ýapylýança, aýbaşy dowam edýär. Aýbaşy gutaran badyna ýatgynyň içki gatlagynyň diňe aşaky böleg – bazal gatlagy galýar. Ol bolsa gormonlaryň täsiri bilen ösüp, ýene-de ýatgyda bolup biläýjek göwrelilige taýynlanar…
Ref.   http://www.saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: