Ganaýlanyşyň beýgelmeginiň esasy sebäbi ukusyzlyk

Ukusyny bir günüň dowamynda 6,5 sagatdan az alýan adamlar köplenç ganaýlanyşynyň beýgelmeginden ejir çekýärler diýip, „Newsland” neşiri habar berýär. Kliwlendde ýerleşýän ätiýaçdaky Keýza uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglaryna salgylanan „Newsland”, olaryň 238 sany meýletin ýetginjekde barlag işlerini geçirendiklerini habar berdi. 

Görlüp oturylsa, ukusyzlykdan ejir çekýän ýaşlaryň köp halatda ganaýlanyşynyň beýgelmeginden ejir çekýändikleri, onuň hem haçanda olaryň ýaşlarynyň birçene baran ýagdaýynda ýürek bilen bagly dürli-dürli keseller bilen keselläp biljekdikleri aýdyň boldy. Şeýle-de alymlaryň aýtmagyna görä, haçanda ýatylýan otagda audiodyr wideonyň bolmagy uka öz ýaramaz täsirini ýetirýär.

Barlaga gatnaşyjylaryň 5-7 günläp eginlerinde ýörite gurnalan ýeňiljek enjamlary göterendiklerini, olaryň kömegi bilen bolsa hünärmenler ukynyň näderejede geçendigini anykladylar diýip, neşir habar berdi. Onuň kömegi bilen beýniniň, ýüregiň, myşssalaryň hem-de dem alyş ulgamynyň işleýşi barlanyldy diýlip, habarda ýazylýar. Bu barlaglaryň netijesine görä bolsa, düýbünden ukusy az bolan ýaşlaryň ganaýlanmasynyň beýgelmesi 3,5 esse, 6,5 sagat töweregi ukusyny alan ýaşlaryň ganaýlanyşy bolsa 2,5 esse beýgelendigi belli boldy. Amerikanyň Kardiologiýa assosiasiýasynyň „Circulation” žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, ene-atalaryň öz çagalarynyň ukusyny doly we dogry almaklaryna doly gözegçilik etmelidikleri barada ýazylypdyr. Sebäbi olaryň pikirine görä, diňe şeýle edilende, adam organizmi üçin uly howp bolan ganaýlanyşynyň öňüne az hem bolsa böwet goýup bolýar.
zamantm.com

3 Responses

  1. […] Ganaýlanyşyň beýgelmeginiň esasy sebäbi ukusyzlyk […]

  2. […] Ganaýlanyşyň beýgelmeginiň esasy sebäbi ukusyzlyk […]

  3. […] Ganaýlanyşyň beýgelmeginiň esasy sebäbi ukusyzlyk […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: