GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (8-12-nji hepdäniň içinde)

12_week_fetusDüwünçeklik döwri tä çaga dogulýança dowam edýär.
9 hepdede düwünçek uly barmagyny sorup başlaýar we amniotic suwuklugy ýuwdyp biler.
Şeýle hem düwünçek elleri bilen bir zatlar tutup, kellesini öňe-yza oýnadyp, agzyny açyp-ýapyp, dili bilen hereket edip, dem alyp we uzanyp bilýär.
Ýüzüň, el aýasynyň we aýagyň dabanyň nerw düýgylary, çalaja el degireniňde duýup bilýärler.
“Çaganyň dabanyna ýuwaşlyk bilen degireniňde çaga jogap hökmünde”, ökçesi we dyzy bilen itip we ayak barmaklaryny towlap başlaýar.
Göz gabaklary doly ýapyk.
Gortanda ses damarlary döräp we kämilleşip başlamagy bilen ses çykarmak ukyby döräp başlaýar.
Aýal düwünçeginyň ýatgysynda ýetişmedik öýjükler döräp başlaýar we olara ogonia diýilýär,

Erkek we aýal jynslarynyň daşky tapawutlyklary belli bolup başlaýar.
9-10 hepde aralygyndaky tiz ösüş göwräniň agramyny 75%-den gowrak ösdürýär.
10 hepdede, ýokarky gabagyň stimulýasiýasy gözüň aşaklygyna aýlanmagyna sebäp bolýar.

Düwüçek pallaýar we onuň agzy ýygy-ýygydan açylyp-ýapylýar.
Köp düwünçekler sag başam barmagyny sorýarlar.

Göwek bagynyň içege bölümleri garyn boşlugynyň içine gaýdyp gelýär
Köp süňkleriň kämilleşmägi başlaýar.
El we aýak dyrnaklary ösüp başlaýär.
Ýeketäk barmak ýzlary tohumlandyrylmadan soň 10 hepde diýlende başlaýär. Durmuşuň ähli ýagdaýlarynda tanamak üçin bu nusgalar ulanylýar.
11 hepdede burun we dodaklar doly görnüşe eýe bolýarlar. Beýleki her bir organlaryň bölekleri ýaly, adamyň ösüş ýolynda olaryň daş keşbi üýtgäp durar.
Içege düwünçegiň ýuwudýan glýukozasyny we suwyny sorup başlaýar.
tohumlandyrylmada jynsy belli bolsa-da, erkek ýa-da aýal hökmünde onuň daşky genleri hem tapawutlanýar.

Daşky görnüşi : https://www.ehd.org/resources_bpd_illustrated.php?page=10&language=95

2 Responses

  1. […]  GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (8-12-nji hepdäniň içinde) […]

  2. […] GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (8-12-nji hepdäniň… […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: