Derman otlarynyň häsiýetleri

Derman otlaryň we tebigatymyzyň ajaýyp peşgeşleriniň dünýäsine hoş geldiňiz! Biz tebigatyň şypa beriji güýjüniň syrlaryna daýanýan il lukmançylygynyň usullary baradaky maglumatlary siziň bilen paýlaşmak isleýäris.
Biziň planetamyz, onuň tükeneksiz ýerasty gatlaklary biziň üçin kuwwatlylygyň, berk jan-saglygyň we uzak ömrüň gözbaşydyr. Suwuň, dem alýan howamyzyň we ösümlikleriň syrlaryny öwrenýän gadymy ylym biziň ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Biziň günlerimizde bu ylym il lukmançylygy ýa-da tebipçilik diýip atlandyrylýandyr.

Häzirki döwürde adaty lukmançylyk we il lukmançylygy el-ele berip ýöreýändirler. Tebipleriň yzarlanma sezewar edilen döwri, tebipleriň-de lukmanlary «näletlän» döwri geçip gitdi. Biziň günlerimizde adaty lukmançylyk we lukmançylygyň adaty däl usullary özara eriş-argaç bolup geçýändirler. Hünärmen lukmanlaryň özleri-de indi bejerginiň utgaşdyrylan usullaryny teklip edýändir. Dermanhanalarda indi derman otlaryndan ýasalan dermanlary-da, himiki usullar arkaly ýasalan dermanlary-da bir tekjede görse bolýandyr. Mundan başga-da, giňden ýaýran dermanlaryň düzümine derman otlaryň goşulýan ýagdaýlaryna ýygy-ýygydan duş gelse bolýar. Bu tebipçiligiň adaty lukmançylykdan üstün çykandygyny aňlatmaýar! Ylmyň güýji tebigatyň güýji bilen birleşip, kesellere berk «gaýtawul» berlende, biz ýeňýändiris!

Derman otlarynyň häsiýetleri

Ýaýlalarda, meýdanlarda, baýyrlarda, daglarda bitýän ösümlikleriň içinde derman otlary örän köpdür. Tebigatyň bu «dermanhanasynda» sowuklama we üsgülewüge, ýürek we nerw ulgamynyň kesellerine garşy, ýaralary we deri keselleri bejerýän derman otlary bardyr. Derman otlaryň käbirleri gan akma garşy ulanylsa,  käbirleri işdäni açyp, aşgazanyň, böwregiň, ýüregiň we damarlaryň işini sazlaýandyrlar.

Derman otlaryň şypa berijilik häsiýetleri onuň täsir ediji maddalaryna baglydyr. Bu maddalary toprakdan alan organiki däl maddalardan, howadan, kömürturşy gazdan we ýagtylygyň täsiri astynda ösümligiň özi öndürýändir. Bu biolgiki taýdan aktiw bolan maddalar ösümligiň düzüminde ýygnanýar. Olar himiki birleşmeler bolup, adamyň organizmine fiziologiki we farmakologiki täsirlerini ýetirýärler. Munuň netijesinde syrkawyň keseline şypa berip, oňa saglygyny dikeltmäge ýardam edýärler, keseliň gaýtalanmagyna ýol bermeýärler.

Ösümlikleriň şypa berijilik häsiýetleri adamzada gadymy döwürlerden bäri bellidir. Tebipçilikde bejergiler esasan-da otlaryň kömegi bilen geçirilýär. Biziň döwrümizde senagatyň güýçli depgin bilen ösmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, antibiotikleriň ýygy-ýygydan ulanylmagy adamlarda allergiki täsirleriň artmagyna, organizmiň kesele garşy durnuklylygynyň peselmegine sebäp boldy. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy derman otlaryny lukmançylykda ulanmaga bolan islegi artdyrdy. Biologiki aktiw maddalaryň çylşyrymly himiki düzümi zerarly olary öndürmek gaty gymmada düşýär. Emma ösümliklerden welin bu maddalar aňsat alynýar. Galyberse-de, ösümliklerden ýasalan dermanlaryň goşmaça täsirleri ýokdur.

Häzirki zaman lukmançylygynda maddalaryň, dermanlaryň 5000-den gowragy ulanylýar. Olaryň sanawy yzygiderli täzelenýär. Lukmançylykda ulanylýan derman serişdeleriniň takmynan 2/5 bölegi derman otlaryndan alynýar. Derman otlaryndan ýasalan derman serişdeleri biologiki aktiwligi, az derejedeäki zyýanlylygy we ýumşak täsir edýänligi bilen häsiýetlendirilýär. Şoňa görä-de, fitoterapiýa (derman otlary arkaly bejergi geçirmek) amaly lukmançylyk üçin örän ähmiýetlidir.

Emma himiki usulda alnan derman serişdelerini we derman otlardan ýasalan dermanlary biri-birine «duşman» edip bolmaz. Lukmançylykda olaryň hersiniň öz ýeri we wezipesi bardyr. Fitoterapiýa bejerginiň käbir görnüşlerinde esasy bejergi bolup hyzmat edýär, käbir görnüşlerinde bolsa goşmaça bejergini geçirmäge ýardam edýär.

Biz öz saýtymyzyň indiki sahypalarynda derman otlary barada has giňişleýin maglumatlary dykgatyňyza hödür ederis.

Ýöne derman otlary babatda berilýän seresaplylyk duýduryşlaryna hökman üns bermelidir. Diňe bellenen mukdary ulanyp, öz organizmiňiziň aýratynlyklaryny hasaba alanyňyzda, derman otlarynyň şypa beriji täsirinden şypa taparsyňyz.

Çeşme: Saglyk

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: