Adamlar adatça parazitler barada gürrüň etmäge çekinýärler

Adamlar adatça parazitler barada gürrüň etmäge çekinýärler: başga adamlar bilen gürleşmeg-ä beýle-de dursun, hatda öz içiňden pikir etmek-de biraz hopukdyrýar. Şoňa görä-de, adamyň beýnisini halanmaýan maglumatdan azat etmek üçin, bu barada toslamalaryň ençemesi döreýär. Ýöne şonda-da bileniň ýagşydyr!
Giňden ýaýran toslamalara garap geçeliň.

1.   Bu meniň çagalaryma degişli däl, sebäbi olar hemişe nahardan öň ellerini sabynlap ýuwýarlar.

Bu nädogry! Eger-de siz arassaçyl bolup, öz çagalaryňyza-da arassaçylygy öwredýän bolsaňyz, öwgä mynasypsyňyz. Emma nahardan öň elleriň sabyn bilen ýuwulmagy käşgä bizi parazitlerden goraýan bolsady! Gynansak-da, geçirilen barlaglaryň netijesinde ýer ýüzüniň her 3-nji ýaşaýjysy parazitlere (il arasynda: gurçuklar) ýolugandygy mälim boldy.

Parazitlere (gurçuklara) ýolukmagyň ýollary diýseň köpdür. Mysal üçin, biz bazardan ter ot satyn alanymyzda (otuň her baldajygyny gaýnag suw bilen ýuwmaýarys ahyryn!) ýa-da supermarketde miwe şiresini içenimizde (miwe şiresi sykylanda onuň daşyny käwagt ýuwmaýarlar) gurçuklara ýolugyp bilýäris. Biz tötänlikde içen suwumyz arkaly ýa-da köpçülik howzunda suwa düşenimizde hem gurçuklara ýolugyp bilýäris.

Şeýlelikde, parazitleriň dürli görnüşlerine ýolukmagyň dürli ýollary bardyr. Parazitlere ýolukmadyk adam ýok diýen ýalydyr. Emma şonda-da nahardan öň eliňizi sabynlap ýuwmagyňyz, arassaçylygy saklamagyňyz sizi diňe parazitlerden goraman, eýsem ýokanç kesellere ýolukmakdan hem goraýar. Şoňa görä-de,  hemme ýerde hemişe arassaçylygy saklaň!

2.   Her ýylda täret barlagyny geçirip, onuň netijesinde gurçuklaryň ýumurtgasy tapylmasa, onda bu bu gurçuklaryň ýokdugynyň alamatydyr!

Bu nädogry pikir, sebäbi ýer ýüzünde gurçuklaryň 150 görnüşi bardyr. Täret barlagy arkaly bolsa gurçuklaryň diňe 2-3 görnüşini ýüze çykaryp bolýar (onsoňam bu barlag täret ýaňy edilen wagtynda geçirilmelidir).

Içegede gurçuklaryň bardygyny tassyklaýan käbir alamatlar bardyr. Olara şular degişli: dowamly zäherlenmäniň alamatlary (solgun deri, ysgynsyzlyk, gaharjaňlyk, limfodüwünleriň çişmegi), aşgazan-içege ulgamynyň dowamly keselleri, garnyň agyrmagy (içiň burlup-towlap agyrmagy), ýürek bulanmalar, allergiki täsirleriniň dürli görnüşleri. Bu alamatlaryň hemmesi gurçuklaryň bardygyny 100% tassyklamaýar. Ýöne şu alamatlaryň peýda bolan ýagdaýynda, lukmanlar, syrkawyň özi-de meselä seresaply çemeleşmelidir.

3.   Sagaldyş çärelerini witaminleri we mikroelementleri kabul etmekden başlamalay.

Bu nädogry! Ilki bilen organizmi parazitlerden arassalap, soňra witaminleriň we mikroelemetleriň ýetmezçiligini doldurmaly. Şeýle edilmedik ýagdaýynda siz içiňizdäki gurçaklary witaminler we mikroelementler bilen iýmitlendirýärsiňiz.

4.   Gurçugy bolan adamyň derisi solgun we hor bolýar.

Bu dogrudan-da şeýle bolýar, ýöne hemişe däl. Bu adamyň beden gurluşyna, kesselere garşy durmak ukybyndan, organizminde maddalaryň alyş-çalşygyna, keseliň dowamlylygyna bagly bolýandyr. Käbir adamlaryň gurçugy bolsa-da, olaryň ýaňaklary gyzaryp, kadalaýyk agramlaryndan 20-30 kile agyr bolup bilýär.  Şonuň üçin-de, adamyň daş sypatyndan onuň parazitlere ýolugyp-ýolukmandygyny anyk aýdyp bolmaz.

5.   Adamyň içi agyrmaýan bolsa, onuň gurçugy ýokdur.

Bu nädogry! Sebäbi ýönekeý gurçuklar diňe içegede däl, eýsem organizmiň başga ýerlerinde hem ýaşap bilýärler. Parazitler ölenlerinde, zäherli maddalary bölüp çykarýarlar. Bu bolsa adamyň organizmini zäherleýändir. Şonda adamyň kellesi, bogunlary agyryp bilýär. Ol gaharjaň, ysgynsyz bolýar. Şu alamatlar başga keselleriň alamatlary bilen çalşyrylyp, käwagt lukmanlary ýalňyşdyrýar. Parazitleri bolan syrkaw bir lukmandan başga lukmana gatnap, öz saglyk depderçesini dürli keselleriň atlaryndan dolduryp biler. Köp halatlarda onuň keseli dogry kesgitlenilip biler. Ýöne bir zady ýatdan çykarmaň: bu keseller organizmde parazitleriň bolmagynyň netijesinde döräp bilýändir.

Şonuň üçin-de, içagyrylar gurçuklaryň ýeke-täk alamaty däldir.

6.   Adam gije dişlerini gyjyrdadýan bolsa, onuň gurçuklary bardyr.

Adam ukudaka dişlerini gyjyrdadýan bolsa, bu onuň merkezi nerw ulgamynyň çenden aşa duýgurlygyndan habar berýär. Parazitleriň bölüp çykarýan galyndylary adamy zäherläp, onuň ýadaw, gaharjaň bolmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da gijelerine dişiň gyjyrdadylmagy rudimentar alamatynyň bolaýmagy ahmal (dişini çalýan käbir haýwanlar ýaly)

Şoňa görä-de, dişiň gyjyrdydylmagy parazitleriň bardygyndan habar berse-de, onuň gönüden-göni sbutnamasy däldir.

7.   Gurçuklar diňe çagalaryň keselidir.

Dogrudan-da, çagalar ýygy-ýygydan gurçuklara ýolugýarlar. Bu çagalaryň hemme zady agzyna alýandygy zerarly bolup bilýär. Şular ýaly hereketleri çaga gadagan edip bolmaýar, sebäbi ol daş-töweregindäki dünýäni şeýle usul arkaly öwrenýär. Şonuň üçin-de, çagalaryň oýnawaçlaryny, töweregindäki zatlary mümkin boldugyndan arassa saklamalydyr. Käbir ejeler bazardan ir-iýmiş satyn alanlarynda, olardan derrew çagasyna dadyrýarlar. Şeýle edilende çaganyň gurçuklara ýolukmak howpy birnäçe esse artýar.

Şoňa görä-de, gurçuklar köplenç çagalara «hüjüm edýärler». Ýöne adamyň ýaşy olara hiç böwet bolup bilýän däldir.

8.   Öý haýwanlary arkaly parazitlere ýolugyp bolmaýar.

Bu nädogry! Öý haýwanlary parazitleri aňsatlyk bilen ýaýradýandyrlar.  Käbir ata-eneler çagalarynyň pişijek ýa-da güjüjek bilen oýnaýşyna guwanyp, öz çagasyny gurçuklara ýolukmak howpuna uçradýandygyna düşünmeýär.

Öý haýwanlaryny gowy görmelidir, ýöne olara wagtal-wagtal gurçuklaryna garşy dermanlaryny berip durmalydyr.  Şoňa görä-de, öý haýwanlaryna bolan söýgi arssaçylyk bilen utgaşdyrylmalydyr.

9.   Öz ekiniňde biten ir-iýmiş we gök önümler «arassadyr».

Bu nädogry! Bagbanlar we daýhanlar öz ekinlerinde bitýän ir-iýmişleriň we gök önümleriň umumy arykdan ýa-da kanaldan suwarylýandygyny ýatda saklamalydyr. Käbir garry eneler öz baglarynda biten ilkinji ir-iýmişi agtyjyklaryna ýuwman berýärler. Bazarda bolsa käbir satyjylar öz hödürleýän iýmişini datmakdan ýüz öwürýän alyjylara geň galyjylyk bilen seredýärler. Bularyň bary arassaçylygyň sadaja düzgünleriniň ýatdan çykarylýandygy bilen düşündirmek bolýar. Ir-iýmişleriň we gök önümleriň nirede ýetişdirilendigine garamzada, hemişe ýuwup iýmelidir.

10.   Gaýnadylan suw — öli, gaýnadylmadyk suw — diri.

Käbir adamlar çig, ýagny gaýnadylmadyk suwy «diri» hasaplaýarlar. Dogrudan-da, olar mamla! Sebäbi gaýnadylmadyk suwda köp janly parazitler: gurçuklar, olaryň ýumurtgalary, parazitleriň ýumurtga haltajyklary we ş.m. bolýar. Suwuň ýörite serişdeler bilen arassalanmagy onuň arassalygyny kepillendirmeýär.

Şoňa görä-de, diňe gaýnadylan suwy içmelidir.

Şu makalany okanyňyzdan soň sizde umytsyzlygyň döremegi ahmal: hemme zat erbet, hemme ýerde gurçuklar ýa-da olary ýumurtgalary bar we ş.m. Ýöne bu makalanyň esasy maksady sizi gorkuzmak däl-de, arassaçylygy saklap, özüňizi köp parazitlerden goramaga çagyrmakdan ybarat.  Arassaçylyk saglygyň girewidir!

  • Çeşme: Saglyk

  • 4 Responses

    1. Would you please show a link to the source? It looks like you are copying and pasting the materials from http://www.saglyk.info. It would be professional to show the source. Thanks.

    2. Hi worshipful admin! If you observed at the end of article, you could see that I already did it . Thanks for your attention and your medical publication .

    3. Thank you for cross posting! If you would like we can feature your articles. Let me know. Is there an email I can write to contact you? Thanks.

    4. Dear Adam! It is my pleasure, you send your articles. You can leave your articles on my comments and please leave your Email to connect with you.Your email address will not be published.Thanks

    Leave a Reply

    Fill in your details below or click an icon to log in:

    WordPress.com Logo

    You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

    Twitter picture

    You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

    Facebook photo

    You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

    Google+ photo

    You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

    Connecting to %s

    %d bloggers like this: