Posted on April 21, 2014 by .
Salam, dostlar, türkmen ildeşler, hormatly lukman işdeşler,
1. Habarlydyrsyňis köp wagt bäry ”Türkmen Medikal” medisina we ylym barada täzelik goýmaýar (koma giren ýaly!). Şoň üçin häzyrky wagtda syz gadyrdanlar, saglyk baradaky maglumatlary türkmen dilinde beýan edýän saýta (Saglyk) bariň. Saglyk saýty : www.saglyk.info

2. Dr. Abdulwaahab Hajiserdar bilrn dostlary, kärdeşlery we kursdaşlary, habarlaşmak uçin oň Facebookyna baryb bilerle. Facebook diňe doslyk aragatnaşyk uçindyr.
Dr. Abdulwaahab Hajiserdar

Sag bolyň, hormat bilen: Türkmen Medikal
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar | Leave a comment »
Posted on June 17, 2013 by .
Предыстория
Ученые предполагают, что в доисторические времена территория Туркмении была населена неандертальцами, поскольку обнаружены следы их пребывания близ селения Гаурдак, на склонах горы Большая Балахана (Чарджоуская область, ныне Лебапский велаят)[1] По мнению других ученых, неандертальцы обитают на территории Туркмении до сих пор.
Continue reading →
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Rusça-Pусский | Leave a comment »
Posted on February 6, 2012 by .
Nerw öýjüklerinde täze döwür
Beýni adamlaryň bedenlerinde iň möhüm wezipäni amala aşyrýan agzadyr. Ähli duýgy we düşünjämizi dolandyrýan beýni öýjüklerinde täze döwür başlajakdygynyň ilkinji uçgunjyklary döredi.
ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň alymlary geçiren ylmy barlaglarynda beýni öýjüklerini hem çalşyp boljakdygyny ýüze çykardylar. Sagdyn syçanlarda geçiren ylmy barlaglarynda hünärmenler käbir hassalyklaryň bejergisiniň amala aşyryp boljakdygyny gördüler. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk | 2 Comments »
Posted on February 5, 2012 by .
JYNSY GATNAŞYKLARY “AJADÝAN” ÝENE BIR SEBÄP
Uzak wagtyň dowamynda urolog-seksolog lukmanlary jynsy işjeňligi bozulan erkek adamlaryň ýagdaýyny “impotensiýa” (jynsy gowşaklyk) düşünjesi bilen atlandyrdylar. Ýöne bu söz erkek adamyň jynsy gatnaşyklarynda duş gelýän hemme kynçylyklaryny öz içine alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda “erektiw disfunksiýa” düşünjesi giňden ulanylyp, ol jynsy gatnaşyklary düzüji faktorlaryň islendiginiň bozulmalaryny aňladyp bilýändir. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Durmyş, Saglyk | 1 Comment »
Posted on February 5, 2012 by .
Çilimkeşlige garşy göreş plany tassyklandy
Nazar Hudaýberdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2012-1016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň planyny tassyklady. Plan 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda tassyklandy.Hökümet maslahatynda kabul edilen “2012-2016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň plany” bilen bagly “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 21-nji we 26-njy ýanwar sanlarynda iki sany baş lukmanyň çykyşy çap edildi. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »
Posted on January 11, 2011 by .
Onkologik barlag
Dr. Serdar Gulgeldiýew
Täze ýylyň öň ýanyndaky aýlarda Türkmenistanda ýaş-u-garry aýallaryň ählisini aýal ugry boýunça barlagdan geçirmek hökmany çärä öwrüldi.
«Ýekeje aýal maşgala hem barlaga barman galmaly däldir» diýip, ýurduň oba-şäherleriniň maşgala lukmanlary öz garamagyndaky maşgalalara ýeke-ýekeden tabşyryp çykdylar. Barlaglar häzirki günlere çenli dowam edýär.
«Bu barlagyň sebäbi soňky döwürlerde aýallaryň ýatgylarynda onkologik keselleriň ýüze çykmasynyň köpelýänligi üçindir» diýip, lukmanlar barlagyň sebäbini düşündirýärler. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | 9 Comments »
Posted on January 8, 2011 by .
DİŞ AGYRYNYŇ EMI TAPYLDY
Ýakynda alymlaryň bir topary keseli täzeden bejerip bolýan ýukajyk nanoperdeleri ýasadylar. Diş lukmançylygy baradaky geň habary http://www.gizmag.com saýtynda okamak mümkin.
Ýumşak dokumalardan ybarat bolan diş ýoljagazlary dişiň bir bölegi bolup, ol dişiň merkezinde ýerleşýär. Dişiň işjeňligini amala aşyrýan nerwler we gan aýlanyş damarlary bu ýoljagazyň üstünden geçýärler. Diş ýoljagazlarynyň ýumşak dokumalaryna ýa-da nerwlere ýeten zeper dişiň çişmegine ýa-da sowuklamagyna getirýär. Diş çişmesi, sowuklama bolsa ýakynda ýerleşen dokumalary zaýalap bilýär. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | 4 Comments »
Posted on January 8, 2011 by .
Garañky dünýä
Salam teswirler saýtynyñ agzalary.
Dogrymy aýtsam nämeden bashlajagymam bilemok. Bir tarapdan utanýanam, bir tarapdan kömek soramagam isleýän. Bu ýerdäki akylly we köp zatdan habarly agzalaryñ maslahatlaryny eshitmek isleýän.
Näwagt we näme sebäpli bashlanyny bilemok, ýöne men bu garañky dünýä kem-kem gadam basyp ugranymy takmynan 3-4 ýyllykda duýdum. Garañky dünýä diýýänim körler (kör diýip umumy aýtdym, edil kör dälde shoñ bäri ýany) dünýäsi. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Durmyş | 4 Comments »
Posted on January 8, 2011 by .
Inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň üstünlikli bejerlişiniň effektiw usuly
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş baradaky agentligi “Inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň üstünlikli bejerlişiniň effektiw usuly” atly Jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň maksatnamasynyň başlanýandygyny we oňa kabul edilişigiň açykdygyny habar berýär. Jemgyýetçilik aragatnaşyklary Türkmenistanyň hünärmenleri üçin niýetlenen medeni we hünär taýdan alyş çalyş maksatnamasydyr. Maksatnamanyň 2011-nji ýylyň bahar paslynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýeňijileri üç hepdelik okuwa gatnaşarlar. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | 6 Comments »
Posted on January 6, 2011 by .
Posted on January 5, 2011 by .
Semizlik (adopositas) – bu adamyň organizminde ýagyň çenden aşa köp ýygnanmagydyr. Bu ýagdaý adamyň saglyk ýagdaýyna uly howp salýar.
Semizligiň birnäçe görnüşi bolýar. Onuň birinji görnüşi gönüden-göni iýmit faktory bilen baglanyşyklydyr. Ikinji görnüşi bolsa merkezi nerw ulgamanyň we içki sekresiýa mäzleriniň keslleriniň netijesinde ýüze çykyp bilýär. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Saglyk | 5 Comments »
Posted on January 5, 2011 by .
Adamlar adatça parazitler barada gürrüň etmäge çekinýärler: başga adamlar bilen gürleşmeg-ä beýle-de dursun, hatda öz içiňden pikir etmek-de biraz hopukdyrýar. Şoňa görä-de, adamyň beýnisini halanmaýan maglumatdan azat etmek üçin, bu barada toslamalaryň ençemesi döreýär. Ýöne şonda-da bileniň ýagşydyr!
Giňden ýaýran toslamalara garap geçeliň. Dowamy
Filed under: Çagalar, Bütin Temalar, Bilim, Saglyk | 4 Comments »
Posted on January 5, 2011 by .
«Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen jümle bar. Bu jümle hiç döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmez. Her bir adamyň durmuş hiliniň ýagdaýy onuň saglyk ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek diýseň wajypdyr.
Az hereketli durmuş, kadalaýyk iýmitlenmezlik, dyngysyz ýüregi sardyrýan durmuşy ýagdaýlar, işdäki kynçylyklar, erbet endiklere ýykgyn bolmak, ukyny almazlyk — bularyň bary ne owadanlyga owadanlyk goşýar, ne-de sagdynlygy berkidýär. Bütindünýä Saglygy Saklaýyş (BSG) guramasynyň esasy şygarlarynyň biri şeýle diýýär: Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Durmyş, Saglyk | 2 Comments »