Miwedir gök önümiň gowusyny nädip tanamaly?

turkmen-froutMiwedir gök önümleriň täze hem-de gowy hillisini saýlamagyň käbir ýönekeý usullary şeýle:
Pomidor; agyr, reňki çym gyzyl, gabygy ýuka bolmaly. Iň lezzetli pomidor günüň aşagynda bişen we tomus aýlarynda ýygnalan pomidordyr. Gowy bişen pomidoryň depesiniň töwereginde sähelçe ýaşyl çyzyklar bolýar. 

Hyýar: gysga, ýaldyrap duran, galam ýaly dos-dogry bolmaly. Näçe ulalsa, şonça ýumşap, tagamy gaçýar.
Behiý: reňki sap-sary, ysy burk urup duran bolmaly. Ysgamak arkaly saýlap bolar.

Badamjan: reňki gap-gara bolmaly. Tutaňda eliňe reňki ýokmaly däl. Reňki ýokýany dermanlanandyr.

Üzüm: baldagy hökmany suratda ýaşyl bolmaly. Ak üzümiň reňki biraz sarymtyl görünmeli, gara üzüm bolsa, gap-gara bolmaly.

Armyt: gowy armydyň reňki sarydyr we gatydyr.

Erik: gowy hillisi gatydyr, reňki sähelje gyzylymtyldyr. Ele alaňda agyrlygy duýulmaly.

Ýer tudanasy: daşky görnüşi düzüw bolmaly. Gowy bişenini iýmeli. Gowy bişmedigi gatydyr we ýakymly ysy ýokdur. Günüň aşagynda az durany gowy bolýar.

Pyrtykal: reňki ýaldyrap duran, gabygy ýuka bolmaly.
zamantm.com/tm

2 Responses

  1. […] Miwedir gök önümiň gowusyny nädip tanamaly? […]

  2. […] Miwedir gök önümiň gowusyny nädip tanamaly? […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: