Türkmen Medikal 2011-njy ýyla çenly

Dowamy

“Sähra” gazetiniň baş redaktory bilen söhbet

Soňky ýyllarda eýranly türkmenleriň arasynda gazetler, žurnallar we kitaplar köp çykyp başlady.Häzirki wagtda resmi taýdan hasaba alnan türkmen metbugatlarynyň sanawyna “Sähra” gazeti, “Pyragy” hem-de “Ýaprak” žurnallary hem girýär.Azatlyk Radiosy “Sähra” gazetiniň döreýşi we häzirki ýagdaýy barada gazetiň baş redaktory Dr.Abdolrahman Düýeji bilen söhbet etdi. dowamy

Mollanepesiň hormatyna geçirilýän ýubileý

Mollanepesiň hormatyna dabaralar guralýar
Türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry Mollanepesiň 200 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralar hakykatdan-da ýatdan çykmajak we täsirli baýramçylyk çärelerine öwrüldi. Şahyryň döreden eserleri diňe bir milli däl-de, eýsem dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna goşuldy.
Dowamy

Nurmuhammet Aşyrpur Meredow, dogruçyllyk ugrunda göreşiji alym

Nurmuhammet Asyrpur MeredowGolaýda, 1-nji awgustda belli türkmen edebiýatçy alymy Nurmuhammet Aşyrpur Meredow 86 ýaşynyň içinde (1923-2009) aradan çykdy.
Bu alym ýarym asyrlap Edebiýaty hem edebiýatyň taryhyny öwrenmek meseleleri bilen gyzyklanyp geldi. Ol mydama Edebiýaty öwreniş ylmynyň dogruçyl bolmagyny öňe sürdi. Klassyky edebiýatyň galplaşdyrylmagyna garşy durdy.
Ol “Satiriki şahyr Kemine” (1958), “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi” (Sapar Ahally bilen bielikde) 1-nji we ikinji neşirler, soňky neşiri 1988, “Şeýdaýy. Derdewler we tekstler” (1964), “Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň taryhy” (1968), “Magtymgulynyň sözlügi” (2000) ýaly kitaplaryň hem ençeme ylme makalalaryň awtorydyr.

Dowamy

Namaz-orazaňyz kabul bolsun!

zeOrazanyň beden saglygyna täsiri
Orazanyň beden saglygyna edýän peýdasyny şeýle sanap bileris: Oraza sagdynlygyň açarydyr. Orazanyň kömegi bilen bir ýylyň dowamynda dürli nahar bilen agram salynýan iýmit siňdiriji organlara dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär.
 Oraza bedeniň açlyga- suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Oraza adamyň ömrüni uzaldýar. Uzak ýaşan bir hassa, lukmançylyk nukdaýnazaryndan uzak ömür süren hasaplanmaýar. Uzak ömür – bedeniň sagdyn ýaşamagy diýmekdir.  Dowamy

Professor Aşyrpur Meret Ogly aradan çykdy

Eýran Türkmenleriniñ  we Türkmenistanyň görnükli alymy, ylymda we AshyrpurMeretOglytehnikada at gazan işgär Nurmuhammet Aşyrpur Meret ogly (Meredow) 86 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykypdyr.
Merhum türkmen edebiýatynyň ösüşinde bahasyna ýetip bolmajak goşanady bilen tanalýar.
Nurmuhammet Aşyrpur türkmen klassyklary hakynda ýüzlerçe ylmy makala ýazdy, onuň iň görnükli eserlerinden biri «Türkmen klassiki edebiýatynyň sözlügi» diýip, merhumy tanaýanlar oňa bahar berýärler.
Dr. Serdar, alymyň maşgalasyna gynanç bildirýär.

Türkmensährada medeni- ylmy hüjreler

Hangeldi  OwnugDr. Hangeldi  Ownug
Toronto, ON, Canada

My Ph. D. Material
Jemgyýetçilikde irki döwürlerden bäri mesken-mekan diýilen jaýlary ýyl on-iki aýyň içinde yssydan-sowukdan we howpdan-hatardan goranmak üçin medeniýete öwrülip gaýdypdyr. Bu medeniýet soňa baka her bir ýeriň öz medeni-jemgyýetçilik garaýyşlaryna laýyklykda, arhitektura çeperçilikde öz dürli häsiýeti bilen döredilipdir.

Dowamy