Çi­li­mi taş­la­mak is­le­ýän­ler üçin go­wy pur­sat

Şu gün­ler­de do­wam ed­ýän ora­za gün­le­rin­de çi­lim­keş­le­riň çi­li­mi taş­la­mak­la­ry üçin iň go­wy pur­sat­dy­gy ha­bar be­ril­di. Hü­när­men­ler çi­lim­keş­le­riň bu pur­sat­dan peý­da­lan­mak­la­ry­ny ma­s­la­hat ber­ýär­ler. Bu ýo­wuz be­la­dan dyn­mak is­le­ýän ýa-da mu­nuň er­bet ta­rap­la­ry­ny du­ýup baş­lan adam­la­ryň agyz bek­läp, çi­lim­den hem ga­ça du­rup bil­jek­dik­le­ri ha­bar be­ril­di. Tür­ki­ýä­niň Sü­leý­man De­mi­rel uni­wer­si­te­ti­niň luk­man­çy­lyk fa­kul­te­ti­niň bö­lüm mü­di­ri pro­fes­sor, dok­tor Ah­met Ak­ka­ýa ora­za aýyn­da çi­lim­den ga­ça dur­ma­gy en­dik edi­nip, ora­za­dan soň­ra hem bu go­wy en­di­gi do­wam et­di­rip bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. Uni­wer­si­te­tiň ga­ra­ma­gyn­da­ky çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­reş saglyk öýüne çi­li­mi taş­la­mak üçin ýüz tut­ýan­la­ryň ora­za aýyn­da has hem ar­tan­dy­gy­ny aý­dan Ak­ka­ýa, adam­la­ryň ora­za aýyn­da dur­mu­şy çi­lim­siz göz öňü­ne ge­tir­me­giň müm­kin­di­gi­ne göz ýe­tir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Pro­fes­sor agyz bek­le­nen­de, gün­de 16-17 sa­gat­lap çi­lim­siz ge­zip bol­ýan­dy­gy­ny, on­dan soň­ra-da ge­zip bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar.
Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: