Türkmenistanda çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň planyny tassyklady

Çilimkeşlige garşy göreş plany tassyklandy

Nazar Hudaýberdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2012-1016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň planyny tassyklady. Plan 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda tassyklandy.Hökümet maslahatynda kabul edilen “2012-2016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň plany” bilen bagly “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 21-nji we 26-njy ýanwar sanlarynda iki sany baş lukmanyň çykyşy çap edildi.

—Jemgyýetiň ähli gatlaklary tarapyndan goldanan bu karar möhüm umumydöwlet wezipesine öwrüldi. Ol häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş obrazyny, türkmenistanlylaryň sagdyn ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýär.

Esasy çäreleriň biri hökmünde öňüni alyş, sagdyn durmuş obrazyny wagyz etmek, rasional iýmitlenmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklere garşy göreş ýaly çäreler agzalýar.

Çilimi goýdurmak üçin, gürrüňi edilýän plan bilen bagly, saglygy saklaýyş edaralary tarapyndan çilimkeşlere anyk teklipler, maslahatlar berilýärmi? Bu soraga Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle jogap berdi: “Hökümet tarapyndan edilýän anyk teklip ýok. Döwlet tarapyndan anyk, aýdyň programma halka hödürlenmedi”.

Türkmenistan geçen ýylyň maý aýynda Bütindünýä saglyk guramasynyň çilimkeşlige garşy göreş boýunça Konwensiýasyna goşuldy. Şondan soň ýurtda temmäki önümleriniň gytçylygy ýüze çykyp, ol çilimiň bahasynyň birnäçe esse galmagyna getirdi. Şol gymmatçylyk hem gytçylyk garaşylýan netijäni berdimi, çilimkeşleriň azalmagyna getirdimi? Kyrk alty ýyl bäri çilim çekýän Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýdi:

—Çilimiň gytalmagy, bir-ä bazarlarda gara söwdanyň ösmegine, bahalaryň uçursyz galmagyna getirdi. Iň erbet ýerem – gelýän çilimleriň hili pes. Göräýmäge, şol öňki alýan çilimlerimiz. Ýöne çilimkeşler şol çilimi çekende, gyzylödegi agzyna gelýär. Häzir Ermenistandan zem Gazagystandan gelýär çilim. Beýleki daşary ýurtlardan gelýän çilimler doly kesildi.   Jemgyýetçilik ýerlerinde – köçelerde, okuw jaýlarynda, naharhanalarda, hat-da öz hususy ulagyňda-da çilim çekmegi gadagan edýän kararlaryň, geçen ýylyň ortalaryndan bäri çilim gytçylygynyň özüne erki ýetýän, çilimi taşlamagy berk ýüregine düwen ýek-tük adamyň ýaramaz endikden salanmagyna sebäp bolandygyny aýdýanlaram bar.

10 ýyldan soň…

Balkanabatly (ozalky Nebitdag) graždan aktiwisti Gurbandurdy Durdygulyýew çilime gadaganlyk girizileni bäri 10 ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, türkmen jemgyýetiniň bu ýaramaz endikden saplanyp bilmändigini, gadaganlygyň garaşylýan netijäni bermeýändigini aýdýar:

—Şu wagt çilimi-nasy gadagan etseň, adamlaryň ony alaga-da hemmesi taşlap bilenok. Ozal Gorbaçýowyň arak goýdurmaly diýenini görüp geçdik nähili bolýanyny, netijesini. Mejbur edip, goýduryp bolmaýar. Gaýtalaýaryn, Gorbaçýow aragy goýdurmaly diýende, adamlar troýnoý odekalon içip gezdiler. Halky gorkuzyp, hiç wagt hiç zady goýduryp brolmaýar.

Çilime gadanglyk, çilimkeşlige garşy göreş programmasy netijesinde döwlet dükanlarynda çilim söwdasy ýatyrylypdyr. Amanmyrat Bugaýew munuň söwdagärleriň täze-täze hokgalar tapmagyna getirendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýurduň gündogar welaýatlarynda öndürilen pes hilli temmäkini gizlin satmak barha ýaýbaňlanýar. (Temmäki ekmek hem Türkmenistanda gadagan). Bu hakda Gurbandurdy Durdykulyýew şeýle diýdi:

—Haýsy bir zady gadagan etseň, gapdalyndan hökmany ol tapylýar, ol tapylmasa bu tapylýar. Keýp diýýäniň hemmeleriň bir barada taşlap bilýän zady däl. Ol başartmaýar. Ol hiç kime, hiç haçan başardan zadam däl. Ol soňundan teleke zada alyp barýar.

Amanmyrat Bugaýew çilimi goýmak isleýänlere döwlet tarapyndan dünýä tejribesi esasynda maslahatdyr anyk teklipleriň edilmelidigini aýdýar:   —Çilimi goýdurýan merkezler, ýene gaýrylar açylsa, elbetde, çilimi goýjaklar köpeler. Häzir eýýäm hususy dükanlarda: “Şu sakgyjy çeýneseň, çilimi goýup bolýar, şu dermany atsaň, çilimi goýup bolýar” diýip, gelip çykyşy juda nämälim zatlaryň söwdasy ýüze çykyp ugrady. Şolam entek çilimiň garşysyna taýynlyksyz göreşiň alnyp barylýandygyna güwä geçýär. Islendik gadaganlyk özi bilen birgiden problemany getirýär, çilime girizilen gadaganlygam şeýle bolar.   1998-nji ýylda Türkmenistanda temmäki önümleriniň reklamasy gadagan edildi. Bir ýyldan soň okuw jaýlary çilimden azat zolak diýlip yglan edildi. 2000-nji ýylda prezident “Jemgyýetçilik ýerlerinde, ähli edara-kärhanalarda, köçelerde çilim çekmegi gadagan edýän karara” gol çekdi. Saparmyrat Nyýazow 2002-nji ýylda maşynyň rulunda çilim çekmegi-de gadagan edipdi.

http://www.azathabar.com/content/article/24470315.html

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: