Garañky dünýä
Salam teswirler saýtynyñ agzalary.
Dogrymy aýtsam nämeden bashlajagymam bilemok. Bir tarapdan utanýanam, bir tarapdan kömek soramagam isleýän. Bu ýerdäki akylly we köp zatdan habarly agzalaryñ maslahatlaryny eshitmek isleýän.
Näwagt we näme sebäpli bashlanyny bilemok, ýöne men bu garañky dünýä kem-kem gadam basyp ugranymy takmynan 3-4 ýyllykda duýdum. Garañky dünýä diýýänim körler (kör diýip umumy aýtdym, edil kör dälde shoñ bäri ýany) dünýäsi. Onam her ýyl despanserdan (her ýyl saglyk ýagdaýyñy doly barlamak üçin mashgala lukmany shu barlagy geçmegi talap edýär) geçemde, gel-aý shu okulistda gözümem barladaýyn diýip bardym bärden göz dugtaryñ ýanyna. Harply tablica asylgy duran stenadan 5 metr uzaklykda oturtdy-da elime-de gözümi ýapar ýaljak zat tutdurdy. Bir gözüñi ýap diýdi ýapdym. Ukazkasy bilen bir birden harplary görkezip ugrady. Tablicada ýokardan 4 hatara çenli görüp bildim, ondan ashakdakylary görüp bilmedim.o yerde bolsa 15-20 hatar bardyr. O bolshumada içimden geñ galdym “beh, men öñler ashakdan 3-nji hatara çenli görüp bilýärdimle” diýip. Geçeli indi beýleki gözüme. Ýanky görüp oturan gözümi ýapyp beýleki gözüm bilen gördüm. Dugtar ýene ukazkasy bilen harplary görkezip bashlady. Bir ýerlerik ukazkasyny uzadýar men göremok. Bir harpy görkezýär görmeýänligim üçin, görüp BILMEÝÄNLIGIM üçin dymýan, ýada çala sesim bilen “göremok” diýýän. ol bolsa ýene görkezýär, ýene dymýan, ýene we ýene, men özümde sheýle gynançly açyshy edenim sebäpli damagym dolupdy, sonky harplary görkezende gürlemäge ýagdaýym bolman görmeýänligimi dine bashymy iki ýana ýaykamak bilen duýdurdym. Iñ soñunda birinji hatardaky “Ш” harpy görkezdi, ana dine shony görüp bildim.
Shonluk bilen men töwerekdäki köp adamlaryñ dakynyshy ýaly oçki dakynmaly adamlaryñ hataryna girdim. “ynha shu oçkini alarsyñ diýip” dugtar äýnek ýazdy.
Men bolsa äýnek dakynmak islämok. Ýok, gep oçkide däl, ýa-da “dört göz” diýilenden utanmakdada däl, ýada gelishmezlikdede däl. Gaýtam “umnikleriñ” ýada “botanikleriñ” imijinem halaýardym.
Meniñ oçki dakynasym GE-LE-NOK!!! Men hemme zady öz gözlerim bilen realno göresim gelýär, duýasym gelýär. Ýöne kem-kem meniñ üçin dünýä garañkyrap barýar. Dugtar: “diñe ishlände, telewizor görende dakyn” diyyär. Ony bir dakynmagy öwrenshenson aýyrasynam gelmez. Soñ mydama dakynyp ýörmeli bolarsyn. Olam ýyl geçdigiçe-de has güýçlüsine çalyshmaly bolar. Köp äýnek dakynyýan adamlar sheýle edýär. Eger güýçlisine çalyshmaly bolsa onda äýnek gözüñ görüshini gowulandyrman gaýtam tersine peseldýär dälmi? Aýnek dakynmalymy?!
Eger äýnek beýle täsir edýän bolsa dugtarlar näme üçin leçeniye ýazman, añsadyna bakyp äýnek ýazaýýarlar?
Soñuna çenli okanynyz üçin minnetdar.
Bu menin temamyn soñy däl, entek dowamyny indiki temalarda ýazaryn, ýöne ilki shu äýnek hakda pikir alyshalyñ.
Ref. Teswirler
Filed under: Bütin Temalar, Durmyş |
Çagalar baglary
Parahat Ilmyradow
Çigrekli howanyň aralaşanyna eýýäm esli wagt bolup barýar. Emma şeýle-de bolsa, öňki Soýuzyň sostawynda bolan döwletlerde şol, öňki — sowet döwründäki endikler saklanyp galypdyr.
Howa hernäçe salkyn bolsa-da, noýabr aýyndan öň hökümet tarapyndan salnan jaýlarda ýyladyş sistemasy işe girizilmeýär, ýagny, peçler ýakylmaýar. Peçler ýakylan ýagdaýynda-da, turbalaryň ýarylyp, öýlere hiç hili ýylylyk berilmeýändigi hakda uly nesliň nägileliklerini her bir ýerde eşidip bolýar.
Sowet döwründe salnan çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasy hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş sistemalary bilen baglanyşykly. Ýaşaýyş jaýlarynda bolmaýan ýylylyk çagalar baglarynda-da bolmaýar.
Bu ýagdaý çagalaryň saglygyna örän uly zyýan edýär. Şu günler haýsy bir saglyk öýüni, haýsy bir hassahanany görseň, çagalar bagynda üşänligi üçin çagasyna sanjym urdurmaga baran ene-atalary görüp bolýar.
Çagalar, aýratyn-da günortan uklan çagy üşeýärler. Çagalar baglary örän sowuk. Bejergi alynmadan bolsa haýyr ýok. Sebäbi saglygy dikeldilen çaga ýene çagalar bagyna barsa, ýene sowuklap, öňki keselini gaýtalaýar.
Işleýän ene-atalar çagalaryny çagalar bagyna bermeseler, alaç ýok. Işe gitmek üçin körpeleri hökman çagalar bagyna bermeli bolýar. Ene-ata çagasyny ynanyp, çagalar bagyna tabşyrýar.
Çagalar bagynda çagalara üşemekden başga howplar hem döräp durýar. Sanitariýa kadalarynyň doly berjaý edilmeýänligi sebäpli, bir çaga haýsydyr bir kesel bilen kesellese (ýagny, sarygetirme, içgeçme, syçratgy we ş.m.) şol kesel beýleki çagalara-da köpçülikleýin geçýär.
Bu zatlaryň üstesine-de, bag ekmek, töweregi arassalamak, dürli baýramçylyklara, ýygnaklara gatnaşmak çäreleri üçin çagalar baglarynyň terbiýeçileridir enekeleri gitmeli bolanda, ähli toparlardaky çagalar ýekeje enekä goýlup gidilýär. Çagalar bagyndaky iň howply ýagdaý hem şudur. Sebäbi şol pursatda haýsydyr bir çaga kesellese, ýa-da howply ýagdaý ýüze çyksa, olaryň dadyna Hudaý ýetişäýmese, ýekeje enekäniň ýetişip bilmejegi görnüp dur.
Täze gurulýan çagalar baglarynda ýyladyş sistemalary gowy. Ol çagalar baglaryndaky enekelerdir terbiýeçiler-de bag ekmek, töweregi arassalamak işlerine we baýramçylyklara, çärelere gatnaşsa-da, şol pursatda çagalar ýeke enekä zyňlyp gidilse-de, garaz, ol çagalar baglarynda çagalar ýyly ýerlerde-hä oýnaýarlar we ukularyny alýarlar.
Bütin ýurduň çagalaryna ýyladyş sistemasy gowy bolan, täze tipli çagalar baglaryny gurup bermeli bolsa, entek Türkmenistan üçin iş köp. Sebäbi obalardaky, etraplardaky, ýurduň ähli şäherlerindäki, welaýatlardaky, paýtagtdaky çagalar baglarynyň durkuny täzelemek bir ýa-da iki ýylyň işi däl. Bu iş onlarça, belki-de ondan-da köp ýyllaryň işi. Müňlerçe çagalar baglary bar. Ýagdaý şeýle bolansoň, körpeleriň gyşyna üşäp keselleme meselesi ýakyn ýyllarda çözülmez.
Öý uprawleniýeleri, häkimlikler çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasyny düzetmeli jogapkär edaralar. Ýa-ha çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasyny düzetmek üçin döwlet pul serişdelerini goýberenok, ýa-da öý uprawleniýeleridir häkimlikleriň işgärleri geleňsizlik edýär, belli däl, çagalar baglaryna gatnaýan körpejeleriň güni gyşyna-ha gowy däl.
Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýoluny geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýoluny geçdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ýörite Permany bilen dynç güni diýlip yglan edilen bu güni Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Saglyk ýolunyň başlanýan ýerindäki giň meýdança has-da köp adamly boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ýaşlar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, halk köpçüligi hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Türkmen gyşynyň mylaýym güneşi bu pasylyň özboluşly görküne beslenen dag eteklerine, degrelerine ajaýyp gözellik çaýdy.
Her bir pursatda sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyz edilmeginiň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz şu gün bu ýerde ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 15 ýyllygynyň hormatyna geçirýän «Arkadagly azat ýurtda bagtyýardyr sagdyn nesil» atly medeni-köpçülik, sport çäresine gatnaşdy hem-de Saglyk ýoluny geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş aladasynyň milletiň ruhy galkynyşyna, ösüp gelýůän ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendigini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Milli Liderimiziň berkarar edýän täze eýýamynda bedenterbiýe we sport ýaş ýigitler we gyzlar üçin durmuşyň kadasyna öwrüldi we olarda ruhubelentligi kemala getirmäge, okuwda, işde saýlap alan hünäri boýunça kämillik derejesine ýetmäge ýardam berýär. Şu günki geçirilen çärä ýaşlaryň köpçülikleýin gatnaşmagy hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda giňden goldaw tapýandygynyň alamatydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar edýän täze Galkynyş eýýamynda amala aşyrýan beýik işlerini, bagtyýar ýaşaýşa gönükdirilen ägirt uly tutumlaryny, il-ýurt bähbitli mukaddes aladalaryny mähriban milletine bagş edýär, özüniň asylly tagallalary bilen halkymyzy gün kimin çoýýar, mährini mähriban milletine paýlaýar. Milli Liderimiziň Saglyk ýoluny geçen pursaty Günem öz nuruny bolluk bilen eçildi, edil ýazyň howasy ýaly boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Saglyk ýoluna barmagy we ony geçmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygy baradaky aladany mydama ileri tutýandygyna şaýatlyk edýär. Köpetdagyň gerişleri boýunça çekilen, täsin tebigy gözellikler bilen gurşalan bu pyýada ýol aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň uly höwes bilen dynç alýan ýeri bolup durýar. Adamlar bu ýerde dag gerşine çykyp, türkmen tebigatynyň täsinliklerini, gözel görnüşini synlamak, wagtlaryny hoş geçirip, dynç almak üçin gelýärler.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň berkarar edýän täze eýýamynda başy başlanan özgertmeler syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen, sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhy hem beden saglygynyň, döredijilikli zähmetiniň täze belentliklere ýetmekdäki aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, milli Liderimiziň «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýen ýörelgäni Watanymyzyň ruhy tuguna öwürmegi ýaş neslimiz üçin hakyky mekdep bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň şahsy göreldesi bilen her bir işde, köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşmakda ýurdumyzyň ýaş nesillerine nusga bolarlyk ýörelgäni durmuşa geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz saglyk ýoly boýunça ýöriş edip, birnäçe kilometre uzap gidýän aralygy ruhubelentlik bilen geçdi, özem ýüzugra ýoluň käbir ýerlerini ylgap geçdi. Ýeri gelende aýtsak, ýolugra milli Liderimiz saglyk ýolunyň ýagdaýy we onuň daş-töweriginiň täsin tebigaty hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen içgin gyzyklandy. Bu ýerde döwlet Baştutany paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna, Saglyk ýolunyň ýagdaýyna jogap berýän degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sporty mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ýadawsyz alada edilmelidigine, Saglyk ýolunyň hemişe nusgalyk derejede saklanmalydygyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, ýoluň ugrunda ekilen baglara ideg edilişine ünsi çekip, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, arassaçylyk kadalarynyň yzygiderli berjaý edilmelidigini talap etdi.
Ajaýyp dag gerişiniň ugry boýunça çekilen Saglyk ýoluna çykaňda onuň etegi bilen ýaýylyp gidýän görnüşleri synlamak bolýar. Jana şypaly dag howasy, tebigatyň täsin we gözel görnüşleri göwnüňi göterýär, ruhuňa kuwwat berýär. Saglyk ýolunyň ugrunda we daş-töwereginde oturdylan arçalar bu ýerleriniň tämiz howasynyň ýakymyny artdyrýar, dag etek ýaýlalaryna gözellik çaýýar. Bu ýerde sergin türkmen gyşynyň salkyn howasynyň ýaraşykly ýazy ýatladýan alamatlary bilen sazlaşygyny duýmak bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arkadagly azat ýurtda bagtyýardyr sagdyn nesil» atly medeni köpçülik we sport çäresine gatnaşmagy hem-de Saglyk ýolundan geçmegi döwlet Baştutanynyň dünýä ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde aýdyň görelde bolýan milli Lider hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimizi Saglyk ýolunyň düşülýän ýerindäki giň meýdançada ýaşulular hem-de ýaşlar uly şowhun bilen mähirli garşyladylar. Bu ýer baýramçylyk lybasyna beslenip, uludan tutulan toýy ýatladýar. Meýdançada döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, aýdym-sazyň owazy belent ýaňlanýar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaşulular we körpe nesil bilen mähirli salamlaşdy we olar hormatli Prezidentimize ýurdumyzda sporta uly üns berip, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň artykmaçlyklaryny birsyhly görkezip, ýaşlara görelde bolýandygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz bu ýerde ýaşulular hem-de körpeler bilen ýadygärlik surata düşdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglyk ýolunda ýöriş edenlere bu beden hem ruhy sagdynlygyň çäresine gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, egsilmez ruhubelentlik we üstünlik arzuw etdi.
referans: http://www.turkmenistan.gov.tm
Taryh ylmynyň täze sepgitlerine tarap
Şu gün Daşoguzda «Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda» atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlaýar
«Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda» atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlaýar. Wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we howandarlygynda geçirilýär, ony guramak bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň üstüne ýüklendi.
Biziň ýurdumyz nobatdaky gezek dünýäniň otuz iki döwletinden gumanitar ylymlary ulgamynda taryhçylaryň—gündogary öwrenjileriň, arheologlaryň, etnograflaryň we beýleki hünärmenleriň, şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we medeniýet işgärleriniň duşuşýan ýerine öwrülýär.
Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem köneürgenç türkmenleriniň taryhy boýunça taryhy senenamany we çeşmeleri, olaryň döwletiniň Merkezi Aziýanyň döwletleriniň ulgamynda roluny we ornuny, olaryň etniki taryhynyň we etnografiýasynyň, şeýle hem bir mahallar mongol çozuşyna çenli şöhrat gazanan Ürgenç (häzirki Köneürgenç) paýtagty bolan imperiýanyň düzümine giren giň çäkde ylmyň we medeniýetiň ösüşiniň az öwrenilen taraplaryny mundan beýläk-de öwrenmek häzirki maslahatyň esasy maksady boldy.
Mälim bolşy ýaly, XII-XIII asyrlaryň sepgidinde Köneürgenç türkmenleriniň döwleti musulman gündogarynda iň giň we kuwwatly döwlet birikmesi bolupdyr. Beýik akyldarlar Biruny we Ibn Sina hem Ürgençde ajaýyp eserlerini döredipdirler, başarjaň binagärler zähmet çekipdirler, meşhur sopular hem-de din taglymatçylar wagyz-nesihatlar edipdirler, bu ýer Çingiz hanyň goşunlaryna gahrymançylykly garşylyk görkezilen ýer bolupdyr. Nejmeddin Kubra we Mahmud Zamahşari ýaly Köneürgenjiň aýdyň şahsyýetleriniň atlary giňden mälimdir, olaryň her birine öň eýýäm aýratyn ylmy maslahatlar bagyşlandy. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan binalar köneürgenç binagärliginiň öňler ajaýyp bolandygyny ýatladýar. Olar indi goraghananyň ussalary we taryh we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan dikeldildi. Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde gadymyýetiň bu genji-hazynalaryna ekskursiýa etmek wezipesi durýar, olaryň köpüsi şonuň bilen birlikde halk tarapyndan sarpalanylýan mukaddeslikler hem bolup durýar.
Maslahatyň işi oňa gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň ýüzden gowragynyň temasyny beýan edýän bäş seksiýada geçiriler. Olar üçin giň medeni maksatnama taýýarlanyldy. Türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine we muzeýlerine baryp görmekden başga hem olara Türkmenistanyň gumanitar ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen duşuşyklar garaşýar, daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyza Daşoguza uçmazlaryndan öňürti gelýärler.
referans: http://www.turkmenistan.gov.tm
http://www.ehabar.com/haber.php?haber_id=610
Temmäki we çilim peýdaly, haçanda mör-möjeklerden dynmak üçin ulanylanda
Temmäkä bolan isleg dünýäde belli bir derejede peselme bar, elbetde munda adamlaryň temmäkiniň öz saglygyna zeper ýetirýändigine doly göz ýetirendigi hem bardyr. Ýöne näme-de bolsa temmäki öndürýänleri hem unutmazlyk gerek, sebäbi olar hem mundan eklenjini gazanýarlar. Şonuň üçin hem ýakynda “Industrial & Engineering Chemistry Research” žurnalynda çykan makala görä indi temmäkini mör-möjekleri öldürmekde (ýalňyş okamadyňyz) giňden ulanyp bolar diýlip çak edilýar. Olar öz barlaglarynda temmäkiniň ýapraklaryny 480 gradus töweregi ýylylykda gyzdyrypdyrlar we ondan alynan ýagy bolsa birnäçe zyýanly bakteriýalara, mör-möjeklere (olaryň içinde kartoşka zyýanly Colorado kartoşka tomzagy hem bar). Alynan netijeler mör-möjeklere garşy şowly bolsa-da ony çilim ýa-da nas görnüşinde ulanmak adamlar üçin entägä beýle şowly bolman gelýär.
http://bayjan.com/content/temm%C3%A4ki-we-%C3%A7ilim-pe%C3%BDdaly-ha%C3%A7anda-m%C3%B6r-m%C3%B6jeklerden-dynmak-%C3%BC%C3%A7-ulanylanda