Ynsan – ylym daragtynyň miwesi

treeAdamyň durmuşynda ylmyň nähili möhüm orun tutýandygyny birnäçe mysallar arkaly düşündirmek bolar. Ynha, şol mysallardan biri-de ony agaja meňzetmekdir.   Adam ylmyň başlangyjyny ilki ene göwresindekä alyp başlaýar. Isle ruhy taýdan, isle ylmy ýagny biologiýa taýdan çaga enäniň gylyk häsiýetleriniň takmynan 80 göterimini kabul edip alýar, şeýlelik bilen hem ulalýar. Enäniň halala we harama üns bermegi bolsa, çagada emele geljek gylyk-häsiýetleriň tohumlaryny şineledýär. Ata-babalarymyzyň-da aýdyşy ýaly „Şir balasy şir bolar“. Şeýle hem ene göwresindäki çagany heniz ekilmedik, hil taýdan oňat tohuma meňzetmek bolar. Çaga doglandan soň bolsa atanyň maşgalada eýeleýän orny we borçlary goşulyp ony okuw ýaşyna çenli ulaltmak, oňa ýaşaýşyň kanun we düzgünini öwretmek işi başlanýar. Çaga 7 ýylyň dowamynda ene-atasyna seredip, nämeleriň dogry, nämeleriň ýalňyşdygyny anyklaýar. Şoňa görä ene-atasynyň edýän işleri dogry, etmeýän zatlary bolsa ýalňyş ýa-da gereksiz ýaly bolup görünýär. Çaga edil kompýuter ýaly olaryň her eden işini we aýdan sözüni aňyna ýazyp alýar. 7 ýaşyna ýetende bolsa ylym almagy üçin ene-ata ony mekdebe iberýär. Mekdebi agajyň topragyna meňzetmek bolar. Şonuň üçin hem ene-ata çaganyň mekdepde aljak bilimine üns bermeli. Bu hem ene-atanyň borçlarynyň biridir. Şol topraga jan berýän suw bolsa mugallymdyr. Adamyň ýaşaýşynda suwuň orny nähili wajyp bolsa, ylymda mugallymyň ýeri-de şonuň ýaly möhümdir. Mekdep çaga üçin ikinji öý, mugallym bolsa ikinji ene-atadyr. Şol sebäpden suwuň ýagny mugallymyň dury we päk bolmagy zerurdyr. Mugallym haýsy okuwça nämäni nähili bermelidigini gowy bilmelidir. Sebäbi her agajyň suwa bolan islegi deň däldir, käbiri az, käbiri köp suw talap edýär. Eger-de şol terezide ýalňyşsaň, agaçdan miwe alyp bilmersiň ýa-da ony guradarsyň. Mugallymyň beren bilimi bilen okuwçylaryň mekdep ýaşyna ýetinçä öwrenen zatlary birleşip, agajyň şahalary ýagny gylyk-häsiýetleri emele gelýär.
zamantm.com/tm

3 Responses

  1. […] Ynsan – ylym daragtynyň miwesi […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: