Posted on April 21, 2014 by .
Salam, dostlar, türkmen ildeşler, hormatly lukman işdeşler,
1. Habarlydyrsyňis köp wagt bäry ”Türkmen Medikal” medisina we ylym barada täzelik goýmaýar (koma giren ýaly!). Şoň üçin häzyrky wagtda syz gadyrdanlar, saglyk baradaky maglumatlary türkmen dilinde beýan edýän saýta (Saglyk) bariň. Saglyk saýty : www.saglyk.info

2. Dr. Abdulwaahab Hajiserdar bilrn dostlary, kärdeşlery we kursdaşlary, habarlaşmak uçin oň Facebookyna baryb bilerle. Facebook diňe doslyk aragatnaşyk uçindyr.
Dr. Abdulwaahab Hajiserdar

Sag bolyň, hormat bilen: Türkmen Medikal
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar | Leave a comment »
Posted on June 17, 2013 by .
Предыстория
Ученые предполагают, что в доисторические времена территория Туркмении была населена неандертальцами, поскольку обнаружены следы их пребывания близ селения Гаурдак, на склонах горы Большая Балахана (Чарджоуская область, ныне Лебапский велаят)[1] По мнению других ученых, неандертальцы обитают на территории Туркмении до сих пор.
Continue reading →
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Rusça-Pусский | Leave a comment »
Posted on February 6, 2012 by .
Nerw öýjüklerinde täze döwür
Beýni adamlaryň bedenlerinde iň möhüm wezipäni amala aşyrýan agzadyr. Ähli duýgy we düşünjämizi dolandyrýan beýni öýjüklerinde täze döwür başlajakdygynyň ilkinji uçgunjyklary döredi.
ABŞ-nyň Garward uniwersitetiniň alymlary geçiren ylmy barlaglarynda beýni öýjüklerini hem çalşyp boljakdygyny ýüze çykardylar. Sagdyn syçanlarda geçiren ylmy barlaglarynda hünärmenler käbir hassalyklaryň bejergisiniň amala aşyryp boljakdygyny gördüler. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk | 2 Comments »
Posted on February 5, 2012 by .
Çilimkeşlige garşy göreş plany tassyklandy
Nazar Hudaýberdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2012-1016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň planyny tassyklady. Plan 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda tassyklandy.Hökümet maslahatynda kabul edilen “2012-2016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň plany” bilen bagly “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 21-nji we 26-njy ýanwar sanlarynda iki sany baş lukmanyň çykyşy çap edildi. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »
Posted on January 11, 2011 by .
Onkologik barlag
Dr. Serdar Gulgeldiýew
Täze ýylyň öň ýanyndaky aýlarda Türkmenistanda ýaş-u-garry aýallaryň ählisini aýal ugry boýunça barlagdan geçirmek hökmany çärä öwrüldi.
«Ýekeje aýal maşgala hem barlaga barman galmaly däldir» diýip, ýurduň oba-şäherleriniň maşgala lukmanlary öz garamagyndaky maşgalalara ýeke-ýekeden tabşyryp çykdylar. Barlaglar häzirki günlere çenli dowam edýär.
«Bu barlagyň sebäbi soňky döwürlerde aýallaryň ýatgylarynda onkologik keselleriň ýüze çykmasynyň köpelýänligi üçindir» diýip, lukmanlar barlagyň sebäbini düşündirýärler. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | 9 Comments »
Posted on January 8, 2011 by .
DİŞ AGYRYNYŇ EMI TAPYLDY
Ýakynda alymlaryň bir topary keseli täzeden bejerip bolýan ýukajyk nanoperdeleri ýasadylar. Diş lukmançylygy baradaky geň habary http://www.gizmag.com saýtynda okamak mümkin.
Ýumşak dokumalardan ybarat bolan diş ýoljagazlary dişiň bir bölegi bolup, ol dişiň merkezinde ýerleşýär. Dişiň işjeňligini amala aşyrýan nerwler we gan aýlanyş damarlary bu ýoljagazyň üstünden geçýärler. Diş ýoljagazlarynyň ýumşak dokumalaryna ýa-da nerwlere ýeten zeper dişiň çişmegine ýa-da sowuklamagyna getirýär. Diş çişmesi, sowuklama bolsa ýakynda ýerleşen dokumalary zaýalap bilýär. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | 4 Comments »
Posted on January 8, 2011 by .
Inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň üstünlikli bejerlişiniň effektiw usuly
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş baradaky agentligi “Inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň üstünlikli bejerlişiniň effektiw usuly” atly Jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň maksatnamasynyň başlanýandygyny we oňa kabul edilişigiň açykdygyny habar berýär. Jemgyýetçilik aragatnaşyklary Türkmenistanyň hünärmenleri üçin niýetlenen medeni we hünär taýdan alyş çalyş maksatnamasydyr. Maksatnamanyň 2011-nji ýylyň bahar paslynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýeňijileri üç hepdelik okuwa gatnaşarlar. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | 6 Comments »
Posted on January 6, 2011 by .
Posted on January 5, 2011 by .
Dünýäniň iň kuwwatly mikroskopy işläp başlady
Ýazan: Batyr BATYROW
San-Antonioda Tehas uniwersitetiniň labaratoriýasynda (University of Texas at San Antonio, UTSA) täze JEOL, JEM-ARM200F elektron mikroskopy maddalary 20 million esse çenli ulaldyp bilýär, bu hem şuwagt dünýäniň iň kuwwatly mikroskopy bolup durýar.
Bu enjamy taýýarlanlar, täze ylmy guralyň kömegi bilen alymlar rak we beýleki howply keselleri bejermekde ep-esli öňe gidişligi gazanarlar diýip umyt edýärler. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »
Posted on January 5, 2011 by .
Intel kompaniýasynyň täze tehnologiýasy ulanyjynyň pikirlerini okar we olary ekranyň ýüzüne çykarar
Ýazan: Nury Meläýew
Intel kompaniýasynyň täze tehnologiýasy ulanyjynyň pikirlerini okar we olary ekranyň ýüzüne çykarar.Intel kompaniýasynyň oýlap tapyjylary täze sistemanyň işleýän nusgasyny görkezdiler. Bu sistema hakykatdan-da ulanyjynyň pikirlerini okaýar. Funksional magnit-rezonans skanere esaslanýan bu sistema Pittsburg we Karnegi-Mellon uniwersitetleriniň alymlary bilen bilelikde döredildi. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »
Posted on January 5, 2011 by .
Magnitlenen nanobölejikler dermanlary eltýärler
Ýazan: Batyr BATYROW
Magnit meýdany we demir düzümli nanobölejikler dermanlary gan aýlanyş damarlaryň zeper ýeten ýerlerine elter. Ýöne, munuň üçin ilki bilen damara poslamaýan polatdan giňeldiji guraly goýmaly. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »
Posted on January 5, 2011 by .
Serdar Gulgeldiýew
Şepagat uýalary lukmanyň sag goly diýsek, ýalňyşmasak gerek. Sebäbi lukman näsagy gözden geçirýärkä näsaga degişli «näsaglyk depderçesini» gözläp tapýan hem, depderçä lukmanyň näsaga içmegi tabşyrýan dermanlarynyň atlaryny ýazýan-da, näsagyň dermanhanalardan almaly dermanlary üçin resept ýazýan-da şepagat uýasy. Näsaglara paýlanýan dermanlary paýlaýan, olara sanjymlary urýan, gerekli kabinetlere ugrukdyrýan — şepagat uýasy. Şepagat uýasy bolmadyk ýagdaýda lukmanyň hut sag goly gopan ýaly, ol işlän çagy örän aljyraňňylyga düşýär. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »
Posted on December 27, 2010 by .
Şu günlerde dowam edýän oraza günlerinde çilimkeşleriň çilimi taşlamaklary üçin iň gowy pursatdygy habar berildi. Hünärmenler çilimkeşleriň bu pursatdan peýdalanmaklaryny maslahat berýärler. Bu ýowuz beladan dynmak isleýän ýa-da munuň erbet taraplaryny duýup başlan adamlaryň agyz bekläp, çilimden hem gaça durup biljekdikleri habar berildi. Türkiýäniň Süleýman Demirel uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň bölüm müdiri professor, doktor Ahmet Akkaýa oraza aýynda çilimden gaça durmagy endik edinip, orazadan soňra hem bu gowy endigi dowam etdirip boljakdygyny aýdýar. Dowamy
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk | Leave a comment »