Türkmen Medikal 2011-njy ýyla çenly

Dowamy

Adamlar adatça parazitler barada gürrüň etmäge çekinýärler

Adamlar adatça parazitler barada gürrüň etmäge çekinýärler: başga adamlar bilen gürleşmeg-ä beýle-de dursun, hatda öz içiňden pikir etmek-de biraz hopukdyrýar. Şoňa görä-de, adamyň beýnisini halanmaýan maglumatdan azat etmek üçin, bu barada toslamalaryň ençemesi döreýär. Ýöne şonda-da bileniň ýagşydyr!
Giňden ýaýran toslamalara garap geçeliň. Dowamy

Göwrelilik döwrüne mahsus kynçylyklar hem ýüze çykyp biler

Göwreli aýal özgerýär, ol täsin duýgulary başdan geçirýär. Dogrudan hem, öz bedeninde ösüp, hereket edýän çagany duýma geň dälmi näme?…
Göwrelilik diňe bir aýalyň ruhy dünýäsini üýtgetmän, eýsem, bedeniň hemme agzalarynyň işini hem üýtgedýär.
Göwrelilik döwrüne mahsus kynçylyklar hem ýüze çykyp biler. Olary wagtynda bilip, degişli çäreleri geçirme göwreli aýalyň ýagdaýyny ýeňilleşdirip biler. Dowamy

Ça­ga­ňy­zyň ün­sü­ni art­dyr­jak oýun­la­ry oý­na­ma­gy­ny ýo­la go­ýuň

ÇA­GA ÜNS­LI BOL­MA­LY­DYR
Ene-ata­la­ry­my­zyň kö­pü­sin­de ýa­ňy mek­de­be gi­den ça­ga­la­ry ha­kynda şeý­le­räk pi­kiri bar: “Og­lu­myz örän ze­hin­li, ýöne nä­me üçin­dir üns ýet­mez­çi­li­gi oňa päs­gel berýär”. Ýa-da bol­masa: “Gy­zymy­zyň başar­ny­gam bar uky­bam. Diňe käwagt­lar ol ünsüni bir ýe­re jem­läp bil­me­ýär”.
Üns ýet­mez­çi­li­gi adat­ça baş­lan­gyç synp­lar­da ýü­ze çyk­ýar we ep-es­li ýyl­lap şah­sy­ýe­tiň üs­tün­li­gi­ne päs­gel be­rip bil­ýär. Alym­lar ça­ga­lyk döw­ri peý­da bo­lup baş­la­ýan üns ýet­mez­çi­li­gi­niň öňi alynma­sa, soňraky ýyl­lar­da onuň be­jer­gi­si­niň kyn­laş­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Dowamy

Ga­ty­gyň ça­ga­la­ryň ös­me­gi üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýarlar

Öý­de uýa­dy­lan ga­tyk has peý­da­ly
Şirin Haýydowa, HTTU-nyň talyby.
Süýt önüm­le­rin­den bo­lan ga­ty­gy ha­la­ma­ýan ýok bol­sa ge­rek. Em­ma mu­nuň sag­ly­gy­ňyz üçi­nem uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­my? Tür­ki­ýä­niň Ak­de­niz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my pro­fes­sor, dok­tor Se­ma Ak­man süýt we ga­ty­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Ol öý şert­le­rin­de ba­sy­ry­lyp, uýa­dy­lan ga­ty­gyň bir­nä­çe ke­se­le, şol san­da düw­nü­ge gar­şy go­raý­jy hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ak­man ga­ty­gy ha­la­ma­ýan ça­ga­la­ryň ga­tyk iç­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­la­ry üçin şe­ker, to­şap we beý­le­ki süý­ji ta­gam­la­ry goş­mak ýa­ly ýol­la­ry hem göz­le­mek­li­gi mas­la­hat ber­ýär. Dowamy

Gülşat “Türkmen gyzjagazy” öz operasiýasyna pul toplaýar

Türkmen gyzjagazy öz operasiýasyna pul toplaýar
Gözel Hudaýberdiýewa
Britaniýanyň Oksford şäherinde öz operasiýasyna pul ýygnaýan türkmenistanly Gülşat Kadyrowa ýanjyk süňküni guşaklyk süňküne baglaýan çanaksyz doglupdy.
Gülşadyň birinji operasiýasy Britaniýanyň Oksford şäheriniň Nuffield Ortopedik Merkezi tarapyndan 2006-njy ýylda geçirildi. Çaga ýöremek mümkinçiligini döreden bu operasiýa haýyr-yhsan kömekleriniň hasabyna amala aşyrylypdy. Geljekde türkmenistanly bu çaga ýene bir operasiýa garaşýar. Dowamy

Çaganyň akyl ukyplarynyň ösmegi we bekemegi üçin ol haýsy iýmitleri iýmeli?

ÇAGA IÝMITI: TÄSIN ZEHINLI ÇAGANY ÝETIŞDIRÝÄRIS Continue reading

Benzin şizofreniýa sebäp bolýar

Saglyk, Maşgala we Çaga
Benzin şizofreniýa sebäp bolýar

Amerikaly alymlar benziniň, hu­susan-da düzüminde gurşun bolan benziniň şizofreniýa (ruhy näsaglyk) keseliniň döremegine sebäp bolup bilýändigini mälim etdiler. Nýu-Ýorkda ýerleşýän Kolumbiýa uniwersitetinde işleýän alym Ezra Susser, Sietlide geçirilen ylmy maslahatda eden çykyşynda entek enä­niň göwresinde wagty gurşun mad­dasynyň täsirine düşen bäbekleriň şizofreniýa keseline uçramak ähti­mallygynyň beýleki adamlar bilen deňeşdireniňde iki esse ýokarydygyny mälim etdi. Dowamy

Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zayalap, ysmaz edýär

POLIOMIÝELIT Continue reading

ÖŇÜNI ALYŞ SANJYMLARY EDILMESE … Continue reading

Alymlar te­le­wi­zo­ryň ça­ga­la­ra has oňaý­syz tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny äş­gär et­di

TE­LE­WI­ZO­RA AZ­RAK SE­RE­DIŇ! 
Gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len te­le­wi­zo­ryň sag­ly­gy­my­za ýe­tir­ýän oňaý­syz tä­si­ri ba­ra­da bi­ziň her bi­ri­miz bil­ýän bol­sak ge­rek. 
Go­laý­da Mont­re­al uni­wer­si­te­ti­niň (Univer­si­te de Mont­re­al), Sent-Jas­tin uni­wer­si­te­ti­niň göz­leg mer­ke­zi­niň (Sa­in­te-Jus­ti­ne Univer­si­ty Hos­pi­tal Re­se­arch Cen­ter) we Mi­çi­gan uni­wer­si­te­ti­niň (Univer­si­ty of Michi­gan) bi­le­lik­de ge­çi­ren bar­la­gy te­le­wi­zo­ryň ça­ga­la­ra has oňaý­syz tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny äş­gär et­di. Bar­la­gyň ne­ti­je­si “Archives of Pe­di­at­rics & Ado­lescent Me­dicine” žur­na­lyn­da çap edil­di. Bar­la­ga gö­rä, te­le­wi­zor gör­ýän ça­ga­lar okuw­la­ryn­da üs­tün­lik ga­zan­ma­ýar­lar. Şeý­le ça­ga­lar­da ki­çi­li­gin­den ýa­ra­maz gy­lyk­lar ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Dowamy

Çagalary goramagyň halkara güni

Şu gün Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär
Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk milli senenamamyzyň resmi sanawyna goşuldy. Dowamy

Poliomielit ýiti wirus keseli bolup, ol nerw ulgamyny zaýalaýar

Poliomielite garşy waksinasiýa geçirilýär
Şu günler Türkmenistanyň ähli ýerlerinde poliomielit keseline garşy waksinasiýa çäreleri giň gerim bilen alnyp barylýar.
Ýerli poliklinikalaryň lukmanlary ilatyň arasynda poliomielit keseliniň howpy barada wagyz-nesihat çärelerini geçirmek bilen, ene-atalara çagalaryny hökmany suratda bu keseliň garşysyna sanjym etdirmeklerini maslahat berýärler. Dowamy