Alym­la­ryň bir to­pa­ry ke­se­li tä­ze­den be­je­rip bol­ýan ýu­ka­jyk na­no­per­de­le­ri ýa­sa­dy­lar

DİŞ A­GY­RY­NYŇ EMI TA­PYL­DY
Ýa­kyn­da alym­la­ryň bir to­pa­ry ke­se­li tä­ze­den be­je­rip bol­ýan ýu­ka­jyk na­no­per­de­le­ri ýa­sa­dy­lar. Diş luk­man­çy­ly­gy ba­ra­da­ky geň ha­ba­ry http://www.giz­mag.com saý­tyn­da oka­mak müm­kin.
Ýum­şak do­ku­ma­lar­dan yba­rat bo­lan diş ýol­ja­gaz­la­ry di­şiň bir bö­le­gi bo­lup, ol di­şiň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär. Di­şiň iş­jeň­li­gi­ni ama­la aşyr­ýan nerw­ler we gan aý­la­nyş da­mar­la­ry bu ýol­ja­ga­zyň üs­tün­den geç­ýär­ler. Diş ýol­ja­gaz­la­ry­nyň ýum­şak do­ku­ma­la­ry­na ýa-da nerw­le­re ýe­ten ze­per di­şiň çiş­me­gi­ne ýa-da so­wuk­la­ma­gy­na ge­tir­ýär. Diş çiş­me­si, so­wuk­la­ma bol­sa ýa­kyn­da ýer­le­şen do­ku­ma­la­ry za­ýa­lap bil­ýär.

Il­ki-il­ki­ler ner­wi ýa-da do­ku­ma­sy za­ýa­la­nan di­şi aýyr­ýar­dy­lar. Soň­ra bol­sa zy­ýan ýe­ten do­ku­ma­la­ry aý­ryp, di­şiň özü­ni ha­las edip bol­ýan usul­lar ýü­ze çyk­dy. Hä­zir­ki wagt­da ze­per ýe­ten do­ku­ma­la­ry tä­ze­den di­kelt­mek hem-de ça­lyş­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe usul­lar öw­re­nil­ýär.

Alym­lar “al­fa-MSH” (ALP­HA ME­LA­NOCYTE STI­MU­LA­TING HOR­MO­NE) at­ly ma­te­ria­lyň kö­me­gi bi­len ýu­ka­jyk na­no­per­de­le­ri iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Dü­zü­min­de “al­fa-MSH” ma­te­ri­al bo­lan na­no­per­de­le­riň esa­syn­da so­wuk­lan di­şi be­je­rip, şeý­le-de tä­ze do­ku­ma­la­ry dö­re­dip bol­ýar.

Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri dog­ru­syn­da “ACS Na­no” žur­na­lyn­da ha­bar be­ril­di.

referans:www.zamantm.com

4 Responses

  1. Dr.Mämed Şirmuhammedi
    (Dr. Mehmet Gökleň)

    Dr.Mämed Şirmuhammedi, 18.5.1912-nji ýylda Kümüşdepede söwdagär bir maşgalada dünýä gelýär. Ol türkmenleriň şol wagtky belli baýlaryndan Annamuhammed Hajynyň ogludyr. Mä­med, Baýjan Turany bilen bile (1928­-nji ýylda) Türkiýä okuwa gaýdýar. Ol, Baýjan Turanynyň Türkiýä okuwa gitmek üçin Tähräne gidendigini eşidenden soňra özüniň-de Kümüşdepeden Tährana gaýdýar we Baýjan Turany bilen sataşyp, bir aýlap Tähranda galyp, soňra Türkiýä tarap ýola düşýärler. Olar Eýranyň Enzeli Port şäherinden Bakuwa we ol ýerden-­de Türkiýäniň Trabzon şäherine ýetýärler.
    Baýjan bilen Mämed Türkiýäniň İzmir şäherine ýerleşdirilýär, olar bu şäherde Lisäni tamamlaýarlar (1934).
    Bu ýerde, Mämed Şirmuhammediniň öz ady we familýasini özgerdip Gökleň familýasyny alandygyny aýtmak gerek we şondan soňra ol Mehmet Gökleň diýilip tanalyp başlanýar.
    İzmir lisesini tamamlandan soňra (1934) Mehmet Gökleň, İstanbul uniwersitetiniň medisina fakultetine girýär we bu fakultäni 1940-njy ýylda tamamlaýar. Dr.M.Gökleň şol fa­kultäniň iç keselleri boýunça bölümine asistant bolup girýär we 1944-nji ýylda bu bölümden iç keselleri barada spesialist bolup çykýar. Soňra Jeýhan şäherine gidip ol ýerde işläp başlaýar.
    Ýöne ol, bu ýerde 3 ýyllap işländen soňra (ýanwar 1947) İstanbula gaýdyp gelýär we 1948-nji ýylyň ýanwar aýynda-da Amerika gidýär we ol ýerde işläp, 1986-njy ýylda pensiýa çyk­ýar. Onuň, Amerikaly aýalyndan bir ogly (Emir-Kent) bilen bir gyzy (Leýla) bar we olar häzir, Amerikanyň New Ýork şäherinde ýaşaýarlar.
    Dr.M.Gökleň Eýrandan gelen garyndaşlaryny we beýleki türkmenleri öz daşyna ýygnap olara ýol görkezip okamaklaryna-işlemeklerine öz ýardamyny gaýgyranok.
    1951-52-nji ýyllarda New Ýorkda Türkistanlylar Jemgiýeti gurulan wagty Dr.M.Göklen bu jemgiýetiň ýolbaşçysy edip saýlanýar. Ol, bu işi 2 ýyllap dowam etdirýär.
    ***********************
    Çeşme: Dr.Mehmet Kılıç: Dünya Türkmenleri
    http://turkmenstudy.blogspot.com/2011/01/amerikada-yasan-turkmen-alymy.html

  2. Mi­we­ler we gök önüm­ler iý­len­de…
    Bu­la­ry ça­ga­la­ra iý­dir­mek üçin ýe­ne-de bir se­bäp ta­pyl­dy. Alym­lar ýe­ter­lik muk­dar­da mi­we we gök önüm iý­ýän ça­ga­la­ryň iý­me­ýän­le­re ga­ra­nyň­da, ar­te­ri­ýa da­mar­la­ry­nyň has sag­dyn bol­ýan­dy­gy­ny we dart­gyn­ly­gyň azal­ýan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar.
    Ar­te­ri­ýa­nyň dar­tyl­ma­gy ýü­rek ke­sel­le­rin­de mö­hüm ha­dy­sa­dyr. Se­bä­bi ar­te­ri­ýa dar­ty­lan­da, ýü­rek ga­ny gerek­li de­re­je­de goý­ber­mek­lik­de kyn­çy­lyk çek­ýär.

    Alym­lar yl­my-bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin 3-18 ýaş­la­ryn­da­ky 1622 ça­ga­ny 27 ýyl­lap gö­zeg­çi­lik­de sak­la­dy­lar. Ar­te­ri­ýa­nyň dartgynly­gy gan ba­sy­şy­nyň tiz­li­gi­ni öl­çe­mek ar­ka­ly bar­la­nyl­dy. Ar­te­ri­ýa nä­çe ga­tan bol­sa, gan ba­syş tol­ku­ny­nyň tiz­li­gi şon­ça ýo­ka­ry­dyr. Yl­my-bar­lag­da mi­we­dir gök önüm­le­ri az iýen ça­ga­la­ryň gan ba­sy­şy­nyň uly ýaş­ly­lar­da­ky ýa­ly ýo­ka­ry tiz­lik­de­di­gi anyk­lan­dy.

    Ne­ti­je­le­ri “Circula­ti­on” žur­na­lyn­da çap edi­len bu yl­my-bar­la­ga sal­gy­la­nyp, ça­ga­la­ra mi­we­le­ri hem-de gök önüm­le­ri köp­räk iý­dir­me­li­di­gi­mi­zi ar­ka­ýyn aý­dyp bi­le­ris.
    http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?load=detay&newsId=54512&link=54512

  3. Er­tir­lik na­har üs­tün­li­ge elt­ýär
    Er­tir­lik öýüň düz­gün-ter­ti­bi­niň ber­jaý edil­me­gi­ni hem üp­jün ed­ýär we maş­ga­la­nyň ir­gö­zin­den bir-bir­le­ri bi­len na­zar­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär.
    Alym­lar her bir öý­de er­tir­li­giň edil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar. Şol gü­nüň iş­le­ri­ne ra­hat­lyk bi­len baş­la­ma­gy­my­za ýar­dam ber­ýän er­tir­lik gü­nüň iň mö­hüm iý­mi­ti­dir. Er­tir­lik öýüň düz­gün-ter­ti­bi­niň ber­jaý edil­me­gi­ni hem üp­jün ed­ýär we maş­ga­la­nyň ir­gö­zin­den bir-bir­le­ri bi­len na­zar­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär.

    Bu ýag­daý, esa­san, mek­dep ýaş­ly ça­ga­la­ryň kä­mil­leş­me­gin­de esa­sy ýe­ri eýe­le­ýän­di­gi üçin er­tir­lik edin­mez­den, mek­dep­le­re git­mez­li­ge ça­lyş­ma­ly. Se­bä­bi, bu iý­mi­tiň be­de­niň iň köp ener­gi­ýa mä­täç wag­ty il­kin­ji ge­zek iýil­me­gi gan şe­ke­ri­niň muk­da­ry­ny deň de­re­je­de sak­la­ma­gyn­da tä­sir­li­dir.

    Ge­çi­ri­len bar­la­g­la­ryň ne­ti­je­sin­de er­tir­lik edi­nen ça­ga­la­ryň mek­dep­de ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni has köp gör­kez­ýän­di­gi anyk­la­nyl­dy. Ýa­daw­lyk hem-de aç­lyk olar­da giç baş­la­ýar. Aý­ra­tyn hem bu ça­ga­lar sa­pak­la­ryn­dan go­wy ba­ha­lar al­ýar­lar, be­ril­ýän me­se­le­le­ri has go­wy çöz­ýär­ler, der­si­ne has iş­jeň gat­naş­ýar­lar we aň­sat­lyk bi­len he­re­ket ed­ýär­ler. Iý­mit­le­ni­şiň wagt­ly-wag­tyn­da ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň ça­ga­la­ryň oňat we sag­dyn ýe­tiş­me­gin­de kö­me­gi ulu­dyr.

    Iý­mit­len­me­giň ýet­mez­li­gi dem­riň ke­mel­me­gi­ne ýol be­ril­me­­gi­ne, şeý­le­lik­de, üs­tün­li­giň azal­ma­gy bi­len bir­ha­tar­da ün­sü­ňi sa­pa­ga ber­mek­de kyn­çy­lyk dö­ret­me­gi müm­kin. Mu­nuň üçin ça­ga­la­ra ýy­gy-ýy­gy­dan ýu­murt­ga we to­şap iý­dir­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
    http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54497

  4. PER­ZENT EDE­BI
    Be­genç­gel­di Ha­now
    “Türk­me­niñ mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­nyñ için­de iñ kä­mil su­rat­da iş­le­nip düz­le­ni per­zent ede­bi­dir. Bu türk­men­de maş­ga­la gat­na­şykl­ary­nyñ berk hem kä­mil bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu mil­le­tiñ öz ge­le­je­gi ba­ra­da çyn­la­kaý ala­da eden­di­gi­ni, ge­le­je­gi akyl­ly-baş­ly gur­na­ma­ga çe­me­le­şen­di­gi­ni gör­kez­ýär”.
    Ça­ga ba­ra­da gür­rüñ açy­lan­da, her ki­miñ ýa­dy­na öz ba­la­sy ýa-da öz jan-ji­ger ji­gi­si ýa­dy­na düş­se ge­rek. Ça­ga­la­ry gö­reň­de, öz­bo­luş­ly duý­gy kal­byñy gur­şap al­ýar. Çün­ki, ça­ga­la­ry eliñe alyp, öpüp gu­jak­la­maz­lyk öz er­kiñde däl ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän­dir. Ga­ly­ber­se-de, ça­ga­lar bi­ziñ gel­je­gi­miz­dir. “Bal süý­ji, bal­da­nam ba­la süý­ji” diý­lip, tüýs ýer­lik­li aý­dy­lyp­dyr. Em­ma ça­ga­nyñ ede­bi on­da­nam eziz bol­ýar. Bu me­se­le­de işiñ kö­pü­si ene-ata­nyñ ger­de­ni­ne düş­ýär. Hor­mat-sy­lag sö­zü­niñ do­ly ma­ny­sy – ada­myň adam­dy­gy üçin ony söý­mek we oña hor­mat-sy­lag­ly ga­ra­mak dü­şün­je­le­ri­ni ber­ýär.

    Ça­ga­la­ryñ öz­di­ýen­li bol­ýan­dy­gy­ny bil­ýä­ris. Öz­di­ýen­li­lik – çag­ala­ryñ özü­niñki­ni dog­ru­dyr öý­düp, he­re­ket et­mek­le­ri­ne, ýalñyş­mak­la­ry­na se­bäp bol­ýar.

    Ça­ga­lar öz ed­ýän iş­le­ri­niñ ne­ti­je­si ha­kyn­da pi­kir et­mez­den he­re­ket ed­ýär­ler. Öz­le­ri­ni nä­hi­li go­wy duý­ýan bol­sa, şeý­le he­re­ke­te baş ur­ýar­lar. Ça­ga üçin şol pur­sat­da gor­ky­nyñ aý­ryl­ma­gy, yn­ja­mak äh­ti­mal­ly­gy­nyñ bol­maz­ly­gy özü­ni has oñat du­ýup bil­me­gi ola­ryň ýal­ňyş he­re­ket etm­egi üçin ýe­ter­lik se­bäp­dir. Adat­ça, ça­ga öz he­re­ke­ti­niñ go­wu­dy­gy ýa er­bet­di­gi, onuň ge­le­jek­dä­ki ne­ti­je­le­ri ha­kyn­da oý­lan­ma­ýar. Şo­nuñ üçi­nem ene-ata ça­ga dog­ry ýol gör­ke­zi­ji­lik we­zi­pe­si­ni dog­ry ber­jaý eden ýag­da­ýyn­da ça­ga dur­mu­şa has oňat göz ýe­tir­ýär. Özüni ni­re­de, nä­hi­li alyp bar­ma­ly­dy­gy­ny öw­ren­ýär. Ene-ata­lar, ulu­lar nä­hak he­re­ket eden ça­ga onuň me­se­lä dü­şü­nip bil­jek de­re­je­sin­de, eden he­re­ke­ti­niñ nä­me üçin ýalñyş­dy­gy­ny aý­dyp dü­şün­dir­me­li­dir­ler. Ça­ga­nyñ gel­şik­siz he­re­ket­le­ri­niñ en­di­ge öw­rül­mez­li­gi, ola­ry hä­si­ýet edin­mez­li­gi üçin ta­gal­la edil­me­li­dir.

    Hos­sar­la­ry ça­ga hor­mat-sy­la­gyñ çäk­le­ri­ni aý­dyñ çy­zyp gör­kez­me­li­dir­ler. Ni­re­de, nä­me et­me­li­di­gi­ni öw­ret­me­li­dir. Her za­dyñ öz wag­ty bar diý­li­şi ýa­ly, gül­me­li ýer­de gül­mek, ag­la­ma­ly ýer­de ag­la­mak, hor­mat-sy­lag edil­me­li ýer­de hor­mat-sy­lag et­mek ýa­ly edi­len, edil­jek he­re­ke­tiň wag­ty­ny bil­mek dü­şün­je­si­ni öw­ret­me­li­dir. Ada­myñ şah­sy­ýe­ti­niñ kä­mil­leş­me­gin­de onuň jem­gy­ýet­de et­jek he­re­ket­le­ri­niň çäk­le­ri­ni aý­dyñlaş­dyr­mak örän mö­hüm­dir. Bu ba­bat­da aý­dy­lan­la­ryñ köp bo­l­şy ýa­ly, de­giş­li ki­tap­lar hem kän­dir. “Ko­wus­na­ma­da” “Adam ulal­dyk­ça onuñ be­de­ni­dir ru­hy hem kuww­at­lan­ýar, ýag­şy­dyr-ýa­man ta­rap­la­ry gör­nüp ug­ra­ýar. Ke­ma­la gel­di­gi­çe ada­ty-da ke­ma­la gel­ýär, ýag­şy we ýa­man gy­lyk­la­ry do­ly ýü­ze çyk­ýar. Ýö­ne sen bi­lim­dir se­ne­diñi per­zen­diñe mi­ras go­ýup git­gin, şeýt­señ, onuñ öñün­dä­ki bor­juñy ýe­ri­ne ýe­tir­di­giñ bo­lar, on­soñam, per­zent üçin ter­bi­ýe­den go­wy mi­ras ýok­dur” diy­lip, ýer­lik­li aý­dy­lyp­dyr. Şo­nun ücin caga­la­ry­my­zy ylym­ly-bi­lim­li, ah­lak­ly, edep-ter­biýe­li ýe­tiş­dir­mek ücin eli­miz­den ge­le­ni­ni gaý­gyr­ma­lyň.

    Be­genç­gel­di Ha­now, HTTU-nyň ta­ly­by.
    http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54507

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: