Öýjükli telefonlaryň adamyň saglygyna täsirini öwrenmek maksady bilen derňeme işi başlandy

Öýjükli telefonyň hakyky zyýanyny 30 ýylyň dowamynda öwrenerler
Ýazan: Nury Meläýew
Geçen hepde COSMOS (Cohort Study on Mobile Communications) atly, öýjükli telefonlaryň adamyň saglygyna täsirini öwrenmek maksady bilen derňeme işi başlandy. Bu derňeme, Mobile Telecommunications and Health Research (MTHR) programmasyna laýyklykda geçirilýän, 10-30 ýylyň dowamynda amala aşyrylar we bäş ýewropa ýurdyň 250 müň ýaşaýjysyny (ýaşy 18-den 69 aralyk) öz içine alar.
Derňewiň maksady – öýjükli telefony ulanmagyň we birnäçe keselleriň, şol sanda rak keseli we Altsgeýmeriň keseli, mümkin bolan arabaglanşygyny anyklamak.

“Häzirki wagtda, öýjükli telefony ulanmak rak keseline getirmegi mümkin däl diýip, biz entäk aýdyp bilemzok – diýip, MTHR komitetiň professory Louri Çolis (Lawrie Challis) nygtaýar. -Bu çaklamanyň subutlary entäk ýok bolsa-da, şu soragda berk ynamyň bolmagyny isleýäris. Şu meseläniň ýerine ýetirmegiň iň gowy ýoly bolsa COSMOS ýaly uly toparlaýyn derňew işleri bolup durýar”.

Çeşme:  TÄSIN TEHNOLOGIÝA

Ýazan: Nury Meläýew

One Response

  1. Dogrydanam tazin bilmek

Leave a comment