Epidemiologiý we inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň ýüze çykarylmagy we üstünlikli bejerilmeginiň usullary

Inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň üstünlikli bejerlişiniň effektiw usuly
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş baradaky agentligi “Inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň üstünlikli bejerlişiniň effektiw usuly” atly Jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň maksatnamasynyň başlanýandygyny we oňa kabul edilişigiň açykdygyny habar berýär. Jemgyýetçilik aragatnaşyklary Türkmenistanyň hünärmenleri üçin niýetlenen medeni we hünär taýdan alyş çalyş maksatnamasydyr. Maksatnamanyň 2011-nji ýylyň bahar paslynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýeňijileri üç hepdelik okuwa gatnaşarlar.

Maksatnamanyň gatnaşyjylary gözegçiligiň prinsipleri, epidemiologiý we inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşiniň ýüze çykarylmagy we üstünlikli bejerilmeginiň usullary bilen  tanyşyp bilerler. Gatnaşyjylary inçekeseliň köp dermanlara durnukly görnüşini bejermek üçin taýýarlanan we ABS-nyň mediki bejeriş merkezlerinde ulanylýan praktiki görkezmeleri we kliniki protokollary bilen tanyşdyrarlar. Maksatnamanyň gatnaşyjylary amerikan kärdeşleriniň öz ilatynyň arasynda inçekesele garşy gözegçilik etmegiň usullary we şol ugurda işleýän maksatnamalar we edilýän hyzmatlaryň bardygyny duýdurmaklary we alyp barylýan wagyz nesihat işleri bilen has gowy tanyşarlar.

Jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň maksatnamasyna gatnaşmak üçin aşakda ady agzalan wezipeleriň biriniň eýesi bolmagyňyz talap edilýär:

1.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri;
2.Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň inçekesel kafedrasynyň wekilleri;
3.Inçekesel lukmanlary;
4.Incekesel hassahanalarynyň laboratoriýalarynyň hunärmenleri;
5.Incekesel näsaglara social taýdan kömek edýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri (Türkmenistandaky Gyzyl ýarym aý halkara jemgyýetçilik guramasy);
6.AIW/AIDS öňüni alyş çäreleriniň hünärmenleri.
Gatnaşmak üçin ýüztutmalary Amerikan geňeşlikleriniň Aşgabatdaky edarasynda (Görogly köçesiniň  48-A jaýy) ýa-da Daşoguzdaky, Türkmenabatdaky we Marydaky Amerikan Burçlarynda alyp bolar.

Ýüztutmalary bermegiň ahyrky möhleti 2011-nji ýylyň fewral aýynyň 1- i.

Goşmaça maglumaty almak üçin Natalýa Akmyradowa we/ýa-da Olga Týurina aşakdaky telefonlar 33-10-16, 33-10-22 ýa-da el.poçtasy: ccashgabat@rambler.ru, ccassist@rambler.ru arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Içkihassahanadaky infeksiýalaryň barlagy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş baradaky Agentligi “Içkihassahanadaky infeksiýalaryň barlagy” atly Jemgyýetçilik Aragatnaşyklary maksatnamasynyň başlanýandygyny we oňa kabul ediligiň açykdygyny habar berýär. Jemgyýetçilik Aragatnaşyklary Türkmenistanyň hünärmenleri üçin niýetlenen medeni we hünär taýdan alyş çalyş maksatnamasydyr. Maksatnamanyň 2011-nji ýylyň bahar paslynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýeňijileri üç hepdelik okuwa gatnaşarlar.

Türkmenistandaky Içkihassahanadaky infeksiýalary barlaýan hünärmenler, içkihassahanadaky infeksiýalaryň howplulygyny peseltmek maksady bilen,  praktiki hödürlemelerini döretmek üçin bilim alyp bilerler.  Gatnaşyjylar, içkihassahanadaky infeksiýalary barlamak we öňüni almak maksady bilen, hassahanalarda we beýleki mediki gurluşyklarynda häzirki  işlenip taýýarlanylan we ulanylýan standartlar we usullar bilen tanyşarlar. Maksatnamanyň gatnaşyjylary içkihassahanalardaky infeksiýany barlamak maksatnamasynyň gurluşy we ýerine ýetirilişi barada has gowy düşünje alyp bilerler.

Jemgyýetçilik aragatnaşyklarynyň maksatnamasyna gatnaşmak üçin aşakda ady agzalan wezipeleriň biriniň eýesi bolmagyňyz talap edilýär:

1.Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň wekilleri;
2.Arassaçylyk we Keselleriň Ýaýramagyna Garşy Göreş Gullugynyň wekilleri;
3.Ýokanç Keseller Merkeziniň kliniki lukmanlary;
4.Ýokanç keseller hassahananyň kliniki lukmanlary;
5.Inçekesel lukmanlary;
6.Gan merkeziniň transfuziolog lukmanlary;
7.AIW/AIDS öňüni alyş çäreleriniň hünärmenleri.
Gatnaşmak üçin ýüztutmalary Amerikan Geňeşlikleriniň Aşgabatdaky edarasynda (Görogly köçesiniň  48-A jaýy) ýa-da Daşoguzdaky, Türkmenabatdaky we Marydaky Amerikan Burçlarynda alyp bolar.

Ýüztutmalary bermegiň ahyrky möhleti 2011-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-i.

Goşmaça maglumaty almak üçin Natalýa Akmyradowa we/ýa-da Olga Týurina aşakdaky telefonlar 33-10-16, 33-10-22 ýa-da el.poçtasy: ccashgabat@rambler.ru, ccassist@rambler.ru arkaly ýüz tutmaly.

Ref.   US Embassy in Turkmenistan

6 Responses

  1. INÇEKESEL
    Inçekesel – iň gadymy we giňden ýaýran keselleriň biridir. Onuň şeýledigine, Müsürde tapylan adam süňklerindäki inçekesele mahsus alamatlar hem güwä geçýär.

    Gadymy asyrlaryň lukmanlary bu keseli öwrenip, näsaglan adamyň gaty horlanýanlygyny belläpdirler. Olar ony “ftiza“ diýip atlandyrypdyrlar (grekçe-hoplanma, dargama). Bu sözden hem “ftiziatriýa“- inçekeseli öwrenýän ylmyň ady gelip çykypdyr.

    Keseliň alamatlary barada maglumaty Gippokratyň, Galeniň, Awisennanyň işlerinde tapyp bolýar.

    Inçekeseliň dürli görnüşlerini öwrenmekde Laennegiň, N. I. Pirogowyň, A. I. Abrikosowyň, G. A. Zahariniň, A. A. Ostroumowyň geçiren işleri ulydyr. 1882-nji ýylda nemes alymy Koh inçekeseli dörediji taýajygy açyar. Soňundan oňa Kohyň taýajyklary diýen at berilyär.

    Öýken inçekeseli hem şol taýajyklar arkaly döräp, ol inçekesel tümmejikleriň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Inçekesel başga agzalara hem (süňklere, bogunlara,böwreklere, limfa düwünlerine, jyns agzalaryna) zyýan ýetirip bilýär.

    Inçekesel taýajygy daşky gurşawda gaty durnukly bolup, esasan çyg we garaňky jaýlary gowy görýär.

    Gün şöhleleri, ýokary temperatura we dezinfeksiýa erginleri ony birnäçe minutdan öldürýär. Inçekesel taýajygy göteriji näsag adam ony töweregindäkilere ýokuşdyryp bilýär. Adamdan adama geçme howa- damja ýoly bilen, näsagyň zatlary (el ýaglygy, eşikleri, gap-gaçlary) arkaly bolup biler. Aşgazan-içege ýollarynyň inçekeseli keselli sygyrlaryň süýdi arkaly döräp biler.

    Näsag geplände, üsgürende, asgyranda taýajyklar howa arkaly ýaýrap, sag adamynyň öýkenine düşüp biler.

    Näsagyň gakylygy guranda hem, olardaky taýajyklar tozanjyklar arkaly sag adamynyň dem alyş ýollaryna düşüp biler.

    Inçekesel taýajyklary bedene düşende allergiki täsiri ýüze çykyp, bedeniň oňa bolan goraglylygy döreýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, inçekesel bilen keselleme howpy, bedeniň goragly güýçleri pes wagtynda, oňa garşy waksinasiýa almadyk adamlarda uludyr.

    Inçekesel bilen keselçilik jemgyýetiň sosial derejesine, saglygy goraýyş ulgamynyň ýagdaýyna, onuň ylmy-tehniki bazasyna baglydyr. Ilatyň hal ýagdaýy näçe pes boldugyça, inçekesel bilen keselçilik şonça-da artýandyr.

    Aýallara garanyňda, 30-40 ýaşly erkek adamlar inçekesel bilen kän keselleýändirler. Özi hem olarda keseliň agyr görnüşleri duş gelýändir.

    Inçekesele durgunlylyk çagalyk we ýetginjeklik döwründe pes bolup, uly adamlarda ol ýokarydyr. Ýöne öňüni alyş çärelerini geçirmek we waksinasiýa bu tapawudy aradan aýyrdy.

    Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, inçekeseliň esasy häsiýetlendirmesi-bu emele gelýän daşy gaty örtükli tümmejikdir. Keseliň ýitileşmegi bilen ol tümmejik ýumşap, dargap başlaýar. Eger bedeniň gorayjy güýçleri keselden üstün çykyp bilse, onda tümmejigiň ýerinde tyg galýar.

    Eger kesel dowam etse, onda gan damarlarynyň üsti bilen dargan bölejikler, şolar bilen bile Kohuň taýajyklary hem başga agzalara ýaýrap başlaýar.

    Keseliň irki döwründe kliniki alamatlar kän bir ýüze çykarylmaýar. Ony diňe rentgen barlagy arkaly ýüze çykaryp bolýar. Näsaglary ysgynsyzlyk, ýadawlylyk, işdäniň kemelmegi, horlanma biynjalyk edip biler. Bu bolsa bedeniň zäherlenip başlanmagynyň alamatlarydyr.

    Wagtyň geçmegi bilen has aýdyň alamatlar ýüze çykýar:

    üsgürme;
    gakylygyň bölünip çykmagy;
    ganly gakylyk çykarma;
    bedeniň temperaturasynyň galmagy;
    aşa derlegenlik,
    demi gysma;
    horlanmak;
    aşgazan-içege ulgamynyň işiniň üýtgemegi.
    Näsagyň umumy ýagdaýyna, inçekeseliň görnüşine, gaýraüzülmelerine baglylykda bejergi ýöriteleşdirilen inçekesel keselhanalarynda ftiziatr-lukmanlary tarapyndan berilýändir. Näsaglar bejergi geçirlenden soň, uzak wagtlap dispanser gözegçiliginde saklanylýar.

    Inçekesellä bejergini inçekesele garşy ýörite dermanlaryň birnäçe utgaşmasy bilen lukmanyň berk gözegçiligi astynda geçirilýär. Ýörite görkezmeler boýunça hirurgiki bejergi hem geçirilýär.

    Inçekeseliň öňüni almakda, keseli irki döwründe anyklamakda ýörite çäreler toplumy geçirmek hökmandyr:

    Dem alyş ýollarynyň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermek;
    Inçekesel keselhanalarynda näsaglary hasaba alyp, bejeriş işlerini geçirmek, gözegçilikde saklamak;
    Inçekeselli näsaglara hususy gigiýenanyň kada-düzgünlerini berjaý etmegiň zerurlygyny nygtamak, keseliň aktiw fazasynda näsagy üzňelikde saklamak (izolirlemek);
    Köpçülikleýin barlag çärelerini geçirmek – ýylda bir gezek geçirilýän flurografiýa barlagy inçekeseli irki döwründe anyklamaga kömek edýär;
    Öňüni alyş waksinasiýany meýilnama boýunça geçirmek.
    http://www.saglyk.info/makalalar/keseller-barada-maglumatlar/infeksiyon/31-incekesel.html

  2. MELISSA DERMAN ÖSÜMLIGI
    Melissa derman ösümligi (Melissa officinalis) – efir ýagly ot görnüşindäki köpýyllyk ösümlik.
    Melissa derman ösümligi hökmünde köp ýurtlaryň ylmy we halk lukmançylygynda 200 ýyldan gowrak üstünlikli ulanylyp gelýär. Melissanyň şypa berijilik häsiýetleri ilkinji gezek grek alymy Teofastyň «Historia plantarum»atly eserinde beýan edilendir.

    MELISSANYŇ ÝAÝRAN ÇÄKLERI WE EKOLOGIÝASY

    Melissa Ortaýer deňzinden Pars aýlagyna çenli, Gara deňziň we Demirgazyk Afrikanyň çäklerinde duş gelýär. Şeýle-de onuň ýabany görnüşleri Merkezi we Günorta Ýewropada, Balkanda, Eýranda, Demirgazyk Amerikada, Ukrainada, Kawkazda we Orta Aziýada duşýandyr.

    Awisenna takmynan 1000 ýyl mundan ozal özüniň «Lukmançylyk ylmynyň taglymaty» atly kitabynda melissanyň şypa berijilik häsiýetlerini beýan edip, şeýle ýazýar: «Ýüregi gurplandyrýar we berkidýär; iýmitiň siňmegine ýardam edýär. Beýniniň dykyn almasynda peýdaly».

    Orta asyr Ýewropasynda melissa örän meşhur derman ösümligi bolupdyr. XI asyrda fransuz alymy we lukmany Odo «Ösümlikleriň häsiýetleri barada» atly eserinde melissanyň şypa berijilik häsiýetini şeýle beýan edipdir: «Haýwanlaryň dişlän ýagdaýlarynda derrew melissanyň owradylan ýapragyndan ýapgy etseň, tiz kömek edýär. Melissa demgysmalarda, aşgazan ýaralarynda hem peýdalydyr. Melissa duz garyp ýapgy etseň, itiň dişlemelerinde şypa berýär. Içgeçmesi we içagyrysy bolan hassalara hem peýdalydyr».

    Melissa rahatlandyryjy serişde hökmünde hem ulanylýar. Ol içiň ýellenmesine, ýuregurma, ýürekbulanma, demgysma peýdalydyr. Şeýle-de melissanyň otundan taýýarlanylan pet bilen agzyňy çaýkasaň dişiň zaýalanmagynyň öňüni alýar. Ol diş etiniň iriňli dömmelerinde örän peýdalydyr.

    Halk lukmançylygynda ösümligiň guradylan ýapraklaryndan çaý demlenip, işdäni açýan we bedeni berkidýän serişde hökmünde içilýär. Melissa ýüregurmada, başaýlanmada, bogunagyryda, derlediji, peşew çykaryjy we içsürüji serişde hökmünde ulanylýar. Mundan başga-da ol öýken inçekeseline, böwrek we bagyr kesellerinde peýdaly hasaplanylýar. Halk lukmançylygynda melissany nerw dykylmasynda, başaýlanmada we gulak şaňlamalarynda ulanylýar. Şeýle-de bu ösümligi nerw gowşaklygynda, ukusyzlykda peýdalanmak maslahat berilýär. Melissa agyryny aýryjy serişde hökmünde hem ulanylýar.

    Mekdebe çenli ýaşyndaky çagalara derman otlaryň diňe sanlyja görnüşini berip bolýandyr. Şol sanlyja otlara melissa hem degişlidir. Ony çagalarda duş gelýän nerw kesellerinde, bogunagyrylarda, böwrek kesellerinde, holesistitlerde, çendenaşa semizlikde ulanmak maslahat berilýär.

    ULANYLYŞY

    Aşgazan agyrylarynda, dem alyş ýollarynyň kesellerinde, demgysmanyň käbir görnüşlerinde, nerw-ýürek kesellerinde melissa otundan taýýarlanylan pet peýdalydyr: 10g guradylyp owradylan oty 1 bulgur (200ml) suwda 10 minut gaýnadyp, hasadan süzmeli. 1 çaý çemçesinden günde 3 gezek içmeli.

    Işdäniň açylmagy we nerw ulgamyny rahatlandyrmak üçin melissa otunda çaý demlenilýär: otuň ýapraklarynda çaý demläp, ony 10 min. gaýnatmaly. Ýaralarda we bogunagyrylarda meliisa otundan ýapgy edilýär. Nerw kesellerinde, tutgaýlarda we sustupeslikde melisa otunyň petini ulanmak maslahat berilýär: 20g owradylan oty 1 bulgur gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, ýarym bulgurdan günde 3 gezek kabul etmeli.

    Kelleagyrylary, çakyzany hem melissa otundan taýýarlanylan pet bilen bejerýärler: owradylan otuň 4 çaý çemçesini 1 bulgur gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, ýarym bulgurdan günde 3 gezek nahardan öň kabul etmeli.

    Işdäni açmak üçin, içege sanjylarynda, içiň ýellenmesinde melissanyň otundan taýýarlanylan peti ýarym bulgurdan günde 3 gezek nahardan öň kabul etmeli. Şu usuly ýokarky dem alyş organlaryň sowuklamasynda, bronhial demgysmalarda hem peýdalanylsa bolýar.

    Bagyr sanjylarynda melissa otunyň peti şeýle taýýarlanylýar: owradylan otuň 2 nahar çemçesini 2 bulgur gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, ýarym bulgurdan günde 3 gezek nahardan öň kabul etmeli.

    Gulak şaňlamalarynda melissa otunyň peti arakda taýýarlanylýar: owradylan otu we aragy 1/3 gatnaşykda garyp. Bu garyndyny bir hepdäni dowamynda saklamaly. Soňra bu peti hasadan süzüp, her gezek gulaga 3-4 damja damdyrmaly.

    http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/umumy/34-melissa-derman-osumligi.html

  3. “ATA – SAP, ENE GAP”: ATA BOLMAGA TAÝYNLANYŇ!
    Biziň hemmämiz, sagdyn çagany dünýä indirmekde enäniň esasy, möhüm orny eýeleýänligini bilýäris… Ene çagany 9 aý (has takygy 10 akuşer ayy – 40 hepde – 285 gün) göterýär, ony uly güýç sarp edip dogurýar… Soňundan hem ene bilen çaga aýrylmaz fiziki we psihiki gatnaşykda bolýar.
    Her bir ene geljekki göwrelilige taýynlanýar. Lukmanyň gözegçiliginde bolup, saglygyny dikeldýär. Göwreli wagty köp barlaglardan geçip, aýallar maslahathanasynda lukmanlaryň gözegçiligi astynda saklanýar.

    GELJEKKI ATALAR BU MÖHÜM IŞE NÄHILI TAÝYNLYK GÖRÝÄRLERKÄ?

    “Nika we maşgala” merkezlerinde, saglyk öýlerinde lukmanlar hemişe geljekki eneler we atalary bile kabul etmäge, söhbetdeş bolmaga çalyşýarlar.

    Ýöne geljekki kakalary lukmanyň ýanyna çagyrmak örän kyn düşýär. Näme üçündir bu möhüm işde olar özlerine gaty kiçijik orny saýlap alýarlar…

    Eýsem, göreldeli we bagtly ata bolmak üçün näme etmeli?

    1. Öz saglyk ýagdaýyňyza serediň. Jyns agzalaryň sowuklama keselleriniň, jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlaryň (sözenek, hlamidioz, trihomonoz we başgalar) erkeklik jyns öýjükleriniň (spermatozoidleriň) mukdaryny we işjeňligini peseldýänligini bilmelisiňiz.

    2. Pyýada geziň. Bu sagdyn bolmagyňyz üçün peýdalydyr. Tuluza şäheriniň uniwerstitetiniň urolog lukmanlary, sürüjilerde önelgelige ukyplylygyň maşyn (ýa-da tigir) sürmeýänler bilen deňeşdirlenden 20% azlygyny aýdýarlar. Sebäbi köp wagtlap şol bir ýagdaýda oturmak, juda möhüm ýerde gan aýlanşygynyň ýaramazlaşmagyna hem-de spermatozoidleriň işjeňliginiň peselmegine getirýär. Şonuň ýaly-da, awtobusda dyknyşykda köp wagt durýan erkek adamlarda hem, ýumurtgalyklaryň temperaturasy ýokarlanyp, spermatozoidleriň işjeňligine zyýan ýetirilýändir.

    3. Dogry iýmitleniň. “Çalt iýmitlenme nokatlarynda satylyan gamburgerler, hot-doglar, nähili täze we süýji hem bolsa, tohumdaky spermatozoidleriň mukdaryny peseldýär” diýip, iňlis biologlary aýdýarlar. Süýji önümler (kökeler, tortlar) bilen hem gyzyklanmak gerek däl. Spermatozoidleriň derejesi paradontitden, kariýesden ejir çekýän erkeklerde 60% azdyr. Bu ýagdaýdan sizi diş çotgasy we diş lukmanyň bejergisi halas edip biler. Deňiz önümlrini, miweleri, gök önümleri, hoz iýiň. Gök önümlerde, sitrus miwelerinde saklanýan antioksidantlar, hozdaky witamin E, spermatozoidleriň işjeňligini 2 esse ýokarlandyrýar. Deňiz önümlerindäki sink bolsa jyns öýjükleriniň ösüşine kömek edýär.

    4. Çilim çekmäni, nas atmany goýuň. Günde 5 sany çilim ýa-da 2 gün atylan nas önelgeligi 25% peseldýär. Yzygiderli bolmadyk çilim çekme hem spermatozoidleriň mukdaryny 23%, olaryň işjeňligini bolsa 13% çenli peseltmäge ukyplydyr. Şol sanda olaryň zeperlenmegi 35% ýokarlanýar.Onuň netijesinde, çaga igli ýa-da kemçilikli doglup biler. Ýöne siz üç aýlap çilim çekmän saklansaňyz, spermatozoidler ýene kadaly ýagdaýa geler.

    5. Stresse garşy göreşiň. “Stressiň gormony bolan kortizol aýallarda owulýasiýany togtadýar, erkeklerde bolsa, spermatozoidleriň işläp çykarylmagyna päsgelçilik döredýär” diýip, Atlanta uniwerstitetiniň alymlary aýdýarlar. Stressi döredýän ýagdaýlardan gaça durjak boluň. Wagtynda dynç almaga, başga zatlara ünsüňizi sowmaga çalşyň. Köpräk dostlaryňyz bilen duşuşyň.

    6. Ýanýoldaşyňyz bilen çaga dogurmagy meýilleşdireniňizden soň, özüňizi hem ruhy taýdan oňa taýynlaň. Işiňiziň köplügine garamazdan, göwreli gelniňize fiziki we ruhy goldaw bermäge, onuň ýagdaýyna düşünip, kömek etmäge taýyn boluň. Şol döwürde dürli gormonal üýtgeşmeleriň göwreli aýalyň häsiýetini üýtgedýänligini ýatdan çykarmaň. Onuň birden gaharynyň gelmegi, öýkelekligi, sähel zat üçün aglamjyramagy, umuman emosianal durnuksyzlygy ýuwaş-ýuwaşdan geçip gider. Ol ýagdaýa düşünjek boluň. Psihologlaryň aytmagyna görä, göwrelilik döwründe adamsy tarapyndan göwne degilme, gödek aydylan söz ayalyň yadynda ömürboýy galyp biler. Nika bozulmalaryň 20-25% hem, şol döwürde ýüze çykýan düşünişmezlikler netijesinde bolup geçýär.

    Siziň ünsli, mähirli, söýgüden doly gatnaşygyňyz, aýal üçün jogapkärli döwürde

    hemme kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek eder!
    http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/erkek-saglygy/35-ata-bolmaga-tayynlanyn.html

  4. DEM ALYŞYŇ WE GAN AÝLANŞYGYŇ DUÝDANSYZ KESILEN ÝAGDAÝYNDA BERILMELI ILKINJI KÖMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY
    Pajygaly ýagdaýa düşüp, janyna howp abanýan adama kömek bermegi başarmak – jemgyýetiň ösenliginiň alamatydyr. Aslynda näsagyň ýanynda bolan her bir adam reanimasion (janlandyrma) çäreleri geçirmegi başarmalydyr.
    Dem alyşyň we gan aýlanşygynyň duýdansyz kesilmegi ýüze çykanda, halas ediji çäreleri dogry we çalt geçirmelidir. Bu ýerde wagt sekuntlarda ölçelýändir. Teoretiki taýdan, adamyň ýüregi durandan soň, ony 4-5 minudyň dowamynda janlandyryp bolýar.

    Ýöne bu ýagdaýyň ilkinji minudynda beýniniň nerw öýjüklerinde üýtdeşmeler geçip, olaryň zeperlenmesi bolup geçýär. Ilkinji kömek näçe giç başlansa, beýniniň şonça-da köp bölegi zeperlenýändir. 5 minutdan soň reanimasion çäreleri geçirilen näsagyň, ol şowly bolan ýagdaýynda hem, bütinleý aklyndan mahrum bolup ýaşamagy mümkindir. Bu ýerden esasy düzgün gelip çykýar – reanimasion çäreleri birinji 5 minutda başlamak örän wajypdyr.

    Ýöne durmuşda bu düzgüne eýerme kyn bolýar. Eýsem, näsagyň huşunyň ýitmeginiň birinji minudynda, ýüregiň işiniň kesilip-kesilmänligini nädip bilip bolar?

    Amaly lukmançylykda ýokary beýni bölümleriniň ölenliginiň alamatlaryna salgylanýarlar, olary kesgitlemek ýörite bilimi talap etmeýär:

    Görejiň giňelmegi;
    Ýagtylykda görejiň daralman galmagy;
    Gözleriň buýnuz gatlagy gyjyndyrlanda, olarda gyrpyldama hereketiniň bolmazlygy.
    Şu alamatlaryň bilelikde ýüze çykmagy we dem alyş, gan aýlanşygyň kesilen wagtyny kesgitlemek (5min köp) reanimasion çäreleri geçirmegiň ýerliksizdigini görkezýär. Ondan başga halatlarda näsagy halas etjek bolmaly.

    Iň birinji geçirmeli çäre – bu dem alyş ýollaryň ýagdaýyny barlamakdyr. Birden huşundan giden adamyň agzyny uly we başam barmagyňyz bilen açyp, aşaky äňini öňe süýşürmelidir. Ortaky barmagyňyza el ýaglyk orap, agyz boşlugynda başga zatlaryň ýoklugyny barlamalydyr.

    Eger näsagyň diş protezleri bolsa, olary çykarmalydyr.

    Agyz boşlugyna düşüp, bokurdagy ýapýan zatlary usullyk bilen çykarjak bolmaly. Eger ol başa barmasa, Geýmplihiň usulyny ulanmaly: diafragmanyň aşagyndan yzly-yzyna, güýçli, döş kapasasyna tarap basmaly. Şeýle edilende, döş kapasasynda basyş ýokarlanyp, del jisimiň çykmagy mümkin. Çykkynsyz ýagdaýlarda, çagalarda, del jisimi aýyrmagyň bir usuly: çagany aýagyndan tutup, baş-aşak sallamalydyr.

    Dem alyş ýollary arassalanan wagty, näsagyň dilini hem öňe edip, onuň bokurdaga gitmeginiň öňüni almalydyr. Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda ýa-da diliň bokurdaga gitmegi dem almanyň kesilmeginiň esasy sebäbi bolanda, örän oňaýsyz usuly hem ulanmak bolar. Onuň üçün, dili iňňebajyk bilen aşaky dodaga, ýaňaga ýa-da köýnegiň ýakasyna ildirmelidir.

    Reanimasion çäreleri dowam etmek zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda “agyzdan-agza” usuly bilen emeli dem berme geçirmelidir. Näsagyň kellesini yza gaýşardyp, agzyny açyp, aşaky äňini öňe süýşürmelidir, 1-2 gezek howany öýkene goýbermelidir. Onuň üçin öz dodaklaryňyz bilen näsagyň agzyny mäkäm ýapyp, onuň burnuny barmaklaryňyz bilen gysmalydyr. Şeýle edilmese howa daşyna çykyp biler. Dogry geçirilen emeli dem berme usulynda, näsagyň döş kapasasy ýokary galyp, düşmelidir. (edil dem alýan ýaly)

    Näsagda boýun oňurgasynyň şikesi güman edilen ýagdaýynda, ýokardaky çäreler kelläni gymyldatmazdan amala aşyrylýar. Onuň üçin kelläniň töweregine gumdan doldurylan haltajyklar ýa-da iň bolmanda üç sany kerpiç goýmak bolar.

    “Agyzdan-agza” dem berme usuly geçirlende, hökman el ýaglyk ýa-da sekiz gatly hasany ulanmak ýerliklidir. Ol sizi kesellerden (meselem, inçekesel we başgalar) goramaga kömek eder.

    Reanimasion çäreleri geçirlende, gan aýlanşygy saklamaga kömek etmek wajypdyr.

    Huşuň ýitmegine getirýän, ýüregiň nädogry urmagynyň birnäçe görnüşleri bardyr. (asistoliýa, mädejikleriň tahikardiýasy, fibrillýasiýa). Ol ýagdaýlarda ýürek kadaly ýygrylyp bilmeýär, gan damarlara ýetmeýär we damar urgusy ýitýär. Ýüregi bu ýagdaýdan çykarmak we onuň işini ýörite kadalaşdyrmak üçin defibrillýatorlar ulanylýar. Ol abzalyň kömegi bilen ýürege ýokary kuwwatly elektrik togy berilýär. Ýöne ol abzallar hemme wagt, hemme ýerde elýeterli däl ahyryn…

    Kadaly ýürek ritmini prekordial urguny amala aşyrmak arkaly gazanmak mümkindir. Onuň üçin, döş süňküniň ortasyndan ýumruk bilen güýçli urmalydyr. (süňki döwüp bolýanlygyny ýatdan çykarmaň).

    Prekordial urgy geçirlen soň, ýüregiň göni däl massažyna (owkalamasyna) başlamalydyr. Onuň üçin näsagy göni, gaty ýerde ýatyrmalydyr. Elleriňiziň aýalaryny biri-biriniň üstünde goýup, döş süňküniň ortasyna basmalydyr. Ýürek ýygrylar ýaly, basylanda döş süňki 6-8 s.m. içine gitmelidir. Dogry geçirilen owkalama, uky arteriýasynda (boýundan geçýän uly gan damary) damar urgusynyň döremegi bilen häsiýetlendirilýär.

    Ýüregiň göni däl owkalamasy emeli dem berme bilen utgaşdyrylmalydyr. Eger näsaga bir adam kömek berýän bolsa, onda bu utgaşma 2:12 gatnaşykda geçirilmelidir (2 gezek dem berip,

    12 gezek ýüregiň massažyny edýär we gaýtalamaly…)

    Eger çäreleri iki adam geçirýän bolsa, onda 1:5 gatnaşykda edilýär. (1 gezek dem berip, 5 gezek ýüregiň massažy geçirilýär we gaýtalamaly…)

    Reanimasion çäreler ýöriteleşdirilen medisina kömegi gelip ýetýänçä dowam etdirilmelidir.

    Geçirilýän çäreler şowsyz bolan ýagdaýynda hem, olaryň geçiriliş dowamlylygy 30 minutdan az bolmaly däldir.

    Reanimasion çäreleri özbaşdak bes etmäň. Sebäbi adamyň ölenligini (biologiki ölümi) diňe lukman anyklap bilýär.
    http://www.saglyk.info/makalalar/tiz-komek/ozbasdak-tiz-komek/36-ilkinji-komegin-ayratynlyklary.html

  5. SAÇ DÜŞMÄNIŇ SEBÄPLERI WE ONUŇ ÖŇÜNI ALMAK
    Kölge diýip saýaladym,

    Turup görsem tylla saçyň.

    Aňabilmän, köp oýladym,

    Tutup görsem, tylla saçyň.

    Mollanepes

    Türkmen medeniýetinde saç gyz-gelinleriň buýsanjy, görki hasaplanylýar. Emma gynansak-da, käwagt köp zenanlar saç düşmesi ýaly ýagdaýlara sezewar bolýar. Eger siz hem şular ýagdaýa düşen bolsaňyz, onda şu makalamyz siz üçin peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

    Saç düşmäniň sebäpleri we onuň öňüni almak

    Adamyň saçy düşse, bu adaty we kadalaýyk ýagdaýdyr. Hatda haýwanlaryň tüýleri düşýär, guşlar perlerini çalyşýar, ýylanlar bolsa gowlaryny çalyşýar.

    Saçlar täze ösüp çykýan saçlara orun bermek üçin düşmelidir. Emma olaryň jemi günde 60-100 gyldan köp bolmaly däldir. Eger bir günüň dowamynda düşen saçlaryň mukdary mundan köp bolsa, onda bu organizmde haýsydyr bir näsazlygyň bardygyny aňladýar.

    Ýazyna, güýzüne we gyşyna saçlar köp düşýär, ýöne soňra olaryň sany öňki ýagdaýyna gelýär. Emma käwagt saçlar düşse-de, olaryň ýerine täze saçlar ösmeýär ýa-da haýal ösýär. Şular ýaly ýagdaýlarda munuň sebäplerini bilip, degişli çäreleri görmeli. Şeýle-de saçlara has köp üns berip, halk serişdelerini ulanyp başlamaly.

    Saç düşmäniň sebäpleri

    Saç düşmäniň esasy sebäplerine şular degişlidir: nädogry iýmitlenmek, witaminleriň we mineral maddalaryň ýetmezçiligi, daş-töwerekdäki gurşawyň ýagdaýy, tolgunmalar, ýadawlyk, himiki dermanlaryň kabul edilmegi, saçy boýamaklyk, fen bilen guratmak we ş.m. faktorlar.

    Ýöne şu faktorlaryň täsirini kemeldäýen ýagdaýymyzda-da, saçlara ýörite üns berip, degişli serişdeleri ulanmasak, saçyň sagdynlygy we gürlügi tiz wagtda dikeldip bolmaz.

    Öý şertlerinde tebigy serişdelerinden edilen ýapgylar saçlar üçin gaty peýdalydyr. Olar saçyň düşmesini bes etdirip, saçyň ösmegine ýardam berýär. Olary gür, ýümşak edýär we güýçlendirýär. Wagty biderek sarp etmezlik we gerekli netijeleri gazanmak üçin, bu ýapgylaryň düzümini dogry taýýarlamalydyr.

    Öý şertlerinde taýýarlanylyp, saç düşmäniň öňüni alýan ýapgylar:

    Aloe (sarysabyr) ösümliginiň şiresinden edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Mysal üçin, aloeniň sykylyp alnan şiresine (3 n.ç) baly (1 ç.ç) we ýumurtganyň sarysyny garmaly-da, saça çalyp 20min. saklamaly. Soňra mylaýym suw bilen bu ýapgyny ýuwup aýyrmaly. Şeýle-de şu ýapga sarymsagyň suwuny (1 ç.ç.) garyp, soňra çitçitiniň we çopantelpegiň gaýnadylan suwuna durlamaly. Şu ýapgynyň ulanylan ýagdaýynda çala mylaýym suw bilen durlamalydyr. Gyzgyn suw ysy güýçlendirip bilýär. Eger bu peýda etmese, saça reňksiz hyna goýaýmaly. Şonda sarymsagyň ysyndan nam-nyşan galmaz.

    Sogan bilen sarymsakdan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Gyrgyçdan geçirilen sogan bilen sarymsagy garmaly (hersinden 2 n.ç.). Muny saça ýapyp, bir sagadyň dowamynda saklamaly. Soňra şampun bilen ýuwmaly-da, çitçitiniň we çopantelpegiň gaýnadylan suwuna durlaýmaly. Şeýle ýapgylara gatyk goşulsa, sarymsagyň ysyny kemeldýär. Mysal üçin, 1-2 soganyň suwuny gatyk bilen (1:1 gatnaşykda) garyp, saça çalmaly. 40 minutdan soň ýuwup aýyrmaly.

    Reňksiz hyna bilen gatykdan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Bu ýapgy saçyň köküni berkidýär. Hyna bilen gatygy uýadylan gaýmagyň goýulygynda garyp, kelläniň derisine sürtüp çalmaly. Soňra kellä sellofan geýip, desmala (polotensa) dolamaly-da, 30 minut saklamaly.

    Arak ýapgylara goşulan ýagdaýynda peýdalydyr. Mysal üçin, 2 n.ç. araga 2 ýumurtganyň sarysyny garyp, kelläniň derisine sürtüp çalmaly. Bu ýapgyny 30 minut saklap, soňra çitçitiniň we çopantelpegiň gaýnadylan suwuna durlamaly.

    Ýumurtgalardan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Iki ýumurtgany bala garyp, bu ýapgyny saçyň düýbüne sürtüp çalmaly. Bala allergik täsiriniň bolmadyk ýagdaýynda bu ýapgyny birnäçe sagatlap saklamak bolýar. Birnäçe sagatdan soň saçy mylaýym suwa durlamaly.

    Gara çörekden edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Gara çöregiň birnäçe bölegini gyzgyn suwa ezmeli-de, bir sagadyň dowamynda demine goýmaly. Soňra emele gelen bulamagy saça ýapmaly. Bir ýa-da birnäçe sagatdan bu ýapgyny ýuwup aýyrmaly. Şampun hökmany däl. Şu ýapgy aýratyn hem ýagly saçlar üçin peýdalydyr.

    Gyrgyçdan geçirilen käşir bilen uýadylan gaýmakdan edilen ýapgy saç düşmäniň öňüni alýar. Bu ýapgyny hepdede birnäçe gezek ulanmak bolýar. Ýapgyny saça çalyp, 30-40 min. saklamaly. Soňra saçyňyzy adatdakysy ýaly ýuwaýmaly. Gyrgyçdan geçirilen käşiriň deregine käşiriň suwuny ualanmak hem bolýar.

    Gorçisadan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Gury gorçisany (1 n.ç.) ajy demlenen çaýa garyp, muňa bir ýumurtganyň sarysyny goşmaly. Ýapgyny saçyň düýbüne sürtüp çalmaly-da, 20 minut saklamaly. Soňra mylaýym suw bilen durlamaly.

    Baldan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Bir litr gaýnadylyp, 40°С çenli sowadylan suwa 2 n.ç. baly garyp, hepdede iki gezek saçyň düýbüne sürtüp çalmaly. Bu ýapgy saçy kuwwatlandyryp, onuň çalt ösmegine ýardam edýär.

    «Ekzotiki» ýapgy saç düşmäniň öňüni alýar. Bu ýapgy ekzotiki bolsa-da, örän netijeli hasaplanylýar. Ol hatda takyr kelle bolmakdan saklaýar. Onuň esasy bölegini sygryň ýiligi düzýär. Ony bazardan satyn alyp bolýar. Ýiligi suwa salyp, gaýnatmaly. Suwy çekilenden soň, ýiligi süzüp, spirt (1ç.ç.) bilen garmaly. Bu ýapgyny kelläniň derisine çalyp, desmala (polotensa) dolamaly-da, ýarym sagat ýyly saklamaly. Soňra kellä gwozdikanyň ýagyny çalyp, kelläniň derisini owkalamaly. Soňra garaýagdan taýýarlanylan şampun (degtýarnyý şampun) bilen ýuwup, kelläniň derisi gowy gyzar ýaly, ony ýene-de oňatja owkalamaly. Mundan soň kelläni gyzgyn suwa ezilip sykylan desmala (polotensa) dolamaly-da, ol sowaýança saklamaly. Muny yzly-yzyna 6-7 gezek gaýtalamlay. Bu ýapgynyň taýýarlanylyşy kyn bolsa-da, 5 gezekden soň saç düşmesi galar.

    Zeýtun ýagyndan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Saçlaryň köp düşmedik ýagdaýynda zeýtun ýagynyň bir özüni çalmak hem bolýar. ¼ stakan zeýtun ýagyny satakana guýup, suwda gyzdyrmaly. Soňra ony saçyň düýbüne sürtüp çalmaly-da, sellofan bilen desmala (polotensa) dolamaly. Bu ýapgyny ertire çenli goýmak hem bolýar. Ertesi gün saçy adatdakysy ýalyp ýuwup durlamaly.
    http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/umumy/37-sac-dusmanin-sebapleri.html

  6. GARRYLYK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY: OSTEOPOROZ
    Siz kimdir biriniň: «Tekiz ýerden barýarkam büdräp, aýagymy döwdüm», «Ýerimden turjak bolanymda, topugym çat açdy» diýenlerini, belki, eşidensiňiz. Biz çagalyk döwründe agaçlardan ýa-da haýatlardan bökenimizde, hiç ýerimiz döwlüp-ýenjilmeýärdi ahyryn. Eýsem indi näme üçin şeýle ýagdaýlar ýüze çykýarka? Näme üçin uly ýaşyndaky adam çalaja büdräýse-de, onuň elini ýa-da aýagyny gipse salmaly bolýar?

    Bu adamyň süňkleriniň wagtyň geçmegi bilen inçelip, öz berkligini we çeýeligini ýitirýändigi zerarly bolýar. Belli bir şertlerde adamyň süňklerinde üýtgeşmeler ýüze çykyp, olar gubka ýaly bolýarlar. Süňkleriň düzümindäki kalsiý ýuwlup çykarylýar-da, olarda öýjükler emele gelýär. Bu ýagdaýyň birnäçe sebäpleri bardyr. Bu organizmdäki alyş-çalyş prosessiniň bozulyp, kalsiniň özleşdirilmeýän ýagdaýy bolup bilýär. Şeýle ýagdaýlar adamyň organizminde garmonlaryň deňagramlygynyň bozulmagynyň netijesinde, dowamly arakhorlugyň, çilimkeşligiň ýa-da iýmit siňdirişiň bolzulmalarynyň netijesinde hem bolup bilýär. Bu ýagdaýa оsteoporoz diýilýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, ýer ýüzündäki ilatynyň arasynda osteoparoz süňk keselleriniň iň ýaýran görnüşidir.

    Osteoparoza esasan-da gartaşan adamlar uçraýar. Adamyň içegeleriniň işleýşi wagtyň geçmegi bilen ýaramazlaşýar. Şoňa görä-de, kalsiý we witaminler öňküsi ýaly özleşdirilmeýär. Adam ýörände ýagyrnysynda güýçli agyrylary duýýar, onuň süňkleri ejiz bolýar. Keseliň agyr görnüşlerinde adamyň boýy käwagt on bäş santimetr dagy kiçelip bilýär. Bu oňurganyň görnüşiniň bozulmalarynyň netijesinde ýüze çykýar.

    Erkekler aýallara garanyňda bu keseler iki esse az uçraýandyrlar. Aýallar bolsa bu kesele esasan-da menopauza, ýagny aýbaşydan galma döwründe duçar bolýarlar. Osteoporoz hemme döwürlerde duş gelse-de, bu ýagdaýyň aýallaryň aýbaşydan galma döwri bilen gönüden-göni baglydygy ýaňy-ýakynda mälim boldy. Dogrudan-da, şu döwürde adam süňkleriniň düzümindäki kalsiý köp mukdarda ýitirilýär. Bu keseliň alamaty däl-de, adam organizminde bolup geçýän adaty üýtgeşmeleriň alamatydyr. Ýöne şonda-da aýal (ginekolog) lukmanlaryň köpüsi osteoparozyň ilkinji alamatlarynda estrogen kabul etmegi maslahat berýärler. Bu derman serişdesiniň goşmaça göwneýakymly täsiri bardyr. Ol köp aýallara aýbaşydan galmaklygy inkär etmäge mümkinçilik berýär. Estrogen serişdesi kabul edilende, aýalyň organizmi heniz-de ýaşdyr, hiç üýtgeşmeler bolmaýandyr öýdüp, aldanylýar. Eýsem süňkleriniň heksizlenmeginden we kalsiý ýetmezçiliginden gorkýan adam bu meseläni näme üçin gormon serişdelersiz çözüp bilmeýär? Sebäbi aýbaşdan galma döwründe düzüminde kalsiý bolan serişdeleriň kabul edilmegi peýdasyzdyr. Organizm özüne berilýän kalsini artykmaç hasap edip, ony erjellik bilen daşyna çykarýar. Organizm indi özüne öňki ýaly berk skelet gerek däl diýip hasaplaýar. Sebäbi ol özünde bolup geçýän üýtgeşmeler barybir durmuşa bolan garaýşy üýtgeder, ýagny durmuş gyzyklanmalary indi daşky hereketjeňlikden içki oýlanmalara, ruhy ýörelgelere gönüger diýip pikir edýär. Emma muňa garamazdan, organizmi estrogen serişdeleri arkaly aldap, ony öňküsi ýaly süňklerde kalsiniň gerekli mukdaryny alyp galmagyny yrýarys.

    Osteoparozyň ýüze çykmagyna käbir dermanlar hem sebäp bolup bilýärler. Bu dermanlara kortikosteroidler, barbituratlar we tutgaýlara garşy dermanlar degişlidir. Eger bu dermanlary uzak wagtyň dowamynda kabul edilse, organizmde garmonlaryň deňagramlylygy bozulýar-da, osteoparoz ýüze çykýar. Osteoparoz keseliniň bu görnüşine ikinji derejeli osteoparoz diýlip, ol seýrek duş gelýär. Bu keseliň duş gelýän ýagdaýlarynyň diňe 5%-inde osteoparozyň şu görnüşi duşýar.

    Şunlukda, siz haýsy ýagdaýlarda öz süňkleriňiziň ýagdaýyna has ünsli garamaly?

    eger haýsydyr bir garyndaşyňyz şu kesele öň uçran bolsa;
    eger düzüminde kalsiý köp bolan önümleri az iýýän bolsaňyz (süýt-gatyk önümleri, balyk eti);
    eger siz az hereket edýän bolsaňyz;
    eger göwräňiz çepiksizje bolsa;
    eger çaga dogmadyk bolsaňyz;
    eger kyrk bäş ýaşdan öň aýbaşydan galan bolsaňyz;
    eger araga we çilim çekmekligige ýykgyn bolsaňyz.
    http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/sagdyn-garrama/38-osteoporoz.html

Leave a comment