Ga­ty­gyň ça­ga­la­ryň ös­me­gi üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýarlar

Öý­de uýa­dy­lan ga­tyk has peý­da­ly
Şirin Haýydowa, HTTU-nyň talyby.
Süýt önüm­le­rin­den bo­lan ga­ty­gy ha­la­ma­ýan ýok bol­sa ge­rek. Em­ma mu­nuň sag­ly­gy­ňyz üçi­nem uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­my? Tür­ki­ýä­niň Ak­de­niz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my pro­fes­sor, dok­tor Se­ma Ak­man süýt we ga­ty­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Ol öý şert­le­rin­de ba­sy­ry­lyp, uýa­dy­lan ga­ty­gyň bir­nä­çe ke­se­le, şol san­da düw­nü­ge gar­şy go­raý­jy hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ak­man ga­ty­gy ha­la­ma­ýan ça­ga­la­ryň ga­tyk iç­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­la­ry üçin şe­ker, to­şap we beý­le­ki süý­ji ta­gam­la­ry goş­mak ýa­ly ýol­la­ry hem göz­le­mek­li­gi mas­la­hat ber­ýär.

Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ça­ga sag­ly­gy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my bo­lan Ak­man ösüp bar­ýan ça­ga­la­ryň gaz­ly iç­gi­ler­den daş­da dur­mak­la­ry­ny, süýt we süýt önüm­le­rin­den has köp peý­da­lan­mak­la­ry­ny mas­la­hat ber­ýär. Ak­man be­logyň esa­sy çeş­me­si bo­lan ga­ty­gyň ça­ga­la­ryň ös­me­gi üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. Esa­sa­nam 7 ýa­şyn­dan uly bo­lan ça­ga­la­ryň gün­de iki bul­gur ga­tyk iç­me­li­dik­le­ri­ni mas­la­hat be­ren Ak­man ça­ga­la­ryň ir­den we ag­şam bir bul­gur süýt iç­me­li­di­gi­ni aýd­ýar.

Şirin Haýydowa, HTTU-nyň talyby.
Zaman

One Response

  1. Ozunem icyanmi gatyk

Leave a comment