Geliň, eýakulýasiýanyň bozulmalarynyň üstünde durup geçeliň

JYNSY GATNAŞYKLARY “AJADÝAN” ÝENE BIR SEBÄP

Uzak wagtyň dowamynda urolog-seksolog lukmanlary jynsy işjeňligi bozulan erkek adamlaryň ýagdaýyny “impotensiýa” (jynsy gowşaklyk) düşünjesi bilen atlandyrdylar. Ýöne bu söz erkek adamyň jynsy gatnaşyklarynda duş gelýän hemme kynçylyklaryny öz içine alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda “erektiw disfunksiýa” düşünjesi giňden ulanylyp, ol jynsy gatnaşyklary düzüji faktorlaryň islendiginiň bozulmalaryny aňladyp bilýändir.

Kliniki barlaglaryň şaýatlyk edişi ýaly, erektiw disfunksiýa jynsy höwesiniň üýtgemegi, ereksiýanyň (ujydyň gönelip bilme ýagdaýy), eýakulýasiýanyň (dölüň dökülmegi) we orgazmyň (dölüň dökülmegi bilen ýüze çykýan duýgy) dürli görnüşdäki bozulmalary ýa-da utgaşykda gelýän bozulmalary görnüşde ýüze çykyp biler.

Geliň, eýakulýasiýanyň bozulmalarynyň üstünde durup geçeliň. Beýleki seksual bozulmalar bilen deňeşdirlende, eýakulýasiýanyň bozulmalary hemme kynçylyklaryň 40%-ni düzýändir.

Süýdemdiriji haýwanlardan tapawutlylykda, adamda eýakulýasiýa hemişe nesli dowam etmäge ymtylmany aňlatmaýan hem bolsa, olarda seksual gatnaşyklaryň möhüm bir bölegi bolup durýandyr. Onuň bozulmalary şahsy kynçylyklara we maşgala gatnaşyklarynyň dartgynlylygyna getirip biler.

Eýakulýasiýa – gyjyndyrylan ujydyň döli zyňma häsiýeti bolup, ol erkek adamda kadaly jynsy gatnaşyklaryň tamamlanmagyny aňladýar.

Eýakulýasiýanyň bozulmalary dürli görnüşde ýüze çykyp biler:

  1. Wagtyndan öň ýüze çykan eýakulýasiýa:
  • Wagtyndan juda ir öň ýüze çykan eýakulýasiýa (ereksiýasyz, jynsy ýanaşyga taýynlyk döwründe dölüň dökülmegi);
  • Wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýa  (dölüň dökülmegi jynshana girme pursadynda ya-da birinji hereketlerden (friksiyalardan) soň bolup geçýär);
  • Juda ir bolýan eýakulýasiýa (dölüň dökülmegi jynshana ýanaşmazdan öň bolup geçýär).
  1. Eýakulýasiýanyň saklanmagy (örän uzaga çekýän jynsy ýanaşmalardan soň dölüň dökülmegi);
  2. Spermatoreýa (seksual duýgulara we jynsy ýanaşma bagly bolmazdan dölüň özbaşdak akmagy);
  3. Agyryly eýakulýasiýa;
  4. Orgazmsyz ýüze çykýan eýakulýasiýa;
  5. Eýakulator refleksi ýa-da retrograd eýakulýasiýa (bu ýagdaýda eýakulýasiýa we orgazm bolup geçýändir. Ýöne döl daşyna däl-de, yzyna, peşew halta zyňylýandyr).

Wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýanyň sebäpleri dürli-dürli bolup, her ýagdaýda ol aýry bejeriş usullary talap edýändir:

  • Aşa seksual dartgynlylyga getirýän jynsy gatnaşyklaryň ýygylygynyň azalmagy. Bu ýagdaý ýaş erkek adamlaryň birinji jynsy gatnaşyklarynda, aýalyň uzak wagt ýanynda bolmazlygynda ýa-da keselçilik ýüze çykanda döräp biler;
  • Aýal maşgala bilen şahsy gatnaşyklaryň kynçylyklary bolanda ýa-da ony kanagatlandyrma babatda biynjalyk ýüze çykan mahalynda;
  • Jynsy gatnaşyklar oňaýsyz, göwnejaý ýerde geçirilmese ýa-da jynsy ýanaşmany çalt gutarmagy  isleýän, jynsy taýdan sowuk aýal bilen uzak wagt gatnaşyk edilen ýagdaýynda;
  • Ujydyň kellejigindäki uýanjygyň gysga bolup, jynsy gatnaşyklarda onuň aşa dartylmagy ýa-da erkeklik jyns mäziniň dowamly sowuklama (prostatit) ýagdaýlarynyň bolmagy. Iki ýagdaýda hem urolog lukmanyň bejergisini geçirmek möhümdir.
  • Stress, nerw dartgynlylygy;
  • Döl dökülme merkezlerine täsir edýän özbaşdak impulslaryň beýnide döremegi.

Orgazmy duýmazdan dölüň dökülmegi bolsa, köplenç erkeklik jyns agzalarynda geçirilen sowuklama ýagdaýlaryndan soň ýüze çykyp, sebäp bolan keseli bejermegi talap edýändir. Bu bozulmada adamynyň ýaşyny we onda bar bolan gan-damar ulgamy bilen baglanşykly keselleri göz öňüne tutmalydyr.

Häzirki zaman lukmançylygynda wagtyndan öň ýüze çykýan eýakulýasiýany bejermegiň dörli usullary ulanylýar:

I usul – Bilden aşakda ýerleşýän Mihaelisiň rombuny (arka we guýruk myşsalary bilen çäklendirilen türre bölümindäki çükurjyk) Wasilçenkonyň usuly bilen işlemek. Onuň üçin akja gabyjaklar emele gelýänçä, bil-türre rombuny hloretil bilen işleýärler. Soňundan ol ýeri gyzarma ýüze çykýança, el bilen gyzdyrýarlar. Bejergini hepdede 2-3 gezek geçirmek bolýar. Jemi 5-den 14 bejergi tapgyry maslahat berilýär.

II usul – tohum tümmejigi kümüş ergini ýa-da hlorgeksidin biglukonat bilen ýakmakdan ybaratdyr.

III usul – “hekrogormon”  usuly diýip atlandyrylyp,  bil-türre rombuna ýörite “ýakýan”, prozerin, kalsiý hloridi ýaly serişdeler deriasty goýberilýändir. Derman goýberilen ýerde, dokumalaryň ýagdaýy üýtgäp, biologiki işjeň maddalar işläp çykyp ugraýarlar. Olar merkezi nerw ulgamyna täsir edip, eýakulýasiýanyň ir bolmagynyň togtadylmagyna getirýändir.

lV usul – iňňe bilen bejergi – ereksiýanyň merkezi nerw ulgamyndaky merkezleriniň togtadylmagyna, onuň hiliniň we dowamlylygynyň gowlanmagyna ýardam berýändir.

Dölüň dökülmeginiň saklanmagy seýrek duş gelýän seksual bozulmalar bolup, onuň hem sebäpleri dürli-dürli bolup biler:

  • Kiçi çanaklyk agzalaryna hirurgiki bejerginiň geçirilmegi;
  • Käbir newrologiki keseller we oňurga ýiliginiň bil we türre bölüminiň şikeslenmeleri;
  • Psihiki sebäpler (howsalalyk, özüňi günäli saýma duýgusy);
  • Gan basyşy peseldýän, merkezi nerw ulgamy rahatlandyryjy serişdeleri kabul etmek;
  • Jynsy gatnaşyklaryň başga görnüşlerini ündeýän adamlarda hem adaty jynsy ýanaşma duýgularyň peselmegine getirip biler. Şonuň ýaly ýagdaý masturbasiýa bilen meşgullanýan  adamlara hem degişlidir.

Gyjyndyrmalaryň ýeterlik bolmazlygy hem dölüň dökülmeginiň saklanmagyna getirip biler. Meselem, uly ýaşly adamlaryň (50 ýaşdan soň) köpüsini kanagatlandyrmak üçin uzak we güýçlüräk gyjyndyrmalar gerek bolýandyr.

Eýakulýasiýa wagty agyrylaryň duýulmagy jyns agzalarynyň sowuklama kesellerinde (erkeklik jyns mäziniň, tohum haltajygynyň, peşew çykaryş kanalynyň sowuklamagynda) duş gelip biler.

Eýakulator reflýuks ýagdaýy hem (dölüň yzyna, peşew halta zyňylmagy) jyns agzalarynyň kesellerinde, köplenç erkeklik jyns mäzinde geçirilen operatiw bejergiden soň ýüze çykyp biler.

Bu bozulma süýji keselli näsaglarda, omnik, kardura a-adrenoreseptorlary togtadyjy derman serişdelerini kabul etmeden soň hem döräp bilýändir.

Ondan başga-da, eýakulýasiýanyň düýbünden bolmazlygy ýagdaýy hem duş gelip biler. Onuň ýaly ýagdaý köplenç erkeklik jyhs mäziniň kesellerinde ýa-da erkeklik klimaksy döwründe ýüze çykyp biler.

Eýakulýasiýanyň  jynsy gatnaşygy wagtynda bolmazlygy ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy hem mümkindir. Bu geçirilýän gyjyndyrmalaryň  ýeterlik däldigi bilen düşündirilýändir. Erkek bu ýagdaýda öz aýalyny jynsy kanagatlandyryp biler, özi bolsa eýakulýasiýany masturbirlemek netijesinde gazanyp biler.

Eýakulýasiýanyň bozulmalary oňa getirýän sebäpleri aradan aýyrmaga gönükdirilen bolup, zerur bolan ýagdaýynda başga hünärmen lukmanlaryň hem maslahatyny almalydyr.

Eýakulator bozulmalaryň ýaramaz endiklere baglylygy geçirilen barlaglar netijesinde subut edildi.

Dürli barlaglaryň maglumatyna görä, eýakulýasiýanyň bozulmagy arak içmäge ýykgyn edýänleriň 71%-de, neşekeşleriň 85%-de we gözegçilik toparyndaky erkek adamlaryň diňe 16%-de duş geldi.

Erektil bozulmalarynyň islendik görnüşi ýüze çykanda hem urolog, seksolog lukmanlaryna ýüz tutmak ýerliklidir. Sebäbi anyklanylyp, wagtynda bejergi geçirmek, Sizi ýene özüňize ynamly, söýülýän, sagdyn duýmaklygyňyza kömek eder.

http://www.saglyk.info/makalalar/sagdyn-durmus/erkek-saglygy/218-jynsy-gatnasyklary-ajadyan-yene-bir-sebap.html

One Response

  1. Saglygyma seretdirjek

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: