GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (4-6 hepde)

tubal_pregnancy4 hepde bolanda arassa amnion düwünçejigi suwuklykdan doly haltajyk bilen gurşap alýar. Bu arassa suwuklygyna amniotic suwuklyk diýilýär, ol düwünçejigi döwük-ýenjiklerden goraýar.Ýürek adatça minutda 113 gezege barabar urýar.
Her urguda ýüregiň kameralaryna ganyň barmagy we çykmagy bilen ýüregiň reňkiniň üýtgeýşine üns beriň.
Ýürek takmynan çaga dogulýança 54 millýon gezek urýar we 80 ýaşa çenli bolsa 3,2 milliarddan hem gowrak gezek urýar.

Öň beýni, orta beýni we arka beýniň görnüşiniň üýtgemesi bilen beýniň çalt ulalyşyny görüp bolar.

4 hepde içinde mäzler toplumynyň peýda bolmagy bilen olaryň ýokarky we aşaky uçlary kämilleşmegi başlaýar.

Bu wagtda deri aňyrsy görnüp duran ýuka gönüşde bolýar, sebäbi ol diňe bir öýjük galyňlygyndadyr.

Deri galňadygyça ýuka gönüşini ýitirýär, bu bolsa içki organlaryň kämilleşişini diňe bir aýyň dowamynda görmek mümkünçiligini döredýär.

4-5 hepdeleriň aralygynda beýni çalt ulalmagyny dowam edýär we bäş aýratyn böleklere aýrylýar.

Kelle düwünçejigiň tutuş möçberiniň 1/3-ni tutýar.

Uly beýniniň ýarymtegelegi peýda bolýar we beýniniň iň uly bolegine öwrülýär.

Uly beýniniň Ýarymtegelekleri pikirlenmek,öwrenmek, ýatlamak, gepleşmek, görmek, eşitmek isleg boýunça hereket etmek we mesele çözmek, ýaly funksiýalary içine alýar.

Dem alyş sistemasyndaky sag we çep esasy bronhalary hem-de soňy bilen traheýany ýa-da bokurdagy öýkenler bilen birikdirer.

Bagryň ulalyp, garyn boşlygy bilen urýan ýüregiň arasyny doldurýandygyny belläp geçmek gerek.

5 hepdäniň içinde hemişelik böwrekler emele gelýär.

Tuhum haltajygy ösüş öýjükleri atly emele getiriş öýjüklerini öz içine alýar. 5 hepde içinde bu ösüş öýjükleri böwrekleriň ýanyndaky köpelme organlaryna geçýär.

Bäş hepdeniň içinde düwünçejik el aýasyny kämilleşdirýär we kikirdöwügiň peýda bolmagy 5 ½ hepde içinde başlanýar.

Şu ýerde biz 5 hepde we 6 gün içinde çep el ayasyny we bilegi görüp bilýäris.

daşky görnüşi :

https://www.ehd.org/resources_bpd_illustrated.php?page=7&language=95

2 Responses

  1. […]  GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (4-6 hepde) […]

  2. […] GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY (4-6 hepde) […]

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: