Çagalary goramagyň halkara güni

Şu gün Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär
Şu gün bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk milli senenamamyzyň resmi sanawyna goşuldy.

Dünýä tejribesinde bu baýramçylygyň taryhy zenanlaryň halkara demokratik federasiýasynyň 1949-njy ýylda geçirilen ýörite sessiýasynda «Çagalaryň bagtyýarlygynyň ýeke-täk kepili bolan pugta parahatçylygy üpjün etmek ugrunda ýadawsyz göreş alyp barmak» maksady bilen Çagalary goramagyň halkara gününi geçirmek barada karar edilmeginden başlanýar. Şol sessiýada 1950-nji ýylda Çagalary goramagyň halkara gününi bellemek karar edildi. Soňra bu ideýany BMG goldady we çagalaryň hukugyny, durmuşyny we saglygyny goramagy öz işiniň ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi.

Şeýlelikde 1-nji iýun ösüp barýan ýaş nesliň güni hökmünde her ýylda bellenilýär. Munuň özi dünýäniň ýaşajyk ilatynyň şadyýan baýramçylygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol gün çagalaryň hukugyny we bähbitlerini goramak döwletiň ilkinji nobatdaky aladasy hökmünde yglan edildi.

1959-njy ýylda BMG çagalaryň hukugy hakyndaky Jarnamany kabul etdi. Oňa ene-atalary, döwlet guramalaryny, ýerli häkimlikleri we hökümeti, hökümete degişli bolmadyk guramalary çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmäge we olary gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge çagyrýan makalalar girizildi. Jarnama teklip ediji häsiýetde bolup, onuň talabedijilik ýörelgesi ýok. Şeýlelikde başga global tertipnamalaryň zerurlygy ýüze çykdy we 1989-njy ýylda BMG çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etdi. Türkmenistan ony 1994-nji ýylda makullady hem-de çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy üpjün etmek boýunça borçnamany öz üstüne aldy.

Türkmenistan hemişe özüniň ýaşajyk raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerini çözmäge örän jogapkärli çemeleşýär. Çünki döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti körpe nesilleriň abadançylygy bolup durýar.

Eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramak dürli döwürlerde derwaýysdyr. Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamynda eneligi we çagalygy goramagyň meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden ynsanperwer gymmatlyklarynyň arasynda aýratyn möhüm orny eýeleýär we biziň özgertmelerimizde ýurduň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň esasy ugruny düzýär. Häzirki wagtda eneligi we çagalygy goramak bilen bagly bolan syýasat hut şu ýörelge, jemgyýeti birleşdirýän milli ideýa arkaly kesgitlenýär, munuň özi täze taryhy şertlerde belli bir tertibe getirildi we toplumlaýyn häsiýete eýe boldy.

Çagalyk bilen bagly döwlet syýasaty olaryň beden, aň-düşünje, ruhy-ahlak we sosial taýdan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryna we halkara borçnamalaryna laýyklykda kämil adamlar hökmünde ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Çagalyk bilen bagly döwlet syýasaty—munuň özi umumy durmuş syýasatynyň bir bölegi bolup durýar, bu syýasatyň esasy ugurlary bolsa ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmakdan we türkmenistanlylaryň, şol sanda ýaşlaryň we körpeleriň ählisi üçin has oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu syýasat arkaly, maşgala we nika institutyna hemme taraplaýyn-maddy, ideologiýa, hukuk taýdan goldaw berilmegine gönükdirilip, şonda hukuk, ahlak bilen bagly hem-de ykdysady we sosial ugurly çäreleriň toplumynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Çaga doglan mahalynda kömek pullarynyň berilmegi, eneleriň öz çagalaryny mähirli alada bilen ösdürip ýetişdirmegi üçin döwlet tarapyndan ýeňillikleriň bellenilmegi, şeýle hem degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi—bularyň ählisi döwletiň ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň beden we ahlak sagdynlygy, olaryň abadan jemgyýetde ýaşamagy we kemala gelmegi barada edýän aladasynyň anyk netijeleridir.

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda 8 we şondan-da köp çagalary dogran we terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. Munuň özi özboluşly sylag hasaplanyp, eneleriň jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşýandygyny ykrar etmek bolup durýar.

Çaganyň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ýurdumyzda esasy halkara-hukuk namalary, şol sanda «Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakyndaky» Kanun kabul edildi. Bular çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň esasy kepilliklerini belleýär. Şeýle hem BMG-niň möhüm ähmiýetli konwensiýalarynyň we teswirnamalarynyň, şol sanda enelige we çagalyga gös-göni degişli bolan meseleler bilen bagly hukuk resminamalarynyň birnäçesi tassyklandy. Bu resminamalar BMG tarapyndan kabul edilen Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynyň çäklerinde global wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip, milli derejede ileri tutulýan ugurlara hem-de Türkmenistanyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär, bular döwleti ösdürmegiň milli maksatnamalarynda hem-de saglygyň goralmagy, bilimiň kämilleşdirilmegi, sosial goraglylyk, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrundaky taslamalarda öz beýanyny tapdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, terbiýelemek we bilim bermek boýunça täze usullaryň ornaşdyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine aýratyn üns berýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalara işjeň gatnaşýan iri halkara guramalary, şol sanda ÝUNISEF türkmen tarapynyň hyzmatdaşlary bolup durýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan gumanitar ugurda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä ýeten milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, bilim reformasyny amala aşyrmakda ekologiýa degişli wezipeleri çözmekde, şeýle hem medeniýet, ýaşlaryň gyzykly we dürli görnüşde dynç almagyny guramakda örän uly üstünlikleri gazandy.

Çagalary goramagyň halkara gününiň, nobatdaky tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Gökderede milletiň Lideriniň gatnaşmagynda ýene-de birnäçe desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Çagalar üçin niýetlenen täze sagaldyş merkezleri ýaş türkmenistanlylar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Dynç alynýan döwürde gözel ýerlerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede gurlan şypahanalarda dynç alýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar, bu şypahanalarda göwnejaý dynç almak, wagty gyzykly we peýdaly geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Galyberse-de mekdep okuwçylary bu ýerlerde diňe tomsuna däl-de, güýzki, gyşky we ýazky dynç alyş döwürlerinde dynç alyp güýç toplap bilerler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň mekdeplerini multimediýa tehnologiýalary, döwrebap kompýuter ulgamy bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýerlerde okatmagyň interaktiw usullary ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça halkara olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak boýunça kanunçylyk ulgamynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi çagalaryň göwnejaý kemala gelmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şol sanda täze okuw mekdepleriniň lukmançylyk sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy hem-de täze we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, sungat mekdepleriniň açylmagy we başga-da birgiden işler şu ugurdaky anyk ädimlere öwrüldi.

Ýurdumyzda bilim boýunça döwrebap milli ulgam döredildi, ol ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele getiren däp-dessurlaryna özüniň filosofik garaýyşlaryna esaslanýar. Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda we obalarda dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze çagalar baglarynyň we mekdepleriň onlarçasy guruldy.

Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda diňe bir biziň çagalarymyzyň däl-de, olaryň daşary ýurtly deň-duşlarynyň dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. şu günler ýyly suwly deňziň ekologiýa taýdan arassa kenarynda «Awaza—dostluk mekany» atly III halkara festiwaly geçirilip, daş-töwerege älemgoşaryň ähli reňkleriniň öwüşginleri çaýylan ýaly boldy.

Çagalaryň bu döredijilik forumynyň maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasyndaky dostlugy we doganlygy pugtalandyrmakdan, ýaş türkmenistanlylaryň öz daşary ýurtly deň-duşlary bilen döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekden, zehinli ýaşlary terbiläp ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem festiwalyň wezipesi Türkmenistanyň medeni däp-dessurlaryny aýawly saklamakdan, çuňlaşdyrmakdan we ösdürmekden, beýleki ýurtlaryň çagalarynyň türkmen medeniýeti we sungaty, ata Watanymyzyň şu günki durmuşy bilen tanyşmagyna has giň mümkinçilikleri döretmekden, zehinli we hyjuwly ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermekden, aň-düşünje we ruhy taýdan kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.

Dünýäniň çagalarynyň dostlukly gatnaşyklaryny we agzybirligini ösdürmek arkaly, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek festiwalyň esasy maksatlarynyň biri hasaplanýar. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýä bilen açyk gepleşik etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Şol gepleşikde bolsa ýaş nesil aýratyn orny eýelemelidir, çünki ýaşlar parahat durmuşda we öz deň-duşlary bilen düşünişip ýaşamak isleýärler. Biz dürli ýurtlaryň çagalaryny döredijilik arkaly birleşdirip, olarda tolerantlygy we dürli medeniýetlere hormat goýmagy terbiýeleýäris. Şoňa görä-de, çagalaryň şunuň ýaly halkara forumlaryny guramak, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasatynyň bir bölegi bolup durýar. Çagalary dünýäniň ilçileri diýip atlandyrmak bolar, bu sözler bolsa eýýäm diňe bir simwoliki görnüşde ýaňlanmak bilen çäklenmän, adamzada anyk ýüzlenme, durmuşyň köp dürlüligini we çagalaryň bagtyny goramaga çagyryş bolup durýar. Çagalyk—munuň özi diňe bir ýaş bolmak bilen çäklenmän, ilki bilen, durmuşyň energiýasy, ösüşiň energiýasy, ýaşamak, şatlanmak we her günde haýsydyr bir täzeligi açmak islegidir.

Ýurdumyzda bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giňelýär. Halkara sport meýdançalarynda Türkmenistanyň at-abraýyny goraýan ýaş sportsmenleriň hatarynda durýanlaryň sany artýar. Ähli welaýatlarda stadionlary, suw toplumlaryny gurmak işi giň gerimde alnyp barylýar. Ýakyn wagtda Aşgabatda Olimpiýa şäherjigi we gyşky sport köşgi gurlup, eýýäm bar bolan uly sport toplumlarynyň üstüni ýetirer.

Sagdyn bolmak hukugy—munuň özi adamyň fundamental hukuklarynyň biri bolmak çäklenmän, döwletiň baýlygy, jemgyýetiň ösüş gazanmagynyň zerur şerti hasaplanýar. Zähmete ukyply ilatyň saglygy ýurduň häzirki ýaşaýşyny, çagalaryň saglygy bolsa onuň geljegini üpjün edýär. Şu günki çagalar ertirki gün uly ýaşly adamlara öwrüler, şoňa görä-de olar üçin sagdynlyga mahsus ýagdaýyň döredilmegi döwletiň yzygiderli ösüşiniň esasy hasaplanýar.

Mälim bolşy ýaly, çagalaryň sagdynlygy sosial, biologik, ekologik faktorlar hem-de medeniýete we bilime mahsus ýagdaýy arkaly kesgitlenýär. Şeýle hem ýurdumyzda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetika we çeperçilik merkezleriniň, dynç alyş merkezleriniň gurluşygy örän giň gerim bilen ýaýbaňlandyryldy, bular döwrebap we kämil laboratoriýa enjamlary, interaktiw hem-de multimediýa we Internete birleşdirilen tehnologiýalar bilen üpjün ediler.

Umumymilli we halkara derejesinde geçirilýän dürli görnüşdäki döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem Türkmenistanyň çagalardan we ýetginjeklerden düzülen toparlarynyň halkara bäsleşiklerine we festiwallara gatnaşmagy çagalaryň döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda däp boýunça her ýylda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» diýen döredijilik bäsleşiklerine we beýlekilere tutuş ýurdumyzda labyzly okaýan ýaşlaryň, tansçylaryň, drama artistleriniň müňlerçesi hem-de çeper höwesjeň aýdym-saz we folklor toparlary gatnaşýarlar.

Şeýlelikde türkmen döwleti çagalygy adamyň ömrüniň möhüm ähmiýetli döwri hasaplap, çagalaryň jemgyýetdäki durmuşa taýýarlanmagyny, olarda jemgyýet üçin möhüm ähmiýetli we döredijilikli işjeňligiň ösdürilmegini, belent ahlak häsiýetleriniň, watançylygyň we ýurda wepalylygyň terbiýelenmegini ileri tutmak ýörelgelerinden ugur alýar.

Çagalar biziň geljegimizdir. Olaryň geljekde nähili adam bolup ýetişjekdigi biziň çagalara mähir paýlaýşymyza we dogry terbiýe bermegimize baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, çagalarymyzyň her günde özlerini bagtly duýmagyna ýardam etmäge çalşalyň, çagalarda özlerine ynamy güýçlendirmegimiz gerek, olarda gurşap alýan dünýäniň gözeldigine hem-de ýagşy niýetleri amala aşyrmak we bagtly durmuşda ýaşamak üçin örän köp sanly mümkinçilikleri özünde jemleýändigine ynam döredip bilsek, munuň özi çagalar üçin iň oňat sowgada öwrüler.

Altyn Asyr

2 Responses

  1. Какао признали лучшим напитком для восстановления после занятий спортом

    Американские ученые выяснили, что холодное какао (шоколадное молоко) восстанавливает мышцы после физических упражнений прытче, чем специальные напитки, предназначенные для спортсменов, извещает The Daily Telegraph. Результаты работы профессионалов Университета Джеймса Мэдисона (James Madison University) были представлены на конференции Американского колледжа спортивной медицины (American College of Sports Medicine).

    Ученые провели четыре исследования, в ходе которых они сопоставляли скорость возрождения мышц после долгих физических нагрузок при употреблении разных напитков. Оценив полученные данные, исследователи выяснили, что после употребления какао мышцы спортсменов восстанавливались прытче, чем при употреблении иных жидкостей.

    По словам творцов исследования, какао содержит необходимое для возрождения мышц количество белков, а также углеводы, которые восполняют энергетический запас мышечной ткани. Кроме того, употребление молока дозволяет восполнить запас воды и разных ионов (калия, кальция и магния), которые выделяются потовыми железами при физических нагрузках.

    Ранее австралийские ученые выяснили, что употребление сладостного кофе также превосходно способствует возрождению мышц. Кофеин подсобляет мышцам усваивать глюкозу и веско увеличивает скорость возрождения запасов гликогена в мышцах после тяжелых физических нагрузок. Кроме того, результаты иных исследований также свидетельствуют о выгоде молока для спортсменов.

  2. Свекольный сок снижает давление

    Почему свекольный сок снижает кровяное давление? Ученые выяснили, что содержащиеся в нем нитраты представляют собой отличное средство для борьбы с гипертонией. Свекольный сок не уступает в этом отношении традиционным лекарствам.

    Автор исследования профессор сосудистой биологии в исследовательском институте William Harvey при Университете Королевы Марии в Лондоне Амрита Ахлувалия говорит, что полученные данные убедительно свидетельствуют о том, что именно нитраты в свекольном соке являются причиной его благотворного воздействия на сердечнососудистую систему. Они увеличивает концентрацию оксида азота в крови.

    Результаты исследования опубликованы в онлайн-издании журнала Американской кардиологической ассоциации Hypertension. В них говорится, что у людей, принявших свекольный сок, в течение 24 часов наблюдалось снижение кровяного давления.

    “Мы давали неорганические капсулы с нитратами или свекольный сок группе здоровых добровольцев и наблюдали за тем, какое воздействие это оказывало на их кровяное давление, и какие биохимические изменения наблюдались в циркулирующей крови, – говорится в заявлении Ахлувалии. – Выяснилось, что капсулы с нитратами и свекольный сок совершенно одинаково эффективны в деле снижения давления, что позволяет сделать вывод: именно нитраты играют в этом вопросе ключевую роль”.

    А если от научного языка перейти к более понятному человеческому, то гипертоникам следует попробовать включить в своей рацион свекольный сок. И, возможно, количество выпиваемых лекарств от давления будет снижено.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: