Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zayalap, ysmaz edýär

POLIOMIÝELIT

 

Poliomiýelit – wirus arkaly döreýän kesel bolup, adatça 9 – 10 ýaşa ýetmedik kiçi çagalar keselleýär. Ýöne bu keseli uly adamlar hem agyr görnüşde geçirip bilýärler.

Kesel howa, hapalanan azyk önümleri we suw arkaly ýaýraýar. Has köp duş gelýän wagty tomus-güýz (awgust-oktýabr) aýlarydyr.

Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly (iýmitden geçen bolsa) oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zayalap, ysmaz edýär.

Keseliň esasy alamatlary – bokurdakda agyry, üsgürme, gaytarma, kelle agyry, bedeniň gyzgynynyň galmagy, arkada, aýaklarda agyry, olaryň titräp ýygrylmagy, myşsalaryň güýjiniň gaçmagy. 3 – 5 günden adatça aýaklarda, seýrek başga myşsalarda ysmaz döreýär. Bu ýagdaý 2 günden 2 hepdä çenli saklanyp bilýär. Boýnuň we diýafragmanyň ysmazy has hem howplydyr,  çünki ol dem almagyň bozulmagyna we ölüme eltip biler. Bedeniň gyzgyny gaçandan soň, keselden soňky dikeldiş döwri başlanyp, birnäçe aýdan birnäçe ýyla çenli dowam edip biler. Poliomiýelit keseliň alamatlary ýüze çykanda näsagy ayry otaga ýerleşdirmeli, ony düşekde ýatyryp, aýaklarynyň ýyly bolmagyny gazanmalydyr, agyrsyzlandyryjy we rahatlandyryjy dermanlary, “B“ toparyň witaminlerini bermelidir. Poliomiýelitiň alamatlary ýüze çykanda mümkin boldygyça derrew lukmana ýüz tutuň. Özbaşdak bejergi howply gaýraüzülmelere getirip biler.

Bu kesele garşy ýeke-täk kömek ediji serişde – bu poliomiýelite garşy öňüni alyş sanjymlarydyr. Sanjymlar ýörite kabul edilen meýilnama boýunça, çaga dogulandan soň, ol 2 – 3  günlükkä edilip başlanýär. Soň gaýtadan çaga 2 aýlykda, 3 aýlykda, 4 aýlykda, 18 aýlykda kabul  etdirilýär. Daş töweregimizde adatdan daşary howply ýagdaýlar dörände, ýaz-güýz aýlary, goşmaça möwsümleýin sanjym  geçirilýär.

 Ref .  http://www.saglyk.info/

//

Advertisements

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: