Çaganyň akyl ukyplarynyň ösmegi we bekemegi üçin ol haýsy iýmitleri iýmeli?

ÇAGA IÝMITI: TÄSIN ZEHINLI ÇAGANY ÝETIŞDIRÝÄRIS
Täsin zehinli çaga ir çagalykdan şahsyýet bolmak bilen, öz deň-duşlaryndan ösüşi taýdan tapawutlanýar.  Ol ilkibaşdan adatdan daşary ajaýyp  ukyplaryny ýüze çykaryp, öz ýaşyna mahsus bolmadyk aň-bilimi görkezýär. Şular ýaly çagalar mekdebe barmankalar döredijilige,  oýlap tapyjylyga höwes bildirýärler. Maşgalada akylly çaganyň bolmagy onuň ene-atasyny diýseň begendirýär. Emma bu täsin zehinlilik diňe dogabitdi bolman, eýsem ony ösdürip-de bolýandyr. Çaganyň derejesini ösdürmekde onuň iýmitlendirilişi örän möhüm orny eýeleýändir. Muňa köpsanly ylmy-barlaglaryň netijeleri şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda iňlis alymlary şu ylmy synagy geçirip gördüler. Bu ylmy synaga 5 ýaşly ekiz oglanjyklar gatnaşdyryldy. Olaryň biri öňküsi ýaly naharlanmagy dowam etdi. Beýlekisini bolsa sagdyn iýmit bilen naharlap başladylar. Birnäçe gün geçenden soň, sagdyn iýmit iýýän oglanjyk özüni has asuda alyp baryp, urşuganlygynyň, dawaçyllygynyň kemelendigi aýdyň boldy. Ylmy synag tamamlananda bolsa, sagdyn iýmit bilen naharlanan oglanjygyň okuwa ýetişiginiň öz doganyndan 15% ýokary bolandygy tassyklanyldy.

Çaganyň akyl ukyplarynyň ösmegi we bekemegi üçin ol haýsy iýmitleri iýmeli?

Birinjiden, çaganyň organizmi üçin uglewodlar örän möhümdir. Uglewodlar gije-gündiziň dowamynda gerek bolýan iýmit kuwwatlylygynyň 50%-ni üpjün edýär. Uglewodlaryň iki görnüşi bardyr: sada we çylşyrymly. Sada uglewodlara şeker (saharoza, glyukoza, fruktoza, galaktoza), çylşyrymly görnüşine bolsa kletçatka we krahmal degişlidir. Sada uglewodlar organizm tarapyndan tiz özleşdirilýär. Mysal üçin, şeker (şeker çiňrigi ýa-da şugundyr) fruktoza we glyukoza örän çalt bölünip, eýýäm birnäçe minutdan biziň ganymyza geçýär-de, beden kuwwatlylygyny artdyrýar. Çylşyrymly uglewodlar bolsa (polisaharidler) has haýal özleşdirilýär. Emma muňa garamazdan, olar  iýmitiň oňat siňmegine ýardam berýär. Çylşyrymly uglewodlara galla, gök önümleri, ir-iýmişler, gök otlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Çaga gerek uglewodlaryň möçberi onuň hereketjeňligine baglydyr.

Ikinjiden, çaga gerekli iýmitleriň biri-de süýtdür. Bu biziň çagalykdaky  ilikinji iýmitimizdir. Biz ömrümiziň ilkinji 2-3 ýylynyň dowamynda ene süýdi bilen ulalmagymyz köp zatlardan habat berýär. Ene süýdüniň düzüminde peýdaly zatlar: aminokislatynyň 20-den gowrak,  ýagly kislotalaryň 25-den gowrak, mineral duzlaryň 30, witaminleriň 20-den gowrak görnüşleri bardyr. Şunlukda, bu iýmit adamyň hem akyl taýdan (ýagly kisltolar), hem-de bedeniniň (aminokislatalar)  ösmegine ýardam edýändir. Şoňa görä-de, süýt ýaş organizm üçin öwezini dolup bolmajak iýmit hasaplanylýar.

Üçünjiden,  çaga berilýän iýmitlere şulary: gök-önümler we ir-iýmişler, hoz, çigit we bal goşmalydyr. Bularyň baryny bişirmezden ýa-da gyzdyrmazdan bermelidir. Sebäbi şeýle edilende bu iýmitileriň düzümindäki peýdaly maddalaryň köp bölegi ýitirilýär. Gök-önümleri buglap bişirmek bolýar. Şeýle edilende olar düzümlerindäki peýdaly maddalary has köp saklaýarlar. Et önümleri babatda aýtsak, balyklary: forel we syomgany bişirip bermek maslahat berilýär. Bu balyklar  ünslülik derejesini artdyryp, ýatdaşlygy gowulandyrýan sinke, ýoda we omega-3 atly doýgun kislotasyna baýdyr. Ýod adamyň endokrin we gan köpeldýän ulgamlarynyň işini gowulandyrýandyr. Omega-3 kislotasy bolsa beýniniň işi üçin örän möhümdir. Beýniň işjeňligini artdyrmak üçin alma, armyt, üzüm ýaly ir-iýmeişleri iýmek maslahat berilýär. Düzüminde B1, B2, B3 witaminleri bolan hoz ýadawlygy aýryp, ýatdaşlygy artdyrýar. Demre baý bolan önümler: noýbalar, ýaşyl reňkli gök önümleri, guradylan erik, kişmiş we ş.m. ünslüligi artdyrýar.

Et önümleri babatda şulary aýtmak bolar: et beloga we beýleki maddalara baý bolup, işjeňligi we ösüşi kepillendirýär. Ol ýaş bedeniň doly ösmegi üçin diýseň wajypdyr. Ýaş malyň eti, aýratyn-da ýaş göläniň eti D witaminine baýdyr. Ýöne gowrulan ýa-da juda ýagly etden saklanmak maslahat berilýär.

Ýaşaýyş üçin wajyp bolan beloklary diňe etden däl, eýsem hozlardan we maňyzlardan hem alyp bolýandyr. Hoz beýni üçin tapylgasyz baýlykdyr. Lukmanlar hozy «Beýniniň baýramçylygy!» diýip atlandyrýarlar. Ylmy barlaglaryň netijesinde günde iýlen 2 hoz eýýäm bir aýyň dowamynda ýatdaşlygy gowulandyrýandygy subut edildi.

Çagany dogry iýmitlendirmegiň has netijeli bolmagy üçin, aýra iýmitlenmek usuly ulanylsa has hem oňatdyr. Bu bir gezekde diňe özara utgaşýan azyklary iýmeklikdir. Mysal üçin, gök otlar we düzüminde krahmal bolan azyklar beýleki azyklaryň hemmesi bilen «oňuşýandyr». Köp iýmit bolsa özara «oňuşmaýandyklary» üçin aýra-aýra wagtda kabul edileni gowudyr. Bu usul iýmitiň has oňat siňmegine ýardam eder.

Eger Siziň çagaňyz dogry iýmitlense, onda tiz wagtda onuň akyl derejesiniň ýokarlanyp, bilimi aňsat özleşdirýändigini görersiňiz. Kim bilýär, belki siziň çagaňyzyň gelejekki Eýnşteýn, Eýler, Nyuton bolar?!
Ref.   http://www.saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: