Benzin şizofreniýa sebäp bolýar

Saglyk, Maşgala we Çaga
Benzin şizofreniýa sebäp bolýar

Amerikaly alymlar benziniň, hu­susan-da düzüminde gurşun bolan benziniň şizofreniýa (ruhy näsaglyk) keseliniň döremegine sebäp bolup bilýändigini mälim etdiler. Nýu-Ýorkda ýerleşýän Kolumbiýa uniwersitetinde işleýän alym Ezra Susser, Sietlide geçirilen ylmy maslahatda eden çykyşynda entek enä­niň göwresinde wagty gurşun mad­dasynyň täsirine düşen bäbekleriň şizofreniýa keseline uçramak ähti­mallygynyň beýleki adamlar bilen deňeşdireniňde iki esse ýokarydygyny mälim etdi. 1959-1966-njy ýyllar ara­lygynda Oklandada ýaşan ýaş zenanlaryň 20 müňüsinde geçirilen barlaglarda göwreli aýallaryň ganynda gurşunyň bardygynyň üstüniň açylandygyny aýdan Susser barlaga gatnaşan aýallaryň köpüsiniň şol döwürde awtomobilleriň çykarýan gazyndan köp dem alandyklaryny mälim etdi.

Susser nerw öýjükleriniň arasyndaky baglanyşygyň emele gelýän döwründe gurşunyň beýnidäki nerw öýjükleriniň ulalmagyna ýaramaz täsir edýän bol­magynyň mümkindigini aýtdy. Ol beýleki barlaglardan-da şeýle netije çyksa, şizofreniýa keseliniň döremeginde benziniň täsiriniň bardygy baradaky pikiriň doly subut ediljekdigini nygtady.

Sebäbi entek doly anyklanmadyk we psihologiki birahatlygyň iň howplusy hasaplanýan şizofreniýa keseline uçraýan näsaglaryň köpüsi öz janlaryna kast edýärler.

Maşgala daragty

Durmuşa ýaňy gadam basan, bir ýaş çatynja bardy. Ýaş juwanlar kir-kimirsiz, bagtly durmuşda ýaşaýardy. Emma soň- soňlar olaryň arasynda her hili düşünişmezlik ýüze çykyp ugrapdy. Ýönekeý bir mesele-de, olara dawalaşmaga sebäp bolýardy.

Bir gije oturyp, olaryň ikisi hem oýlanypdyr. Olaryň ikisi hem aýrylyşmakçy däldi. Birden adamsy:

“Kelläme bir pikir geldi. Gel, howlymyza bir agaç ekeli. Eger agajymyz üç aýyň içinde guraýsa, onda aýrylyşaly. Eger guramasa welin, bileje ýaşabermeli. Şol wagta deňiç ikimiz aýry otagda ýataly” diýdi.

Bu pikir bilen aýaly hem ylalaşdy. Olar ertesi howlularyna bir agaç nahal ekdiler. Bir aýdan soň är-aýal gije howluda duşuşypdyr. Şonda olaryň ikisiniň hem elinde suwly bedre bar ekeni…

Dünýä gözeli-ejem jan

Bäş ýaşlyja oglanjyk telewizordaky bir gepleşige üns bilen syn edýärdi. Gepleşikde zenan maşgalalar özlerini tanadyşdyryp, soňra bolsa sahnadan ýöräp geçip gidýärdiler. Oglanjyk bu bolýanlaryň hiçisine hem düşünmänsoň, alaçsyz ejesiniň gujagyna baryp: “Ejejan, bu gepleşikde adamlar näme edýärler-aý? diýip sorady. Ejesi onuň başyny sypalap:

“Dünýäň iň gözel zenanyny saýlaýarlar, oglum! ” diýip jogap berdi. Çagajyk begençden ýaňa, ýaldyrap duran gözlerini ejesine aýlap:

“Onuň ýaly bolsa sen näme üçin bu bäsleşige gatnaşmadyň-hä eje? Gatnaşan bolsaň, sen hökman birinji bolardyň!” diýdi.

ZAMAN TURKMENISTAN GAZETI

One Response

  1. Owadan gyzlar nirede gerek?
    Serdar Gulgeldiýew
    «Aşgabatdaky «Ene mähri» hassahanasy açylanda meni hem işe aljak boldular. Ýöne bir dişimiň gyşygrak bolany üçin almadylar» diýip, saglyk öýleriniň birinde ginekolog bolup işleýän bir lukman gelin gürrüň berýär.

    Ol hassahana diňe ýaşajyk hem owadan gyzlaryň işe alynýandygyny eşitmedikler ýok bolsa gerek.

    Eger-de ol ýeri owadan gyzlaryň konkursynyň geçirilýän ýeri bolan bolsady, hassahana işe alnan ýaşajyk hem owadan gelin-gyzlary lezzet bilen synlap oturmaly bolardy. Emma ol ýer gözellik konkursynyň geçirilýän ýeri däl-de, göwreli aýallaryň iň bir kyn pursatda haraý isläp barýan ýeri. Ol ýerde çaga dünýä inderilýär.

    Ýaş ene ölüm bilen ýaşaýşyň arasyndaky göreşe girýär. Beýle pursatda ençeme ýyllyk iş tejribesi bolan lukmanlar enä hemaýatçy bolmaly. Ýöne soňky ýyllarda dünýä standartynda täze salynýan hassahanalar sebäpli, ilat arasynda uly problemalar döreýär. Beýle hassahanalara tejribeli lukmanlar işe alnyp, ol ýerlerde keseller iň ýokary derejede bejerilmeli. Ýöne, gynansagam, bu ýagdaý beýle däl. Täze gurulýan owadan hassahanalara diňe owadan hem ýaş lukmanlar, aýratyn-da ýaş gelin-gyzlar işe alynýar. Olar bolsa örän tejribesiz. Ýaş lukmanlaryň tejribesizligi sebäpli dogurjak halatynda kesilýän eneleriň bäri-aňyrsy ýok.

    Täze koordiologiýa merkezinde-de şeýle. Bejerilýänden bejerilmeýänler köp. Ýürege edilýän operasiýadan soň uzak ýaşaýanlar juda az.

    Gözellik salony däl ahyryn…

    Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda ýurduň prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtdan daşda bolmadyk Çoganly posýologynda ýokanç keselleri merkezleri müdirýeti açyldy. Bu ýerde şeýle aýylganç hem gorkunç keselleri bejermek üçinem oýun edilýär. Hassahanalar üçin ýaşajyk we owadan gyzlary almak boýunça buýruk berildi. Tejribeli lukmanlara bolsa häzirlikçe öz islegleri boýunça işden gidýändikleri hakda arza ýazdyrylypdyr. Olaryň käbirleriniň ýene işe alnaýmagy-da mümkin, alynmazlygy-da. Alynsalar-da, olar diňe iň pes hünär boýunça işe alnarlar.

    Ýurtda «Saglyk maksatnamasy» hereket edýär. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän, örän köp pullara durýan hassahanalar gurulýar. Dünýäniň iň ösen döwletlerinden iň ýokary derejeli medisina enjamlary satyn alynýar. Ýöne tejribeli lukmanlar, köpi gören halypalar işledilmejek bolsa, owadan binalardan, täze medisina enjamlaryndan ne peýda! Täze gurulýan hassahanalaryň içini ýaşajyk hem owadan gyzlardan dolduryp, ol ýerini ertekiler dünýäsine ýa-da gözellik salonyna meňzetjek bolmak nämä gerek?!

    Owadan hassahanalar näsaglary bejermek üçin däl-de, diňe owadanlyk üçin gurulýana meňzeýär.
    Azathabar

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: