Baş keseli -ýazwa

Baş keseli häzirki wagtda amaly lukmançylykda çözülmesi wajyp bolan esasy meseleleriň biri bolup durýar.Onuň wajyplygy bu keseliň etiopatogeneziniň henize çenli doly öwrenilmedikligi we bu keselden ejir çekýän adamlaryň sanynyň ýokarylygy ,wagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda agyr netijelere , hat-da maýyplyga, letal netijelere getirip bilýändigi bilen baglydyr.
Keseliň etiologiyasy. Baş keseliniň etiologiýasy barada köp işleriň edilendigine garamazdan onuň sebäbi doly öwrenilen däldir. Baş keseliniň sebäbini düşündiryän köpsanly teoriýalar teklip edilendir. Emma olaryň hiç haýsysy hem onuň etiologiyasyny doly düşündirmeýär. Häzirkizaman , keseliň etiologiýasyny düşündirýän teoriýalaryň biri hem infeksion teoriýadyr. Bu teoriýa laýyklykda keseliň esasy dörediişi “Helicobacter pilory” diýilýän infeksion agentlerdir. Bu bakteriyalar kesel adamdan sagdyn adamlara fekal-oral ýoly bilen ýokuşýarlar. Bu bakteriýalar özünden ureaza, dürli peptidazalary, proteolitiki fermentleri işläp çykarýarlar. Bu fermentler aşgazanyň we onikibarmak içeganiň nemli bardasyna zeperleýji täsir edýärler we şol yerde ýara döredýärler. Bu teoria amaly lukmançylykda geçirilen köpsanly gözegçilikleriň , barlaglaryň netijelerine daýanýar. Hakykatdan hem , baş keselinden ejir çekýän näsaglaryň 80%-nden gowragynda bu bakteriýalar tapylyar. Antibakterial bejergi geçirilende hassalaryň köp bölegi sagalyarlar. Häzirki wagtda bedende Helicobacter pilorynyň barlygyny kesgitleýän ekspess usullar işlenilip düzüldi.
Baş keseliniň etiologiyasyny düşündirýän teoriyalaryň ýene biri hem kortiko – wisseral teoriýadyr . Bu teoria laýyklykda beýni gabygy we gabygasty emele gelmeler içki organlara , şol sanda aşgazan-içege ýollaryna hem sazlayjy täsir edýärler. Dürli psihiki we stress faktorlaryň täsiri netijesinde beýni gabygynda patologiki impulslary isläp çykarýan patologiki domonanta ojaklary emele gelýär. Bu ojaklarda döreýän patologiki impulslar beýni gabygy bilen içki organlaryň arasyndaky sazlaşygy bozýarlar. Bu impulslar azaşan nerwiň ýadrolarynyň üsti bilen aşgazanyň we onikibarmak içegäniň nemli bardasynyň duz turşusyny işläp çykarýan pariýetal oýjüklerine täsir edýärler we duz turşusynyň çendenaşa köp mukdarda işlenilip çykarylmagyna getirýär. Bu impulslaryň täsiri netijesinde azaşan nerwiň tonusy mydama ýokary ýagdaýda saklanýar we bu ýagday uzak dowam edeninde baş keseliniň döremegine getirip bilýär. Duz turşusynyň çendenaşa köpislenilip çykarylmagy bolsa aşgazanyň nemli bardasyna bozujy we zeperleyji täsir edip onuň bitewiligini bozyarlar we şol yerde ýaranyň döremegine getiryär. şeyle hem onikibarmak içegäniň kadaly motorikasynyö bozulmagy netijesinde duodenogastral reflyuks bolmagy netijesinde onuň içindäki ot aşgazana zyňylýar. Ot turşulary aşgazanyň nemli bardasyna agressiw , bozujy täsir edýärler. Bu ýagdaý uzak wagtlap dowam edeninde aşgazanyň nemli bardasynyň bitewiligini bozýarlar we ýaranyň, soňlugy bilen bolsa baş keseliniň döremegine sebäp bolýarlar. Bu teoriya baş keseliniň etiopatogenezini belli bir derejede düşündirýän hem bolsa onuň etiologiyasynyň we patogeneziniň köp taraplaryny doly derejede aýdyňlasdyryp bilýän däldir.
ýene bir könelişen teoriýalaryň biri hem Asoffyň mehaniki teoriýasydyr. Bu teoriya laýyklykda ajoze gurak, gödek iýmitleriň uzak wagtlap iýilmekligi aşgazanyň we onikibarmak içegäniň nemli bardasyny uzak wagtlap gyjyndyrmaklygy netijesinde şol ýerde kem-kemden ýara hadysasy emele gelýär. Bu teoriýa aşgazanyn kiçi egremçesinde emele gelýän başlaryň döreýşini belli bir derejede düşündirýän hem bolsa baş keseliniň etiologiyasynyň we patogeneziniň ýüze çykyşynyň köp taraplaryny düşündirip bilmeýär. Hazirkizaman ylmy maglumatlar keseliň etiopatogeneziniň şeýle bir ýonekeý däldigini görkezýär. Häzirki wagtda Asoffyn teoriyasy dine taryhy ahmiýete eýedir we baş keseliniň etiopatogenezini düşündirmek üçin ulanylmayar.
Allergiki teoriya laýyklykda aşgazanyň baş keseli aşgazanyň diwarynyň dürli allergen agentler bilen sensibilizirlenmegi netijesidir.Keselin dowurleyin we sikliki gecisi, iymitin bozulmagy bilen baglylygy, we s.m. yagdaylar buteoriyanyn peydasyna bolup biler. Emma bedenin giperergiki yagdayyny bas keselinin netijesinde emele gelen yagday hokmunde hem garamak bolar.
Gaynaglama teoriyasy islendik basyn yerinde ugurdas gastritin bolmaklygyna esaslanyar. Seyle hem bas keselinin onusyrasyndaky dowurde koplenc gastrit yuze cykyar.
Himiki teoriya(Kelling, Gaberer) asgazanda basyn doremegini duz tursusynyn we pepsinin eredii we iyiji tasiri bilen baglanysdyryar.
Damar teoriyasyna (Wirhow, Rokitanskiy) layyklykda, baslar, esasan, asgazanyn damarlarynyn emboliyasy we trombozy netijesinde nemli bardada infarktyn yuze cykmagy bilen baglydyrlar. ?one tejribe sertlerinde asgazanyn nemli bardalaryna ownuk bolejiklerin- embollaryn goyberilmegi netijesinde bas keselinin tejribe modelini doretmek basartmayar.Sebabi asgazanyn nemli bardasynyn gan damarlary we kollaterallar bilen upjumciligi oran yokarydyr.
Bergmanyn newrogen teoriyasyna layyklykda wegetatiw we parasimpatiki nerw ulgamlarynyn arasyndaky denagramlyk bozulyar.Parasimpatiki nerw ulgamynyn tasiri guyclenyar.
A.D.Speranskiy bas keselinin doremegini beyninin iymit merkezinde bozulmalaryn bolmagy bilen baglanysdyryar.
H.H.Burdenko we B.H.Mogilniskiy bas keselini gipotalamus sebitinde yerlesen simpatiki nerw ulgamynyn merkezlerinin zeperlenmegi bilen baglanysdyryar.
Bas keselinin doremeginde kop derman serisdelerinin rol oynayandygy ylymda bellidir. Kliniki farmakologiyada asgazanyn we onikibarmak iceganin nemli bardasynda yara doretmage ukyply derman serisdelerinin kop gornusi owrenilendir.Mysal ucin steroid dal gaynaglama garsy derman serisdelerinin kopusi asgazanyn we onikibarmak iceganin nemli bardasynda yara emele getirip bilyar.Amaly lukmancylykda aspirin, indometasin, butadion yaly dermanlar yzygiderli ulanylanda olaryn islenilmedik effekti gornusinde asgazanda yaralaryn emele gelyandigi bellidir. Adaty basdan tapawutlylykda bu baslar yiti gornusde yuze
cykyarlar we kopculikleyin gornusinde bolyarlarlar. Tasir ediji agentler ayrylanda bu baslar bejerga calt tabyn bolyarlar.Seyle hem kabir steroid gaynaglama garsy gormonal derman serisdeleri hem asgazanda yara doredip biler.Mysal ucin – prednizolon, deksametazon yaly derman serisdeler asgazanda yara doretmage ukyplydyrlar.Kabir endokrin kesellerinde asgazanyn we onikibarmak iceganin yaralary dus gelyar. Olar bas keselinin gecisini hem agyrlasdyryarlar. Yaradan gan akmak howpuny yokarlandyryarlar.
Bas keselinin etiologiyasy gornusi yaly kop komponentlidir we onun yuze cykmagynda oran kop ekzogen we endogen faktorlar uly ahmiyete eyedir.Keselin doremegine we we yitilesmegine onun gecisine kop faktorlar-mysal ucin durli psihiki we stress faktorlar, genetiki ayratynlyklar ( bedeni asteniki gurlusly adamlarda bas keseli kop dus gelyar) , asgazanyn siresinin tursulygynyn dogabitdi yokary bolmagy, dowamly gastritlerin,we duodenitlerin bolmagy ,asgazan-icege yollarynyn durli funksional bozulmalary, ot yollarynyn diskineziyasy, iymitlenisin kadalarynyn bozulmagy (ajoze godek iymitlerin, yiti, ajy iymitleri uzak wagtlap ulanylmagy), cilim cekmeklik(cilim cekmeklik asgazandaky yaralaryn bitmegini hayalladyar) berk alkogol icgilerini uzak wagtlap yzygiderli ulanmaklyk, yokarda aydylyp gecilen steroid we steroid dal gaynaglama garsy derman serisdelerini (asetilsalisil tursusy, indometasin, deksametazon, prednizolon), lukmandan birugsat uzak wagtlap ulanmaklyk tasir edyar.Yone amaly lukmancylykda keselin doremegine getiryan sebapleri mydama anyklap bolmayar.Bu bolsa keselin bejergisinin saylanyp alynmagyna belli bir derejede oz tasirini yetiryar.
Dowamly baslaryn patologiki anatomiyasy. Su asakdaky baslar tapawutlanyarlar:
Yonekey baslar ( ulcus simplex)-olar yumsak gyraly bolyarlar.
Kallez baslar (ulcus callosum) bu baslar gyralary gaty birlesdiriji dokumaly bolyarlar.
Penetrirleyan baslar (ulcus penetrans)-bu baslaryn duybi bagyr , asgazanasty maz yada haysydyr bir gonsy organ bilen yelmesen bolyar.
Desilen baslar (ulcus perforans)-bular erkin garyn boslugyna acylyan baslar bolup duryar. Baslaryn gyrasynda taze gaynaglama hadysalary-leykositlerin infiltrasiyasy, damarlaryn ginelmegi bilen birlikde dowamly gaynaglama alamatlary gaty birlesdiriji dokumaly uytgemeler tapylyar. Bu uytgemeler nemli bardany deformirleyar.Baslaryn gyrasyndaky mazli dokumalar koplenc proliferasiya we atipiki osus yagdayynda bolyar. Seyrek bolmadyk yagdaylarda mazli epiteliyanyn atipiki osusi bilen birlikde onun howply taze doremelere gecyan pursatlary hem tapylyar. Asgazanyn diwarynyn gaynaglama infiltrasiyasyna sezewar bolan yerinde, basyn duybinde we gyralarynda bu hadysa gan damarlary hem sezewar bolyarlar.Gan damarlarynyn diwarlary arroziw uytgeyarler we jan ucin howply bolan gan akmalary yuze cykarmak howpuny doredyarler
Bas keselinin patogenezi. Bas keselinin patogenezinin ahli zynjyrlary hazirki wagtda doly owrenilen daldir.Keselin patogenezi ozunin koptaraplylygy we cylsyrymlylygy bilen tapawutlanyar.Ona garamazdan keselin patogenezinin kabir komponentleri belli bir derejede owrenildi.
Kadaly yagdayda asgazanyn we onikibarmak iceganin nemli bardasy oz nemli bardasy tarapyndan islenilip cykarylyan asgazanyn siresinin agressiw , bozujy tasirine durnukly bolyarlar.Nemli bardanyn oyjukleri calt regenerasiya ukyplydyrlar.?orite islenilip cykarylyan nem agressiw faktorlara garsy tasir edyar.
Bas keselinin kliniki kesbi
Bas keselinin kliniki kesbi hassalaryn umumy yagdayyna, keselin gecisine, keselin dowam eden wagtyna, gecirilen bejergilere we basga-da kop faktorlara bagly bolup duryar.Belli bolsy yaly, bas keseli esasan yas adamlarda dus gelyar. Bas keseline mahsus bolan esasy alamatlaryn biri hem epigastral sebitde doreyan agyrylar bolup duryar.Agyrylar bu keselde oran hasiyetli alamatlar bolup duryar.Olar hic wagt arka ?a?rama?arlar.?one hic hili kliniki alamatlary yuze cykarman gecyan gornusleri hem bolup bilyar.Olar edebiyatlarda “lal baslar” ady bilen bellidir.Olar bas keselinin haysydyr bir gayra uzulmeleri yuze cykyanca hic hili alamatlary yuze cykarman gecyarler. Agyrylaryn yuze cykysy pasyllara hem baglydyr.Adatca yaz-guyz aylarynda bas keseli has beterlesyar, yagny remissiya dowrunden residiwirleyan dowrune gecyar. Gayra uzulmeler hem koplenc su dowurlerde yuze cykyarlar.
Adatca iki hili – irki we gicki agyrylaryn bolmaklygy tapawutlandyrylyar. Irki agyrylar iymit iyilenden sonra derrew,10-15 minudyn dowamynda yuze cykyarlar. Olar orta hili yitilikden ta pycak sokulyan yaly intensiwlikde bolyarlar . Kahalatlarda agyrylar seyle bir guycli bolyar.Sonda hassalar hatda iymit iymekden hem mejbury saklanyarlar. Irki agyrylar, hacanda, bas asgazanyn nemli bardasynda yerlesen yagdayynda bolyarlar. Agyrylaryn yuze cykmagy basyn duran yeriniiymit maddalarynyn gyjyndyryp gecmekligi netijesinde bolup gecyar.
Gicki agyrylar koplenc iymit iylenden birnace sagat geceninden sonra doreyarler.Bu agyrylar hacanda bas onikibarmak iceganin nemli bardasynda yerlesen yagdayynda yuze cykyarlar.Ol hem , iymitin asgazandan gecip onikibarmak icega dusmegi hem-de yarany gyjyndyrmagy netijesinde doreyarler. Agyrylaryn intensiwligi iyilen iymitin duzumine hem-de mukdaryna hem bagly bolup biler. Ajy , burcly iymitler, guycli alkogol icgileri agyrylary has hem yokarlandyryp bilyarler.
?okarda aydylyp gecilen agyrylardan basga-da agsamky agyrylar hem tapawutlandyrylyar. Belli bolsy yaly bas keselinin patogenezinde azasan nerwin tonusynyn kadadakydan has yokary bolmaklygynyn uly ahmiyeti bardyr. ?agny onun tonusynyn yokary bolmagy asgazanyn siresinin, has takygy ,duz tursusynyn sekresiyasynyn yokarlanmagyna getiryar. Duz tursusynyn mukdarynyn cendenasa yokary bolmagy bas yarasyny gyjyndyryp agyry duygularynyn doremegine getiryar.Bu koplenc gije bolup gecyar.Onun ozi bolsa agsamky agyrylaryn yuze cykmagyny sertlendiryar.
Bas keselli hassalar adatca hor bolyarlar. Koplenc asteniki beden gurlusly bolyarlar.Olarda ?ene bir alamat sary gaynama bolup duryar.Ol ugurdas giperasid gastritin barlygyna sayatlyk edyar.
?urek bulanma we gaytarma iymit sindiris we spastiki gornusli agyrylar wagtynda yuze cykyar.Gusmadan sonra agyrylar azalysyar we hassanyn ozuni duyusy onatlasyar. Yurek bulanma we gusmaklyk asgazanyn onikibarmak icega gecyan yerinde gysylma bolanda hem doreyarler.
Isda hassalaryn kopusinde bozulmadyk , hat-da yokar-lanan bolyar. ?one hassalar agyry sebapli az iymeklige calysyarlar.
Hassalaryn kopusinde taret saklanan bolyar. Ol icegelerin gipotoniyasy bilen bagly bolyar.
Ellenip barlananda garyn sebitinde basyn proyeksiyasyna gabat gelyan agyry nokadyny tapmak mumkin .
Gagirme alamaty bas keselli hassalarda durli hasiyetli bolyarlar.Tursy we metalliki tagamly gagirmeler giperasid gastritlere we taze baslara hasiyetli bolyarlar.
Bas keselinin gayra uzulmeleri.
Bas keselinin gayra uzulmeleri hassalar ucin agyr yagdaylary yuze cykaryp kop halatlarda hassalaryn jany ucin howply yagdaylara getirip bilyarler. Bas keselinin gayra uzulmeleri amaly lukmancylykda yygy dusyan yagdaylardyr. Bas keselinin gayra uzulmeleri bu hassalaryn bejeris taktikasynyn saylanyp alynmagyny we keselin uzagyndan prognozyny kynlasdyryar. Bas keselinin gayra uzulmeleri koplenc bu keselden uzak wagtlap ejir ceken hem-de oz wagtynda doly we dogry bejerilmedik hassalarda yuze cykyar. Bu gayra uzulmeler oz wagtynda bejerilmedik yagdayynda hassalar ucin olum netijeli tamamlanyp biler(mysal ucin- basdan gan akmagy). Bas keselinin gayra uzulmeleri koplenc hirurgiki bejergileri talap edyar.

Bas keselinin gayra uzulmeleri su asakdaky toparlara bolunyar:
1)Başyň deşilmegi ( perforasiyasy).
2)Başdan gan akmagy .
3)Başyň duran ýerini deformirlemegi ( pilorostenoz).
4)Başyň howply täze döremelere – howply çişlere geçmegi (başyn malignizasiyasy).
5)Başyň goňşy agzalara geçmegi ( başyň penetrasiyasy).
Basyn desilmegi – perforasiyasy – bu oran howply gayra uzulmelere degisli bolup duryar.Bu yagday koplenc bas keseli uzak wagtlap dowam edeninde we bejergi alynmadyk yagdayynda yuze cykyar. Yara prosesi asgazanyn nemli , muskul gatlaklaryny zayalap in sonundan dasky seroz bardasyna yetyar. Hacanda yara hadysasy dasky seroz gatlaga yeteninde bas desilip bilyar. Amaly lukmancylykda “lal baslar” diyilip atlandyrylyan baslaryn desilyan wagtlarynyn dolyandygy bellidir. Bu yagdaylarda bas keseli hic hili alamatsyz gecyar we ta bu agyr gayra uzulme yuze cykyanca hassalar hic hili arz – sikayat bildirmeyarler welukmana bejergi ucin yuz tutmayarlar.Beyle hassalarda bas keseline hasiyetli bolan anamnez bolmayar. Bu bolsa kahalatlarda bas keselinin desilmegi kesgitlemesinin dogry goyulmagyny kynlasdyryp biler.
Basyn desilmegi ozune hasiyetli bolan alamatlar bilen yuze cykyar. Basyn desilmegi esasan kop mukdarda iymit iyilenden sonra yuze cykyar. Nasaglaryn garyn sebitinde pycak sokulan yaly hasiyetli bolan agyry yuze cykyar. Agyry oran yiti bolyar. Agyrynyn derdinden yana hassalar iki bukulip yatyarlar. Islendik hereket agyryny cydap bolmajak derejede guyclendiryar.Bu dowur – ilkinji sok dowri diyilip atlandyrylyar. Su dowurde hassalaryn soga dusmegi mumkin. Hassalary sowuk , sepbesik der basyar. Su dowurde guycli agyrynyn yuze cykmagy pariyetal garyn bardasyndaky nern ahyrjyklaryna agressiw maddalaryn tasir etmegi netijesinde yuze cykyar. Bu yagday birnace sagada cenli dowam edyar.Dem alysa garyn gatnasmayar. Bu dowurde hassanyn ici ellenenip barlananda garyn tagta yaly gaty bolyar.Ol garnyn onki diwarynyn muskulaturasynyn tonusynyn yokarlanmagy netijesinde bolup gecyar.Garnyn hemme yeri agyryly bolyar, has agyryly nokady asgazanyn sebitinde bolyar.Kakylyp barlananda 60% yagdayda bagyr kutekliginin sebitinde timpaniki ses kesgitlenilyar, garnyn gapdal sebitlerinde bolsa kahalatlarda erkin hereketlenyan suwuklygy kesgitlemek bolyar.Auskultasiyada peristaltika kesgitlenilmeyar.Rentgenoskopiyada bagyr wediafragmanyn aralygynda orak sekili gornusinde howanyn toplanmagy gorunyar. Ondan sonra ikinji dowur-yalan gowulasma dowri baslanyar. Bu dowur oran wajyp bolup duryar. Su dowurde agyrylar az-kem azalysyp baslayar. Onun sebabi- pariyetal garyn boslugy agressiw maddalaryn tasirine owrenisip baslayar. Adaptiw – kompensator mehanizmler ise girisyarler. Icegeler we uly icyaglar , icegelerin cozleri gaynaglama sebitini caklendiryarler. Ol yere gaynaglama mediatorlary yygnanyarlar we fibrin cokyar. Netijede agyry gowsayar we hassanyn yagdayy gowulasan yaly bolyar. Bu bolsa diagnostiki yalnyslyga getirip biler. Sonun ucin bu dowur hassanyn yagdayyna ayratyn gozegciligi talap edyar.Bu dowur 2-3sagada cekyar we ucunji dowre, yagny,yayran peritonit dowrune gecyar.?ayran peritonit hadysasy bedenin reaktiwligine belli bir derejede baglydyr.Eger-de bas yzky icyag torbasyna desilen bolsa onda peritonit yayran hasiyete eye bolup bilmeyar, yagny caklenen peritonit emele gelyar. Seyle hem yapylan desikler bolmagy mumkin.Bu yagdayda desikler fibrin ortugi, iymit maddalary bilen yapylyp biler.Ol bolsa keselin klinikasynyn yuze cykysyny uytgedipbilyar we kesgitleme goymaklygy belli bir derejede kynlasdyryar.
?ayran peritonit dowri-howply dowur bolup garyn boslugynda guycli irinli gaynaglama hadysasynyn baslanmagy bilen hasiyetlenyar.Bu dowurde gaynaglama , irinli hadysalar tutus garyn boslugynyn nemli bardasyny gursap alyar.Hassalaryn yagdayy yene-de yaramazlasyar. Olar gyzdyryp we usudip baslayarlar. Garnyn agyrysy has-da guyclenyar. Hassanyn dili agymtyl hapa ortuk bilen ortulyar, gurak bolyar.Ellenende garnyn onki diwarynyn hemme yerinde Syotkin-Blyumbergin alamaty polozitel bolyar.Garnyn diwary tagta yaly gaty bolyar.Hassalaryn pulsy caltlasyar.Bedenin gyzgyny yokarlanyar.Barha osyan gaynaglama-irinleme hadysalary bedenin umumy intoksikasiyasyna getiryar. Hassalaryn any bulasyp baslayar. Icegelerde parezin guyclenmegi sebapli garynda “tabyt umsumligi” alamaty polozitel bolyar. Hassalarda taretin cykmagy saklanyar.Bu alamatlar oran howply yuze cykmalar bolup wagtynda komek edilmese olum netijesi bilen tamamlanyp biler.Sol alamatlar bedende cunnur bozulmalaryn osyandigine sayatlyk edyar.Sonun yaly-da diafragmal nerwin gyjyndyrylmagy netijesinde syncgylawuk bolmagy mukin. ?urek bulanma we gaytarma bolyar.
?ayran peritonit dowri dine hirurgiki usul bilen bejerilyar. Bu yagdaya dusen hassalarda olum netijeli gutarmaklyk oran yokary derejelerde bolyar.
Basdan gan akmagy – oran howply gayra uzulme bolup onda olum netijesi oran yokary bolup duryar. Ol yiti we dowamly gan akmalara bolunyar.Basdan yiti gan akmagy , esasan , dowamly baslarda we steroid hem steroid dal gaynaglama garsy derman serisdelerinin ulanylmagy netijesinde yuze cykan baslarda bolyar.Dowamly baslarda diwarlary arroziw uytgan gan damarlaryndan gan akyar. Aspirinin tasirinde gan akmalar has howpludyr.Sebabi aspirinin antiagregant tasiri ganyn spontan durmagyny hayalladyar. Basdan gan akmagy icki gan akmagyn klinikasy bilen gecyar. Ilkibasda hassalar calt osyan ysgynsyzlyk duyyarlar.Nasaglary sowuk der basyar.Yurek urgusy kompensator caltlasyar. Arterial gan basysy calt peselyar.Derinin we gorunyan nemli bardalaryn renki agymtyl – solak bolyar.Kahalatlarda ?zunden gitme we kollaps ?agda?y bolmagy mumkin. Puls sapak g?rnusli bol?ar. Garacygy ginel?ar. Puls caltlas?ar we sekuntda 100-120 urga cenli ?etip bil?ar.
Onikibarmak icegeden gan akmada ganly gusmaklygyn bolmazlygy-da mumkin.??ne ganakmadan 12-24 sagat geceninden sonra gararenkli suwuk taret pe?da bol?ar. Ganyn umumy barlagynda eritrositlerin we gemoglobinin mukdarynyn azalmagy tapyl?ar. Gemoglobinin mukdarynyn ilkinji sagatlarda 20%-den peselmegi ?ran howply alamat bolup dur?ar. Sebabi konserwatiw bejergi gecirilende hassalaryn 50%-i helak bol?ar. Hassalar gan gaytaryp baslayarlar. Ganyn renki kofe cokundisini yadyna salyar.Ol asgazan siresinin duzumindaki duz tursusy bilen gandaky gemoglobinin ozara tasir edismegi netijesinde emele gelyan duztursy gematin bilen baglydyr.Bu ayratynlyk ony demalys yollaryndan gelip cykyan ganakmalar bilen tapawutlandyrmaga komek edyar. Dem alys yollaryndan gelyan gan acyk gyzyl renkli we kopurjikli bolyar .Gan akma yiti gecende ilkinji komegin oz wagtynda berilmegi oran wajypdyr we ol hassalaryn janyny saklamaga yardam beryar.
Dowamly gan akmalaryn kliniki alamatlary hayal we kem-kemden yuze cykyar. Hassalarda dowamly ganazlygyn alamatlary emele gelip baslayarlar. Taretin renki garalyp baslayar.Ganyn umumy barlagynda gemoglobinin mukdary peselyar. Doly yygnalan anamnez we degisli barlaglaryn gecirilmegi gan akmanyn ilkinji cesmesini yuze cykarmaga mumkincilik beryar.
Basyn duran yerini deformirlemegi (pilorostenoz)- bas keseli kop yyllap dowam edeninde yuze cykyar Bas emele geleninde onun duran yerinde kop mukdarda birlesdiriji dokumalar osyarler we kem – kemden organyn duran yerini deformirleyar. Esasan, bas onikibarmak icegede yerlesende bu gayra uzulme yuze cykyar.”Opusyan baslar” bolan yagdayynda olar kem-kemden iceganin diwaryny deformirleyarler. Onun boslugy daralyp baslayar we kem-kemden ondan ilkibasda iri we godek, sonra bolsa ownuk iymit massalarynyn gecmekligi kynlasyp baslayar. Keselin basky dowurlerinde iymitin gecmekligi asgazanyn we onikibarmak iceganin guycli osen muskulaturasynyn hasabyna amala asyrylyar. Bu hadysa seylelikde uzak wagtlap kompensirlenyar.?one bu yagday uzak dowam etdigice muskulatura dusyan agram has yokarlanyar we bu muskullar artykmac islemeli bolyarlar.Netijede dekompensasiya dowri baslanyar. Bu dowurde hassalar iymit yetmezciligi sebapli horlanyp baslayarlar. Iymitin onikibarmak icegeden gecip bilmeyandigi sebapli onun asgazandaky ewakuasiyasy hayallayar. Iymit massalarynyn asgazanda uzak wagtlap saklanmagy netijesinde iymitler zayalanyp we tursap baslayarlar baslayarlar .Hassalarda gagirmeklik we yurek bulanma alamatlary yuze cykyar.Gagiren wagtynda hassalar zayalanan yumurtganyn tagamyny duyyarlar.?urek bulanma oran yakymsyz bolyar we adatca iymit iyilenden sonra yuze cykyar. Sol sebapli hassalar hatda iymit iymekden hem yuz owuryarler.Adatca bu yurek bulanmalar hassanyn gusmagy bilen tamamlanyar.Gusuk massalar bilen bilelikde suw we durli elektrolitler yitirilyar. Organizmde madda calsyklary bozulyp baslayar. Hassalar oran horlanyarlar. Belok aclygy yuze cykyar. Asgazanyn we onikibarmak iceganin muskulaturasynyn dekompensirlenmegi netijesinde asgazan ginelyar.Ona gastroektaziya diyilyar. Gipowitaminozyn, anemiyanyn alamatlary doreyar.Bu yagdaylaryn ahlisi bedenin doly tapdan dusmegine getiyar.
Stenozynň şu asakdaky görnüşleri tapawutlandyrylýar:
Kompensirlenen döwri: Bu döwurde iýmitiň geçişi haýallaýar. ýöne hassanyň umumy ýagdaýy kanagatlanarly bolýar. Kliniki alamatlar doly ýüze çykmaýar.
Subkompensirlenen döwri: bu döwürde iýmitiň geçişi has-da haýallaýar. Kliniki alamatlar has aýdyn ýüze çykyp başlaýar. Iýlen iýmitler uzak wagtlap siňmeýärler. ýöne bedende entek duýpli bozulmalar ýüze çykmaýarlar.
Dekompensirlenen döwri-onda iýmitiň geçişi bolmaýar diýen ýalydyr. Soňlugy bilen hat-da suwuk iýmitler hem geçip bilmeýär. Iýmitiň söndirilişi bozulýar. Iýmit iýlenden soňra garyn sebitinde agyrlyk, çişme, agyry duulýar. Gusuk massalarda birnäçe gün öň iýilen iýmitler hem tapylýar. Hassalar käwagt özleri mejbury gusmga calysýarlar. Gusmaklyk olarda ýeňillik döredýär. Olarda güýçli tesnelik duýgusy döreýär. Peşewiň çykyşy olarda azalan bolýar.
Umumy seredilende hassalar tapdan düşen, deri ceýeligini ýitirýär. Gurak, ýygyrtly bolýar. Garyn ellenip barlananda aşgazanda suwuklygyň sesi eşidilýär. Rentgenologiki barlaglarda uly ölcegli aşgazan, kontrastyň hereketiniň bolmazlygy, 24-48 sagatdan soň hem aşgazanda bariniň bolmaklygy tapylýar.
Başyň howply täze döremelere geçmekligi (malignizasiyasy) – örän howply gaýra üzülme bolup ol esasan , baş keselinden uzak wagtlap ejir çeken hassalarda duş gelýär. Täze döremeler birbada ýüze çykmaýarlar. Olar birleşdiriji dokumanyň ösen ýerinde emele gelip , soňra beýleki organlara metastaz berýärler. Baş keselinden uzak wagtyň dowamynda ejir çeken näsaglar bu howply topara degişli bolup durýarlar. Howply täze däremeleriň emele gelmegi çişiň döremeginiň özüne mahsus bolan tapgyrlarda bolup geçýär. Başyň duran ýerinde dürli trawmalaryň mutagen faktorlaryň uzak wagtyň dowamynda täsir etmegi netijesinde ragyň onusyrasyndaky ýagdaý emele gelýär. Keseliň irki stadiýalarynda ilkibaşda atipiki oýjükler biopsiçada tapylýar. Olar sonlugy bilen has kopelyarler we infiltratiw osuse eye bolyarlar. Gynansakda , bu gayra uzulmeler ozwagtynda hic hili alamatlary bermeyarler. Sonun ucin hassalar lukmana oran gic yuz tutyarlar .Ol wagtda eyyam gonsy organlarda , esasan hem bagyrda kopculikleyin metastazlar yuze cykarylyar. Endoskopiki barlaglarda howply cisi yuze cykarmak adatca kyncylyk doretmeyar. Cisler infiltratiw yada komelek gornusinde osyarler. Subheli yagdaylarda biopsiya alyp kesgitlemani doly goymak mumkin. Howply taze doremelerde yuze cykyan kliniki alamatlar bu yerde hem mahsusdyr. ?agny, calt horlanmak , ysgynsyzlyk, we beyleki “kici” alamatlaryn yuze cykmagy bellenilyar.Gonsy organlara metastazlaryn bolmagy, cisin dargamagy, ondan gan akmagy keselin gecisine, bejergisine hem-de prognozyna duypli tasir edyar.Su yerde masgala lukmanlaryna uly jogapkarcilik dusyar. Howply cislerin yuze cykysynyn kici alamatlaryny bilmeklik , hassany wagtal -wagtal endoskopiki barlaglara yollamak arkaly keseli has irki dowurlerde,howply taze doremeler heniz yerli hasiyetlika yuze cykarmak mumkin. Onun ozi keselin prognozynyn has gowulasmagyna onayly tasir edyar. Bu gayra uzulmeler onkolog lukmany tarapyndan bejerilyar.
Basyn penetrasiyasy diylip basyn gonsy organlara gecmegine aydylyar.Bas koplenc asgazanasty maze, bagyra, uly we kici icyaga, icyag torbasyna penetrirlenyar. Netijede agyrylaryn hasi?eti hem u?tge?ar. Adaty spazmolitikler munda az pe?da ber?ar. Agyrylar has dowamly we intensiwligi ?okarlan?ar. Penetrasi?alar sonlugy bilen durli swislerin ?uze cykmagyna getirip biler. Bas keselinin diagnostikasy
Bas keselinin diagnostikasy esasan hassahana sertlerinde amala asyrylyar. Ony kesgitlemek ucin birnace anyklayys barlag usullary ulanylyar.Olaryn biri hem kontrast maddalaryn komegi bilen asgazan-icege yollaryny rentgen arkaly barlamakdyr.Kontrastyn komegi bilen rentgen arkaly barlamak oran ginden ulanylyan usullaryn biridir. Bu boyunca keseli anyklamak koplenc basardyar. Onun ucin kontrast madda hokmunde koplenc bariy sulfaty ulanylyar. Ol ak porosok gornusli madda bolup onun ergini hassalara icirilyar. Bariy sulfatynyn ergini icirilenden sonra ol ergin asgazan-icege yollary arkaly hereket edyar we patologiki uytgan yerlerde belli bir alamatlary yuze cykaryar. Bas keselinde esasy alamatlaryn biri hem “jubi” alamatydyr. Bu alamat, esasan, yara bolup onun duran yerinin defektini kontrastyn doldurmagy netijesinde doreyar. “Jubi” alamaty kontrast bilen asgazan dolandan sonra sonun fonunda onun konturlaryndan cykyp duran emele gelme gornusinde gorunyar. Ol yaranyn olceglerine baglylykda uly ya-da kicirak bolup biler. Bu alamat asgazanyn bas keselinde oran hasiyetli rentgenologiki alamatlaryn alamatlaryn biri bolup duryar.
Kontrast bilen barlamagyn basga-da oran uly ahmiyeti bardyr. Onun komegi bilen asgazan icege yollarynyn gecirijiligini, motorikasyny, nemli bardasynyn gurlusy, ondaky durli emele gelmeler barada yeterlik maglumatlary almak bolyar. Seyle hem, pilorostenozda bu barlag usuly oran gymmatlydyr. Stenozyn alamatlary bar bolanda kontrast maddanyn asgazandan ewakuirlenmegi oran hayal bolyar. Seyle hem agirt mocberlerde ginelen asgazanyn konturlary gorunyar.
Hazirki wagtda bas keselini anyklamak ucin ginden ulanylyan usullaryn biri hem endoskopiya usulydyr Bu usul yorite enjamyn-fibrogastroskopyn komegi bilen gecirilyar. Bu enjamyn komegi bilen asgazanyn we onikibarmak iceganin nemli bardasy goniden-goni barlanylyar.Bu usul oran amatly , calt gecirilyan barlag usuly bolup onun takyklyk netijesi gaty yokary bolup duryar.Onun komegi bilen dine bir kesel anyklanylman, eysem, kabir bejeris manipulyasiyalaryny hem yerine yetirmek bolyar.Onun komegi bilen nemli bardadan bioptat almak we barlamak bolyar.

keselinin bejergisi.
Bas keselinin bejergisini su asakdaky mysaly shema gornusinde gorkezmek bolar:
***
1) Omeprazol 20mg x 2 gezek . 7 gun.
Metron 250mg x 4 gezek. 7 gun.
Amoksisillin 500mg x 4 gezek . 7 gun.

***
2) Gastrostat 1tabl x 4 gezek . 10 gun .
Omeprazol 20mg x 2 gezek . 10 gun .
***
3) Ranitidin 1tabl x 2 gezek. 7 gun.
Trihopol 0.25 x 4 gezek . 7 gun.
Amoksosillin 500mg x 4 gezek. 7 gun.
***
4) Famotidin 20mg x 2 gezek. Sag. 3:00, 20:00. 4 hepde.
Trihopol 0.25mg x 4 gezek. 7 gun.
Amoksosillin 0.5 x 4 gezek. 7 gun.
***
Bu bejergilerin gecirilmegi entek bas keselinin doly bejerilendigini anlatmayar. Ondan dasgary hassalar asgazanyn nemli bardasyny gyjyndyryan iymitleri, berk alkogol icgilerini ulanmakdan saklanmalydyrlar. Cilim cekmeklik yaranyn bitismegini oran hayalladyar. Piwo icmeklik yaradaky gaynaglama hadysalaryny has-da yitilesdiryar.Yokarda getirilen bejeris shemasy kopsanly shemalaryn birnacesidir. Bar bolan dermanlaryn gornusine baglylykda ol uytgap biler. Gastroprotektorlaryn, proton nasosynyn ingibitorlarynyn, ortuji dermanlaryn antasidlerin, antibiotiklerin utgasdyrylyp ulanylmagy keselin bejergisine onayly tasir edyar. Sagalys mohletini caltlasdyryar.
***
Bas keseli barada kop zatlary aytmak bolardy. Yone bu kesel baradaky maglumatlary bir makalanyn cagine sygdyrmak mumkin dal. Makalada dine esasy we umumylasdyrylan maglumatlar getirildi. Makala ucin Turkmen Dowlet Lukmancylyk institutynyn Urologiya okuwly Gospital hirurgiya hem-de Kliniki farmakologiya we Endokrinologiya okuwly Gospital terapiya kafedralarynyn leksion materiallaryndan maglumatlar peydalanyldy.
Ýazan : Dr. Saparmyradow Ilmyrat
Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy

Ref.iatp.edu.tm/lukmandz

6 Responses

  1. […] Baş keseli -ýazwa […]

  2. […] Baş keseli -ýazwa […]

  3. Nahardan son suw gelmek. Sebapler nahardan son suw gelyar

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: