Ýal­ňyz adam has köp üşe­ýär

Ýal­ňyz­lyk aşa se­miz­lik­den has howp­ly, çi­li­miň de­re­je­sin­de zy­ýan­ly
Gün­ba­tar ýurt­la­ryn­da giň­den ýaý­ran ýal­ňyz­ly­gyň adam sag­ly­gy üçin aşa se­miz­likden has howp­ly hem-de çi­lim çek­mek ýa­ly zy­ýan be­ri­ji­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ýag­ny ýa­kyn do­gan-ga­ryn­daş­la­ry hem-de go­wy dost­la­ry bo­lan adam­lar has uzak ýa­şa­ýar­lar. Dowamy

Her bazar üçin iýmitleriň hiline gözegçilik etmeli lukmanlar oturýarlar

Iýmit
Çoluk Möwlamow
Hemmämize-de mälim bolşy ýaly, adamyň ýaşaýşy iýmit bilen. Iýmit jana lezzet bermedik ýagdaýynda örän howply hem zyýanly zada öwrülýär.

Iýmit bolçulygyny döretmek adamyň ýaşaýyş üçin iň bir zerur borçlarynyň biri. Bu bolçulygy döretmek kim üçin gazanç çeşmesi, kim üçin borç. Ol borç bolanda-da, nebis bolanda-da, iýmit bilen iş salyşýan adamlarda ilki bilen arassa ýürek bolmaly. Dowamy

Göwrelilik döwründäki kynçylyklar

Göwrelilik döwründäki kynçylyklar
Kim köp töwekgellik edýär?
– 15 ýaşda ilkinji gezek göwreli bolan zenanlar (irki ilkinji göwrelilik).
– 35 ýaşda we ondan soñ ilkinji gezek göwreli bolan aýallar (giçki ilkinji göwrelilik).
– Anamnezinde ýokary arterial gan basyşynyñ bolmagy.
– Gan basyşy yzygiderli ýokarlanýan aýallar.
– Ýürek keselliler. Dowamy

Köpimiz dişleriň sagdynlygy ýa-da keselliligi ene-atadan geçýändir diýip pikir edýäris

Sagdyn dişler hemmeleriň arzuwy
Biziň her birimiz owadan we sagdyn dişlerimiziň bolmagyny isleýän bolsak gerek. Emma, gynansak-da, köpimiz dişlerimiz hakynda nähili alada etmelidigimizi doly bilemzok, onsoňam bu hakda birnäçe ýalňyş düşünjeler bar. Dowamy

Narpyzyň ergini, ýapragy agzyňdaky ýakymsyz ysy aýyrýar

Narpyz
Narpyz örän peýdaly, hoşboý ysly ösümlikdir. Bu ösümlik yzgary, ýagtylygy we mes topragy halaýar. Narpyz kellagyryny, garyn-içege kesellerini, içgeçme, ýürek-damar näsazlygy, öýken, inçekesel, böwrek, bagyr, burun-bokurdak, dümew, sarygetirme, deridäki çiş, düwürtik ýaralary, babasil keselini, şeýle hem guragyry, aşgazan şiresinde kislotanyň mukdary köp bolanda, damar çekme, nerw ulgamyny gowulandyrmakda, ukusyzlygy bejermekde gowy peýda edýär. Bedende, deride çiş-gabarçak emele gelse, narpyzyň suwy bilen ýuwunmak peýdalydyr. Dowamy

Gara şokolad ýokary gan basyşynyň emi

Gara şokoladyň peýdalary
1) Gara şokolad ýürege peýdaly

Hepdäniň dowamynda birnäçe bölek gara şokolad iýmekligiň sowuklama we ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy mälim edildi. Italiýadaky „Campobasso“ uniwersitetiniň alymlarynyň Milanonyň Düwnük keselleri instituty bilen bilelikde geçiren ylmy barlaglary hepdede 2-3 sapar 1-2 bölek gara şokolad iýmekligiň hroniki sowuklamanyň öňüni alyp biljekdigini, ýürek-damar kesellerini we beýni ganamasy töwekgelçiligini azaldýandygyny ýüze çykardy. Barlag geçirmäge gatnaşyjylaryň ganyndaky sowuklamanyň derejelerini ölçän alymlar şokolad iýen topardakylarda bu koefisientiň 17 göterim azdygyny ýüze çykardy. Ylmy barlagçylar bu ýagdaýy şokolad ýürek-damar kesellerine duçar bolmak töwekgelçiligini zenanlarda üçden bir, erkeklerde dörtden bir azaldyp biler diýip teswirledi. Dowamy

Na­no­ab­zal­la­ryň kö­me­gi bi­len der­man se­riş­de­le­ri­ni kes­git­le­nen wagt­da be­de­niň ze­per ýe­ten öý­jük­le­ri­ne el­tip bol­ýar

BE­JE­RIŞ ÜÇIN ZE­RUR

DNK-nyň esa­syn­da öz-özü­ni top­la­ýan na­no­ab­zal he­re­ket edip, ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da bol­sa şek­li­ni üýt­ge­dip bil­ýär.
Har­ward uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky bar­lag ge­çi­ri­ji­ler DNK-nyň mo­le­ku­la­la­ry­nyň zyn­jyr­jy­gy­nyň esa­syn­da taý­ýar­la­nan na­no­ab­za­ly oý­lap tap­dy­lar. Prog­ram­mir­le­nen na­no­ab­zal dür­li hi­li he­re­ket edip we öz şek­li­ni üýt­ge­dip bil­ýär. Bu aý­ra­tyn­lyk şeý­le na­no­ab­zal­la­ryň na­no­luk­man­çy­lyk pu­da­gyn­da ula­ny­ly­şa gi­ri­zil­me­gi üçin amat­ly şert dö­red­ýär. Dowamy

Bu möwsümde haýsy miweler iýmeli?

HER DERDE MELHEM
Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramak üçin örän wajyp zerurlyk bolup hyzmat edýär. Tomsuna ýetişýän miweler we gök önümler bu pasylda zerur bolan witaminleriň bedenimize aralaşmagyny ýola goýýar. Eýsem, bu möwsümde haýsy miweler iýmeli? Dowamy

Alymlar te­le­wi­zo­ryň ça­ga­la­ra has oňaý­syz tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny äş­gär et­di

TE­LE­WI­ZO­RA AZ­RAK SE­RE­DIŇ! 
Gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len te­le­wi­zo­ryň sag­ly­gy­my­za ýe­tir­ýän oňaý­syz tä­si­ri ba­ra­da bi­ziň her bi­ri­miz bil­ýän bol­sak ge­rek. 
Go­laý­da Mont­re­al uni­wer­si­te­ti­niň (Univer­si­te de Mont­re­al), Sent-Jas­tin uni­wer­si­te­ti­niň göz­leg mer­ke­zi­niň (Sa­in­te-Jus­ti­ne Univer­si­ty Hos­pi­tal Re­se­arch Cen­ter) we Mi­çi­gan uni­wer­si­te­ti­niň (Univer­si­ty of Michi­gan) bi­le­lik­de ge­çi­ren bar­la­gy te­le­wi­zo­ryň ça­ga­la­ra has oňaý­syz tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny äş­gär et­di. Bar­la­gyň ne­ti­je­si “Archives of Pe­di­at­rics & Ado­lescent Me­dicine” žur­na­lyn­da çap edil­di. Bar­la­ga gö­rä, te­le­wi­zor gör­ýän ça­ga­lar okuw­la­ryn­da üs­tün­lik ga­zan­ma­ýar­lar. Şeý­le ça­ga­lar­da ki­çi­li­gin­den ýa­ra­maz gy­lyk­lar ýü­ze çy­kyp baş­la­ýar. Dowamy

Dünýä ýüzünde ekerançylykda ulanmaklyga niýetlenen kämil enjamlary

Ö.Jumadurdyýew
Taslamanyň Sakarçäge etraby boýunça ýerli ýolbaşçysy

Topragyň önümliligini artdyrmagyň usullary
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Dünýä ekologik gaznasynyň we Germaniýanyň tehniki hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Ýer baýlyklaryny durnukly dolandyrmak üçin ýerlerde mümkinçilikleri döretmek we maliýeleşdirmek” taslamasynyň maksady ýerden peýdalanýanlaryň bilimlerini ýokarlandyrmak bilen utgaşykly tehniki çareleri önümçilige ornaşdyrmakdyr. Dowamy

Gök ça­ýyň gö­ze hem peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy

Gök çaý gö­ze şypaly
Hä­zir­ki wag­ta çen­li gök ça­ýyň adam be­de­ni­niň im­mu­ni­te­ti­ni art­dyr­mak­da peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bi­lin­ýär­di.
Go­laý­da ge­çi­ri­len bir bar­la­gyň ne­ti­je­si­ne gö­rä, gök ça­ýyň gö­ze hem peý­da­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. “The Te­leg­raph” ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Gon­kong Hy­taý uni­wer­si­te­ti­niň göz has­sa­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry kä­bir göz ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ne­pi deg­ýän­di­gi mä­lim edil­ýär. Dowamy

Çi­lim­keş­le­riň ze­hin de­re­je­si­niň has pes­li­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy

Çi­lim ak­la-da tä­sir ed­ýär
Çi­lim çek­me­giň di­ňe bir öý­ke­ne däl-de, eý­sem-de bol­sa, be­de­ni­mi­ziň tas hem­me sy­na­sy­na di­ýen ýa­ly er­bet tä­sir ed­ýän­di­gi eý­ýäm alym­lar ta­ra­pyn­dan anyk­la­nyl­dy. Esa­sa­nam, öý­ken we ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ne se­bäp bol­ýan çi­li­miň ada­myň ak­ly­ny hem pe­se ga­çyr­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Dowamy

Raff­le­sia at­ly gül dün­ýä­niň iň uly gü­li

Dün­ýä­niň iň uly gü­li
In­do­ne­zi­ýa­nyň to­kaý­lyk­la­ryn­da ýe­tiş­ýän “Raff­le­sia” at­ly gül dün­ýä­niň iň uly gü­li ha­sap­lan­ýar.
Onuň aç­ýan gü­lü­niň dia­met­ri 1 met­re go­laý­la­ýar. Iki hep­de­lik öm­ri bo­lan bu gül­ler dün­ýä­de di­ňe In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra we Bor­neo Ada­la­ry hem-de Gü­nor­ta Taý­land­da­ky “Khao Sok” go­rag­ha­na­syn­da ýe­tiş­ýär. Bir hep­de­de gül­le­ýän gül ikin­ji hep­de­de sol­ýar. Gü­lü­niň agyr­ly­gy bol­sa 11 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar. Dowamy