DİŞ AGYRYNYŇ EMI TAPYLDY
Ýakynda alymlaryň bir topary keseli täzeden bejerip bolýan ýukajyk nanoperdeleri ýasadylar. Diş lukmançylygy baradaky geň habary http://www.gizmag.com saýtynda okamak mümkin.
Ýumşak dokumalardan ybarat bolan diş ýoljagazlary dişiň bir bölegi bolup, ol dişiň merkezinde ýerleşýär. Dişiň işjeňligini amala aşyrýan nerwler we gan aýlanyş damarlary bu ýoljagazyň üstünden geçýärler. Diş ýoljagazlarynyň ýumşak dokumalaryna ýa-da nerwlere ýeten zeper dişiň çişmegine ýa-da sowuklamagyna getirýär. Diş çişmesi, sowuklama bolsa ýakynda ýerleşen dokumalary zaýalap bilýär.
Ilki-ilkiler nerwi ýa-da dokumasy zaýalanan dişi aýyrýardylar. Soňra bolsa zyýan ýeten dokumalary aýryp, dişiň özüni halas edip bolýan usullar ýüze çykdy. Häzirki wagtda zeper ýeten dokumalary täzeden dikeltmek hem-de çalyşmak boýunça birnäçe usullar öwrenilýär.
Alymlar “alfa-MSH” (ALPHA MELANOCYTE STIMULATING HORMONE) atly materialyň kömegi bilen ýukajyk nanoperdeleri işläp taýýarladylar. Düzüminde “alfa-MSH” material bolan nanoperdeleriň esasynda sowuklan dişi bejerip, şeýle-de täze dokumalary döredip bolýar.
Barlagyň netijeleri dogrusynda “ACS Nano” žurnalynda habar berildi.
referans:www.zamantm.com
Filed under: Bütin Temalar, Habarlar, Saglyk |
Dr.Mämed Şirmuhammedi
(Dr. Mehmet Gökleň)
Dr.Mämed Şirmuhammedi, 18.5.1912-nji ýylda Kümüşdepede söwdagär bir maşgalada dünýä gelýär. Ol türkmenleriň şol wagtky belli baýlaryndan Annamuhammed Hajynyň ogludyr. Mämed, Baýjan Turany bilen bile (1928-nji ýylda) Türkiýä okuwa gaýdýar. Ol, Baýjan Turanynyň Türkiýä okuwa gitmek üçin Tähräne gidendigini eşidenden soňra özüniň-de Kümüşdepeden Tährana gaýdýar we Baýjan Turany bilen sataşyp, bir aýlap Tähranda galyp, soňra Türkiýä tarap ýola düşýärler. Olar Eýranyň Enzeli Port şäherinden Bakuwa we ol ýerden-de Türkiýäniň Trabzon şäherine ýetýärler.
Baýjan bilen Mämed Türkiýäniň İzmir şäherine ýerleşdirilýär, olar bu şäherde Lisäni tamamlaýarlar (1934).
Bu ýerde, Mämed Şirmuhammediniň öz ady we familýasini özgerdip Gökleň familýasyny alandygyny aýtmak gerek we şondan soňra ol Mehmet Gökleň diýilip tanalyp başlanýar.
İzmir lisesini tamamlandan soňra (1934) Mehmet Gökleň, İstanbul uniwersitetiniň medisina fakultetine girýär we bu fakultäni 1940-njy ýylda tamamlaýar. Dr.M.Gökleň şol fakultäniň iç keselleri boýunça bölümine asistant bolup girýär we 1944-nji ýylda bu bölümden iç keselleri barada spesialist bolup çykýar. Soňra Jeýhan şäherine gidip ol ýerde işläp başlaýar.
Ýöne ol, bu ýerde 3 ýyllap işländen soňra (ýanwar 1947) İstanbula gaýdyp gelýär we 1948-nji ýylyň ýanwar aýynda-da Amerika gidýär we ol ýerde işläp, 1986-njy ýylda pensiýa çykýar. Onuň, Amerikaly aýalyndan bir ogly (Emir-Kent) bilen bir gyzy (Leýla) bar we olar häzir, Amerikanyň New Ýork şäherinde ýaşaýarlar.
Dr.M.Gökleň Eýrandan gelen garyndaşlaryny we beýleki türkmenleri öz daşyna ýygnap olara ýol görkezip okamaklaryna-işlemeklerine öz ýardamyny gaýgyranok.
1951-52-nji ýyllarda New Ýorkda Türkistanlylar Jemgiýeti gurulan wagty Dr.M.Göklen bu jemgiýetiň ýolbaşçysy edip saýlanýar. Ol, bu işi 2 ýyllap dowam etdirýär.
***********************
Çeşme: Dr.Mehmet Kılıç: Dünya Türkmenleri
http://turkmenstudy.blogspot.com/2011/01/amerikada-yasan-turkmen-alymy.html
Miweler we gök önümler iýlende…
Bulary çagalara iýdirmek üçin ýene-de bir sebäp tapyldy. Alymlar ýeterlik mukdarda miwe we gök önüm iýýän çagalaryň iýmeýänlere garanyňda, arteriýa damarlarynyň has sagdyn bolýandygyny we dartgynlygyň azalýandygyny anykladylar.
Arteriýanyň dartylmagy ýürek kesellerinde möhüm hadysadyr. Sebäbi arteriýa dartylanda, ýürek gany gerekli derejede goýbermeklikde kynçylyk çekýär.
Alymlar ylmy-barlaglary geçirmek üçin 3-18 ýaşlaryndaky 1622 çagany 27 ýyllap gözegçilikde sakladylar. Arteriýanyň dartgynlygy gan basyşynyň tizligini ölçemek arkaly barlanyldy. Arteriýa näçe gatan bolsa, gan basyş tolkunynyň tizligi şonça ýokarydyr. Ylmy-barlagda miwedir gök önümleri az iýen çagalaryň gan basyşynyň uly ýaşlylardaky ýaly ýokary tizlikdedigi anyklandy.
Netijeleri “Circulation” žurnalynda çap edilen bu ylmy-barlaga salgylanyp, çagalara miweleri hem-de gök önümleri köpräk iýdirmelidigimizi arkaýyn aýdyp bileris.
http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?load=detay&newsId=54512&link=54512
Ertirlik nahar üstünlige eltýär
Ertirlik öýüň düzgün-tertibiniň berjaý edilmegini hem üpjün edýär we maşgalanyň irgözinden bir-birleri bilen nazarlaşmagyna getirýär.
Alymlar her bir öýde ertirligiň edilmelidigini nygtaýarlar. Şol günüň işlerine rahatlyk bilen başlamagymyza ýardam berýän ertirlik günüň iň möhüm iýmitidir. Ertirlik öýüň düzgün-tertibiniň berjaý edilmegini hem üpjün edýär we maşgalanyň irgözinden bir-birleri bilen nazarlaşmagyna getirýär.
Bu ýagdaý, esasan, mekdep ýaşly çagalaryň kämilleşmeginde esasy ýeri eýeleýändigi üçin ertirlik edinmezden, mekdeplere gitmezlige çalyşmaly. Sebäbi, bu iýmitiň bedeniň iň köp energiýa mätäç wagty ilkinji gezek iýilmegi gan şekeriniň mukdaryny deň derejede saklamagynda täsirlidir.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde ertirlik edinen çagalaryň mekdepde ýokary netijäni has köp görkezýändigi anyklanyldy. Ýadawlyk hem-de açlyk olarda giç başlaýar. Aýratyn hem bu çagalar sapaklaryndan gowy bahalar alýarlar, berilýän meseleleri has gowy çözýärler, dersine has işjeň gatnaşýarlar we aňsatlyk bilen hereket edýärler. Iýmitlenişiň wagtly-wagtynda amala aşyrylmagynyň çagalaryň oňat we sagdyn ýetişmeginde kömegi uludyr.
Iýmitlenmegiň ýetmezligi demriň kemelmegine ýol berilmegine, şeýlelikde, üstünligiň azalmagy bilen birhatarda ünsüňi sapaga bermekde kynçylyk döretmegi mümkin. Munuň üçin çagalara ýygy-ýygydan ýumurtga we toşap iýdirmek maslahat berilýär.
http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54497
PERZENT EDEBI
Begençgeldi Hanow
“Türkmeniñ milli ruhy gymmatlyklarynyñ içinde iñ kämil suratda işlenip düzleni perzent edebidir. Bu türkmende maşgala gatnaşyklarynyñ berk hem kämil bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu milletiñ öz gelejegi barada çynlakaý alada edendigini, gelejegi akylly-başly gurnamaga çemeleşendigini görkezýär”.
Çaga barada gürrüñ açylanda, her kimiñ ýadyna öz balasy ýa-da öz jan-jiger jigisi ýadyna düşse gerek. Çagalary göreňde, özboluşly duýgy kalbyñy gurşap alýar. Çünki, çagalary eliñe alyp, öpüp gujaklamazlyk öz erkiñde däl ýaly bolup görünýändir. Galyberse-de, çagalar biziñ geljegimizdir. “Bal süýji, baldanam bala süýji” diýlip, tüýs ýerlikli aýdylypdyr. Emma çaganyñ edebi ondanam eziz bolýar. Bu meselede işiñ köpüsi ene-atanyñ gerdenine düşýär. Hormat-sylag sözüniñ doly manysy – adamyň adamdygy üçin ony söýmek we oña hormat-sylagly garamak düşünjelerini berýär.
Çagalaryñ özdiýenli bolýandygyny bilýäris. Özdiýenlilik – çagalaryñ özüniñkini dogrudyr öýdüp, hereket etmeklerine, ýalñyşmaklaryna sebäp bolýar.
Çagalar öz edýän işleriniñ netijesi hakynda pikir etmezden hereket edýärler. Özlerini nähili gowy duýýan bolsa, şeýle herekete baş urýarlar. Çaga üçin şol pursatda gorkynyñ aýrylmagy, ynjamak ähtimallygynyñ bolmazlygy özüni has oñat duýup bilmegi olaryň ýalňyş hereket etmegi üçin ýeterlik sebäpdir. Adatça, çaga öz hereketiniñ gowudygy ýa erbetdigi, onuň gelejekdäki netijeleri hakynda oýlanmaýar. Şonuñ üçinem ene-ata çaga dogry ýol görkezijilik wezipesini dogry berjaý eden ýagdaýynda çaga durmuşa has oňat göz ýetirýär. Özüni nirede, nähili alyp barmalydygyny öwrenýär. Ene-atalar, ulular nähak hereket eden çaga onuň meselä düşünip biljek derejesinde, eden hereketiniñ näme üçin ýalñyşdygyny aýdyp düşündirmelidirler. Çaganyñ gelşiksiz hereketleriniñ endige öwrülmezligi, olary häsiýet edinmezligi üçin tagalla edilmelidir.
Hossarlary çaga hormat-sylagyñ çäklerini aýdyñ çyzyp görkezmelidirler. Nirede, näme etmelidigini öwretmelidir. Her zadyñ öz wagty bar diýlişi ýaly, gülmeli ýerde gülmek, aglamaly ýerde aglamak, hormat-sylag edilmeli ýerde hormat-sylag etmek ýaly edilen, ediljek hereketiň wagtyny bilmek düşünjesini öwretmelidir. Adamyñ şahsyýetiniñ kämilleşmeginde onuň jemgyýetde etjek hereketleriniň çäklerini aýdyñlaşdyrmak örän möhümdir. Bu babatda aýdylanlaryñ köp bolşy ýaly, degişli kitaplar hem kändir. “Kowusnamada” “Adam ulaldykça onuñ bedenidir ruhy hem kuwwatlanýar, ýagşydyr-ýaman taraplary görnüp ugraýar. Kemala geldigiçe adaty-da kemala gelýär, ýagşy we ýaman gylyklary doly ýüze çykýar. Ýöne sen bilimdir senediñi perzendiñe miras goýup gitgin, şeýtseñ, onuñ öñündäki borjuñy ýerine ýetirdigiñ bolar, onsoñam, perzent üçin terbiýeden gowy miras ýokdur” diylip, ýerlikli aýdylypdyr. Şonun ücin cagalarymyzy ylymly-bilimli, ahlakly, edep-terbiýeli ýetişdirmek ücin elimizden gelenini gaýgyrmalyň.
Begençgeldi Hanow, HTTU-nyň talyby.
http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54507