Naryň peýdasy
Dilşat Sultanowa,
Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň ýene birem nardyr. Nar “C”, “B”, “B1” ýaly witaminlere baýdyr. Onuň gabygy çaý ýaly demlenip içilende, aşgazan hem-de içege kesellerine garşy örän peýdalydyr. Suwy bolsa böwrek hem-de bagyr kesellerine garşy göreşmekde ulanylýar. Mundan başga-da gan basyşyna we ýürek agyrylaryna derman bolýar. Naryň özi bolsa ýüregi kuwwatlandyrýar, bagyry goraýar, süýji keseline garşy göreşýär.
Nary aňsat arassalamagyň usuly
Nary kesip, dört bölege bölmeli. Soňam suwly gapda goýup, biraz garaşmaly. Soňra-da suwuň içinde aňsatlyk bilen arassalamaly. Onuň däneleri çökýär we gabyklary suwuň ýüzüne galýar.
Dilşat Sultanowa,
HTTU-nyň talyby.
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Saglyk |
Leave a Reply