Şu günlerde dowam edýän oraza günlerinde çilimkeşleriň çilimi taşlamaklary üçin iň gowy pursatdygy habar berildi. Hünärmenler çilimkeşleriň bu pursatdan peýdalanmaklaryny maslahat berýärler. Bu ýowuz beladan dynmak isleýän ýa-da munuň erbet taraplaryny duýup başlan adamlaryň agyz bekläp, çilimden hem gaça durup biljekdikleri habar berildi. Türkiýäniň Süleýman Demirel uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň bölüm müdiri professor, doktor Ahmet Akkaýa oraza aýynda çilimden gaça durmagy endik edinip, orazadan soňra hem bu gowy endigi dowam etdirip boljakdygyny aýdýar. Uniwersitetiň garamagyndaky çilimkeşlige garşy göreş saglyk öýüne çilimi taşlamak üçin ýüz tutýanlaryň oraza aýynda has hem artandygyny aýdan Akkaýa, adamlaryň oraza aýynda durmuşy çilimsiz göz öňüne getirmegiň mümkindigine göz ýetirýändigini nygtady. Professor agyz beklenende, günde 16-17 sagatlap çilimsiz gezip bolýandygyny, ondan soňra-da gezip boljakdygyny aýdýar.
Zaman
Filed under: Bütin Temalar, Bilim, Habarlar, Saglyk |
Leave a Reply