Wladimir Putin ministrlerinden çilimi taşlamaklaryny isledi

Putin “Halka görelde bolmak üçin çilimi taşlañ” diýip çagyryş berdi
Russiýanyñ Premýer ministr Wladimir Putin ministrlerinden çilimi taşlamaklaryny isledi.
Russiýada her 3 adamdan biri çilim çekýär.
Putin halka görelde bolmaklary üçin ministrlerinden çilimi taşlamagyny isledi.
Wladimir Putin Ministrler kabinetiniñ ýygnagynda Saglygy goraýyş ministriniñ ýurtda 43 million adamyñ çilim çekýändigi barada beren beýanatyndan soñ, ministrlerine “Halka görelde bolmak üçin çilimi taşlañ” diýip çagyryş berdi.
Russiýada hökümet tarapyndan kabul edilen tüssesiz howa giñişligi baradaky meýilnama, 2012-nji ýyla çenli tapgyrlaýyn ýagdaýda çilim bilen baglanşykly reklamalaryñ gadagan edilmegini göz öñünde tutýar.

referans: http://www.trtturkmen.com

3 Responses

  1. Maşk et­me­gi endik ediniň!
    He­mi­şe sag­dyn bol­ma­gy­myz üçin has köp­räk he­re­ket et­me­gi­miz ze­rur­dyr. Beý­le edil­me­gi be­de­ni­miz­dä­ki dür­li ar­tyk­maç ýag­la­ryň azal­ma­gy­na hem ke­se­liň biz­den daş­laş­ma­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär.
    Bu ýag­daý süý­ji­ke­se­li bo­lan adam­lar üçin hem peý­da­ly­dyr. Alym­lar bi­rin­ji de­re­je­li süý­ji­ke­sel­li­le­riň, esa­sa­nam, çy­dam­ly­ly­gy we kuw­wat­ly­ly­gy art­dyr­ýan maşk­la­ry et­me­gi­ni mas­la­hat ber­ýär­ler. Beý­le edil­me­gi ke­se­liň iň aşa­ky de­re­jä düş­me­gi­ne, maş­kyň peý­da­sy­nyň iň ýo­ka­ry de­re­jä çyk­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.

    Ame­ri­ka­nyň “Luk­man­çy­lyk üp­jün­çi­li­gi” žur­na­lyn­da çap edi­len ha­ba­ra gö­rä, maşk­la­ryň ag­zap ge­çen iki gör­nü­şi­miz bir­wagt­da edil­me­li­dir. Hep­de­de azyn­dan 3-4 gün maşk edil­me­li­dir hem-de 40-45 mi­nut ýö­re­mek-de mu­ňa de­giş­li­dir.
    http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54511

  2. SA­ÝA­WAN­LA­RYŇ REŇ­KI NÄ­ME ÜÇIN GA­RA?!
    Ger­çek Haý­ty­ýew
    Sa­ýa­wan­la­ry il­kin­ji bo­lup 3400 ýyl mun­dan öň Me­zo­po­tam­ýa­da bir mer­te­bä­niň, bir de­re­jä­niň ala­ma­ty hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Bu sa­ýa­wan­la­ry Me­zo­po­tam­ýa­ly­lar ýa­gyş­dan däl-de, ýa­kyp bar­ýan gün­den go­ran­mak üçin ula­nyp­dyr­lar.
    Sa­ýa­wan­lar ýüz­ýyl­lar bo­ýy di­ňe gün­den go­ran­mak üçin ula­nyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da hem Af­ri­ka­nyň kä­bir taý­pa­la­ryn­da ser­dar­la­ry­nyň ar­ka­syn­da ýö­re­ýän sa­ýa­wan­çy­sy­ny gör­mek bol­ýar. As­lyn­da, iň­lis di­lin­de sa­ýa­wan ma­ny­sy­ny berýän “umb­rel­la” sö­zi, la­tyn di­lin­de kö­le­ge ma­ny­sy­ny ber­ýän “umb­ra” sö­zün­den ge­lip çy­kyp­dyr.

    Bi­ziň era­myz­dan öň­ki 1200-nji ýyl­lar­da mü­sür­li­ler­de sa­ýa­wan bi­raz di­ni ug­ra gö­nük­di­rilip­dir. As­ma­nyň Taň­ry­nyň be­de­nin­den ge­lip çy­kan­dy­gy­na, dün­ýä­ni bol­sa bir sa­ýa­wa­nyň go­ra­ýan­dy­gy­na ynan­ýar­dy­lar. Sa­ýa­wan olar­da uly mer­te­bä eýe bo­lup­dyr.

    Rim­li­ler sa­ýa­wan me­de­ni­ýe­ti­ni mü­sür­li­ler­den alyp­dyr­lar. Ýö­ne ony di­ňe aýal maş­ga­la­nyň ny­şa­na­sy hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Er­kek­ler sa­ýa­wan ulan­man­dyr­lar. Ýag­ly ka­gyz­dan ýa­sa­lan sa­ýa­wan­la­ryň ýa­gyş ge­çir­me­ýän­di­gi­ni öw­re­nen­le­rin­de, soň bu sa­ýa­wan­lar aýal­lar ta­ra­pyn­dan ýag­şa gar­şy ula­nyl­ma­ga baş­la­nyp­dyr. Mun­dan soň ýa­gyş­ly gün­ler­de, üs­ti açyk te­atr­lar­da aýal­lar sa­ýa­wa­nyň aşa­gyn­da ar­ka­ýyn otu­ran wagt­la­ry, er­kek­ler öl-myž­žyk bo­lup otu­ryp­dyr­lar.

    Ýew­ro­pa­da sa­ýa­wan­la­ry 1700-nji ýyl­lar­da ulan­ma­ga baş­lap­dyr­lar. Bu ýyl­lar­da sa­ýa­wan hök­mün­de üs­ti ýag­ly ma­ta­ny ula­nyp­dyr­lar. Ýag ma­ta­dan suw ge­çir­me­ýär we oňa ga­ra reňk ber­ýär eken. Ga­ra reňk­li bu sa­ýa­wan­lar er­kek­ler ta­ra­pyn­dan go­wy gör­lüp­dir. Gü­ne gar­şy ula­nyl­ýan ak reňk­li sa­ýa­wan­lar bol­sa aýal­lar tarapyn­dan go­wy gar­şy­la­nyp­dyr. Şeýle­lik­de, ga­ra reň­ke er­kek­ler­de er­kek­lik ny­şa­na­sy hök­mün­de ga­ra­lyp­dyr.

    Ha­ky­kat­da­nam, ýag bi­len ga­ryş­dy­ry­lan ga­ra reňk­li sa­ýa­wan­lar ýa­gyş ge­çir­me­ýär­ler, ýö­ne ula­nyş möh­let­le­ri hem uzak bol­ma­ýar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len has go­wy, çy­dam­ly sa­ýa­wan­lar dö­re­di­lip­dir, ýö­ne ga­ra reňk suw ge­çir­me­ýän­dir öý­dü­lip, ula­nyl­ma­gy do­wam et­di­ri­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da er­kek­ler ga­ra reňk­dä­ki sa­ýa­wan­la­ry gö­ter­me­gi ma­kul bil­ýär­ler, aýal­lar bol­sa dür­li reňk­dä­ki sa­ýa­wan­la­ry u­lan­ýar­lar.

    Ger­çek Haý­ty­ýew, HTTU-nyň ta­ly­by.
    http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=54478

  3. Inçekesel – milli howp!
    Penşenbe güni Bütindünýä saglyk guramasy dünýäniň inçekesel epidemiýasy barada 2010-njy ýyl boýunça hasabatyny ýaýratdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti Merdan Saryýew Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky ýerli edarasynyň wekili, doktor Riçard Zaleskis bilen söhbetdeş boldy.

    Azatlyk Radiosy: Jenap Zaleskis, Bütindünýä saglyk guramasy dünýäde inçekeseliň ýaýraýşy barada 2010-njy ýyl boýunça nobatdaky hasabatyny ýaýratdy. Şu hasabatda Türkmenistan barada näme diýilýär?

    R.Zaleskis: Türkmenistan barada aýdylanda, Türkmenistanyň halkara guramalar bilen, şol sanda Bütindünýä saglyk guramasynyň Türkmenistandaky edarasy bilen gatnaşyk edýändigi begendirýär. Umuman aýdylanda, inçekesel Türkmenistanda ösen. Ýöne, gynansak-da, onuň derejesi we ýagdaýy bilen bagly bizde ýeterlik maglumat ýok.

    Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda AIDS ýok. Bu bolsa öz gezeginde soraglary döredýär… Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky edarasy inçekesele gözegçilik etmek programmasynyň maglumatlaryna esaslanyp, bu hasabaty taýýarlady.

    Inçekeseliň öňüni almak boýunça hökümetiň öz işlerini gowy gurnandygyny, bu ugurda işleýänleriň biliminiň ösendigini we olaryň ministrligiň tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirýändigini gazanylan üstünlikler hökmünde getirmek bolar. Ýöne şol tabşyryklaryň biraz könelişen bolmagy we hökümetiň inçekesele garşy göreşmek üçin edýän tagallalarynyň ählisiniň Bütindünýä saglyk guramasynyň maslahatlaryna laýyk gelmezligi ahmal.

    Biz Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bilen duşuşdyk we oňa öz tapan kemçiliklerimiz barada aýtdyk. Ol biziň beren ähli maslahatymyzy hoşallyk bilen kabul etdi. Häzirki wagtda saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri bu maslahatlar esasynda inçekesele gözegçiligi artdyrmak ugrunda alada edýär.

    Azatlyk Radiosy: Jenap Zaleskis, siziň beren şol maslahatlaryňyz nämelerden ybarat?

    R.Zaleskis: Birinjiden, Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň öz tabşyryklaryny Bütindünýä saglyk guramasynyň inçekesele garşy göreşmek direktiwasyna esaslanyp, täzelemegini soradyk. Şol sanda inçekeseli tapmaga, onuň infeksiýasyna gözegçilik etmäge, laboratoriýa işlerine we gözegçilik sistemasyna ünsi çekdik. Sebäbi inçekeseliň ýaýramagy, esasanam ýurtda neşekeşligiň gerimi barada bizde ýeterlik maglumat ýok.

    Mundan başga-da biz inçekesel bilen bagly gözegçiligiň talaba laýyk däldigini anykladyk. Şol sebäpli biz inçekeseliň ýaýramygynyň öňüni almak üçin Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň öz işlerini ösdürmegini maslahat berdik

    Azatlyk Radiosy: Bize Türkmenistanyň raýatlaryndan we ýerli synçylardan gowuşýan maglumatlara görä, inçekesel esasanam türmelerede giň ýaýran. Berilýän maglumatlara görä, türmedäki inçekeselliler zerur medisina hyzmatyny alyp bilmeýärler. Siz bular barada näme aýdyp biljek?

    R.Zaleskis: Bular barada ilkinji nobatda aýtjak zadym, “Hut şu mesele boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty we Adalat ministrlikleri köp iş edýärler” diýip, bize Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginde aýtdylar. Ýöne, gynansak-da, türmelerdäki ýagdaýlary öwrenmek üçin bize türmelere baryp görmäge rugsat berilmedi. Men olar barada hiç hili anyk maglumat aýdyp biljek däl.

    Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak üçin näme edilse, gowy bolardy?

    R.Zaleskis: Bizde bu problema nädip çemeleşmelidigi barada kabul edilen ýörite normalar bar. Türkmenistan Ýewropa regionynda inçekeseliň derejesi boýunça uly howply 18 ýurduň arasyna girýär. Şol 18 ýurda esasan hem öňki sowet giňişligindäki döwletler girýär. Olaryň arasynda Türkmenistan hem bar. Şol ýurtlar Ýewropa regionyndaky inçekeseliň umumy möçberiniň 87%-ini emele getirýärler. Şol sebäpden biz inçekesel problemasyna sowetler döwründäki ýaly garaýşy bes edip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk iş alyp barmagy maslahat berýäris.
    http://www.azathabar.com/content/article/2218842.html

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: