Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň 10%-i ýa-da 650 milliony maýyplardyr

3-nji DEKABR HALKARA MAÝYPLAR GÜNI
Her ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni geçirilýär. Bu günüň geçirilmegi maýyplaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.

Maýyplyk — bu jemgyýetiň durmuşyna gatnaşmak mümkinçiligini we işjeňligi çäklendirýän islendik beden bozulmasyny aňladýan adalgadyr. Bozulmalar – bu  organizmiň gurluşynda ýa-da funksiýalarynda ýüze çykýan kynçylyklardyr;  hereketiň çäklendirilmegi — adamyň haýsydyr bir hereketleri ýa-da ýumuşlary berjaý etmekde çekýän kynçylyklarydyr; emma haýsydyr bir çärä, işe we ş.m. gatnaşmaklygyň çäklendirilmegi — adamyň durmuş ýagdaýlaryna gatnaşmakda çekýän kynçylyklarydyr.

Şonuň üçin-de, maýyplyk — bu adamyň beden aýratynlyklarynyň we onuň ýaşaýan jemgyýetiniň aýratynlygynyň özara gatnaşyklaryny görkezýän adaty bolmadyk ýagdaýdyr.

Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň 10%-i ýa-da 650 milliony maýyplardyr. Jemgyýet we kararlary çykarýan resmi adamlar köplenç dünýäde näçe maýyp adamlaryň bardygyndan ýa-da olaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklardan habarly däldir. Şonuň üçin-de, Halkara maýyplar gününiň geçirilmeginiň esasy maksady maýyplyk zerarly ýüze çykýan kynçylyklar barada giň köpçülige  ýetirmekden ybaratdyr. Bu günüň geçirilmegi maýyplaryň durmuş abadanlygyny üpjün etmäge, olaryň hak-hukuklaryny we  mertebesini goldamaga gönükdirilendir. Sebäbi maýyplar heniz-de jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmakdan mahrum edilip, ýalňyzlykda ýaşamaga mejburdyr. Olar ynsan hukuklarynyň bozulmaklygyň pidalary bolup, iýmitlenmäge, bilim almaga, işlemäge, lukmançylyk kömeginden peýdalanmaga bolan hukuklaryndan mahrum edilendir. Maýyplaryň köpüsi maýyplar öýünde ýaşamaga mejbur bolýar. Bu olaryň erkin hereket edip, öz toparlarynda ýaşamaga bolan hukuklarynyň gönüden-göni bozulýandygyny subut edýär. Birleşen milletler guramasy (BMG) hemme adamlaryň, şol sanda maýyplaryň hem  hukuklaryny goramaga gönükdirilen çäreleri köpden bäri geçirýär. BMG jemgyýetiň raýatlyk, syýasy, ykdysady, sosial we medeni  durmuşynda maýyplaryň hem beýleki adamlar bilen deň derejede gatnaşyp bilmekleri üçin ýörite çäreleri geçirýär.
Ref.   http://www.saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: