AIDS keseli bilen täze doglan çagalardan başlap, garry adamlara çenli keselläp bilýärler.

1 DEKABR – AIDS KESELINE GARŞY HALKARA GÖREŞME GÜNI
AIDS – BARADA  NÄME BILMELI?

AIDS-geçen  XX – asyrda ýaýraýyş tizligi we gurşawy boýunça iň howply keselleriň biri boldy. Şonuň üçin bu kesele “XX asyryň mergisi“ diýip at berdiler. Häzirki wagtda bu kesel bütin ýer ýüzüne ýaýrap, onlarça million erkek adamlar, aýallar, çagalar bu keselden ejir çekýärler.

Keseliň ilkinji ýüze çykmalary geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Kaliforniýada (ABŞ) gomoseksualistlerde (erkek bilen erkegiň jynsy gatnaşmagy) duş geldi. Näsaglarda pnewmosistalar arkaly dörän öýken sowuklamasy, Kapoşiniň sarkomasy we dürli-dürli kesel döredijiler arkaly ýüze çykyan, seýrek duş gelýän keseller hasaba alyndy. Şunuň ýaly ýagdaý bu täze kesele AIDS (gazanylan immunodefisit sindromy, rus dilinde SPID) diýen at goýmaga esas döretdi. 1983-1984 ýý biri-birinden habarsyz amerkan alymy R. Gallo we fransuz alymy  L. Montanýe näsaglarda keseli döredýän retrowirusy ýüze çykardylar. Soňundan ol Adamynyň Immunodefisit Wirusy (AIW) diýlip atlandyryldy.

AIDS keseli bilen täze doglan çagalardan başlap, garry adamlara çenli keselläp bilýärler. Esasan hem keselçilik 20 – 40 ýaş  aralygyndaky ýaş adamlarda köp duş gelýär.

AIW bedeniň hemme öýjüklerinde we suwuk sredalarynda duş gelýär. Esasan hem ol  köp mukdarda ganda we erkeklik tohumynda bolýar. Keseliň tüýkülik, iýmit önümleri, galtaşma arkaly geçişi barada ylmy subutnama ýok.

AIW  T-helperler  diýlip atlandyrylýan, bedeni kesellerden goraýan ulgamynyň (immun ulgamy)  öýjüklerine zeper ýetirýär. Wagtyň geçmegi bilen, degişli bejergi alynmasa, bu öýjükleriň sany azalýar, immun ulgamy gowşaýar we soňundan dargaýar. Bu ýagdaý AIDS keseline getirýär.

Her adam öz bedeninde köp sanly bakteriýalary, kömelekleri, wiruslary göterijidir. Biziň immun ulgamymyz dogry işlände kesel döredijilere garşy göreşýär, keseliň öňüni alýar. Ýöne  ulgamyň işi AIW-iň zeper etirmegi bilen gowşasa, bu ýagdaý gözegçilikden çykýar we saglyga uly zeper ýetirilýär.

Ýokuşmadan 2-4 hepde soň, kesellän adamda kelle agyry, ysgynsyzlyk, köp derleme, myşsalarda we bogunlarda agyry, ysytma, bokurdagyň agyrmagy, içi geçme, bagryň we dalagyň, limfa düwünleriň ulalmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Wagtyň geçmegi bilen bedeniň hemme ulgamlarynda, dürli-dürli seýrek duş gelýän keseller we howply täze döremeler döreýär, näsag horlanýar, ýagdaýy agyrlaşýar. Kesel tapgyrlaýyn geçip, ýitileşip, soň ýene dowamly ýagdaýa geçip biler. Adama AIW ýokuşyp, AIDS keseli ýüze çykýança 7-8 ýyl geçip biler.

Keseliň ýaýramagynda esasy töwekgelçilik toparlary ýüze çykaryldy:

Tertipsis jynsy gatnaşyklary edýän adamlar, gomoseksualistler.
Hapa şpris arkaly narkotiki serişdeleri kabul edýän neşekeşler.
AIW ýokuşan enelerden doglan çagalar. Yokuşma çaganyň yoldaşynyň üsti bilen, çaga dogrum ýollaryndan geçende, ene süýdi arkaly bolup biler.
Gandan ýasalan dermanlary kabul edýän gemofiliýaly (gan uýamagyň peselmegi) näsaglar.
Gan we gandan ýasalan dermanlar goýberlende, beden agzalary transplantasiya edilende,  aýallarda emeli tohumlama ýa-da ekstrakorporal tohumlanma geçirlende hem  keseliň ýokuşma howpy ulydyr.

Keseli anyklamagyň köp dürli usullary bar. Degişli barlaglary geçirip, adamyň AIW göterijidigini ýa-da AIDS bilen kesellänligini bilip bolýar. Eger T-helper öýjükleri 14%-den az, ýa-da onuň umumy mukdary 200-den az bolsa, onda ol AIDS-iň alamatydyr.

Häzirki wagtda AIDS keseliniň düýpli bejergisi ýok. Ýöne AIW-yň köpelmegini saklaýan bejergi işlenip düzüldi. Ol bejergi immun ulgamyň dargamagyny haýalladyp, näsagyň ömrüni uzaldyp biler. Esasy we goşmaça dermanlardan utgaşdyrylyp bejergi berilýär. Esasy bejergi üçin, Retrowir+Epiwir, Epiwir+Wideks, Emtriwa+Wireda, Epiwir+Zerit ýaly utgaşma, goşmaça bejergi üçin, Kriksiwan+Norwir, Leksina+Norwir, Inwirara+Norwir, Stokrin, Ziagen ýaly derman utgaşmalary ulanylýar.

AIDS bilen kesellän adam hemişe lukmanyň gözegçiliginde bolup, öz ýagdaýy we bejergisi babatda maslahat alyp durmalydyr.

AIDS-iň öňüni alyş çärelerini geçirmek, bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almagyň esasydyr. Bu çäreler şulardan ybarat:

Halk köpçüligi bilen wagyz-nesihat işleri geçirmek;
Tertipsiz jynsy gatnaşyklary edyän adamlaryň, neşekeşleriň arasynda iş alyp barmak;
Gan we ondan ýasalan dermanlaryň ulanylşyny azaltmak. Gan tabşyrýan adamlary doly barlagdan geçirmek;
Saglygy goraýyş edaralara we ýokuşma bolup biläýjek ýerlerde (dellekhanalarda, gözellik salonlarda) arassaçylyk düzgünlerini  doly berjaý etmek;
Bir gezek ulanylýan şprisleri ýaýratmak we olar bilen işlemek;
Töwekgelçilik toparyna girýän adamlara, şol sanda bosgunlary we daşary ýurda iş sapary bilen gidýän adamlary barlagdan kadaly ýagdaýda geçirip durmak.
Ref.   http://www.saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: