Iýmitleriň özara utgaşdyrylyşy barada

DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ESASY KADALARY
Dogry iýmitlenmäniň esasy ‎‎kadasy: çenden artyk iýmezlik.
Nahar iýlende sarp edilen kuwwatlylygyň öwezini dolar ýaly halda iýmelidir. Ýöne bedeniň gije-gündiziň dowamyndaky bioritmini hem unutmaly däldir. Mysal üçin giç ýatýan adamlar irden bir käse çaý ýa-da kofe bilen oňsa, ir ýatyp, ir turýan adamlar ertirligi oňat edinmegi halaýarlar. Işdäsiz iýlen naharyň peýdasynyň azdygy ýadyňyzda bolsun. Sebäbi işdä hem endik ýalydyr. Ony hökman hasaba almalydyr. Mysal üçin, ertirlik edinilende spirtli içgileri ýa-da agyr nahar iýmejek bolmaly, ýogsa bagra agramyň düşmegi mümkin. Emma gündiz sagat 15-de saçak başyna geçseňiz, nahardan uly lezzet alarsyňyz, sebäbi günüň şu wagtynda duýuş organlaryň, aýratyn hem ys we tagam biliş organlarynyň duýujylygy diýseň ýitelýändir.

Haçan naharlanmaly?

Her iki sagatdan, özi-de şol bir belli wagtda naharlanylsa, biziň organizmimiz üçin örän oňat bolardy. Sebäbi iýmit belli bir wagtda kabul edilende biziň organizmimiz nahar siňdirýän komponentleri öňünden taýynlap goýýar. Günüň dowamynda kabul edilýän ilkinji iýmite, ýagny ertirlige aýratyn üns bermelidir. Eýsem biz näme üçin tomsuna ertirligi sagat 7-ä çenli, gyşyna bolsa sagat 8-e çenli kabul etmeli? Ir säheri göz öňüňize getiriň. Tebigatyň bir pursatda oýanyşyny: guşlaryň dürli sesler bilen saýraýyşlaryny, ösümlik dünýäsiniň janlanyşyny, mallaryň öz iýmine garaşyşyny ýada salyň. Täze gün, täze durmuş başlanýar. «Organizm öz iýjek naharyny gazanmalydyr» diýýän adamlara gulak gabartmaň. Organizmiň size bergisi ýok. Siz welin oňa bergilisiňiz. Sebäbi ol siziň edýän ähli heketlriňize çydap, sazlaşykly işlemegi başarýar. Şonuň üçin-de, düýnki iýlen nahardan soň öt haltasynda galan zäherli ödi aýyrmak üçin bellenilen wagtda ertirlik ediniň.

Iýmitleriň özara utgaşdyrylyşy barada

Gök önümler, ir-iýmişler we bal özara iň oňat «oňuşýan» iýmitdir. Ýöne turşy we süýji miweleri aýry-aýry wagtda kabul edileni gowudyr. Ösümlik ýagy goşulan gök önümler öz şypa berijilik häsiýetlerini artdyrýandyrlar. Diňe gawun başga hiç bir zat bilen «oňuşýan» däldir. Ony içegede özbaşdak, ýagny beýleki gök önümlerden we ir-iýmişlerden aýry wagtda iýmelidir.

Noýba, nohut, merjimek dagylary diňe ter otlar we ösümlik ýagy bilen utgaşdyrylsa oňatdyr.

Ýumurtgany ter otlar we gök önümler bilen iýse bolýar. Ony gündiz sagat 14.00-den soň iýip, tomus möwsüminde mukdaryny azaltmalydyr. Ýumurtgany mesge ýagy bilen utgaşdyrmaly däldir, sebäbi olaryň utgaşmasynyň netijesinde emele gelýän holesteriniň mukdary adam üçin zyýanlydyr.

Et ter otlar we gyzyl reňkli gök önümler bilen oňat utgaşýandyr. Düzüminde belok bolan iýmitleriň hemmesi özara «oňuşmaýarlar», sebäbi olaryň käbiri mallardan alynýan bolsa, beýlekileri ösümliklerden alynýandyr. Şonuň üçin-de, et bilen süýt, süýt bilen ýumurtga, et bilen peýnir, et bilen hoz özara «oňuşýan» däldir.

Düzüminde belok bolan iýmiti (eti, guş etini, balyk etini, ýumurtgany, tworogy, peýniri, süýdi, hozlary) we krahmal bolan iýmiti (çöregi, ýer almasyny, un önümlerini) aýry-aýry wagt iýmelidir.

Täze süýt iýmitiň hiç haýsysy bilen oňuşýan däldir. Uly ýaşly adamlaryň organizmi süýdi asla-da siňdirip bilýän däldir.

Düzüminde belok ýa-da krahmal bolan iýmit şeker bilen erbet utgaşýar, sebäbi ol aşgazanda siňdirilmän, içegede siňdirilýär. Şeker belokly ýa-da krahmally iýmit bilen kabul edilende, aşgazanda «eglenmeli» bolýar. Munuň netijesinde bolsa sarygaýnamalar ýüze çykýar.

Adaty ýagdaýlarda duzy ulanmazlyk ýagşydyr. Sebäbi diňe böwrek üständäki mäzleriň işiniň gowşamagynda duz zerurlygy ýüze çykýar.

Gök önümleri halaýanlaryň dykgatyna: gök önümleri az suwda bişirmelidir. Iň esasy zat — agaçda we joýalarda bitýän önümleri aýry-aýry wagt kabul etmelidir. Diňe limony gök önümleriň islendigi bilen utgaşdyrsa bolýandyr.

Ref. http://www.saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: