Her bir aýal çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirmäge ukyplydyr

ENE SÜÝDI BILEN IÝMITLENDIRMEK – BU HER ENE ÜÇÜN WAJYPDYR 
Çaga üçün ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýoklugy bireýýäm subut edildi. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek – düýbünden ýalňyş  çemeleşmedir. Çaga niýetlenen emeli süýt önümleri, ýokary tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän hem bolsa, hiç haçan düzümi boýunça ene süýdüne meňzäp bilmez. Çünki ene süýdi her çaganyň talaplaryna, ýaşyna görä düzümini üýtgedip durýandyr.Hiç bir emeli süýt garyndysy her bir çaganyň talaplaryna laýyklykda uýgunlaşyp bilmez.
Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar ýokanç kesellerden, aşgazan-içege we dem alyş ulgamynyň kesellerinden goragly bolýar. Emeli iýmitlenýän çagalaryň arasynda, ölümçilik aşgazan-içege kesellerinde 14 esse, dem alyş ýollarynyň kesellerinde 3 esse ýokarydyr.
Ene süýdi çagalarda böwrek kesellerine getirýän peşew çykaryş ýollarynyň ýokançlyklarynyň we kerlige getirýän gulagyň sowuklama howpyny azaldýar. Allergiki täsirleri azaldyp, demigysma, ekzema ýaly keselleriň öňüni alýar.
Çaga lukmanlaryň bellemegine görä, ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar kesellere garşy sanjymlary hiç hili kynçylyksyz, gaýraüzülmesiz alýarlar.
Ene süýdi bilen iýmitlenme, dişleriň nädogry ösmeginiň, görejiň kütelmeginiň, çagalarda duş gelýän ragyň käbir görnüşleriniň, çaga ulalanda gan basyşyň ýokarlanmagynyň we ýürek   keselleriniň öňüni alýandygyny geçirilen barlaglar tassyklady.
Ýene bir bellemeli zatlaryň biri hem, ene süýdi bilen iýmitlenýän çaga enesi bilen hemişe  fiziki we ruhy ýakynlykda bolýar. Ol enesiniň ýürek urşuny, onuň ýakymly sesini eşidýär, gujagynyň ýylylygyny duýýar. Şeýle ýakynlyk çaganyň nerw we endokrin ulgamynyň işjeň işlemegine, beden agzalarynyň kadaly ösmegine ýardam berýär. Enesini emen çagalar akyl taýdan has ösen bolýar, olar okuwy ýeňil özleşdirýär, olarda dürli üýtgemelere uýgunlaşmalar çalt bolup geçýär. Bu adamlar şähdiaçyk, mähirli, şadyýan bolýarlar.
Çagasyny öz süýdi bilen iýmitlendirýän enelerde gan azlylygyň, süýt mäzleriň we ýumurtgalyklaryň ragynyň döreme howpy azalýar. Süýji keselli aýallar emdirende, olara bejergi üçin insuliniň (ganda gandy kadalaşdyrýan aşgazan asty mäziň gormony) az mukdary gerek bolýar.
Birinji 6 aýyň dowamynda, aýbaşy gelmedik yagdaýda, gije-gündiz emdirýän aýalda göwreli bolmazlyk ukyby saklanýar.
 
Her bir aýal çagasyny ene süýdi bilen iýmitlendirmäge ukyplydyr !!!!!!
 
Geljekki eneler ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň  esasy düzgünleri bilen tanyş bolmalydyr:
1.      Çaga doglandan soň  1 sagadyň dowamynda emdirmäni başlamaly. Süýt entek doly inmeýär, ýöne çaga immunoglobulinlere baý bolan ilkinji owuz süýdini emer. Bu bolsa ony dürli ýokançlyklardan goramaga kömek eder. Eger size kesar kesimi operasiýasy geçirilen bolsa, siz kän gan ýitiren bolsaňyz ýa-da sizde AIW, merezýel ýaly keseller bolsa, size çagany emdirmäge derrew bermezler. Bu ýagdaýa çaganyň doga agyr şikesleri hem degişlidir.
2.      Ene emdirmeden öň, çagany çüýşeden ýa-da başga usul bilen iýmitlendirmeden gaça durmalydyr. Sebäbi çagada iýmitlenmegiň başga usullary babatda “endik“ dörär. Göwsüň emziklerinde emele gelen jaýryklar üçin çüýşä saglan süýt bilen çagany emdirmek ýalňyş hereketdir. 2-3 sany “çüýşe naharlanmalaryndan“ soň, körpejik çüýşeden süýdiň aňsat gelýänligini duýýar we enäniň göwsüni emmeýär. Bu bolsa soňundan göwüsde süýt emele gelmegini keser. Emziklerde jaýryklaryň emele gelmezligi üçin, çaga göwsüňizi dogry bermäge çalşyň! Körpe diňe emzigi alman, eýsem onuň daşyndaky “areola“ diýip atlandyrylýan, garamtyl tegelek ýeri bilen bile agzyna almalydyr. Eger ol şeýle bolmasa, göwsi çaganyň agzyndan çykaryp, täzeden dogry beriň.
3.      Çagany islegine görä emdiriň. Ol doýup, göwüsden özi aýrylmalydyr. Bu onuň doly doýmagyna we ruhy ösüşine kömek eder. Ýöne ene emdirmekden öň, çaganyň ynjalyksyz bolup aglamagynyň sebäbini hem bilmelidir. Belki ol yssylaýandyr ýa-da üşeýändir, onuň arlygyny çalşmalydyr. Belki-de, onuň siziň bilen “hümmülleşesi“ gelýändir?
4.      Emdirmäniň dowamlylygyny çaga kadalaşdyrsyn: çaga emzigi goýberýänçä ony göwüsden aýyrmaň.
5.      Çaganyň gije emdirilmegi süýdiň kadaly emele gelmegine we ýokarda bellenilşi ýaly, 96% ýagdaýda, 6 aýa çenli aýaly  göwrelilikden goraýar.
6.      Ene süýdiniň gapdalyndan çaga suwyň we başga suwuklyklaryň berilmegini gadagan etmelidir. Çaga suwsan ýagdaýynda, ony çalt-çaltdan emdiriň.
7.      Çaga bir göwsi doly emip bolmanka, oňa ikinji göwsi bermeli däldir. Ene ikinji göwsi bermäge howluksa, çaga birinji göwüsde ýaglara baý bolan giçki süýdi alyp ýetişmez. Netijede, çagada laktoza ýetmezçiligi, köpürjikli täret ýaly iýmit siňdiriş kynçylyklary ýüze çykyp başlar. Bir göwsüň doly emdirilmegi çagada içegäniň kadaly işlemegini üpjün eder.
8.      Göwsüň emziklerini emdirmekden öň hem, soň hem ýuwmaly däldir. Göwsi çalt-çaltdan ýuwmak emzikleriň we onuň daşynyň goraýjy ýag gatlagynyň aýrylmagyna getirýär. Bu bolsa jaýryklaryň döremegine sebäp bolýar. Göwsi günde 1 gezekden artyk ýuwmaly däldir.
9.      Çaganyň agramyny ýygy-ýygydan çekip görmekden saklanmalydyr. Bu barlagy hepdede 1 gezekden ýygy geçirmeli däldir. Agramyny çekmek, çadanyň iýmitlenmeginiň hili barada dogry maglumat bermeýär. Ol diňe enäniň tolgunmagyna, alada etmegine getirýär we süýdiň emele gelmegini azaldýar.
10.     Çaga 6 aýa çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlenmeli we ol başga goşmaça iýmite mätäç däldir.
 
Eneleriň diňe 3-8% çagasyny ene süýdi bilen ýeterlik emdirmäge ukypsyzdyr. Süýdüň azlygy babatda döreýän kynçylyklar, gormonal näsazlyklarda, içki mäz agzalaryň kesellerinde we ýaşy 35-den uly bolan ayallarda  duş gelip biler.

Ref.   saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: