Bir sö­zi ýa-da bi­ri­niň ýüz keş­bi­ni ýat­dan çy­ka­ran bol­sa­ňyz ýa­dy­ňy­za sal­jak bo­luň

Huş­suz­ly­gyň öňü­ni ala­lyň
Tür­ki­ýä­niň “Fa­tih” has­sa­ha­na­sy­nyň “Ya­şa­ma Sa­natı” (Ýa­şa­mak sun­ga­ty) žur­na­lyn­da çap edi­len “Döw­rü­mi­ziň me­se­le­si: Huş­suz­lyk” ma­ka­la­syn­da pro­fes­sor Atil­la Il­han hem-de dok­tor Ke­bi­ret Gül­top huş­suz­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin kä­bir mas­la­hat­lar ber­ýär­ler:
•Bir sö­zi ýa-da bi­ri­niň ýüz keş­bi­ni ýat­dan çy­ka­ran bol­sa­ňyz ýa­dy­ňy­za sal­jak bo­luň

•Kros­sword­dyr-skan­word­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan çö­züň.

•Ra­dio hem-de te­le­wi­zor­lar­da be­ril­ýän ha­bar­lar ba­ra­da pi­kir ýö­re­diň.

•Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň bi­ri­ne de­giş­li söz ýat tut­jak bo­luň.

•Tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki adam­lar bi­len gat­na­şyp du­ruň.

•Wag­tyn­da ýa­typ-tu­ruň, hem-de go­wy iý­mit­le­niň.

•Çi­lim çek­mäň hem-de al­ko­gol­ly iç­gi­le­ri iç­mäň.

•Köp je­del edil­ýän ýer­le­re bar­maň.

•Ruh­dan düş­mäň, umyt­syz bol­maň.

Zaman

3 Responses

  1. Gal­ma­gal pi­kir et­mä­ge nä­dip bö­wet bol­ýar?
    Ga­ra­şyl­ma­dyk wag­ty or­ta çyk­ýan se­siň du-rusyzlygy ýa-da beý­le­ki ady bi­len aý­da­ny­myz­da, gal­ma­ga­lyň, dur­muşa ters tä­sir ed­ýän wagt­la­ry köp bol­ýar. Edil­ýän iş­le­riň ne­ti­je­si­niň azal­ma­gy­na, özü­ňi iş et­mä­ge taý­ýar­la­mak­da kyn­çy­lyk­la­ryň dö­re­me­gi­ne gal­ma­gal se­bäp bol­ýar.
    Şeý­lelikde, pi­kir et­me­gi­mi­ze hem bioňaý tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

    BBC Focus žur­na­ly­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, gal­ma­gal, öw­ren­me­giň hem, oňyn pi­kir et­me­giň hem öňü­ni al­ýar. Bir no­kat­da jem­le­nen dü­şün­je­ler, köp­lenç, ada­myň aňyn­da bir ge­zek­de dür­li be­ýan­la­ry sak­la­ma­gy ýa-da aňy­myz­da­ky bir wa­ka­ny göz öňü­miz­de jan­lan­dyr­ma­gy ta­lap ed­ýär.

    Ýö­ne biz iç­ki dü­şün­jä­miz bi­len iki­çäk ga­la­ny­myz­da, da­şar­dan gel­ýän ses­le­riň asyl çeş­me­si­ni, ze­rur­ly­ly­gy taý­dan ter­ti­be go­ýup, şo­ňa gö­rä he­re­ket ed­ýä­ris. Beý­le ýag­daý ça­ga­la­ryň yzy­gi­der­li ag­la­ýan wagt­la­ry hem-de has gal­ma­gal­ly wag­tla­ry peý­da­ly bo­lup bi­ler. Em­ma öý­de dynç al­ýan wag­ty­myz da­şar­dan gel­ýän ses­le­riň ge­tir­ýän peý­da­sy az­dyr.
    Zaman

  2. Öý­de uýa­dy­lan ga­tyk has peý­da­ly
    Süýt önüm­le­rin­den bo­lan ga­ty­gy ha­la­ma­ýan ýok bol­sa ge­rek. Em­ma mu­nuň sag­ly­gy­ňyz üçi­nem uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­my? Tür­ki­ýä­niň Ak­de­niz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my pro­fes­sor, dok­tor Se­ma Ak­man süýt we ga­ty­gyň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň ber­di.
    Ol öý şert­le­rin­de ba­sy­ry­lyp, uýa­dy­lan ga­ty­gyň bir­nä­çe ke­se­le, şol san­da düw­nü­ge gar­şy go­raý­jy hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ak­man ga­ty­gy ha­la­ma­ýan ça­ga­la­ryň ga­tyk iç­mek­le­ri­ni ga­zan­mak­la­ry üçin şe­ker, to­şap we beý­le­ki süý­ji ta­gam­la­ry goş­mak ýa­ly ýol­la­ry hem göz­le­mek­li­gi mas­la­hat ber­ýär.

    Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ça­ga sag­ly­gy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my bo­lan Ak­man ösüp bar­ýan ça­ga­la­ryň gaz­ly iç­gi­ler­den daş­da dur­mak­la­ry­ny, süýt we süýt önüm­le­rin­den has köp peý­da­lan­mak­la­ry­ny mas­la­hat ber­ýär. Ak­man be­logyň esa­sy çeş­me­si bo­lan ga­ty­gyň ça­ga­la­ryň ös­me­gi üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aýd­ýar. Esa­sa­nam 7 ýa­şyn­dan uly bo­lan ça­ga­la­ryň gün­de iki bul­gur ga­tyk iç­me­li­dik­le­ri­ni mas­la­hat be­ren Ak­man ça­ga­la­ryň ir­den we ag­şam bir bul­gur süýt iç­me­li­di­gi­ni aýd­ýar.

    Şirin Haýydowa, HTTU-nyň talyby.
    Zaman

  3. ÇA­GA ÜNS­LI BOL­MA­LY­DYR
    Ene-ata­la­ry­my­zyň kö­pü­sin­de ýa­ňy mek­de­be gi­den ça­ga­la­ry ha­kynda şeý­le­räk pi­kiri bar: “Og­lu­myz örän ze­hin­li, ýöne nä­me üçin­dir üns ýet­mez­çi­li­gi oňa päs­gel berýär”. Ýa-da bol­masa: “Gy­zymy­zyň başar­ny­gam bar uky­bam. Diňe käwagt­lar ol ünsüni bir ýe­re jem­läp bil­me­ýär”.
    Üns ýet­mez­çi­li­gi adat­ça baş­lan­gyç synp­lar­da ýü­ze çyk­ýar we ep-es­li ýyl­lap şah­sy­ýe­tiň üs­tün­li­gi­ne päs­gel be­rip bil­ýär. Alym­lar ça­ga­lyk döw­ri peý­da bo­lup baş­la­ýan üns ýet­mez­çi­li­gi­niň öňi alynma­sa, soňraky ýyl­lar­da onuň be­jer­gi­si­niň kyn­laş­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

    Ene-ata­la­ry­my­zyň kö­pü­sin­de ýa­ňy mek­de­be gi­den ça­ga­la­ry ha­kyn­da şeý­le­räk pi­ki­ri bar: “Og­lu­myz örän ze­hin­li, ýö­ne nä­me üçin­dir üns ýet­mez­çi­li­gi oňa päs­gel ber­ýär”. Ýa-da bol­ma­sa: “Gy­zy­my­zyň ba­şar­ny­gam bar uky­bam. Di­ňe kä­wagt­lar ol ün­sü­ni bir ýe­re jem­läp bil­me­ýär”.

    As­lyn­da mek­dep ýa­şyn­dan öň­ki ýyl­lar­da ça­ga­lar şol bir gaý­ta­lan­ýan zat­lar­dan gys­ga wag­tyň için­de ýa­da­ýar­lar. Soň-soň­lar oýun­jak­la­ry hem ça­ga­nyň ýü­re­gi­ne dü­şüp baş­la­ýar. Öý işi­ni ed­ýän­le­riň bol­sa dep­der­dir ki­ta­byň ba­şyn­da uzak otu­ra­sy ge­le­nok. Şeý­le ça­ga­lar suw iç­mek, da­şa­ry çyk­mak ýa­ly her hi­li ba­ha­na­lar bi­len ün­sü­ni böl­ýär. Ne­ti­je­de üns ýet­mez­çi­li­gi git­di­gi­çe ar­typ baş­la­ýar. Bi­ler­men­ler şeý­le ýag­da­ýyň wag­tyn­da kes­git­le­nil­me­li­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Olar ene-ata­lar bi­len mu­gal­lym­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­da bol­ma­gy­ny mas­la­hat ber­ýär­ler.

    Üns ýet­mez­çi­li­gi bo­lan şah­sy­ýet­ler ada­ty ses­ler­den we he­re­ket­ler­den bi­ra­hat bo­lup, öz we­zi­pe­le­ri­ni do­lu­ly­gy­na ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­me­ýär­ler. Hü­när sy­nag­la­ryn­da (at­tes­ta­si­ýa­lar­da) çalt ýa­dap, ujyp­syz­ja ýal­ňyş goý­be­rip, pes ba­ha al­ýar­lar.

    Peý­da­ly mas­la­hat­lar

    – Ça­ga­ňy­zy diň­läň, ony ün­sü­ni dar­gad­ýan zat­lar­dan uzak­da bol­ma­gy­ny göz öňün­de tu­tuň.

    – Ün­si bol­ma­dyk ça­ga­lar synp­da müm­kin bol­du­gy­ça öň­dä­ki ýer­ler­de otur­syn.

    – Mu­gal­lym we ça­ga­nyň maş­ga­la­sy kä­bir ýer­ler­de bi­le­lik­de he­re­ket et­sin.

    – Ça­ga­nyň öý işi we bel­lik dep­der­le­ri­niň yzy­gi­der­li­li­gi­ne se­re­diň.

    – Ça­ga­ňy­zyň ün­sü­ni art­dyr­jak oýun­la­ry oý­na­ma­gy­ny ýo­la go­ýuň.

    – Ça­ga te­le­wi­zo­ryň ba­şyn­da uzak wagt­lap otur­ma­syn.

    – Onuň ýe­ri­ne ça­ga ma­tal­la­ry­dyr tap­ma­ça­la­ry çöz­sün.

    – Is­len­dik iş­de ça­ga özü­niň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni bil­sin.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: