Hä­zir­ki wagt­da ro­bot­lar uzak­da­ky ope­ra­tor ta­ra­pyn­dan eda­ra edil­ýär, ýö­ne alym­lar öz mak­sat­la­ry­nyň ro­bot­la­ra ope­ra­to­ra mä­täç bol­man iş­le­me­gi “öw­ret­mek­di­gi­ni” nyg­ta­ýar­lar

“EMI­LY” – ha­las edi­ji ro­bot
De­ňiz­de ýa-da um­man­da adam­la­ry gark bol­mak how­pun­dan go­ra­mak üçin in­di “EMI­LY” ro­bot­la­ry ula­ny­lar.
Ro­bot bol­sa 1,2 metr uzyn­ly­gyn­da bo­lup, ol ada­myň ýa­ny­na ba­ran­da, adam oňa ýa­py­şyp, ha­las edi­ji­le­riň hem-de luk­man­la­ryň gel­me­gi­ne ga­ra­şyp bi­ler.

http://www.popsci.com saý­tyn­da­ky ha­bar­da şeý­le ro­bot­la­ryň bir­nä­çe­si­niň eý­ýäm­den Ma­li­bu­da­ky Zu­ma plýa­žy­nyň kä­bir howp­ly ýer­le­rin­de ula­ny­lyp baş­la­nan­dy­gy, sy­nag­la­ryň 25-nji de­kab­ra çen­li do­wam et­di­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ro­bot­lar uzak­da­ky ope­ra­tor ta­ra­pyn­dan eda­ra edil­ýär, ýö­ne alym­lar öz mak­sat­la­ry­nyň ro­bot­la­ra ope­ra­to­ra mä­täç bol­man iş­le­me­gi “öw­ret­mek­di­gi­ni” nyg­ta­ýar­lar.

Ro­bot su­wa goý­be­ri­len­de, (ke­nar­dan, gä­mi­den ýa-da di­ku­çar­dan) gid­ro­lo­ka­si­ýa dat­çik­le­ri ar­ka­ly suw­da­ky bo­lup geç­ýän he­re­ket­le­ri göz­läp baş­la­ýar, eger-de he­re­ket ta­paý­sa, on­da­ky ýö­ri­te komp­ýu­ter işe gi­ri­şip, he­re­ke­tiň ada­ma de­giş­li­di­gi­ni ýa-da däl­di­gi­ni anyk­la­ýar. Ro­bot kö­me­ge mä­täç adam ta­pan­da, ýö­ri­te he­re­ket­len­di­ri­ji­si ar­ka­ly sa­gat­da 45 km. tiz­lik bi­len şol ýe­re ta­rap he­re­ket edip baş­la­ýar. Ro­bot ada­my­nyň ýa­ny­na ba­ran­da, özün­dä­ki ka­me­ra­lar­dan ha­las edi­ji­le­ri ada­my­ny gör­kez­ýär, mik­ro­fon­lar hem-de ses çy­ka­ry­jy­lar ar­ka­ly bol­sa, ha­las edi­ji­ler ha­las edil­ýän bi­len do­wam­ly ha­bar­la­şyp, oňa mas­la­hat be­rip bil­ýär­ler. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ha­las edil­ýän adam ha­las edi­ji­ler bi­len ha­bar­la­şyp bil­se ol ar­ka­ýyn­rak bol­ýar.

Ba­ta­re­ýa­ra­lar ar­ka­ly iş­le­ýän bu ro­bo­tyň ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň bir zar­ýa­dy 130 km. tö­we­re­gi ýol aş­ma­gy­na ýe­ter­lik­li bol­ýar. Ro­bo­ty ön­dür­ýän ABŞ-nyň “Hyd­ro­na­lix” şe­re­ke­ti­niň ýol­baş­çy­sy To­ni Mil­li­ga­nyň be­ren be­ýa­na­tyn­da ope­ra­to­ra mä­täç bol­man, do­ly aw­to­nom bo­lan “EMI­LY” ro­bo­ty­nyň bi­ri­niň ba­ha­sy 3.500 dol­lar­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di. El­bet­de, ha­las edi­ji­le­riň tej­ri­be­si­niň hem-de dür­li ho­wa şert­le­rin­de iş­le­mek uky­by­nyň yzyn­dan hiç bir ro­bot ýe­tip bil­mez. Ýö­ne “EMI­LY” ýa­ly ro­bot­la­ryň ha­las edi­ji­le­riň iş­le­rin­de uly kö­mek ber­jek­di­gi hem şüb­he­siz­dir.

Zaman

One Response

  1. Käbir derman ösümlikleriniň Türkmenistana introduksiýasy
    Introduksiýa – bu belli bir tebigy şertlerde ösýän ösümlik görnüşiniň haýsy hem bolsa başga bir ýurda getirilmegidir. Biziň yurdumyza derman ösümliklerini getirmekligiň taryhy birnäçe asyr mundan öň başlandy. Oňa insiz ýaprakly senna ýa-da kassiýa, türkmençe ady – “senaýyl Mekke” mysal bolup biler. Ony Saud Arabystandan Türkmenistana getiripdirler. Muňa onuň türkmençe ady – Mekkeden gelen sena – şaýatlyk edýär.
    Häzirki wagtda alymlar tarapyndan insiz ýaprakly sennany (Cassia angustifolia Vahl) biziň howa şertlerimizde ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu beýikligi 1 metre çenli bolan birýyllyk ösümlik Tejen etrabynda ösdürilip ýetişdirilýär. Derman taýýarlamak maksatlary üçin ýapraklary we miweleri ulanylýar. Ösümligiň esasan ýogyn içegä näzik sürgi täsiri bar. Kassiýanyň ýapraklaryndan taýýarlanylan ekstrakt bagryň öt çykaryjy we zäherlenmä garşy işlerine oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde bu gymmat bahaly çig mal bilen diňe bir biziň ýurdumyz däl-de, eýsem beýleki ýurtlar hem üpjün edilýär.
    Ösümlikleriň käbir görnüşiniň gorlarynyň azalandygy sebäpli olary dikeltmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Senagat möçberinde lukmançylyk üçin gymmatly derman ösümlikleri ýetişdirilip başlandy.
    Şu wagta çenli derman ösümlikleriniň çig maly esasan (50 görnüşe golaýy) Russiýadan we Ukrainadan getirilýärdi. Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan derman ösümlikleriniň 40 görnüşe golaýy ýabany ösümlik dünýäsinden medenileşdirildi we beýleki ýurtlardan getirildi. Olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende uly hasyl berýändikleri subut edildi.
    Dermanlyk çopantelpegi (Matricaria recutita L.) Türkmenistana getirildi we önümçilige ornaşdyryldy. Bu bir ýyllyk ot ösümligi. Derman taýýarlamak maksatlary üçin çopantelpegiň gül sebetleri peýdalanylýar. Biziň şertlerimizde ösümlik aprelden iýun aýy aralygynda gülleýär. Gül sebetlerinden demlenip taýýarlanan melhem gastritde, kolitde, bagryň, böwregiň, siýdik haltanyň kesellerinde, aýratynda çagalar tejribesinde garyn-içege ulgamynyň agyrlarynda ulanylýar. Häzirki wagtda bu çig mala bolan islegler doly kanagatlandyryldy.
    Biziň durmuşymyza gowy ornaşan keseki ösümlikleriň ýene biri dermanlyk kalendula ýa-da dyrnaklyjadyr (Calendula officinalis L.). Ol Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň seýilgählerinde, gazonlarynda bezeg ösümligi hökmünde peýdalanylýar, ol aýratyn hem güýz-gyş möwsüminde gyşda gülleýän ösümlik hökmünde ulanylýar. Derman ösümligi hökmünde bagryň, öt haltanyň kesellerinde, aşgazanyň we 12 barmak içegäniň baş keselinde, gastritde, spazmlarda ulanylýar, şeýle hem ol buşukdyryjy we gipotenziw serişdedir.
    Biziň günlerimizde derman ösümlikleri bejeriş çäreleri ulgamynda aýratyn orun eýeleýärler. Olary bejeriş tejribesinde has ýygydan ulanylyp başlandy. Türkmenistanda derman ösümlikleriň gözlegi we medenileşdirilmegi dowam etdirilýär. Türkmen alymlarynyň öňünde öňki barlaglar tarapyndan ýüze çykarylan täze meseleler dur. Ösümlikleriň tebigy çig malynyň himiki, farmakologiki we kliniki barlaglaryna has giň üns bermek we derman ösümlikleriň ene-de köp görnüşlerini düýpli öwrenip tebigatyň gizlin syrlaryna aralaşmak häzirki döwürde üns berilmeli meselelerdir.

    P.Keljäýew
    TTGM ÇÖHDMI-niň
    Aýrantyn goralýan tebigy
    ýerler laboratoriýasynyň
    esasy ylmy işgäri

    Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: