Ýaş Alymlar Simpoziumy

4-nji Ýaş Alymlar Simpoziumy (Columbus, Ohio 2010)

Güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ohio ştatyndaky gözel Columbus şäherinde Mähriban Watanymyz Türkmenistanyň adyny ýene bir gezek arşa göterjek ullakan dabara boldy.Däbe öwrülen we her ýyl geçirilýän Türkmen Ýaş Alymlar Sympoziumynyň dördünjisi bu gezek dünýäniň meşhur Ohio Döwlet Uniwersitetinde geçirildi.Ýer şarynyň çar tarapyndan 100-e ýakyn Türkmen halypa alymlary, ýaş talyplary, aspirantura we doktoranturada okap ýören, eýýäm alymlyk derejesine ýetişip barýan gaýratly ýaşlarywe işewürleri bilen birlikde, käbir Amerikan myhmanlar hem bu çärä gatnaşdylar. Türkmen Ýaş Alymlaryň Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “ylym we tehnika milli ykdysadyýetiň ganatydyr” diýen gymmatly sözüni şygar edip, ylymdaky täze-täze üstünlikleri, alyp barýan netijeli işleri hakyndaky eden çykyşlary we beren gyzykly gürrüňleri sympoziuma gatnaşyjylaryň göwünlerini göteren bolsa, täze ýaş alymlaryň hem ylyma bolan hyjuwyny artdyrtdy.
11-nji iýun agşamy, açylyş dabarasynda Ýaş Alymlar Guramasynyň işini alyp baryjy Wepa Rejepow myhmanlara minnetdarlyk bildirip, şu çärä myhmandarlyk edýän Ohiodaky Batyr Jumahanowa söz berdi.Ol bolsa gelen myhmanlara hoş geldiňiz diýip, şu gezekki sympoziumyň Ohioda geçirilýändigi üçin buýsanýandygyny aýtdy. Ondan soňra Batyr Jumahanow bütin Ohioly Türkmen maşgalalaryň, oglanlaryň we gyzlaryň atlaryny sanap geçip, olara şu çäräni gurnamakdaky eden işleri üçin sag bolsun aýtdy. Zalyň içi gyzgyn el çarpyşmalar bilen doldy.
Berilen agşam naharyndan soň bolsa, Beýik Britaniýanyň Oksford we Kiprdäki Girne Amerikan uniwersitetleriniň professory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Angliýadaky “Magtymgulynyň dostlary” jemgyýetiniň gurujysy we başlygy halypa alym Ýusup Azmun açylyş sözüni aýtdy. Ol geçirilýän sympoziumyň uly ähmiýete eýe bolup durýanlygyny belläp, şular ýaly mümkinçilikleriň öz talyp döwründe bolmanlygyny we häzirki ýaşlaryň üstüne uly iş düşýändigini belledi. Professor Ýusup Azmun birnäçe gowy teklipler bilen bilelikde, Türkmenler üçin Amerikada hem uly kitaphananyň zerurdygyny belläp, eger bu amala aşsa özüniň şahsy kitaphanasyny bagş edip biljekdigini aýtdy. Onuň “aýtsaň aýdybermeli” diýen degişme sözi bir tarapdan berilen wagtyň azdygyny görkezen bolsa, beýleki tarapdan aýdylmaly meseleleriň kändigini görkezýän bütin sympoziumy gysgajyk beýan edip biljek söze öwrüldi.
Dünýä belli türkmen alymy, matematika ylymlarynyñ doktory Allaberen Aşyralyýewiň we Eýran türkmenlerinden,biohimiýa ylymlarynyň doktory professor Arazdurdy Tumajyň guwançly sözleri açylyş agşamynyň bezegi boldy. Olaryň eden gyzykly çykyşlary dabara ilkinji gezek gatnaşýan, ýaş Türkmen talyplary üçin bolsa aýratyn mana eýe boldy. Agşamyň iň guwandyryjy wakasy bolsa, täze döredilen “Ýaş Alym” baýragynyň berilmesi boldy.Ýaş Alymlar Guramasynyň “Ýaş Alym” baýragy her yyl öz ugrunda üstünlik gazanyp türkmeniň adyny dünyä tanadan ýaş Türkmenlere berilýän hormatly bir sylag. Bu baýraga ilkinji gezek Amerikanyň Delaware Uniwersitetiniň Himiýa we Biohimiýa bölüminde doktorantura okaýan ökde ýaş alymymyz Baýram Saparow eýe boldy. Baýram soňky 4 ýyllyk doktorantura okuwy döwründe ençeme sylaglara mynasyp boldy. Şolaryň arasynda ýylda dünýä boýunça diňe 10 ýaş himige berilýän Ludo Frevel baýragy hem bar.Olözüniň alyp barýan ylmy işi boýunça çykyş etdi.Ol ýerde professor Ýusup Azmuna hem bu sympoziuma ilkinji gezek gatnaşýanlygy üçin sylag berildi. Gysgajyk özara gürrüňdeşlikden soňra gatnaşyjylaryň hemmesi bilelikde, Türkmenistanyň we Amerikanyň baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Iýun aýynyň 12-si güni irden myhmanhanada berilen ertirlikden soňra bütin gatnaşyjylar uly hyjuw bilen Ohio State Uniwersitetiniň ullakan zallarynyň birinde geçirilýän Ýaş Alymlar Sympoziumyna geldiler.Alyp baryjy Wepa Rejepow gatnaşyjylary 4-nji Ýaş Alymlar Sympoziumy bilen gutlap, dünýä tanymal türkmen alymy, matematika ylymlarynyñ doktory Allaberen Aşyralyýewe ilkinji sözi berdi. Ol “Türkmen matematikleri” hakynda eden çykyşynda Türkmen matematikleriniň dünýä matematika ylmyna goşan goşantlary we matematika ylmynyň jemgyýetdäki ähmiýeti barada örän gyzykly gürrüňler berdi. Professor Allaberen Aşyralyýew dünýä boýunça tanymal ussat Türkmen matematikleri barada statistiki maglumatlar bermek bilen bir hatarda, köp zehinli oglanlaryň eden ylmy işleriniň şol wagtky çäkli bolan şertleriň netijesinde dünýä derejesindäki žurnallarda çykyp bilmändigini gynanç bilen belledi.
Soňra bolsa ussat dilçi professor Ýusup Azmun “Türkmen halysynyň dili” hakynda çykyş etdi. Ol çykyş oturanlar üçin örän täsirli boldy. Onuň çykyşynyň esasy mazmuny Aşgabat gazetiniň 2007-nji ýyldaky sanlarynynyň birinde çykan “Haly, Saz we Ömür” atly professor Ýusup Azmun bilen geçirilen söhbetdeşlikde berilendir. Eýranly Türkmen alymy Arazdurdy Tumaç hem kök öýjükleriniň zamananyň ösen tehnologiki enjamlary bilen özleşdirilmegi boýunça alyp barýan işi we onuň medisina ulgamyndaky gymmaty barada özüne çekiji we täsin gürleýişi bilen gatnaşyjylara ylymdaky ýetilen we ýetilmeli sepgitler barada umumy maglumat berdi.Edilen çykyşlaryň her haýsynyň soňunda geçirilen sorag-jogaplar bolsa diýseň gyzykly boldy.
Çaý we kofýe içmeklik üçin berilen gysga aradan soňra kiçiräk tegelek stol gürrüňdeşligi boldy. Ýokarda ady agzalan, Türkmen Ýaş Alymlary üçin bolsa uly mekdep bolup durýan halypa alymlar “Daşary ýurtda okaýan Türkmen ýaş alymlary üçin üstünligiň syry nämede?” diýlen mowzuk boýunça özleriniň altyna barabar tejribelerini ýaşlar bilen paýlaşdylar. Professor Ýusup Azmun şu wagtky mümkinçilikleriň öňküden has giňdigini aýdan bolsa, Professor Arazdurdy Tumaç başarjaň bolmak üçin tutanýerli bolmalydygy we maksadyňy aýdyň belläp bilseň şoňa hökman ýetiljekdigi barada aýtdy. Professor Allaberen Aşyralyýew bolsa “Her bir kynçylygyň dört tarapy bar, Üçi ýapyk bolsa biri açykdyr” diýen pelsepe boýunça hökman çykalga bar we siz şony gözläň, hem-de hergiz umytdan düşmäň diýip Türkmen Ýaş Alymlaryna peýdaly maslahatlar berdi.
Öýlänlik nahary berilenden soňra, Italiýanyň ENI kompaniýasynda injener bolup işläp ýören Dawutmamet Rejepow “Hazar deňziniň Türkmen bölegine gysgaça syn” diýen mowzukda Türkmenistanda iş alyp barýan energetika kompaniýalarynyň döwlet bilen nähili işleşýändigi we Hazar meselesiniň esasy sebäpleri dogrusynda örän tapylgysyz gürrüňler berdi. Sorag-jogap bölüminde bolsa Watanymyzyň gülläp ösmeginde energetikanyň orny barada birnäçe gyzykly soraglar soraldy. Ondan soňra,Schlumberger kompaniýasynda zähmet çekýän ökde injener, Nurmyrat Ataýew bilen bilelikde Dawutmamet Rejepow ikisi kiçiräk tegelek stol söhbetdeşligini geçirdiler. Bu söhbetdeşlik ylaýta-da işe başlamak isleýän ýaşlar üçin örän peýdaly boldy.
Bu söhbetdeşlikden soňra Amerikanyň Newada, Reno Uniwersitetiniň syýasy bilimler bölüminde aspirantura okap ýören Batyr Odäýew özüniň “Sowet Soýuzynyň dargamasyndan soňraky Hytaý bilen Orta Aziýanyň energetika ugrundaky ösüp barýan gatnaşyklary” diýen mowzukdaky ylmy işi boýunça çykyş etdi. Ol öz ylmy işinde esasan, Türkmenistan-Hytaý we Gazagystan-Hytaý gatnaşyklaryny öwrenip, Russiýanyň bu ugurdaky monopolýasyna çözgüt hökmünde täze işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Türkmenistana we 2011-nji ýylda işe giriziljek Gazagystan-Hytaý nebit geçirijisiniň hem Gazagystana energetika ugrunda hakyky garaşsyzlygy getirip biljekdigi hakynda täsin gürrüňler berdi.
Çykyşyny gutaryp, Batyr Odäýew häzirki alyp barýan ylmy işi barada hem gysgaça gürrüň berdi.Ol Türkmenistanyň dünýä energetika syýasatyndaky orny barada durup geçip, Hormatly Prezidentimiziň diwersifikasiýa syýasatynyň ähmiýeti hem-de energetika ugrunda hakyky garaşsyzlygy gazanmak üçin üçünji export ugrunyň örän zerur bolup durýandygyny nygtady.Türkmenistanyň içinden geçiriljek Gündogar-Günbatar gaz geçirijisini bolsa bu boýunça edilýän işleriň örän ýerlikli alynyp barylýandygyna mysal hökmünde görkezdi.
Çaý we kofýe içmek üçin berilen arakesmeden soňra,“turkmenweb”, “tmchat”, “tmhits” we başga-da ençeme türkmenler üçin gurulan internet sahypalarynyň gurujysyMuhammet Mamedow internetdäki Türkmen sahypalarynyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berdi. Onuň esasy maksady Türkmenistanda internet ulgamyny ösdürmek we munuň üçin hem Türkmençe gerek bolan ugurlarda dürli web sahypalaryny döretmekdir. Ondan soňra çykyş eden Tahyr Alladurdyýew bolsa Caspian Multimedia hakynda çykyş etdi we onuň “BAMALEDA”atly taze maglumat portal taslamasy hakynda beren gyzykly gürrüňi oturanlary diýseň tolgundyrdy. Ol Türkmenistanyň gözleg maşyny bolup hyzmat eder. Türkmenistanda gündelik durmuşda gerek bolan islendik maglumatyňy şol ýerden tapyp bolar ýaly ullakan gözleg maşynydyr.Bu başgaça aýtsak Türkmenistanyň Google-i bolar diýip Tahyr belläp geçdi.
Umuman, Ýaş Alymlaryň 4-nji sympoziumy üstünlikli geçdi we çykyş edenler bilen gysgaça söhbetdeşlik boldy.Ondan soňra myhmanlar Türkmen Agşamyna tarap ýola düşdüler.Columbus şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde Türkmenlere mahsus toý saçagy Ohioly Türkmenler tarapyndan giňden ýazyldy.Ol ýerde bütin Türkmenler; maşgalasy bolan maşgalasy bilen, çagalary bilen we bütin gatnaşyjylar bardy.Garaz, goýunlar soýulyp, çekdirmeler bişirilip, palawlar edilip hol tördede Türkmen bagşysy aýdym aýdyp dur. Özüniň dutary bilen gelen Batyr Odäýew bu agşamyň şatlygyna şatlyk, begenjine begenç goşdy.
Ýaş Alymlar Guramasynyň esasy janköýerlerinden weşu çäräni gurnaýjylardan Merdan Kakajanow Türkmen Agşamyny şatlykly, sowhunly alyp bardy. Ýaşulular, ýaşkiçiler, gelinler gyzlar, hemme Türkmen bir ullakan saçagyň başynda, edil Magtymguly atamyzyň “Türkmenler baglasa bir ýere bili” diýýän setirlerini ýadyňa salyp, olar agzybir, jebis we gaýratly bolanda nirede-de bolsalar başarmajak işleriniň ýokdugyny ýene bir gezek subut etdi. Batyr bagşynyň “işlekli” diýen aýdymy ýygnananlaryň işdäsini açan bolsa, ol aýdym Ohioly gelin gyzlaryň bişiren naharlaryna hormat boldy.Ol aýdymda aýdylan naharlaryň köpüsi bolsa şol giňden ýazylan suprada bardy.
Sözümiziň soňunda Türkmen Ýaş Alymlaryna Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan tutumly işlerinde üstünlik arzuw edýäris.Dünýä dursun sen dur Türkmenistanym!!! Baýdagyň mydama belentde parlasyn!!!

Taýýarlan: ABŞ-nyň Newada, Reno Uniwersitetiniň magistratura talyby Batyr Odäýew

Turkmen-American Scholars Association

One Response

  1. Alymlara uýsaň açylar gözüň…
    Ýaramaz kişiler seni halamaýan bolsa, diýmek gowy adamsyň.
    * * *
    Aristotelden – Aleksandr Makedonlynyň daýysyndan sorapdyrlar:
    – Seniň özgelerden parhly tarapyň näme?
    – Özgeler iýmek üçin ýaşaýarlar, men ýaşamak üçin iýýärin.
    * * *

    Agaja münen görmegeý zenana gözi kaklyşan Sokrat bialaç dillenipdir:
    – Ähli agaç şeýle ajap miwe beräýse bolmaýarmy?!

    * * *

    Ýazyjyny ýazyjy edýän – öz ýazanyna kembaha garamagy başarmagydyr.

    * * *

    Özüň döretmek – parlap ýanmak, özgelerden täsirlenmek – sönmekdir.

    * * *

    Akmaklyk ýyrtyk içmege çalymdaş, ýamap aňyrsyna çykyp bolmaýar.

    * * *

    Abraý-dereje gazanmak üçin, diňe akylly bolmak däl-de, özüňi akylly alyp barmak hem gerek.

    * * *

    Edebiýatda ýönekeý ýazyjy-şahyrlaryň gerekligi, goşunda atsyz-derejesiz ýönekeý esgerleriň möhümligi ýalydyr.

    * * *

    Iki kişiden ätiýaçly bolmak gerek: ejiz duşmandan, mydama ötünç soraýandan.

    «Edebiýat we sungat» gazetinden.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: