Senagat möçberinde lukmançylyk üçin gymmatly derman ösümlikleri ýetişdirilip başlandy

Käbir derman ösümlikleriniň Türkmenistana introduksiýasy
Introduksiýa – bu belli bir tebigy şertlerde ösýän ösümlik görnüşiniň haýsy hem bolsa başga bir ýurda getirilmegidir. Biziň yurdumyza derman ösümliklerini getirmekligiň taryhy birnäçe asyr mundan öň başlandy. Oňa insiz ýaprakly senna ýa-da kassiýa, türkmençe ady – “senaýyl Mekke” mysal bolup biler. Ony Saud Arabystandan Türkmenistana getiripdirler. Muňa onuň türkmençe ady – Mekkeden gelen sena – şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda alymlar tarapyndan insiz ýaprakly sennany (Cassia angustifolia Vahl) biziň howa şertlerimizde ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu beýikligi 1 metre çenli bolan birýyllyk ösümlik Tejen etrabynda ösdürilip ýetişdirilýär. Derman taýýarlamak maksatlary üçin ýapraklary we miweleri ulanylýar. Ösümligiň esasan ýogyn içegä näzik sürgi täsiri bar. Kassiýanyň ýapraklaryndan taýýarlanylan ekstrakt bagryň öt çykaryjy we zäherlenmä garşy işlerine oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde bu gymmat bahaly çig mal bilen diňe bir biziň ýurdumyz däl-de, eýsem beýleki ýurtlar hem üpjün edilýär.
Ösümlikleriň käbir görnüşiniň gorlarynyň azalandygy sebäpli olary dikeltmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Senagat möçberinde lukmançylyk üçin gymmatly derman ösümlikleri ýetişdirilip başlandy.
Şu wagta çenli derman ösümlikleriniň çig maly esasan (50 görnüşe golaýy) Russiýadan we Ukrainadan getirilýärdi. Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan derman ösümlikleriniň 40 görnüşe golaýy ýabany ösümlik dünýäsinden medenileşdirildi we beýleki ýurtlardan getirildi. Olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende uly hasyl berýändikleri subut edildi.
Dermanlyk çopantelpegi (Matricaria recutita L.) Türkmenistana getirildi we önümçilige ornaşdyryldy. Bu bir ýyllyk ot ösümligi. Derman taýýarlamak maksatlary üçin çopantelpegiň gül sebetleri peýdalanylýar. Biziň şertlerimizde ösümlik aprelden iýun aýy aralygynda gülleýär. Gül sebetlerinden demlenip taýýarlanan melhem gastritde, kolitde, bagryň, böwregiň, siýdik haltanyň kesellerinde, aýratynda çagalar tejribesinde garyn-içege ulgamynyň agyrlarynda ulanylýar. Häzirki wagtda bu çig mala bolan islegler doly kanagatlandyryldy.
Biziň durmuşymyza gowy ornaşan keseki ösümlikleriň ýene biri dermanlyk kalendula ýa-da dyrnaklyjadyr (Calendula officinalis L.). Ol Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň seýilgählerinde, gazonlarynda bezeg ösümligi hökmünde peýdalanylýar, ol aýratyn hem güýz-gyş möwsüminde gyşda gülleýän ösümlik hökmünde ulanylýar. Derman ösümligi hökmünde bagryň, öt haltanyň kesellerinde, aşgazanyň we 12 barmak içegäniň baş keselinde, gastritde, spazmlarda ulanylýar, şeýle hem ol buşukdyryjy we gipotenziw serişdedir.
Biziň günlerimizde derman ösümlikleri bejeriş çäreleri ulgamynda aýratyn orun eýeleýärler. Olary bejeriş tejribesinde has ýygydan ulanylyp başlandy. Türkmenistanda derman ösümlikleriň gözlegi we medenileşdirilmegi dowam etdirilýär. Türkmen alymlarynyň öňünde öňki barlaglar tarapyndan ýüze çykarylan täze meseleler dur. Ösümlikleriň tebigy çig malynyň himiki, farmakologiki we kliniki barlaglaryna has giň üns bermek we derman ösümlikleriň ene-de köp görnüşlerini düýpli öwrenip tebigatyň gizlin syrlaryna aralaşmak häzirki döwürde üns berilmeli meselelerdir.

P.Keljäýew
TTGM ÇÖHDMI-niň
Aýrantyn goralýan tebigy
ýerler laboratoriýasynyň
esasy ylmy işgäri

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

3 Responses

  1. Süý­ji­ ke­se­line gar­şy çä­re
    Hü­när­men­ler üzü­miň süý­ji­ ke­se­liniň be­jer­gi­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­niň ulu­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ys­ra­ýy­lyň Heb­rew uni­wer­si­te­ti bi­len Mas­sa­çu­sets has­sa­ha­na­sy­nyň alym­la­ry üzüm­den we sit­rus mi­we­le­rin­den taý­ýar­la­nan der­ma­nyň ba­gyr­da­ky ýag­la­ryň ere­me­gi­ne kö­mek ed­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Yl­my işiň ne­ti­je­le­ri “PLoS ONE” žur­na­lyn­da çap edil­di. Bu be­jer­gi­niň 2-nji de­re­je­li süý­ji ­ke­sel­li has­sa­la­ra ne­pi deg­ýän­di­gi mä­lim edil­di.
    Zaman

  2. Neşir önümleriniň sergisi
    24-nji sentýabrda paýtagtyň Sergi köşgünde «Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň V halkara sergi-ýarmarkasy açyldy.

    Bu ýylky sergä, 90-dan gowrak dünýäde belli neşirýat öýleri, poligrafiýa kompaniýary we firmalary gatnaşýar. Olaryň aglabasy Russiýa wekilçilik edýär. Sergi-ýarmarkasynda diňe bir kitaplar däl, eýsem çaphana enjamlary, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň audio kitaplary hem görkezildi.

    Eýýäm bäşinji gezek geçirilýän bu kitap sergisi ilkinji gezek 2006-njy ýylda «Ruhnama» kitabynyň ýazylmagynyň 5 ýyllygy mynasybetli «Altyn asyryň altyn neşir önümleri» diýen at bilen geçirilipdi. Şol gezekki halkara kitap sergisiniň düýp maksady dünýäniň otuzdan gowrak dillerinde neşir edilen «Ruhnamanyň» dabarasyny has-da belende galdyrmakdan ybarat bolupdy.

    Sergide kim näme görkezdi?

    Şu ýylky sergä 90-dan gowrak neşirýat kärhanalarynyň, çaphanalardyr neşir önümlerini ýerlemek bilen meşgullanýan edaralaryňgatnaşandygyna
    Aşgabatdaky neşir önümleriniň sergisinden fotosýužetlergaramazdan, sergä çykarylan kitaplar tematika taýdan juda garyp.
    Pawilýonlardaky kitaplaryň aglabasy artistleriň durmuşy, Beýik Watançylyk urşy, medeniýet, sungat we ş.m. barada. Emma syýasy temadan, belli syýasy şahsyýetleriň memuarlary, ýa bolmasa, kriminalistika, detektiw, has ýiti žanrlara degişli kitaplar asla ýok diýen ýaly. Bu bolsa, paýtagta öz önümlerini getirmänkäler, kitap sergisine gatnaşýan kärhanalaryň ýolbaşçylaryna ýerli guramaçylar tarapyndan «degerli maslahatlaryň» berlendigini aňladýar.

    Sergi-ýarmarkasynda kitap söwdasy hem guraldy. Kitaplaryň bahasy ortaça 5-8 dollar aralygynda boldy. Eger-de daşary ýurtda neşir edilen kitaplaryň paýtagtyň bazarlaryndaky nyrhy bilen deňeşdireniňde, onda sergidäki satuwa çykarylan kitaplar iki esse arzandyr.

    Türkmen döwlet neşirýat gullugy näme görkezdi?

    Sergi ýarmarkasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylda neşir edilip başlanan türkmen nusgawy şahyrlarynyň, şeýle hem geçen asyryň ortalarynda ýaşap geçen ýazyjylardyr şahyrlaryň tapgyrlaýyn çap edilen kitaplary görkezildi. Ýöne bu kitaplar umumy hasap bilen alanyňda bary-ýogy 20 awtora-da ýetmeýär.

    Mundan başga-da häzirki döwrüň wekillerine degişli bolan bäşe golaý awtorlaryň kitaplary hem sergä çykarylypdyr. Ýöne bu kitaplaryň daşky bezegi kaşaň bezelen-de bolsa, olaryň daşynda awtorlaryň atlary görkezilmändir. Bu kitaplaryň awtorlary bolan Kömek Kulyýewiň, Gözel Şagulyýewanyň, Jumageldi Mülkiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň atlary diňe kitabyň içki sahypalarynda, ýagny titul listinde görkezilipdir.

    Neşir önümleriniň sergi ýarmarkasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan sergä çykarylan ýokarda agzalan kitaplar soňky üç ýylyň dowamynda neşir edilen kitaplardyr.

    Sergide Türkmenistanyň prezidentine degişli kitaplar hem goýuldy. Ýöne Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň sergä çykaran kitaplarynyň aglabasy mekdep okuwçylarynyň ders kitaplary boldy.

    Kitaplar az neşir edilýär

    Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda poligrafiýa öňki ýyllar bilen deňeşdireniňde ep-esli derejede ösdi. Çykarylýan kitaplaryň hili daşary ýurtda öndürilýän kitaplaryň hilinden gaty pes däl. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda syýasy kitaplardan başga kitaplar juda az neşir edilýär.

    Häzirki wagtda edebiýat ýetmezçiligi ýurduň ähli ulgamlarynda-da gözgyny ýagdaýdadyr. Täze döwrüň nukdaýnazaryndan ýazylan türkmen dilinde ykdysady, ýuridiki, syýasy kitaplaryň neşir edilmeýär. Öňki kiril elipbiýinden latyn elipbiýine geçilenine on ýylyň bolandygyna garamazdan, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini gaýtadan täze elipbiýde neşir etmek işleri-de juda haýal alnyp barylýar.

    Elektron kitaplaryň tutuş dünýäde gitdigiçe meşhurlyga eýe bolýandygyna garamazdan, Türkmenistan bu babatda juda biagyrylyk edýär. Ozalky neşir edilen kitaplary elektron görnüşe geçirmekde ýurtda düýpli işler alnyp barylmaýar.

  3. Sağ bolun.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: