Medisina ylmy mediko-demografiýa ýagdaýa, keselçiligi azaltmaga, ömrüň dowamlylygyny artdyrmagy üpjün etmäge, ýurduň ilatynyň köpeltmek

Ylmy-tehniki syýasat
Geljekde 2020-njy ýyla çenli ylym tarapyndan çözülmeli meseleler ykdysady binýady ösdürmegiň esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyndan gelip çykýar.

Öňde goýlan maksada laýyklykda ýurdumyzda ylmy-tehniki syýasat şu esaslarda amala aşyrylar:

ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda dünýä ylmynyň we tejribesiniň gazananlaryny giňden ulanmak;
ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň esasynda geçirilýän düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini çalt depginler bilen önümçilige ornaşdyrmak.
Ylmy-tehniki taýdan ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmek aşakdaky esasy wezipeleriň çözülmegini talap edýär:

ylmy mümkinçilikleriň ykdysadyýeti we durmuş pudaklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynda jemlenmegini, Türkmenistanyň ýerli şertlerini we aýratynlyklaryny göz öňünde tutup pudaklaryň anyk wezipeleriniň çözülmegini;
ýokary okuw jaýlarynda ylmyň we gumanitar barlaglarynyň ösdürilmeginiň, ylmy mümkinçilikleriniň doly ulanylmagyny;
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň batly ösüşini üpjün etmek we öňde baryjy tehnologiýalar boýunça maglumat esasyny döretmek üçin dünýädäki gazanylan iň täze zatlaryň giňden ulanylmagyny;
ylym, tehnika we öňdebaryjy tehnologiýa babatynda daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi;
Türkmenistany ýokary derejede ösen dünýewi demokratik döwlete öwürmek barada öňde goýlan wezipeleri çözmäge ukyply, Türkmenistanyň garaşsyzlyk we bitaraplyk ideýalaryny we ýörelgеlerine wepaly, halka, Watanyna Türkmenistanyň Prezidentine jany-teni bilen hyzmat etmäge taýýar ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak.
Ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň hemme pudaklaryny tehniki we tehnologiýa taýdan ösdürmegi tapgyrlaýyn geçirmek göz öňünde tutulýar. Birinji döwürde (2000-2005 ý.ý.) maýadarlar üçin şertleri döretmegiň hasabyna döwleti mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi bolan ileri tutulýan pudaklary goldamak syýasaty ýörediler. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hazirki döwürde emele gelen düzümini göz öňünde tutup, döwletiň esasy ýöriteleşdirişiň adatdaky pudaklary, çig mal we onuň bilen baglanyşykly gaýtadan işleýän, daşarky bazara çykyp bilýan pudaklar bolup biler.

2020-njy ýyla çenli döwürde ylmy barlaglaryň esasyny ylmy we tehnikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan işler düzer.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda ekinleriň hasyllygyny we mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen uly tehnologiki öňe gidişligi amala aşyrmaklyk wezipesi öňde durýar. Ekarançylykda gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki dänelik ekinleriň, şeýle hem azyklyk we ot-iýmlik ekinleriň tohumçylygy boýunça işler dowam etdiriler. Maldarçylykda biotehnologiýany we seleksion – tohumçylyk işini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasynda önüm berýän mallaryň we guşlaryň genetiki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Çaklanylýan döwürde ýerden we suwdan peýdalanmak işinde ylmy-tehniki barlaglar, serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barlar.

Ýangyç-çig mal pudaklarynda ylmy-tehniki syýasat mineral çig malyň möhüm we gyt görnüşlerini gözlemegiň, agtarmagyň we onuň gorlarynyň monitoringiniň häzirki zaman usullaryny we onuň gorlarynyň monitoringiniň häzirki zaman usullaryny işläp düzmäge we ornaşdyrmaga, olary çykarmagyň we işläp geçmegiň derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem olary daşamagyň ygtybarly we ekologiýa taýdan howpsuz ulgamlaryny ösdürmäge gönükdiriler, hususanda:

nebit-gaz toplumynda geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çöllük zolaklarda nebitiň çykarmasy kyn we galyndy gorlary bolan ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga, ýalpaklyk zolagynda guýularyň gurluşygyna, maksatly himiki önümleri almak bilen gazyň we kondensatyň gaýtadan işlenilmegi çuňlaşdyrmaga, şeýle hem olary daşamagyň ygtybarly, ekologiýa taýdan howpsuz, energiýany az sarp edýän ulgamlaryny döretmäge;
nebiti gaýtadan işleýän senagatda motor ýangyçlarynyň öndürilişini, nebiti çuň gaýtadan işlemek prosesini ösdürmegiň hasabyna ýokarlandyrmaga, täze tapgyrdaky katalizatorlary, ýokary oktanly we kislorod goşundylary işläp düzmäge we döretmäge, şeýle hem ekologiýa taýdan howpsuzlygy ýokarlandyrmaga we energiýa sarp edijiligi azaltmaga.
Elektroenergetikany ösdürmek tebigy gazyň peýdalanylmagyna, az netije berýän energetika enjamlarynyň ulanmakdan aýrylmagyna, energobloklaryň täzelenmegine, olaryň tygşytlylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga esaslanýar.

Energetika babatynda gyzgyn suw üpjünçiligi, ýyladyş, sowadyş, suw çykarmak we süýjetmek, ýarym geçirijileriň sintezi, tebigy energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boyunça barlaglar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Himiya senagatynda tehnologik ösüş dünýä ylymynyň barlaglaryna we ýurdumyzdaky täzeliklere esaslanýar.

Garabogaz kölüniň mineral-çig mal serişdelerini Türkmenistanyň çäklerinde ýody, bromy, organiki we mineral dökünleri, bentonit toýunyny, gazylyp alynýan magdanlary öndürmegiň netijeli usullary işlenip düzüler we ornaşdyrylar.

Geologiýa ylymlary we seýsmologiýa babatynda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýerleşişiniň kanuna laýyklyklaryny ýüze çykarmaga hem-de olary soňraky geologiýa-gözleg işine çekmäge, seýsmiki howplara baha bermegiň täze usullaryny döretmäge we ýer yranmasynyň çaklamalaryna aýratyn üns berler, seýsmiki taýdan mikroraýonlaşdyrmak işi dowam etdiriler.

Medisina ylmy mediko-demografiýa ýagdaýa, keselçiligi azaltmaga, ömrüň dowamlylygyny artdyrmagy üpjün etmäge, ýurduň ilatynyň köpeltmek ukybyny ýokarlandyrmaga we keselleri sagaltmaga bagyşlanan ylmy barlaglary geçirmäge gönükdiriler, ilata netijeli medisina kömegini bermegi guramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Ekologiýa we daş – töweregi goramak hem-de biologiýa, suw resurslaryny rejeli peýdalanmak babatda tebigatdan sazlaşykly, aýawly peýdalanmagyň ekologiýa-durmuş-ykdysady konsepsiýasyny we biologiki köpdürliligiň ylmy esaslaryny işläp düzmek boýunça barlaglar dowam etdiriler, şeýle hem antropogen faktorynyň tebigatyň düzümine täsir edişiniň derejesine baha bermek boýunça barlaglar alnyp barlar. Aral ýakasyndaky ekologiýa heläkçiliginiň zyýanly netijelerini azaltmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek dowam etdiriler.

Tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga we täzelikleri ornaşdyrmaga, önümçiligiň ylmy-tehniki ilerlemelere işjeň imrinmeginiň usulyny döretmäge uly üns berberler.

Türkmenistanyn Ylymlar akademiýasy
Ylym we tehnika baradaky geňeşi

One Response

  1. Çi­li­mi taş­la­mak is­le­ýän­ler üçin go­wy pur­sat
    Şu gün­ler­de do­wam ed­ýän ora­za gün­le­rin­de çi­lim­keş­le­riň çi­li­mi taş­la­mak­la­ry üçin iň go­wy pur­sat­dy­gy ha­bar be­ril­di. Hü­när­men­ler çi­lim­keş­le­riň bu pur­sat­dan peý­da­lan­mak­la­ry­ny ma­s­la­hat ber­ýär­ler. Bu ýo­wuz be­la­dan dyn­mak is­le­ýän ýa-da mu­nuň er­bet ta­rap­la­ry­ny du­ýup baş­lan adam­la­ryň agyz bek­läp, çi­lim­den hem ga­ça du­rup bil­jek­dik­le­ri ha­bar be­ril­di. Tür­ki­ýä­niň Sü­leý­man De­mi­rel uni­wer­si­te­ti­niň luk­man­çy­lyk fa­kul­te­ti­niň bö­lüm mü­di­ri pro­fes­sor, dok­tor Ah­met Ak­ka­ýa ora­za aýyn­da çi­lim­den ga­ça dur­ma­gy en­dik edi­nip, ora­za­dan soň­ra hem bu go­wy en­di­gi do­wam et­di­rip bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar. Uni­wer­si­te­tiň ga­ra­ma­gyn­da­ky çi­lim­keş­li­ge gar­şy gö­reş saglyk öýüne çi­li­mi taş­la­mak üçin ýüz tut­ýan­la­ryň ora­za aýyn­da has hem ar­tan­dy­gy­ny aý­dan Ak­ka­ýa, adam­la­ryň ora­za aýyn­da dur­mu­şy çi­lim­siz göz öňü­ne ge­tir­me­giň müm­kin­di­gi­ne göz ýe­tir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Pro­fes­sor agyz bek­le­nen­de, gün­de 16-17 sa­gat­lap çi­lim­siz ge­zip bol­ýan­dy­gy­ny, on­dan soň­ra-da ge­zip bol­jak­dy­gy­ny aýd­ýar.
    Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: