Ýal­ňyz adam has köp üşe­ýär

Ýal­ňyz­lyk aşa se­miz­lik­den has howp­ly, çi­li­miň de­re­je­sin­de zy­ýan­ly
Gün­ba­tar ýurt­la­ryn­da giň­den ýaý­ran ýal­ňyz­ly­gyň adam sag­ly­gy üçin aşa se­miz­likden has howp­ly hem-de çi­lim çek­mek ýa­ly zy­ýan be­ri­ji­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ýag­ny ýa­kyn do­gan-ga­ryn­daş­la­ry hem-de go­wy dost­la­ry bo­lan adam­lar has uzak ýa­şa­ýar­lar.

ABŞ-da 7,5 ýy­lyň do­wa­myn­da ge­çiri­len göz­le­ge (or­ta­ça ýaş­la­ry 64 bo­lan je­mi 300 müň adam gat­naş­dy) de­giş­li mag­lu­mat­la­ryň üs­tün­de iş­län ABŞ-nyň Brig­ham Ýong uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry tä­sin zat­la­ryň üs­tü­ni aç­dy­lar. My­sal üçin, dost-ýar­la­ry, ga­ryn­daş­la­ry hem-de do­wam­ly gat­naş­ýan adam­la­ry bol­ma­dyk adam­la­ryň sag­lyk taý­dan bu ýag­daý­dan çek­ýän zy­ýan­la­ry­nyň çi­lim çek­ýän­le­riň­ki­den az däl­di­gi aý­dyň gö­rül­di. Üs­te­si­ne­de bu zy­ýan he­re­ket­siz­li­giň hem-de aşa se­miz­li­giň zy­ýa­nyn­dan hem has köp­dü­gi anyk­lan­dy. Alym­la­ryň kes­git­le­me­si bol­sa örän sa­da: baş­ga adam­lar bi­len gat­na­şygy bo­lan­lar has uzak hem-de has sag­lyk­ly ýa­şa­ýar­lar!

Özü­ni ýal­ňyz duý­ýan ça­ga­la­ryň sa­ny kö­pel­ýär

Ger­ma­ni­ýa­nyň Fe­de­ral Sta­tis­ti­ka Gu­ra­ma­sy­nyň “Mik­ro­zen­sus 2009” ha­sa­ba­tyn­da Ger­ma­ni­ýa­daky her bäş maş­ga­ly­nyň bi­rin­de ýa enä­niň ýa-da ata­nyň ýok­du­gy bel­le­ni­lip, bu maş­ga­lalar­da ag­la­ba bir ça­ga­nyň bar­dy­gy nyg­tal­ýar. Şeý­le­lik­de, ça­ga­sy­ny ek­le­mek üçin iş­le­ýän enä­niň ýa-da ata­nyň öýün­de köp wagt ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bol­man­ly­gy se­bäp­li ça­ga­ özü­ni ýal­ňyz du­ýup baş­la­ýar. Ha­sa­bat­da ça­ga­la­ry ýal­ňyz­lykdan ha­las et­mek üçin bol­sa tiz­den-tiz çä­re ta­pyl­ma­gy­nyň örän wa­jyp­dy­gy aý­ra­tyn bellenilip ge­çil­ýär.

Ýal­ňyz adam has köp üşe­ýär

Ka­na­da­ly alym­lar bol­sa ýal­ňyz adam­lar­da psi­ho­lo­gi­ýa taý­dan hem örän oňaý­syz ýag­daý­la­ryň gö­rül­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar. My­sal üçin, öz­le­ri­niň ge­çi­ren göz­leg­le­rin­de ýal­ňyz adam­la­ryň has üşek bol­ýan­dy­gy, öz otag­la­ry­ny has so­wuk duý­ýan­dyk­la­ry gö­rü­len­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Çi­ka­go uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry bol­sa özü­ňi ýal­ňyz duý­ma­gyň örän oňaý­syz ne­ti­je­le­ri­niň bo­lup bil­jek­di­gi­ni nyg­tap, bu­la­ryň ara­syn­da ýü­rek ke­sel­le­ri, im­mun ul­ga­my­nyň ejiz­le­me­gi, uky kyn­çy­ly­gy, al­ko­go­la hem-de çi­li­me has me­ýil­li bol­mak ýagdaýlarynyň bar­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.

Ne­ti­je

Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, “Ýe­ke­lik Hu­da­ýa ýag­şy” di­ýen öň­ki­le­ri­miz hem bu ýag­da­ýyň nä de­re­je­de wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp ge­çip­dir­ler. Döw­rü­miz­de bol­sa psi­ho­log­lar ata­la­ry­my­zyň sö­zü­ni aja­zyk döw­re­bap­laş­dy­ryp “adam so­si­al jan­dar” diý­ýär­ler.

Zaman

One Response

  1. Ýurduň ady: Litwa
    Ýerleşýän ýeri: Ýewropa
    Paýtagty: Wilnýus
    Meýdany: 65 müň 200 km 2
    Ilaty: 3 milýon 341 müňden gowrak
    Dili: Litwan dili
    Ykdysatyýeti: Kişi başyna düşýän ýyllyk girdeji boýunça Litwany sebitde öňde barýan döwletleriň hataryna goşup bolar. Ýöne ekonmikasy ösen ýurtlaryňka görä pesräk.
    Näme üçin bu döwletde okuw?:
    Bu ýurt bilen öňki SSSR-iň düzüminde ‘doganlyk’ respublikalardyk. Onuň üçinem belki käbir kişileriň tanyşlary bu ýurtda ýaşaýan bolup biler.
    Rus dilinde käbir uniwersitetlerde okama mümkinçiligi.
    Az hem bolsa käbir ugurlary iňlis dilinde okama mümkinçiligi. Mysal üçin Vytautas Magnus uniwersiteti.
    Haýsy ugurlarda okamak amatly:
    1.Tehnologiýanyň käbir ugurlary: Informatika
    2.Medisina
    Ýokary okuw derejeleri:
    Uniwersitet (Bakalawr) derejesi: 3-4 ýyl
    Masterlik derejesi: 1-2 ýyl
    Doktorlyk derejesi: 3-4 ýyl
    Okuw jaýlary barada: Okuw ýyly sentýabrdan başlap iýunyň soňuna çenli dowam edýär. Okuw jaýlarynda semestrlik okuw ulgamy ulanylýar. Gyş semestri Sentýabryň 1-inden Ýanwaryň soňuna çenli dowam edýär. Ikinji semestr hem Fewralyň başyndan Iýunyň soňuna çenli dowam edýär.
    Ýokary okuw jaýlaryna gerek bolan dokumentler: Gerek bolan dokumentler beýleki ýurtlaryňky (seret AngliýaŞwesiýa) ýaly. We her uniwersitet tapawutly dokument isläp biler. Mysal üçin Wilnýus uniwersitetine ady agzalan dokumentlerden başga-da şu dokumenti doldurmak hem gerek.
    Okuw üçin ýyllyk pul: $4000-6000
    Ýaşaýyş üçin ýyllyk pul: $1000-2000
    Saglyk ätiýaçlandyrmasy: Litwada ýaşamak üçin saglyk ätiýaçlandyrmasy gerek we onuň her aýlygy ortaça 30 dollar töweregi.
    Stipendiýalar: Uniwersitetleriň umumy ýaşayş jaýlarynda galmak mümkin. Esasanam 2-3 kişi bolup ulyrak bir otagda galanyňyzda bahalar has elýeterli bolýar. Ýagny kişi başyna 100 dollar töweregi bolýar.
    Wiza: Beýleki ýurtlaryň wizasyny almak üçin gerek bolan dokumentler gerekli () Goşmaça maglumatlar üçin http://www.migracija.lt/ salgysyna seredip bilersiňiz.
    Ilçihana barada maglumat: Litwanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy Türkmenistana hem jogapkär. Azerbaýjandaky ilçinahanyn salgysy:
    Suleyman Dadashev köçesi 35, 523 Blok
    Baku AZ1001, Baku, Azerbaijan
    Phone: +994 12 5117631
    Fax: +994 12 5108688
    Email: amb.az@urm.lt
    Ulanylan çeşmeler:
    http://www.urm.lt/
    http://wikipedia.org/
    http://www.vu.lt/
    http://www.vdu.lt/
    http://www.migracija.lt/

    Bayjan

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: