Çilimkeşleri zyýanly endikden aýyrmak üçin aýgytly çäreleri görmeli boldy

Çilimiň garşysyna göreş

Alyjan Döwletow
Adatça, Türkmenistanda iki adamynyň başy çatylsa: «Näçe perman, kanun, karar çykarylaýsyn, olaryň hiç birinden haýyr ýok. Perman, karar, kanun işlemese, olary çykarmak nämä gerek?!» diýişýärler.Muny aýdýanlaryň gürrüňiniň jany bar. Ýöne, hakykatyň hatyrasyna şuny-da ýaňzytmak gerek: hemme ýagdaýda beýle-de däl. Permanlaryň-da nepiniň degýän ýeri-de kän.

Esasy gürrüňe geçmezden ötri, biraz yza çekileliň hem-de käbir faktlary ýatlap geçeliň.

Geçen asyrda

Geçen — ýigriminji asyryň ellinji, altmyşynjy, ýetmişinji, segseninji ýyllarynda çilimiň zyýany hakynda gürrüň gozgalsa-da, onuň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylmandy.

Edaralarda, kärhanalarda, kiçidir uly ýygnanyşyklarda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde… çilim çekilerdi. Çilimiň tüssesiniň derdinden ýaňa gözüňi açar ýaly bolmaýardy.

Şol döwürde degişmä ýakyn şeýleräk gürrüňem aýdylýardy: Bir gelin işinden öýüne gelipdir. Adamsy burnuny ýellendirip, aýalyna gygyrypdyr: «Üstüňden çilimiň ysy gelýä! Erkek bilen gezip ýören-ä dälsiň?!» (Türkmenlerde aýal maşgala çilim çekmeýär).

Aýaly görgüli kabinetlerinde dört sany erkek kişiniň aldygyna çilim kükedýändigini gaýtalap-gaýtalap düşündirip, müňkür ärinden zordan sypypdyr.

SSSR-iň hökümet baştutanlary, hatda Staline çenli çilim çekipdi. Jana ýagy çilimiň garşysyna döwlet derejesinde göreşilmezliginiň sebäbi belki, şunuň üçindir?!

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda-da çilimiň garşysyna berk göreş alnyp barylmady. Ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow ölemen çilimkeşleriň biridi. Prezident näsaglyk tapansoň, lukmanlar oňa çilim çekmezligi maslahat berdiler. Nyýazow öz erkine buýrup, çilimini taşlady.

Şol ýyllar tutuş dünýä möçberinde çilimiň garşysyna her dürli çäreler arkaly göreş alnyp barylýardy. Ösen döwletleriň birnäçesi edaralarda, köpçülik ýerlerinde, restoranlarda… çilim çekmäge gadagançylyk girizdiler. Düzgüni bozýanlara jerime salyndy.

Bir ujy Türkmenistanda

Çilimiň garşysyna göreşiň bir ujy Türkmenistana-da geldi. Döwlet ýolbaşçysy şu babatda ýörite perman çykardy. Perman kynlyk bilen ýola düşdi.

Çilimkeşleri zyýanly endikden aýyrmak üçin aýgytly çäreleri görmeli boldy. Munuňam sakasynda ozalky prezidentiň durandygyny aýtmak gerek.

Çilimiň garşysyna göreşmek şu günler nähili? Çilim çekilýän döwürden oba-ha göçdi. Sebäbi çilim çekýäne gaty uly jerime ýelmenýär. Aýratyn hem çilimkeşi polisiýa işgäri tutaýsa, dat gününe.

Dogry, ogryn-dogryn çilim çekilmän durlanok. Iş kabinetlerinde seýrek halda çilim çekilýär. Howlularda, köçeleriň ugurlarynda gizlenibräk çilim çekilýär. Köpçüligiň üýşen ýerlerinde, mähelleli duralgalarda, bazarlarda çilim çekýäne seýrek gabat gelinýär.Ozallar awtobuslaryň, trolleýbuslaryň, ýeňil maşynlaryň içinde çilim çekilýärdi. Hemme kişi çekmese-de, garaz, gopbamja kişiler muny edermenlik bilip şeýdýärdiler.

Indi beýle zat ýok. Trolleýbusdyr awtobuslarda indi ýolagçylar çilim çekmeýärler, ýöne çilimi indi awtobusdyr trolleýbusyň sürüjileri çekýärler. Elbetde, hemmesi däl. Umuman, şofýorlaryň çilim çekýäni kän. Olaryň çilimleriniň tüssesi awtobusdyr trolleýbusyň içine ýaýrap, adamlara, çaga-çugalara ýetýär. Belki, ýadawlyk olary çilim çekmäge mejbur edýändir.

Alyjan Döwletow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
AzatHabar

2 Responses

  1. Saglyk
    Täze merkezler hemmelere elýeterlimi?

    Gözel Hudaýberdiýewa
    1-nji sentýabrda Türkmenistanyň medisina ulgamyna degişli birnäçe täzelik peýda boldy. Täze medisina merkezleri açylyp, enjamlaşdyryldy. Türkmenistanyň döwlet medisina uniwersitetiniň täze ýolbaşçylary bellenildi. Uniwersitetiň professorlary we mugallymlary üçin täze jaý ulanylmaga berildi.

    Aşgbatda uly dabara bilen alty sany täze keselhana açyldy. Resmi maglumatlara laýyklykda, täze açylan merkezler ýurduň Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrliginiň ýokanç keseller merkeziniň edarasy tarapyndan birleşdirildi.

    Täze kompleksiň düzümine 150 orunlyk deri-wenerologiýa keselhanasy, 60 orunlyk inçekesel boýunça bejeriş-öňüni alyş merkezi, ýokanç keseller boýunça 260 orunlyk bejeriş-öňüni alyş merkezi, SPID-iň öňüni alyş merkezi, şeýle-de merkezleşdirilen laboratoriýa we gan merkezi girýär. Resmi maglumatlarda medisina şäherçesiniň gurluşygyna 103 milliondan gowrak puluň sarp edilenligi aýdylýar.

    Täze açylan ýokanç keseller merkezinde Merkezi Aziýada ilkinji bolup fibroskan apparaty işe girizildi. Fransiýadan satyn alnan bu guralyň bagyryň ýagdaýyny çalt we howpsuz barlamaga mümkinçilik berýänligi Türkmenistanyň habar serişdelerinde belläp geçildi.

    Şu hepdede lukmanlary taýýarlaýan döwlet medisina uniwersitetiniň professorlary we mugallymlary üçin ýörite salnan jaý ulanylmaga berildi. Prezidentiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan 12 gatly jaýda 46 maşgala ýaşar. Şol günüň özünde medisina işgärleri üçin 76 maşgalalyk ýene bir jaýyň ulanylmaga berlenligi hem habar berilýär.

    Hyzmatlaryň elýeterliligi

    Ýurduň saglygy saklaýyş infrastrukturasy gowulandyrylýarka, kadaly medisina hyzmatlary halkyň agramly bölegi üçin elýeterli bolman galýar. Ýerli ýaşaýjylar esasy sebäpleriň arasynda medisina hyzmatlarynyň köpçülik üçin çakdanaşa gymmatlygyny belleýärler.

    Soňky döwürde türkmenistanlylaryň keselini bejertmek üçin medisina edaralaryna derek tebiplere we mollalara ýüz tutýan halatlarynyň hem köpelenligini ýerli lukmanlar bilen söhbetdeş bolan Azatlyk Raidosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýew aýdýar.

    Medisina hyzmatlarynyň hili hem adamlarda nägilelik döredýär. Ilatyň hatda esasy medisina hyzmatlary bilen kadaly üpjün edilmeýänligini türkmenistanly pensioner Azatlyk Raidosyna gürrüň berip, lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň, dermanlaryň ýetmezçilik edýänligini belleýär.

    Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň ýene bir ýaşaýjysy täze açylýan merkezleriň işgärleriniň nähoşlary bejermek däl-de, olardan has köp pul almak maksadyna eýerýän pursatlarynyň seýrek däldigini belläp, öz ogluny bejertmek üçin narkologiýa keselhanalarynyň birine ýüz tutup, ýedi günde bir million 300 müň manat tölänligini, emma netije bolmanlygyny gürrüň berýär.

    Kadrlar meselesi

    Türkmenistanda kadrlar ýetmezçiligi medisina ugrunda has ýiti duýulýar. Türkmen hökümeti kadrlar üpjünçiligini ileri tutýan ugurlarynyň arasynda agzap gelýär. Emma, muňa garamazdan, ýerli ýaşaýjylar ýurduň içinde köp lukmanlaryň işsiz galýanlygyny hem gürrüň berýärler.

    Türkmenistanly ginekolog lukmanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, işlemek isleýän bilimli, tejribeli köp lukmanlar dürli bahanalar bilen işe alynmaýar. Işe girmek isleýän lukmanlaryň öňünde goýulýan esasy şertleriň arasynda latyn elipbiýini we ”Ruhnamany” bilmek talap edilýär. Üstesine-de para bermeli bolýar.

    Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly lukman işsiz kösenýän ýa pensiýa çykan tejribeli lukmanlaryň duş gelen ownuk-uşak gazanç bilen gün görýänligini, hususan-da, koneje ulaglary bolan lukmanlaryň sürüjilik bilen gazanç edýänligini aýdýar.

    Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi lukmanlaryň pensiýalarynyň hem ujypsyzdygyny belleýär we medisinada 30 ýyllyk iş stažy bolsa-da, öz pensiýasynyň 55 dollardan geçmeýänligini gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, pensiýalaryň kesgitlenmegi köplenç raýatlaryň çeken zähmetine we iş stažyna däl-de, pensiýalary kesgitleýän ýerli edara ýolbaşçylaryna we olara berlen paranyň möçberine bagly bolýar.

    Kemçilikleriň agzalmagy

    Türkmenistanda medisina hyzmatlarynyň hiliniň pesdigini we ýurtda saglygy saklaýyş pudagynyň hakyky ýagdaýyny ýaşyrmak boýunça düzgünleriň höküm sürýänligini Türkmenistanda işlän halkara guramalary hem habar berýärler.

    10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda işlän we 2009-njy ýylyň aýagynda ýurdy terk eden “Serhetsiz lukmanlar” guramasy 12-nji aprelde ýaýradan hasabatynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky kemçilikleri paş etdi.

    “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň ýolbaşçylaryndan Lesli Şanks agzalan hasabaty ýaýratmak arkaly bu guramanyň Türkmenistanda şaýat bolan takyk kemçiliklerine Türkmenistanyň we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksadyna eýerenligini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

    Emma “Serhetsiz lukmanlar guramasynyň hasabatynyň çap edilmegi Türkmenistanyň ýolbaşçylarynda nägilelik döredipdi. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan resmi beýannamasynda türkmen tarapy “Serhetsiz lukmanlar” guramasyny Türkmenistan barada bilkastlaýyn galp maglumat ýaýratmak arkaly ýurdy abraýdan düşürmäge synanyşykda aýyplady.
    Azayhabar

  2. Özüm hakda aýdyp özümi öwüp oturmaýyn, tanaýan tanaýandyr öwsem ýalňyşaryn belki? Gezelenji gowy görýän, ýüzmani, nahar iýmäni. Ýok Avatar kinofilmini halamadym. Sushi iýemok ( ýerine sogan iýenim) gowy . Aýdym barada esasan enstrumental, rock aram aram pop. Hökman biznes diýip duramok Ekonom klass bolsa da uçýan. Aktiw etýän işlerimden web, kino gitmek, gezelenç.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: