Sportyň haýsy görnüşleri bogunlar üçin has howply?

Sporta lukman gözegçiligi
1) Soňky wagtda tutuş dünýäde sporta lukman gözegçiligi barada ýygy-ýygydan aýdyp ugradylar. Muňa dürli ýurtlaryň sportsmenleri bilen bolup geçen betbagtçylykly wakalar sebäp bolýan-a däldir.?! Ýadyňyza düşýän bolsa, KHL (kontitental hokkeý ligasynda) oýnaýan Magnitogorskiniň “Metalurg” komandasynyň oýunçysy Alekseý Çerepanowyň ömür tanapynyň oýun gidip durka üzülendigine dünýä jemgyýetçiligi şaýat boldy. Şeýle mysallar başga-da bar.

2) Biziň ýurdumyzda sporta lukman gözegçiligini üpjün etmek barada ýurt derejesinde alada edilýändiginiň subutnamalarynyň biri — ýörite lukman gözegçiligi ýola goýlan sport suw toplumy işe başlady.

3) Ýurdumyzyň beýleki sport edaralarynda bu babatda ýagdaý nähili?

4) Bir tanşymyň 16 ýaşly ogly karate gatnap ugrandan 6 aý geçenden soň onuň barmaklary, dyzlary “şatyrdap”, başlapdyr. Tälimçi onuň ýagdaýyny duýup, saglygyny barlatmagy maslahat beripdir. Ýöne oglanjyk lukmanyň ýanyna barmaga çekinýär. Ol lukman karate bilen meşgullanmagy gadagan eder öýdýär. Eýsem onuň bogunlarynyň şatyrdamasy nämedenkä?

5) Sportyň haýsy görnüşleri bogunlar üçin has howply?

6) Dünýä belli sport ýyldyzlarynyň hormatly dynç alyşa çykandan soň maýyp bolýan halatlary seýrek däl. Bu näme üçin beýle bolýar? Belki, käbir sportsmenler sportyň özleriniň saglyk ýagdaýyna laýyk gelmeýän görnüşlerini saýlaýandyr? Belki-de, olar saglygyny aýamak barada pikirem etmän, juda köp meşgullanýandyr?

7) “Ýokanç keselli adamlar sportyň bogunlara agram salýan görnüşleri bilen meşgullanmaly däl” diýen düşünje bar. Bu hakykatdanam şeýlemi?

8- Umuman, sportuň haýsy görnüşleri bilen saglygyndan ätiýaç etmän meşgullanyp bolýar? Haýsy görnüşleri lukmandan ygtyýar almagy talap edýär.
Saglygy Goraýşyň Habarlar Merkezi

One Response

  1. Türkmenistan–bilimleriň we saglygyň ýurdy
    1-nji sent­ýabrda tä­ze okuw ýy­ly­nyň bi­rin­ji gü­nün­de paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Şeý­le hem tä­ze ýaşaýyş jaý­la­ry­nyň bir­nä­çe­si we Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň bi­na­lar top­lu­my ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
    Şol gün bi­ziň ýur­du­myz däp bo­ýun­ça şan­ly baý­ram­çy­ly­gy—Bi­lim­ler we ta­lyp ýaşlar gü­nü­ni bel­läp geç­di. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­na mil­li bi­lim ul­ga­my­ny düýp­li öz­gert­me­giň başyny başlan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow gat­naşdy.

    … Ir sä­her­den başlap paý­tag­ty­my­zyň Ar­ça­bil şaýo­lu­nyň ug­run­da ha­ky­ky uly baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy hö­küm sür­ýär. Şol ýer­de ak mer­me­re ör­tü­len, al­tyn wit­raž­lar bi­len be­ze­len Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň top­lu­my gu­rul­dy. Ol şähe­riň gü­nor­ta bö­le­gin­de eme­le gel­ýän aja­ýyp bi­na­gär­lik an­samb­ly­na saz­laşyk­ly goşulyp, türk­men top­ra­gyn­da tä­ze Gal­ky­nyş eý­ýa­myn­da bo­lup geç­ýän mö­hüm öz­gert­me­le­riň el bi­len dö­re­di­len sim­wo­ly­na öw­rü­len Aşga­ba­dyň ha­ky­ky be­ze­gi bol­dy.

    Mä­lim bolşy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da dö­re­dil­di, ol ýa­py­lan Türk­men döw­let luk­man­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň hu­kuk orun­tu­ta­ry bo­lup dur­ýar. Mil­le­tiň Li­de­ri­niň bu çöz­gü­di bi­ziň ýur­du­myz­da bi­li­mi we yl­my ös­dür­mä­ge, hü­när­li kadr­la­ry taý­ýar­la­ma­ga we şunuň bi­len bir­lik­de hä­zir­ki wagt­da hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çy­kan ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leşdir­mä­ge we döw­re­bap­laşdyr­ma­ga ägirt uly üns be­ril­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta­syn­da Kö­pet­da­gyň aja­ýyp dag etek­le­rin­de gur­lan, dün­ýä stan­dart­la­ry­nyň de­re­je­sin­de iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň bir­nä­çe­si muňa aý­dyň şaýat­lyk ed­ýär. In­di­den beý­läk bu öz­bo­luşly luk­man­çy­lyk şäher­çe­si­niň top­lu­my­na ýo­ka­ry de­re­je­si öz adyn­dan bel­li bo­lan tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi goşul­dy.

    Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­ne «Sag­lyk» mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­muşa ge­çir­mek­de we ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my üçin ýo­ka­ry hü­när­li işgär­le­ri taý­ýar­la­mak­da mö­hüm orun de­gişli­dir. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de fa­kul­tet­le­riň 5-si–ke­sel be­je­riş, pe­di­at­ri­ýa, ke­sel­le­riň öňüni alyş, sto­ma­to­lo­gi­ýa we far­ma­sef­ti­ka fa­kul­tet­le­ri, 43 sa­ny ka­fed­ra, dip­lom­dan soňky bi­lim bö­lü­mi işle­ýär.

    Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti da­ba­ra gat­naşyjy­la­ry we onuň myh­man­la­ry­ny baý­ram­çy­lyk ly­ba­syn­da garşyla­ýar. Uni­wer­si­te­tiň öňün­dä­ki giň meý­dan­ça­ny öz­bo­luşly suw çüw­dü­rim­le­ri be­ze­ýär. Ýur­du­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry, Mej­li­siň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da res­mi taý­dan bel­le­nen dip­lo­ma­ti­k we­kil­ha­na­la­ryň we mis­si­ýa­la­ryň ýol­başçy­la­ry, daşary ýurt­ly myh­man­lar, şeý­le hem mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, Umu­my­mil­li «Gal­ky­nyş» he­re­ke­ti­ne gir­ýän jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, ha­bar be­riş se­rişde­le­ri­niň we­kil­le­ri baş bi­na­nyň mer­ke­zi gi­rel­ge­si­niň öňüne ýyg­nan­dy­lar.

    Da­ba­ra gat­naşyjy­lar Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ni mä­hir­li we tüýs ýü­rek­den garşyla­ýar­lar. Mil­li ly­bas­da­ky gyz­lar döw­let Baştu­ta­ny­na gül des­se­le­ri­ni gowşur­ýar­lar.

    Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň gi­rel­ge­si­niň öňün­de otur­dy­lan mün­be­re geç­ýär. Mil­le­tiň Li­de­ri bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, hem­me­le­ri şu gün bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaşlar gü­ni bi­len, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň da­ba­ra­ly açy­lyşy bi­len gut­la­dy. Döw­let Baştu­ta­ny­nyň bel­leýşi ýa­ly, bu okuw mek­de­bi­niň açyl­ma­gy Ga­raşsyz Wa­ta­ny­my­zyň mil­li se­ne­na­ma­sy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lar, onuň bi­na­lar top­lu­my bol­sa gün­sa­ýyn gö­zel­leşýän Aşga­ba­dy ýe­ne-de has be­zär.

    Bat­ly ga­dam­lar bi­len öňe bar­ýan eziz Di­ýa­ry­my­zy bi­lim­ler ýur­dy hök­mün­de dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak, döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry­ny, okuw mek­dep­le­ri­ni dö­ret­mek hem-de ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyşly tä­ze nes­li ke­ma­la ge­tir­mek hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys me­se­le­le­ri­niň bi­ri­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­dir­di.

    Dün­ýä­niň iň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, ýo­ka­ry bi­na­gär­lik de­re­je­sin­de gur­lan üç müň ta­lyp bi­lim al­jak bu Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýo­ka­ry bi­lim ul­ga­myn­da, şol san­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da düýp­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li do­wam et­me­gi­niň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir di­ýip, mil­le­tiň Li­de­ri aýt­dy. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň okuw otag­la­ry dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry, okat­ma­gyň in­te­rak­tiw we mul­ti­me­di­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len­dir. Fi­zio­lo­gi­ýa we bio­lo­gi­ýa okuw bi­na­la­ry, yl­my-bar­lag mer­ke­zi we dip­lom­dan soňky bi­lim bö­lü­mi, «Gal­ky­nyş» mer­ke­zi, ta­ryh mu­ze­ýi, baý ki­tap­ha­na­sy, umu­my­ýaşaýyş jaý­la­ry, mej­lis­ler we sport zal­la­ry top­lu­ma gir­ýär. Mah­la­sy, bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de ýo­ka­ry hü­när­li luk­man­la­ry, der­man­çy­lyk ug­run­dan ýo­ka­ry bi­lim­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin äh­li şert­ler bar.

    Ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de luk­man­çy­lyk hü­nä­ri­niň ke­se­liň öňüni alyş we be­je­riş, pe­di­at­ri­ýa, sto­ma­to­lo­gi­ýa hem-de far­ma­sef­ti­ka ýa­ly esa­sy bäş ug­ry bo­ýun­ça oka­dy­lar. Bu ýer­de esa­sy ylym-bi­lim mer­kez­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­raýşy üçin ze­rur bo­lan hü­när­men­ler taý­ýar­la­ny­lar. Uni­wer­si­tet­de mil­le­ti­mi­ziň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da ja­ny-te­ni bi­len ha­lal zäh­met çek­ýän, öz kä­ri­ni ýü­rek­den söý­ýän luk­man­lar taý­ýar­la­nyl­ma­ly­dyr di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti nyg­ta­dy.

    Döw­let Baştu­ta­ny ta­lyp­la­ra ýüz­le­nip, siz gel­jek­de Luk­man he­ki­miň pent-öwüt­le­ri­ni do­ly ber­jaý ed­ýän, luk­man­çy­lyk ka­sa­my­na we­pa­ly, kal­by ak ha­lat de­ýin pä­ki­ze, ök­de hü­när­men­ler hök­mün­de öz alyp bar­ýan jo­gap­kär­li işiňiz­de ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyp, özüňizi gör­kez­me­li­siňiz di­ýip bel­le­di.

    Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň hä­zir­ki ta­lyp­la­ry­nyň—gel­jek­ki hü­när­li luk­man­la­ryň öňün­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mek we kä­mil­leşdir­mek bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet­li ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri çöz­mek we­zi­pe­si dur­ýar di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti sö­zü­ni do­wam et­dir­di. Hut olar geç­mişde luk­man­çy­lyk yl­my­nyň düý­bü­ni tu­tup gi­den Abu Ali ibn Si­na, Se­ýit Ys­ma­ýyl Gür­gen­li, Mu­ham­met Gaý­maz Türk­men we beý­le­ki­ler ýa­ly mil­li luk­man­çy­ly­gy­my­zyň däp­le­ri­ni do­wam et­di­ri­ji­ler bol­ma­ly­dyr­lar.

    Bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry ýo­ka­ry mek­de­biň bi­na­lar top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly açy­lyşyna gat­naşma­ga ça­gy­ryp, şu gün Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän beý­le­ki mö­hüm des­ga­la­ryň—Mer­ke­zi de­ri-we­ne­ro­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň, In­çe­ke­se­li be­je­riş we öňüni alyş mer­ke­zi­niň, Mil­li AIDS-niň öňüni alyş mer­ke­zi­niň, Ýo­kanç ke­sel­le­ri be­je­riş-öňüni alyş mer­ke­zi­niň, Gan mer­ke­zi­niň, Mer­kez­leşdi­ri­len bar­lag­ha­na­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leşdir­mä­ge ýar­dam eder.

    Mil­le­tiň Li­de­ri Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň açyl­ma­gy we şu gün da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­nip ge­çil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaşlar gü­ni bi­len bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ry ýe­ne-de bir ge­zek mä­hir­li gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, bagt we aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti öz çy­kyşyny ta­mam­lap, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň pro­fes­sor­la­ry­na we mu­gal­lym­la­ry­na ylym­da, ýo­ka­ry hü­när­li işgär­le­ri taý­ýar­la­mak­da tä­ze be­lent sep­git­le­ri ga­zan­mak­da üs­tün­lik­le­ri, ta­lyp­la­ra bol­sa ak ýü­rek­li oka­ma­gy, bu hü­nä­riň äh­li syr­la­ry­ny öz­leşdir­me­gi, Wa­ta­ny­my­za we hal­ky­my­za ak ýü­rek­den hyz­mat et­me­gi ar­zuw et­di.

    Tol­gun­dy­ry­jy pur­sat ge­lip ýet­ýär—Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň mer­ke­zi gi­rel­ge­si­ne bar­ýar we da­ba­ra gat­naşyjy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyşma­la­ry as­tyn­da sim­wo­li­ki len­ta­ny kes­ýär. Döw­let Baştu­ta­ny bi­na­nyň aja­ýyp ho­lu­na gir­ýär we uni­wer­si­te­tiň mej­lis­ler za­ly­nyň öňün­de ýer­leşen Mag­lu­mat­lar no­ka­dy­na ta­rap ug­ra­ýar hem-de onuň işi bi­len ta­nyşýar. Mag­lu­mat­lar no­ka­dy ýo­ka­ry okuw mek­de­bi we onuň inf­rast­ruk­tu­ra­sy ha­kyn­da is­len­dik mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. My­sal üçin, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň baş bi­na­syn­da rek­to­rat we de­ka­nat­lar, eda­ra ediş-ho­ja­lyk mü­dir­li­gi, in­ter­na­tu­ra, as­pi­ran­tu­ra we kli­ni­ki or­di­na­tu­ra, okuw, okuw-usu­ly­ýet we yl­my bö­lüm­ler, hal­ka­ra gat­naşyk­la­ry bö­lü­mi ýer­leşýär. Bu ýer­de ki­çi çap­ha­na, mu­zeý, «Gal­ky­nyş» mer­ke­zi, ki­çi we uly mej­lis­ler zal­la­ry, ka­fe­te­riý we beý­le­ki jaý­lar hem bar.

    Döw­let Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň öz mu­ze­ýi hem bar, şol ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň luk­man­çy­lyk ul­ga­myn­da ge­çi­ren işle­ri­ni jem­le­ýän öz­bo­luşly ar­hiw gaz­na­sy dö­re­di­lip­dir. Şon­da mil­le­tiň Li­de­ri­niň ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­na de­gişli bo­lan res­mi­na­ma­lar, döw­let Baştu­ta­ny­nyň ýa­zan yl­my, şeý­le hem kurs we dip­lom işle­ri ýyg­na­lyp­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň okan ýyl­la­ryn­da ýa­zan yl­my re­fe­rant­la­ry hem mu­zeý­de gör­nük­li or­ny eýe­le­ýär.

    Şu ýer­de mil­le­tiň Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedowyň my­na­syp bo­lan Hor­mat hat­la­ry, hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki dip­lom­la­ry, alym­lyk de­re­je­si­ne gü­wä geç­ýän res­mi­na­ma­lar, döw­let Baştu­ta­ny­na gowşury­lan dür­li Hor­mat nyşan­la­ry ýer­leşdi­ri­lip­dir.

    Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň baş bi­na­sy­na gaý­dyp ge­lip, mej­lis­ler za­ly­na geç­ýär. Şol ýer­de da­ba­ra gat­naşyjy­lar — Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Başly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, Mej­li­siň başly­gy, yl­my işgär­ler, ýo­ka­ry mek­de­biň mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp­la­ry ýyg­nan­dy­lar.

    Bu ýer­de mil­le­tiň Li­de­ri Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň il­kin­ji alym­lar geňeşini ge­çir­di.

    Da­ba­ra gat­naşyjy­lar, ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň ta­lyp­la­ry we mu­gal­lym­la­ry bi­len mä­hir­li hoşlaşyp we hem­me­le­ri şan­ly wa­ka bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, mil­le­tiň Li­de­ri açyl­ma­ga taý­ýar edi­len beý­le­ki des­ga­la­ra-sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işgär­le­ri üçin gur­lan ýo­ka­ry amat­lyk­ly we otag­la­ry­nyň ýer­leşişi go­wu­lan­dy­ry­lan be­lent ýaşaýyş jaý­la­ry­na ta­rap ug­ra­dy.

    Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti tä­ze ja­ýy göz­den ge­çir­mek bi­len öý­le­riň bi­rin­de bol­dy. Bag­ty­ýar öý eýe­le­ri döw­let Baştu­ta­ny­ny ägirt uly şat­lyk bi­len garşyla­dy­lar. Mil­le­tiň Li­de­ri ýaşaý­jy­la­ry jaý to­ýy bi­len mä­hir­li gut­lap, ola­ra maşga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, bag­ty we yla­laşyk­ly ýaşama­gy ar­zuw et­di.

    Da­ba­ra gat­naşyjy­lar bi­len hoşlaşyp, döw­let Baştu­ta­ny öz aw­to­mo­bi­li­ne mün­di we şu gün açyl­ma­gy me­ýil­leşdi­ril­ýän—Aşga­bat­da gur­lan Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň bi­na­lar top­lu­my­na baryp gördi.

    Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň esa­sy gi­rel­ge­si­ne bar­ýar we da­ba­ra­ly ýag­daý­da sim­wo­li­ki len­ta­ny ke­sip, Ýew­ro­pa­nyň esa­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­rin­den ge­ti­ri­len iň tä­ze luk­man­çy­lyk teh­ni­ka­sy bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man mer­kez­le­riň 6-sy­ny özün­de jem­le­ýän tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry­ bilen tanyşdy.

    Mü­di­ri­ýe­tiň dü­zü­mi­ne ýo­kanç ke­sel­le­ri­ni be­je­riş we öňüni alyş mer­ke­zi, in­çe­ke­se­li be­je­riş-öňüni alyş mer­ke­zi, mer­ke­zi de­ri-we­ne­ro­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy, mer­kez­leşdi­ri­len bar­lag­ha­na, gan mer­ke­zi, SPID-iň öňüni alyş mil­li mer­ke­zi gir­ýär.

    Döw­let Baştu­ta­ny ke­sel­le­ri anyk­la­ýyş bö­lü­min­de tä­ze öz­bo­luşly ab­zal bo­lan fib­ros­ka­nyň işi bi­len ta­nyşýar. Bag­ryň ke­se­li­ni anyk­la­mak üçin Fran­si­ýa­da ön­dü­ri­len bu ab­zal Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de il­kin­ji ge­zek hö­dür­len­ýär. Mun­dan başga hem mer­kez müşde­ri­le­riň howp­suz şert­le­ri­ni üp­jün et­mek üçin ze­rur teh­ni­ka bi­len en­jam­laşdy­ry­lyp­dyr. Ýo­kanç ke­sel­li nä­sag­lar üçin izol­ýa­tor­lar hem göz öňün­de tu­tu­lan­dyr, şol nä­sag­la­ryň ýa­ny­na gel­ýän­ler bol­sa olar bi­len do­mo­fon ara­gat­naşygy ar­ka­ly ha­bar­laşyp bi­ler­ler.

    Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti göz­den ge­çir­me­gi ta­mam­lap, Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy­sy­ny gal­dyr­ýar. Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň işgär­le­ri­niň, türk­men sag­ly­gy go­raýşynyň äh­li işgär­le­ri­niň adyn­dan mil­le­tiň Li­de­ri­ne ýa­dy­gär­lik sow­ga­dy gowşuryl­ýar.

    Döw­let Baştu­ta­ny da­ba­ra gat­naşyjy­lar bi­len mä­hir­li hoşlaşyp, tä­ze luk­man­çy­lyk top­lu­my­nyň äh­li işgär­le­ri­ne üs­tün­lik­li işle­me­gi ýe­ne-de bir ge­zek ar­zuw et­di.

    Agşam Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ha­ty­ra­sy­na we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş sag­ly­gy­na toý sa­da­ka­sy be­ril­di.

    (TDH).
    Zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: