Göwrelilik döwründäki kynçylyklar

Göwrelilik döwründäki kynçylyklar
Kim köp töwekgellik edýär?
– 15 ýaşda ilkinji gezek göwreli bolan zenanlar (irki ilkinji göwrelilik).
– 35 ýaşda we ondan soñ ilkinji gezek göwreli bolan aýallar (giçki ilkinji göwrelilik).
– Anamnezinde ýokary arterial gan basyşynyñ bolmagy.
– Gan basyşy yzygiderli ýokarlanýan aýallar.
– Ýürek keselliler.
– Böwrek keselliler.
– Süýjüli diabetden ejir çekýänler.
– Wirusly gepatiti ba$dan geçirenler.
– RH otrisatel alamatly ganly zenanlar.
– Köp düwünçekli göwreliligi başdan geçirýän aýallar.
– Zyýanly endikliler (arak, çilim, neşe serişdelerini ulanýanlar).

Saglyk. 2009, sentýabr-oktýabr

Teswirler

Advertisements

2 Responses

  1. Serdar Gulgeldiýew
    Bu waka irräk döwürde Ahal welaýatyna degişli Gökdepe etrabynda bolup geçipdi.
    Bir maşgalanyň durmuşa çykmadyk ulugyzynyň garny ulalyp başlaýar. Muny duýan maşgalabaşy bolan ýaşuly gyzyny lukmanyň gözegçiligine eltýär. Gyzy UZI (ultra ses bilen barlaýan apparat) boýunça barlan lukman ýaşula gyzyň göwresinde çaga bardygyny aýdýar. Hakykatda bolsa gyzyň göwresinde rus dilinde «kista» diýlip at berilýän et örýän eken.

    Ýaşuly öýüne gelip, gyzyny gyssaýar. «Çaga kimden?» diýip soraýar. Sada oba gyzy goňşy oglanyň özüne soňky wagtlar ýiti-ýiti seredýänini aňýan eken we şeýle ýagdaýda-da göwrelilik emele gelip bilýändir öýdüp düşünýär. Kakasyndan gorkan gyz oňa goňşy oglanyň salgyny berýär. Ýaşuly bir gün goňşy oglany sygyr dölä, hamala kömege çagyrýan ýaly çagyrýar we ony paltalap öldürýär, jesedini bolsa sygyr dölesinde gömýär.

    Gijräk hem bolsa, derňew organlary tarapyndan bu wakanyň üsti açylýar. Ýaşuly jenaýat jogapkärçiligine çekilýär hem-de azatlykdan mahrum edilýär. Hiç hili göwrelilik alamaty bolmadyk gyza şeýle diagnozy goýan lukman welin jezadan çetde galýar.

    Ýaňy-ýakynda…

    Ýaňy-ýakynda lukmanlar tarapyndan ters diagnoz goýma wakasy ýene ýüze çykdy. Buşugan wagty jebir çekmeli bolýan ýaş ýetginjegi ejesi lukmanyň gözegçiligine eltýär. Medisina institutyny ýaňyrak tamamlap, täzeräk işe başlan ýaş lukman ýigit on dört ýaşly ýetginjegi barlandan soň, onda hapa jynsy keseliniň bardygyny aýdyp, enä başga lukmana ýüz tutmagy maslahat berýär. Bu habary eşiden enäniň zähresi ýarylýar. On dört ýaşly oglanda beýle keseliň nireden bolup bilýänine haýran galýar, oglunyň mekdepden başga ýere gitmeýänini aýdýar. Ýaş lukman barybir onuň gepini diňlemän, «Hapa jynsy keselliniň oturan ýerinde otursa-da, şeýle kesel ýokuşyp bilýär» diýýär-de, ony ugradyp goýberýär.

    Ene goňşusynyň ýanyna gelip, bu habary aýdyp nalaýar. Köpi gören goňşy oglanyň buşuk haltasynyň sowuklan bolmagyny aýdyp, oňa sowuklamanyň garşysyna gerekli dermanlary alyp içirmegi enä maslahat berýär.

    Ene goňşusynyň diýenini edýär. Bir hepdeläp ogluna goňşusynyň salgy beren dermanlaryny içirýär. Ýetginjek şondan soň dertden saplanyp gidýär.

    Sag golunyň pilçesi duýdansyz agyryp ugran aýal Aşgabadyň koordiologiýa merkezine ýüz tutýar. Ol ýerde näsag aýaly her hili apparatdan, rentgenden geçirip görýärler hem-de «Süňk ragy» diýip diagnoz goýýarlar. «Aýagyň süňkünden alyp, şol ýere ýelmemeli» diýibem em salgy berýärler. Näsag aýal gözýaş döküp, hossarlary bilen hoşlaşyp, lukmandan-lukmana ylgaýar. Örän kän lukmanlar rentgen apparatynyň alan suratlaryny synlap, goýlan diagnozy tassyklaýar. Ýöne birden ol aýala bir tanyş lukmany duşup, pilçedäki gara tegmiliň rak keseliniň däl-de, sowuklamanyň alamatydygyny aýdýar. Şu habary eşidenden soň näsag aýal özüniň köp wagtlap, işde kondisioneriň öňünde oturandygyny ýadyna salýar. Soňra sowuklamanyň garşysyna dermanlary kabul edip, dertden saplanýar.

    Kadrlar gerek

    Şeýle ýalňyş diagnoz goýmalar türkmen lukmanlarynyň arasynda örän köp gabat gelýär. Soňky döwürde Türkmenistanda örän köp täze hassahanalar gurlup, olar dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen, iň kämil medisina enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýöne enjamlaryň işine düşünmeýän adamlar ol enjamlaryň başyna eltilse, kämil enjamdan ne peýda!

    27-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Öňki medisina instituty uniwersitete öwrüldi hem-de oňa täze bina bagyşlandy.

    Ösen döwletlerden iň täze, kämil medisina enjamlarynyň getirilmegi, lukmançylyk institutynyň uniwersitete öwrülmegi, täze tipli hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurulmagy gowy zat. Ýöne bu zatlaryň hemmesinden zerur zat —zehinli, işine ezber medisina kadrlary gerek.

    Ellerine ýigrimi bäş-otuz müň amerikan dollaryny alyp gelip, medisina institutyna girip bilmän gidýänleri, medisina ugrundan bilim almak meselesinde-de parahorlugyň, tanyşparazlygyň, wezipeparazlygyň ösmegi, ýol almagy geljek hakda gorkuly pikir öwürmäge mejbur edýär. Täze döredilen uniwerisitet babatda bir şu zatlardan ara açylsa ýagşy. Medisina ugrundan bilimi diňe şu ugra höwes edýänlere bermeli. Şu ýagdaý berjaý edilmese, ters diagnoz goýulmalar-da, ters bejergiler-de ýitip gitmez. Bu örän gynançly ýagdaý.

    Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
    Azathabar

  2. 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Ýokanç keseller merkezleri müdirliginiň toplumynyň açylyş dabaralary boldy.

    Ýaňy-ýakynda döredilen lukmançylyk uniwersitetiniň täze binasy paýtagtyň dag eteginde ýerleşýän halkara saglygy goraýyş merkezler müdirýetiniň golaýynda guruldy. Bu uniwersitetde üç müň talyp bilim alar. Lukmançylyk uniwersitetinde keseliň öňüni alyş we bejeriş, pediatriýa, stomatologiýa, farmasewtika hünärleri boýunça talyplara bilim berilýär.

    Lukmançylyk uniwersiteti öz toplumynda fiziologiýa hem-de biologiýa okuw binalaryny, ylmy-barlaglar merkezini we diplomdan soňky bilim bölümini, «Galkynyş» merkezini, taryh muzeýini, kitaphanany, mejlisler we sport zallaryny hem-de umumy ýaşaýyş jaýlaryny jemleýär. Uniwersitetiň kitaphanasynda medisina kitaplarynyň elektron görnüşi hem döredilipdir.

    Täze uniwersititet bilen tanşandan soň, Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň alymlar geňeşini geçirip, täze açylan ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryny wezipä belledi. Prezidentiň permany bilen Lukmançylyk uniwersitetiniň rektory wezipesine Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň öňki orunbasary Güljemal Ezizowa bellenildi.

    Täze hassahanalar açyldy

    Ýokanç keselleri merkezleri müdirýetiŞol gün Berdimuhamedow paýtagtyň gaýrasynda ýerleşýän Çoganly raýonynda täze açylan ýokanç keselleri merkezleri müdirýetiniň hem açylyş dabarasyna gatnaşdy.

    Hassahanalar toplumy Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkezini, merkezi deri-wenerologiýa hassahanasyny, ýokanç keselleri bejeriş we öňüni alyş merkezini, gan merkezini, AIDS-iň öňüni alyş merkezini özünde jemleýär.

    Bu hassahanalar ozal paýtagtyň merkezinde dürli ýerlerde aýratyn özbaşyna ýerleşýärdiler. Indi olaryň ählisi Çoganly raýonynda gurlan täze binalara göçürilip getirildi.

    Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkeziniň açylmagy bolsa bu kesele garşy göreşi güýçlendirmekde öňe ädilen bir ädim diýip aýtmak bolar. 2003-nji ýylyň ahyrynda Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi bilen Aşgabatdaky inçekesel hassahanasy tutuşlygyna Kaka etrabynyň Duşak şäherçesine göçürilipdi. Bu kesel bilen kesellän paýtagtlylar bejergi almak üçin ol ýere gitmeli bolýardylar.

    Ýöne täze açylan inçekesel hassahanasynyň 60 hassa üçin niýetlenendigini nazara alsaň, onda soňky döwürde paýtagtda juda köp ýaýran inçekesel bilen kesellän hassalaryň köpüsine ýardam etmekde bu ýerde kynçylygyň döremegi mümkin. Çünki 2003-nji ýylyň ahyryna çenli Aşgabatdaky bar bolan hassahana 450 orunlykdy we şonda-da ol ýerde hassalara boş ýer tapylmaýardy
    Azathabar

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: