Hakykatdanam, çilim adam saglygynyň duşmanydyr

Çilim çekmekden daş duralyň
Adam üçin iň bir möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk bolmasa, durmuşda ruhubelent ýaşap bolmaýar. Sagdyn ýaşamaklyk adamyň durmuşdan lezzet almagyna, durmuşy söýmegine itergi berýär. Dünýäde iň uly baýlyk diýseler, her bir adamyň aklyna ilki bilen saglyk atly tükeniksiz hazyna gelýär. Şahyr Kerim Gurbannepesow şeýle belleýär:

Bagt paýlansa üç baýlygy ilki al,

Ylgap baryp saglyk bilen erki al,

Ýany bilen çuwal-çuwal gülki al,

Soň tapylar galan zady zyňyp git.

Diýmek, iň uly üç baýlygyň biri hem saglykdyr. Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin özümizi zyýanly endiklerden näçe uzakda saklasak, şonça gowudyr. Zyýanly endikleriň duzagyna düşmek bolsa, biziň üçin uly howpdur. Şeýle uly howplaryň biri hem çilim çekmekdir. Çilimkeş hakynda atamyz Magtymguly Pyragy şeýle setirleri aýdyp geçipdir:

Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,

Ede bileniň etgil munda, çilimkeş.

Diwan gurlan güni hasap jaýynda

Jogabyň nämedir anda, çilimkeş?

El götergil beýle nähak talaşdan,

Puluň köýer, janyň ýanar bu başdan,

Erte garnyň doldurarlar ataşdan,

Zähmi çykmaz, galar janda çilimkeş.

Iki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,

Kişi bolsaň, gadam goýgul dogruýa

Binamaza, gybatkeşe, ogruýa

Ýoldaş bolar ýowuz günde çilimkeş.

Hakykatdanam, çilim adam saglygynyň duşmanydyr. Çilim çekýän adam sagdyn ýaşap bilmez. Çilim çekýän adamyň dem alyşy kynlaşýar. Ony bendi eden beýleki spirtli içgilere hem baş goşup biler. Çilim çekýän adamyň öýkeni öz işini kadaly ýerine ýetirip bilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen öýkende keseliň döremegine getirýär. Çekilen her bir çilim biziň ömrümizden 5,5 minut kemeldýär.

Çilimiň esasy zyýany 20-30 ýyl geçen soň bildirip başlaýar. Çilimden adama 24 dürli kesel geçip bilýär. Çilim adama ilki başda zyýansyz ýaly bolup görünse-de, soňy bilen ol adamyň iň uly duşmanyna öwrülýär. Ony dost eden adam dostsuz galar. Ondan gaça duran bolsa, durmuşdan lezzet alyp sagdyn ýaşar.

Adamyň özüne ynamy bolsa, ol her bir zadyň hötdesinden gelip bilýär. Eger-de sen çilimi taşlap biljekdigiňe çyn ýürekden ynansaň, onda ony goýmak kyn däldir. Eger çilimden gutulmak isleýän bolsaňyz, aşakdaky maslahatlara üns beriň.

*Durmuşda kynçylyklary ýeňip geçen pursadyňyz bolandyr. Onda siz çilimi hem goýup bilersiňiz.

*Maşgalaňyzdan hem-de dostlaryňyzdan çilimi goýmaga goldaw bermeklerini soraň.

*Biri size çilim hödürlese, ony goýandygyňyzy aýdyň. Bu siziň özüňize ynamyňyzy has hem artdyrar.

*Köke, süýji ýaly zatlary iýmek bilen ony unudyp bilersiňiz.

*Köpräk suw içiň. Suw içmeklik bedeniňizden zyýanly mikroblaryň çykmagyna sebäp bolar.

*Bu ýazgymyzy okap bolanyňyzdan soňra ony taşlamak üçin meýilnama biçiň.

*Çilimi goýmak üçin belli bir gün belläň, bu gün täze durmuşyňyz üçin başlangyç boljakdygyny ýatdan çykarmaň.

*Çilimi goýup bilseňiz, özüňizi sylaglandyryň.

Eger şulary doly ýerine ýetirip bilseňiz, durmuşda sagdyn we ruhubelent ýaşap bilersiňiz. Şu ýollary özüne ýörelge edip, çilim çekmekden gutulan adamlar sagdyn durmuşda ýaşamagyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Size hem bu bagtyň nesip etmegini arzuw edýärin.

Adam entek hassa bolmazdan öň öz saglygynyň gadyryny bilse, saglyk oňa baky ýar bolar.

Mundan başga-da aşakdaky teswiri hem görüp bilersiňiz:

Teswirler

Advertisements

2 Responses

  1. Sag­dyn we güýç­li ýü­rek beý­niň gar­ra­ma­gy­ny gi­jik­dir­ýär
    ABŞ-ly hü­när­men­le­riň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, has köp ga­ny da­mar­la­ra goý­ber­ýän ýü­re­gi bo­lan adam­la­ryň beý­ni­si­niň has ýaş­dy­gy anyk­la­nyl­dy.
    Bos­ton uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň 1500 ada­myň üs­tün­de ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri “Circula­ti­on” žur­na­lyn­da çap edil­di. Ýü­re­gi has ha­ýal iş­le­ýän­le­riň ýü­rek­le­ri­niň bol­sa tiz gar­ra­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu ýag­da­ýyň ýü­re­gin­den ejir çek­ýän­ler­de-de, ýü­re­gi sag­dyn adam­lar­da-da şeý­le­di­gi aý­dyl­ýar.

    Zaman

  2. BAHAR HUDAÝBERDIÝEWA
    DÖWREBAP ŞYPAHANALAR
    Tä­ze Gal­ky­nyş we be­ýik öz­gert­me­ler za­ma­na­sy­ny ber­ka­rar eden mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aja­ýyp za­ma­na­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak dog­ru­syn­da­ky iş­le­ri ýur­dy do­lan­dyr­mak­da alyp bar­ýan yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ry bo­lup dur­ýar.

    Mil­li Li­de­ri­mi­ziň çuň­ňur ze­hi­nin­den çy­kan “Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­raý­şy ös­dür­me­giň yl­my esas­la­ry”, “Türk­me­nis­tan-sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy”, ”Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly eser­le­ri aja­ýyp eý­ýa­my­myz­da “Sag­lyk” döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de edi­len uly iş­le­riň bi­ri­dir.

    Bu gün­ki gün gö­zel ýur­du­myz­da mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ça­ga­lar we ulu­lar üçin gu­rul­ýan şy­pa­ha­na­lar­dyr be­je­riş-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri we dynç alyş öý­le­ri dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. Mu­ňa my­sal edip, naý­ba­şy hök­mün­de Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ki taý­dan aras­sa ke­na­ryn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny gör­kez­se bo­lar. Bü­tin dün­ýä­niň ja­han­keş­de­le­ri­dir sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň ün­sü­ni özün­de jem­le­ýän tyl­la ga­ryn­dy­ly, mel­hem suw­ly Awa­za bu gün bü­tin dün­ýä­niň na­za­ryn­da.

    Yk­dy­sa­dy we me­di­si­na ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor, aka­de­mik Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň at ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­mek, hal-ýag­da­ýy­ny, sag­ly­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ala­da­la­ry bar­ha ro­waç­lyk­la­ra eýe bol­ýar. Mu­ny soň­ky ýyl­lar­da tä­ze ulan­ma­ga ber­len we öň­ki bar bo­lan şy­pa­ha­na­la­ryň dur­ky tä­ze­le­nen mer­kez­le­ri­niň my­sa­lyn­da hem aý­dyň göz ýe­tir­se bol­ýar.

    Türk­men top­ra­gyn­da ta­ry­hy se­ne­si ýüz­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan iň ga­dy­my şy­pa­ha­na “Baý­ra­ma­ly” şy­pa­ha­na­sy­dyr. Ýur­du­my­za Be­ýik Gal­ky­nyş za­ma­na­sy­nyň gel­me­gi bi­len bu şy­pa­ha­na­nyň dur­ky düýp­gö­ter öz­ger­di. Şy­pa­ha­na­nyň dur­ky tä­ze­le­nen bi­na­la­ry­nyň iki­si 3 gat­ly bo­lup, her­si 90 orun­lyk, beý­le­ki 2 bi­na­sy hem 2 gat­ly bo­lup, her­si 60 orun­lyk­dyr. Şy­pa­ha­na­nyň je­mi orun sa­ny 800 adam­lyk bo­lup, otag­la­ryn­da ýa­şa­mak we dynç al­mak üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir. Şy­pa­ha­na­da sag­ly­gy­ny di­keld­ýän­ler we dynç al­ýan­lar üçin 200 orun­lyk me­de­ni­ýet öýi, 4 bö­lek­den yba­rat, her za­ly 200 ada­ma ni­ýet­le­nen 800 orun­lyk na­har­ha­na we 3 gat­ly sa­gal­dyş mer­ke­zi ýer­leş­di­ri­len­dir.

    “Arç­man” şy­pa­ha­na­sy hem özü­niň ta­ry­hy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. 1951-nji ýyl­da açy­lan şy­pa­ha­na iki sa­ny bäş gat­ly 500 orun­lyk bi­na­dan yba­rat bo­lup dur­ýar. Ge­çen ýyl bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da “Arç­man” şy­pa­ha­na­syn­da dört gat­ly 420 orun­lyk tä­ze bi­na açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

    Şy­pa­ha­na­nyň tä­ze bi­na­sy anyk­la­ýyş , be­je­riş we suw bi­len be­je­riş bö­lüm­le­rin­den yba­rat­dyr.

    Ba­har­ly et­rap mer­ke­zi­ni etek­läp otu­ran “Ýy­ly­suw” şy­pa­ha­na­sy hem bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da yn­san sag­ly­gy­na peý­da be­ri­ji­lik äh­mi­ýe­ti bi­len hyz­mat edip gel­ýär. Ge­çen 2009-njy ýyl­da mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­mi­ziň mü­bä­rek ga­da­my­nyň düş­me­gi bi­len “Ýy­ly­suw” şy­pa­ha­na­syn­da 80 orun­lyk, bir­ba­da 40 ada­ma hyz­mat edip bil­ýän tä­ze bi­na açy­lyp ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu şy­pa­ha­na aş­ga­zan-içe­ge, öt hal­ta, ba­gyr, böw­rek, bi­lo­ňur­ga ýa­ly on­lar­ça ke­sel­ler­den ejir çek­ýän­le­re hyz­mat ed­ýär.

    “Ýy­ly­suw” şy­pa­ha­na­sy­nyň tä­ze bi­na­sy anyk­la­ýyş, be­je­riş we suw bi­len be­je­riş bö­lüm­le­rin­den yba­rat­dyr.

    Ýur­du­my­zyň Bal­kan deg­re­sin­de he­re­ket ed­ýän “Mol­la­ga­ra” şy­pa­ha­na­sy­nyň ta­ry­hy hem asyr­la­ryň çuň­luk­la­ry­na sa­ry uza­ýar. Tä­sin ro­wa­ýat­lar­da be­ýan edi­li­şi­ne gö­rä, bir ma­hal­lar bir ço­pan adam ol ýe­ri­niň te­bi­gy suw­la­ryn­dan öz der­di­ne em ta­pyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ol ýer dür­li dert­ler­den ejir çek­ýän­le­riň şy­pa tap­ýan me­ka­ny­na öw­rü­lip­dir. “Mol­la­ga­ra” bü­tin ýy­lyň do­wa­myn­da nerw we da­ýanç he­re­ket ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri, gu­rya­gy­ry, gi­ne­ko­lo­gik ke­sel­ler, önel­ge­siz­lik, süňk­le­riň so­wuk­la­ma­sy ýa­ly ke­sel­ler­den ejir çek­ýän­le­re hyz­mat ed­ýär. Şy­pa­ha­na­da laý, duz­ly suw wan­na­sy, pal­çyk we yşyk bi­len be­je­riş usul­la­ry he­re­ket ed­ýär. Şy­pa­ha­na­nyň bil-oňur­ga bö­lü­mi Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýe­ke-täk bö­lüm ha­sap edil­ýär.

    Türk­me­na­bat şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýan “Fa­rap” şy­pa­ha­na­sy mi­ne­ral suw ýa­ta­gy bo­lup, ol 1958-nji ýyl­dan bä­ri hal­ky­my­za hyz­mat edip gel­ýär. Şy­pa­ha­na­nyň 3 sa­ny gu­ýu­sy bo­lup, olar­dan mi­ne­ral suw­lar 370 met­re go­laý çuň­luk­dan öz aky­my­na çyk­ýar. Mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýa­ňy-ýa­kyn­da uly da­ba­ra bi­len açy­lan şy­pa­ha­na­nyň tä­ze bi­na­sy 250 orun­lyk bo­lup, ol 3 gat­dan yba­rat­dyr. Bi­na­da anyk­la­ýyş, be­je­riş we suw bi­len be­je­riş bö­lüm­le­ri he­re­ket ed­ýär.

    Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler do­wa­ma­ta ýar bol­ýar. Bu iş­le­riň hem­me­si “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen yn­san­per­wer sy­ýa­sa­tyň dur­mu­şa geç­ýän­li­gi­niň aý­na­sy­dyr.

    zaman

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: