Neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş babatynda hyzmatdaşlygy uzaldýarlar

Aşgabat, 2010-njy ýylyň 12-njy awgusty – Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministriliginde gol çekiş dabarasy arkaly Birleşen Ştatlary we Türkmenistan neşe serişdelerine gözegçilik etmek we hukuk goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirilmegini resmileşdirdiler.  Taraplar 2001-nji ýylyň sentýabr aýynyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky “Neşe serişdelerine gözegçilik we hukuk goraýyş edaralaryna ýardam bermek baradaky ylalaşyga” dördünji düzedişe gol çekdiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan we Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň adyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Linn Treýsi bu düzedişe gol çekdiler. 

Bu girizilen düzediş “Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin iňlis dili okuwlary” we “Türkmenistanyň neşelere garşy göreşmek boýunça döwlet gullugynyň neşelere garşy göreşmek boýunça mümkinçiliklerini kämilleşdirmek” atly taslamalararyň dowam etdirilmegine ýardam berýär. “Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin iňlis dili okuwlary” taslamasynyň esasy maksady Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň iňlis dili ukyplaryny ýokarlandyrmak  we halkara jemgyýetçiligi bilen bar bolan howpsuzlyk babatdaky aragatnaşyklary giňeltmekdir.  “Türkmenistanyň neşelere garşy göreşmek boýunça döwlet gullugynyň neşelere garşy göreşmek boýunça mümkinçiliklerini kämilleşdirmek” taslamasy neşelere garşy göreşmek boýunça gulluklaryň işgärleriniň öňüni alyş we derňew etmek tärlerini ýokarlandyrmak üçin düzülen.

US  Embassy in Turkmenistan

One Response

  1. Käbir derman ösümlikleriniň Türkmenistana introduksiýasy
    Introduksiýa – bu belli bir tebigy şertlerde ösýän ösümlik görnüşiniň haýsy hem bolsa başga bir ýurda getirilmegidir. Biziň yurdumyza derman ösümliklerini getirmekligiň taryhy birnäçe asyr mundan öň başlandy. Oňa insiz ýaprakly senna ýa-da kassiýa, türkmençe ady – “senaýyl Mekke” mysal bolup biler. Ony Saud Arabystandan Türkmenistana getiripdirler. Muňa onuň türkmençe ady – Mekkeden gelen sena – şaýatlyk edýär.
    Häzirki wagtda alymlar tarapyndan insiz ýaprakly sennany (Cassia angustifolia Vahl) biziň howa şertlerimizde ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu beýikligi 1 metre çenli bolan birýyllyk ösümlik Tejen etrabynda ösdürilip ýetişdirilýär. Derman taýýarlamak maksatlary üçin ýapraklary we miweleri ulanylýar. Ösümligiň esasan ýogyn içegä näzik sürgi täsiri bar. Kassiýanyň ýapraklaryndan taýýarlanylan ekstrakt bagryň öt çykaryjy we zäherlenmä garşy işlerine oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde bu gymmat bahaly çig mal bilen diňe bir biziň ýurdumyz däl-de, eýsem beýleki ýurtlar hem üpjün edilýär.
    Ösümlikleriň käbir görnüşiniň gorlarynyň azalandygy sebäpli olary dikeltmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Senagat möçberinde lukmançylyk üçin gymmatly derman ösümlikleri ýetişdirilip başlandy.
    Şu wagta çenli derman ösümlikleriniň çig maly esasan (50 görnüşe golaýy) Russiýadan we Ukrainadan getirilýärdi. Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan derman ösümlikleriniň 40 görnüşe golaýy ýabany ösümlik dünýäsinden medenileşdirildi we beýleki ýurtlardan getirildi. Olaryň köpüsiniň Türkmenistanyň şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende uly hasyl berýändikleri subut edildi.
    Dermanlyk çopantelpegi (Matricaria recutita L.) Türkmenistana getirildi we önümçilige ornaşdyryldy. Bu bir ýyllyk ot ösümligi. Derman taýýarlamak maksatlary üçin çopantelpegiň gül sebetleri peýdalanylýar. Biziň şertlerimizde ösümlik aprelden iýun aýy aralygynda gülleýär. Gül sebetlerinden demlenip taýýarlanan melhem gastritde, kolitde, bagryň, böwregiň, siýdik haltanyň kesellerinde, aýratynda çagalar tejribesinde garyn-içege ulgamynyň agyrlarynda ulanylýar. Häzirki wagtda bu çig mala bolan islegler doly kanagatlandyryldy.
    Biziň durmuşymyza gowy ornaşan keseki ösümlikleriň ýene biri dermanlyk kalendula ýa-da dyrnaklyjadyr (Calendula officinalis L.). Ol Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň seýilgählerinde, gazonlarynda bezeg ösümligi hökmünde peýdalanylýar, ol aýratyn hem güýz-gyş möwsüminde gyşda gülleýän ösümlik hökmünde ulanylýar. Derman ösümligi hökmünde bagryň, öt haltanyň kesellerinde, aşgazanyň we 12 barmak içegäniň baş keselinde, gastritde, spazmlarda ulanylýar, şeýle hem ol buşukdyryjy we gipotenziw serişdedir.
    Biziň günlerimizde derman ösümlikleri bejeriş çäreleri ulgamynda aýratyn orun eýeleýärler. Olary bejeriş tejribesinde has ýygydan ulanylyp başlandy. Türkmenistanda derman ösümlikleriň gözlegi we medenileşdirilmegi dowam etdirilýär. Türkmen alymlarynyň öňünde öňki barlaglar tarapyndan ýüze çykarylan täze meseleler dur. Ösümlikleriň tebigy çig malynyň himiki, farmakologiki we kliniki barlaglaryna has giň üns bermek we derman ösümlikleriň ene-de köp görnüşlerini düýpli öwrenip tebigatyň gizlin syrlaryna aralaşmak häzirki döwürde üns berilmeli meselelerdir.

    P.Keljäýew
    TTGM ÇÖHDMI-niň
    Aýrantyn goralýan tebigy
    ýerler laboratoriýasynyň
    esasy ylmy işgäri

    Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: