BSG-yň hünärmenleri çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň ýürek we dem alyş ýollarynyň kesellerine uçrap bilýändigi, şeýle-de öýken ragynyň döremegine sebäp bolýandygy barada duýdurýarlar

ÇILIMKEŞIŇ TÜSSESINDEN DEM ALMAKLYK HER ÝYLDA TAKMYNAN 600 000 ADAMY ÖLDÜRÝÄR
Çilimkeşiň tüssesinden esasan-da maşgaladaky çagalar ejir çekýändirler.

Bütindünýä saglygy goraýyş (BSG) guramasynyň geçiren ilkinji giň gerimli barlaglarynyň netijeleri her ýylda çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň 600 000 töwereginiň ölýändigini mälim etdi. Bu adamlaryň üçden bir bölegi bolsa çagalardyr.

BSG-yň geçiren barlaglarynyň çäklerinde 192 ýurtdan alnan maglumatlaryň üstünde işlenildi.

BSG-yň hünärmenleri çilimkeşiň tüssesinden dem alýan adamlaryň ýürek we dem alyş ýollarynyň  kesellerine uçrap bilýändigi, şeýle-de öýken ragynyň döremegine sebäp bolýandygy barada duýdurýarlar. Lukmanlar esasan-da ene-atasynyň zyýanly endiginden ejir çekmeli bolýan çagalaryň saglyk ýagdaýy babatda howatyrlanýanlar.

Täze doglan çagalaryň duýdansyz ölümine, çagalarda öýken sowuklamasynyň we demgysmanyň döremegine hem çilimkeşiň tüssesinden dem almaklyk sebäp bolýandyr.

BSG saýasynda geçirilen bu barlaga ýolbaşçylyk eden Armando Peruja: «Biz indi çilimkeşlik zerarly bolýan ölümleriň hakyky möçberini kesgitläp bilýäris» diýip aýtdy.

«Ölüm howply utgaşma»

Lukmanlary Afrikada we Günorta — gündogar Aziýada ýaşaýan çagalaryň çilimkeşiň tüssesinden dem alýandyklary zerarly  dem alyş ýollarynyň kesellerine uçrap ölýändigi diýseň howatyrlandyrýar. Bu ýurtlaryň paýyna 165 000 çaga ölümi düşýändir.

Armando Peruja: «Ýokanç kesellerini  we çilimkeşiň tüssesinden dem almaklygy utgaşdyrmak — ajal atyna münmekdir» diýip habar berýär.

Şeýle-de hünärmenler ene-atasy çilim çekýän çagalaryň öýkenleri çilim çekilmeýän ýerde ýaşaýan çagalaryň öýkenlerine garanyňda has haýal ösýändigini belläp geçýärler.

Geçirilen barlagyň netijesinde 2004-nji ýylda çilimkeşiň tüssesine çagalaryň 40%, çilim çekmeýän erkekleriň 33% we aýallaryň 35%  duçar bolandyklary kesgitlenildi.

Bu ýagdaý 379 000 adamyň ýürek keselinden ölmeklerine sebäp boldy. 165 000 adam çilimkeşiň tüssesinden dem almaklary zerarly  dem alyş ýollarynyň kesellerine ýolugyp öldüler. Şu sebäpden 37 000 adam demgysma, 21 000 adam öýken ragyna uçrap öldüler.

Şeýle-de lukmanlar çilimkeşiň tüssesinden dem almaga mejbur bolýan pidalaryň 280 000-den gowragynyň aýallardygyny  belläp geçdiler.

Çilimkeşiň tüssesinden esasan-da Ýewropanyň we Aziýanyň ilatlary dem almaga mejbur bolýarlar. Amerikada we Gündogar Ýewropada ýaşaýan adamlar bolsa çilimiň tüssesinden azat diýen ýalydyr.
Ref.   http://www.saglyk.info

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out / Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out / Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out / Change )

Google+ photo

You are commenting using your Google+ account. Log Out / Change )

Connecting to %s

%d bloggers like this: